16:43

Sylag-hormat ikitaraplaýyn bolmaly

Категория: Nukdaýnazar | Просмотров: 326 | Добавил: Moderator | Теги: Geldimyrat Seýidow | Рейтинг: 4.8/6
Awtoryň başga makalalary

Nukdaýnazar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 8
0
1 Injener  
1
Gypjak, GRES tarap-a ýöreýän awtobuslarda hiç kim hiç kime ýer berenok. Ýol daş bolandanmy nämemi, ýa-da medeniýet pesmi? Üç ýyl bäri özüm şol taraplarda ýaşamsoň indi geňem göremok, öwrenişip gidipdirin, çagalaryma-da ula ýer beriň diýemok, diýsemem, "Kaka saňa-da hiç kim ýer berenog-a" diýýärler. Ýokarda awtoryň belleýäni dogry, ýöne biziň döwrümizde diri galmak üçin diňe haýwanlaşmaly, adam häsiýetleriniň barsyny unutmaly.

0
2 Gumlygelin0700  
1545
Dogry... Özümiz elliñ onundan girenem bolsak özüñden sähel uly adam awtobusa münse ýer bermän oturmaga ynsabyñ çatanok. Şu wagt bir wakany ýatladym. Hol gün awtobusda bir ors zenanyna ýer berdim. Ol şeýle bir alkyş okady. Beýle alkyşy heniz ýer berip ýeke türkmenden eşdip gören däl bolsam gerek.

0
3 Gumlygelin0700  
1545
Goñşulañ arasynda hiç wagt süýt-gatyk satylmazdy. Kimiñ sygry süýtden çyksa geregiñi goñşulardan alyp iýip ýörmelidi. Olarda bolman sende bolan güni sende berip ýörensiñ. Ýok zatlar alşyp-berşip durmuş dowam edip durardy. Indi 0,5 litr süýt hem pully goñşy arasynda.
Ýöne meñ bilen-ä goñşulam juda beýle hem däl :))
Goñşulañ uşak-düşek tikin işlerini "Elimiñ-gözümiñ haýry" diýip pul alman bitirip berýän. Olar hem sähelçe eden işimi hem ýerine saljak bolup jan edýäler.
Umuman arkalaşyk iki taraplaýyn bolmaly.

0
6 Gurgencli  
324
Süýdi satmagy hem günä hasaplaýan ekenler. Gysgasy mundan 40-50 ýyl ozalam esasy zat pul däl-de sylag-hormat ekeni.
80-nji ýyllarda ýolda agamyň matorynyň tekeri deşilýär, bulam näme etjegini bilmän golaý-goltumdaky öýleriň birine barýar, öý eýesi özüniň heniz matoryna hem dakmadyk täzeje tekerini şu ýere ýoluň düşende getirip berersiň diýip hiç zat alman şeýle berip göýberýär.
Häzirki döwürde matoryň tekeri beýlede dursun ýekeje şaýyny alyp bilseň hem telpegiňi göge zyňarsyň.
Ýa-da obada bir adam jaý salmakçy bolsa tutuş oba bolup ýowar edilip salynýan eken.
Häzir onuň ýaly ýowar beýlede dursun dogan dogana kömek etmeýär.
Bu dünýä nirä barýar? Alla bilsin.

0
4 Haweran  
411
Hemme zady - adam gatnaşyklaryny diñe pul bilen ölçeýän kapitalizmiñ ýowuz dünýäsi kem-kemden türkmençiligiñ soñuna sogan ekip barýar.
XIX asyrda daşary ýurtly syýahatçylar türkmenleriñ özara alyş-berişde hak almaýandyklaryny geñ galmak bilen belläp geçipdirler. Ýalñyşmasam, amerikan žurnalisti Mak Gahanda hem şuña meñzeşräk ýazgy bardy. Žurnalist türkmenleriñ birtöwra halkdygyny, olardan gawun alandyklaryny, puluny tölejek bolsalar, ellerini silkip gülüp gidendiklerini ýazýar.
Indi beýle däl. Oba ýerlerde adamlaryñ güzerany gapysynda biten ir-iýmişe, gök önüme ýa saklaýan bäş-üç sany dowaryna bagly bolup galdy. Öñler obada maly-mülki, mellegi, bagy bar adamlar şäherde ýaşaýan dogan-garyndaşlaryna tomusda ir-iýmiş ýetişip başlandan, tä güýzde hemme zat sowulýança hemmesinden aýry-aýry paýyny ugradardylar, her şähere gelende, bir janlynyñ damagyna münüp getirerdiler. Indi şäher ýerlerden oba baranlar obadaky dogan-garyndaşynyñ bagyndan alan 5-10 kg üljesiniñ puluny töläp alýar. Hiç kim hiç kimden gaty görenok. Sebäbi daýhan görgüliniñ ýylboýy gözüni dikip oturany mellegindäki 20-30 düýp agajy... Olam bir ýyl miwe berse, bir ýyl berenok. Sebäbi klimat üýtgeşmeleriniñ ýetirýän zyýanly täsirleri sebäpli, oñly gyş bolanok, heniz gyş gutaryp-gutarmanka howa maýlap agaçlar gülleýär, yz ýany bilenem ýa doñaklyk bolýar, ýa ýagyş ýagýar, şeýdibem agaçlaryñ güli düwünçeginde köýüp galýar. Mysal, Sumbar jülgesinde adamlar eýýäm näçe ýyl bäri erige zardy, şu ýyl tebigat gülüp bakyp erik gowy getirdi. Adamlañ begenişini bir görseñiz...
Suw diýseñ, suw ýok. Bu boýunça çekilýän horluklar hakda öñki teswirlerimiñ birinde ýazypdym.

* * *

Adamlar melleginde ýetişen önümini, gapysynda saklaýan bäş-üç sany kel toklusyny satyp, zordan aýagulag edinýär. Ulag edinensoñ, onda kireý edip ýörenlerem bar. Birmahallar raýon merkezine her gün irden döwletiñ kesgitlän nyrhyndan awtobus gatnardy, hatda oba sowetine goñşy obalardan gatnap işleýänler üçin irden we iş wagtyndan soñ günde awtobus bilen üpjün edilendi. Indi ol gatnawlar taryhyñ gatynda galdy. Adamlarda ýek-tük bolaýmasa, hususy awtoulag ýokdy. Şonda-da, garyndaş-dogan beýlede dursun, obadaşyñ ýa goñşy obadaşyñ maşynyna münseñem, düşeñde pul uzadylsa, gaty göterdiler "indi almaryn ýolda duranyñy görsem..." diýip.
Adamlar ü.n "Sagbol, tañryýalkasyn!" iñ gymmat zatdy.
Häzir her gapyda diýen ýaly awtoulag bar. Indi münen awtoulagyña hakyny berip düşmeseñ, gaty görýärler.
Bir gezek obadan şähere gelýän. Ýolda obadaşlarymyzyñ biri dur. Goşy-golamy-da ýetik. Tomus bolansoñ bizem oba gelip, gaýnadan mürepbämizi, tomatymyzy alyp, indem mas ýüklenip yzyma gaýdyp barýardym. Maşynymyñ ýüküniñ ýetikdigine we yzda oturan keýwanymyñ ony alman geçmejegimi bilip nägilelik bilen hüñürdeýändigine garamazdan, onuñ deñesinde sägindim. Uly ýola düşenden soñky ýoly hasabam edemok, ýöne Arçmana ýetýänçäm, birinjiden-ä ulag ýeñil ulag ("Corolla") bolansoñ, ikinjidenem asfaltsyz dag ýoly bolansoñ, agyr ýükli janaweriñ bagry ýere ýapyşyp, süýrenip diýen ýaly geldi. Gelibem, ony sirkiñ ýanynda düşüripdim. Obadaşym hernäçe ýol hakyny berjek bolup özelense-de, "sag bol, tañryýalkasyn ber-de düş, pul goýsañ gaty görme!" diýenim üçin, eýýäm şonuñ üstünden 5-6 ýyl geçenem bolsa, şindizlerem onda-munda agzap, menden göwnüniñ bitendigini aýdyp ýörmüş.
Häzir ýükli ýeñil awtoulag hakda-ha gürrüñ ýok, gurat "Highlander"-i ýa "Land Cruiser"-i barlaram, ulagy boş bolsa-da, hatda toý-ýas b.n bagly üýşmeleñe barýanam bolsa öz garyndaşlaryndan alyp gitmeli ýagdaýynda yzyna iki adamdan artyk mündürmeýär, "üç adam mündürsem agyr bolýar, amortizatory çökýär" diýip, gaty görüp gaty ýerde oturýanam bolsalar.
Nädip diýmesinler, amortizatoryñ bahasyna ýeter ýaly däl, başga şaýlary hakda gürrüñem ýok. Diñe wagtly-wagtynda ýag-suwuny, filtrini çalşyp gezmek üçinem aýda 2-3 müñ (10-15 mln) manat pul gerek.
Tapawut şular ýaly.

* * *

Men muny magtanmak üçin-ä agzamadym. Bärde asyl üns bermeli zat, hemmämizde bolmaly şeýle häsiýetiñ seýrekleýändigi, geñ görülýändigi.
Birem ulagymy satansoñ, ýolda-yzda pyýada barýañ welin, käbir tanyşlar görse-de görmezlige salyp, tumşuklary gökde ylla özlerine samolýotyñ pilotydyr öýtmän gapdalyñdan wazlap geçip gidýärler welin, agyr oý-pikirlere batanyñy duýman galýañ.

0
5 Haweran  
411
* * *

Türkmençilik aýratyn üns bermeli, gorap saklanmaga degişli gymmatlyk. Başda-da aýdyşym ýaly, kapitalizm türkmençiligimiziñ enesini dula bakdyryp taşlady. Indi hemme zat, hemme gatnaşyk, hemme hyzmat pula durýar.
Munuñ ü.n hiç kimden hiç zady göwün-garynam edip bileñok. Sebäbi her kim oñarýan işiniñ heşdegini alýar. Şoñ üsti bilenem güzeranyny dolaýar.
Türkmençiligiñ, birek-birege muzdsyz kömek etmegiñ kem-kemden inçelip, ýitip barýandygyna görä, geljekde awtobuslarda turup özüñden ula ýer bermegem galyşarmyka diýýän. Ösen kapitalistik ýurtlarda awtobuslarda ýaşlar ululara ýer berenok, sebäbi olar oturyp gitjek ýeri ü.n pul töleýär. Hem pul töläp, hem ýeriñi başga berip kim gider?
Ine, hemme zadyñ pula durýan jemgyýetinde uly-kiçi sylagy ýaly iñ bärkije etiki düzgünem şeýdip ýitýär.
Şundan mysal alyp, beýleki gatnaşyklar babatda-da özüñiz çen tutuberiñ.

0
7 Jeksparro  
405
Şeýle ownuk gürrüňleri edip oturasy işem ýok (onda-da minnetli) awtobusa garry adam bolup müneniňde ýaşlardan ýer tama etmek, ýa ýaşlar ýer berensoň ulydan ''Sag bol, taňyrýalkasyn-a'' garaşyp durmaklygyň geregi ýok diýip pikir edýärin. Islese ýaşlar garra ýer berer, islemese oturar. Ýer bereni üçinem ýaşlar ulylardan ''Sag bol, taňryýalkasyna'' mätäçdir öýdemok...

0
8 Agza1984  
1584
Awtor molodes, DOGRY...

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]