23:05 Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň köpöwüşginliligi | |
MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ŞYGYRLARYNYŇ KÖPÖWIŞGINLILIGI
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe edebi mirasymyzy öwrenmek, milli medeniýetimizi ösdürmek barada uly tagallalar edilýär. Halkymyzyň akyldar şahyry Magtymgulynyň eserlerini öwrenmek biziň döwrümizde hem dünýä ylmy jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Taryhda A.Wamberi, W.Bartold, Ý.E.Bertels, A.Samoýlowiç ýaly başga-da ençeme dünýä belli alymlar Magtymguly Pyraga, onuň pähim-paýhasa ýugrulan goşgularyna uly baha berip, ençeme ýazgylary miras goýup gidipdirler. Şonuň ýaly-da, şahyryň goşgulary ençeme dillere terjime edilip, dünýä okyjylaryny buýsandyrdy. Magtymgulynyň şygyrlarynda halk döredijiliginden täsirlenme aýdyň duýulýar. Muňa şahyryň goşgularyndaky rowaýatlar şaýatlyk edýär. Magtymguly goşgularynda halk döredijiligine we gadymy rowaýatlara ýygy-ýygydan ýüzlenipdir. Akyldaryň döredijiliginde iň köp agzalýan gadymy atlaryň biri hem Süleýman pygamberdir. Süleýman patyşa Dawut bilen Batşebanyň ogly we Ysraýylyň patyşlarynyň üçünjisi (1. Tatul, 2. Dawut) hökümdary. Kudus şäherindäki uly ybadathanany bina edipdir. Gurhanda nebi (pygamber) diýlip ýatlanyp geçilýär. Hristiýan ynanjynda hökümdar diýlip hormat bildirilýär. Musaýy keramatly kitabynyň jemleýji ýazyjysy Süleýman bolupdyr. Dinden daşarky öwrenilen taryhy b.e.öňki 970-928-nji ýyllarda patyşalyk edipdir. Magtymguly Pyragy “Türkmen binasy”, “Ýeldim tut”, “Gul bolgul”, “Bilmezmiň”, “Gelen-de bardyr” ýaly ençeme goşgusynda Süleýman pygamberiň adyny we ol hakdaky rowaýatlary ýatlaýar: Süleýman, Rüstem Zal, Jemşit oňa bolmuş geda, Günde ýüz müň salsa leşger,degmez şanyňbelasy (“Türkmen binasy”) Kany ol Süleýman, Rüstemler, şirler Diýmäň, busup, sypyp galan-da bardyr (“Gelen-de bardyr”) Hüthüt kimin Pereňden Çyn-Maçyn diýp bardygym, Bag içinde Bylkysyň saçyn açyp gördügim, Süleýmanyň tagtyndan sözläp, habar berdigim, Guş gonsun diýp başymga, bilbil heňin gurdugym, Çarşenbe gün çaş wagty gondurdygym bilmezmiň? (“Bilmezmiň?”) Her setiriň özi bir rowaýatdan gürrüň açýar. Şahyr olary tutuşlygyna beýan etmän esasy ideýany goşgularyna siňdirýär. Öz okyjylaryny şol rowaýatlary öwrenmäge iterýär. Umuman aýdylanda, akyldaryň halk döredijiliginden, gadymy edebiýatlardan rowaýatlardan oňat baş çykarandygy şübhesiz. Biz beýik akyldaryň eserlerini okamak üçin şahyryň geçen ylym-bilim ugrundaky ýollaryny dowam etdirip kän okamaly, öwrenmelidiris. Magtymguly Pyragynyň akyldaryň arzuw edişi ýaly, “Magtymguly” diýen beýik adyny dünýä derejesinde tutýan, beýgeldýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaç alsyn. Mähri AÇYLOWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň ýapon dili hünäriniň 5-nji ýyl talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |