20:01

Bagyñ gözýaşy

Категория: Goşgular | Просмотров: 451 | Добавил: mango | Теги: Fürug Ferruhzad | Рейтинг: 4.7/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024
Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024
"Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024
Alabahar / Goşgular - 21.03.2024
Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024
Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024
"Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024
Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024
Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024
Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024

Teswirleriň ählisi: 7
0
1 Trigger  
643
Elleriňe saglik, Abi!

1
2 Bagabat  
43
"Высокая поэзия" diýen bir düşünje bar. Ýagny, estetiki duýgulary, dünýägaraýşy köpçüligiňkiden has ýiti, has çuňňur bolan adamlar üçin ýazylýan şygyr diýen ýaly bir düşünje-dä. Dogrusy, men-ä şunuň ýaly düşünjeleriň ulanylmagynda hiç hili diskriminasiýa görmeýärin. Sebäbi, Allatagala ynsanyň bäş barmagynam birmeňzeş edip ýaratmandyr. Her barmagyň öz gabarasynyň bolmagam, olaryň sinhron hereket edip, öz ýaradylmagynyň maksadyna gulluk etmegine päsgelçilik döretmeýär-de, gaýta ýardam berýär.
Adamlaram şonuň ýaly. Olaryň häsiýetleriniň, dünýägaraýyşlarynyň, keşpleridir-kamatlarynyň dürlüligi durmuşy bir wagtyň özünde çar tarapa çekelenýän, itleriň demine düşen deri bölegine öwürmeýär-de, gaýta ýaşaýyşyň özboluşly simfoniýasyny (sazlaşykly mukamyny) emele getirýär.
Döredijiler (hudožnik, heýkeltaraş, kompozitor, režissýor, şahyr, ýazyjy, bagşy, artist we ş.m.) üçinem, her haýsyna dünýe bir hili açylýar. Şol açylyşyna görä-de ol özüni azara goýýan pikirlerini-duýgularyny beýan edýär. Şeýtmese, hakyky zatlar döremeýärem. Sebäbi "köpüň göwnüni görjek bolup, çagamyz kakasyna-da meňzemedi" diýlişi ýaly, islendik eserde köpüň göwnüni görüljek bolunsa, döredijiniň döredýän zady banalnost derejesine düşüp başlaýar.
Umuman, uzyn moh-mohuň gysga juk-juky, muny oýlanma diýip hasaplamaly däl-de, ak goşgy ýa-da Turgenewiň, M.Gorkiýniň, Jebran Halyl Jebranyň prozadaky goşgulary ýaly kyssa bilen ýazylan goşgy diýip hasaplamalymyka diýýärin.
Şahsy özüme eden täsiri bolsa, bilemok, köpden bäri kellämde aýlap ýörenimdenmi nämemi, bu ak goşgy, ýalňyz özi, şemiň ýagtysyna bükülip, Kurany-Kerimiň kitap görnüşini ýazga geçirip oturan, Pygamberimiziň ogullygy hem kätibi Zeýit ibn Sabiti göz öňümde janlandyrdy.
Bu ak goşgudaky käbir sözleriň (mysal üçin, "kalb") arapça ýakyn aýdylyşy bolsa, meniň pikirimç-ä, onuň täsirliligini artdyrypdyr.
Ýene-de ynsan beýnisiniň gurluşy meňzeş bolanyndanmy nämemi, soňky bir ýyl bäri: "Dynnymyň duýgusyndan dörän dünýä" atly, Big-Bang teoriýasy bilen Yslamyýetiň Älemiň ýaradylyşyna garaýşy utgaşdyryp, oýlanma-hekaýany şu ak goşgyňka çalymdaş äheňde ýazmak niýetini aňymda "huwwalap" ýörün welin, oňam elbetde wagty-sagady gelip ýetýän däldir-dä.
Umuman, sag bol, ýetireniňe!

1
3 Bagabat  
43
Adamlar, näme üçin Kerim agany (Kerim Gurbannepesowy) has köp okaýarlar?
Oňa derek Orazguly agany (Orazguly Annaýewi) esasan edebiýatyň muşdaklary kän okaýar?
Sebäbi, Kerim aga, aglaba köpçüligiň dilinde, adamlaryň agramly bölegini gozgaýan duýgulary hem pikirleri beýan edýär. Orazguly aganyň täsirine düşünmek üçin bolsa, Gurbannazar şahyryň aýdyşy ýaly, ilki "million setir" okamaly. Şol "million setiri" okamagam zähmet. Ol zähmedem diňe söýüp ýerine ýetirmeli. Ýogsa Sizifiň daş togalaýşyna öwrülýär. Özüňe zor salyp näçe oka, näçe ýat tut, barybir Wladimir Wysoskiýniň reinkarnasiýa hakyndaky meşhur aýdymynda aýdylyşy ýaly: "şol baobablygyňa-da galarsyň".
Şu deňeşdirilenine çalymdaş ýagdaýlar türkmen edebiýatynda-da, dünýä edebiýatynda-da näçe diýseň bar. Mysal üçin, "Wagzy-Azat" bilen Pyragynyň şygyrlary. Ýa-da Pyragynyň sopuçylyk şygyrlary bilen dünýewi şygyrlary.

0
5 mango  
651
Serdar kaka, umuman, sesleneniňe begendim.
"zyrt etdi, göwün bitdi" diýlişi ýaly göwnümi bitirdiň.
aýdanlaryňa eýemsiräp öz adresime прописка etmekden uzakdygymam belläsim gelýär (ýagny, özme uly baham ýok). ýöne, höweslenýän ekeniň. :-)
minnetdar.
---
"Pyragynyň sopuçylyk şygyrlary bilen dünýewi şygyrlary" diýýeniňde göwnümi okadyň. men şeýle duýgyny başymdan geçirýän, Magtymguly iki görnüş. meniň halaýan Magtymgulym "gel köňlüm nesihat berýin"-li görnüşde däl-de "ajalsyz ölen köňlüm, topraga bulan köülüm" diýýän Magtymguly.

"Oýan habu-gaflatdan, ajalsyz ölen köňlüm" diýip başlaýan şygry bolmaly.
şony okasam edil täzeden ýugrulan ýaly edäýýär...
sözlerine seretsene buň: "älemden umyt üz, dergahdan dilen, kepene çopan, köňlüm....
şu ýerini haýsy stil hasaplajak?: "söz bilen içiňi boşat, gabz bolup dolan köňlüm (sözme-söz däldir, manysyny yzarlaýan).
"Bu iş merdiň işidir, merdana dur..."
"...topragna bulan, köňlüm".
"Mejnundan altmyş esse yşgym bar, Perhada kyrk ýyl ders berip biljek kuwwatym bar...".
... umuman. ine bu Magtymguly.
internetden tapyp okap görüň.
ýene bir gezek minnetdar (her kese).

0
6 Netflix  
776
Köňlüm
Oýan haby-gaflatdan, ajalsyz ölen köňlüm,
Umyt üzüp älemden, dergahdan dilen, köňlüm,
Düýpsiz derýaýa düşdi görgenine gülen köňlüm,
Mert gerekdir almaga, bu garyp galan köňlüm,
Jan pany, jahan pany, kepene çolan, könlüm,
Söz bilen için egser, gabz olup, dolan köňlüm.

Alymlar sözün diňle, nesihatyn al-göter,
Tur, Hakyň dergahyna mynajat kyl, gol göter,
Ryýazatnyň ýüküni arkan, ýüzin sal göter,
Bu iş merdiň işidir, merdana dur, gal, göter,
Kämil aýagna baş goý, ýalançydan el göter,
Toba kylyp, bir piriň topragna bulan, köňlüm.

Yşkym bardyr Mejnundan altmyş esse zyýada,
Kuwwatym bardyr kyrk ýyl ders aýdarga Perhada,
Ýüregim ýakyp oda, hojamga barsam dada,
Kerem derýasy joşup, ýetirgeýmu myrada,
Galsa köňül tapylmaz, çyksa bu jan dünýäde,
Mert gerekdir almaga bu garyp galan köňlüm.

Säher turup doga kyl, “Amin!” diýsin perişde,
Ne bardyr gapyl ýatyp, bihuda oturyşda,
Mülki-jahan tutdurmaz eýleseň müň serişde,
Abdal jindesin geýip, git diwana garyş-da,
Ýogsa galar sen tenha serdeşte-ýu gamgeşde,
Aýdan sözüňe pyglyň bolmasyn ýalan, könlüm.

Magtymguly, noş etdim gam badasyn iki tas,
Üç içerge rugbet ýok, çun jandan boldum halas,
Serimde sansyz söwda, içde waswasul-hannas,
Geliň, bir tedbir eýläň, bu derde, eýýühannas,
Dyza çoküp dem ursa, Isa, Hyzr hem Ylýas,
Galynmaz, zinde bolmaz, hud morde bolan köňlüm.

@Mango daýy, bu ýerem interned-ä, okaýjylar bu ýerdenem okasa bolar diýip paýlaşýaryn.

0
7 Bagabat  
43
"Kysasyl-enbiýa"-da Pygamberimiziň Hakyň oturan tagtyna iki ýaý boýy ýakyn barandygy aýdylýar. Başga bir çeşmede Pygamberimiz Hakyň huzuryna baranda Hakyň didarynyň öňünde ýetmiş müň perde bolup, Hakyň emri bilen şol perdeleriň diňe birjesi syrylanda Älem lerzana gelip, elenip, ahy-nala tartyp başlandygy aýdylýar.
Ýöne şonda-da, ýaradylanlaryň paýhas çeşmesinden ýeke damja dadany özlerini Ýaradanyň didaryny görmegiň zarynda. Ýaradylanlar üçin şondan uly, şondan gymmat serpaý ýok. Ahyret-magşar gününde Ýedinji gat asmanda behişt bagtyna mynasyp bolanlara-da Hakyň didary görünjekmiş.
Sopular - aň bilen ýetip bolmaýan Gudrata duýgy bilen ýetmäge ymtylýarlar. Şonuň üçinem olar telbe görünýärler, şonuň üçinem "Yşkym bardyr Mejnundan altmyş esse zyýada", "Kuwwatym bardyr kyrk ýyl ders aýdarga Perhada", "Galsa köňül tapylmaz, çyksa bu jan dünýäde", "Serimde sansyz söwda, içde waswasul-hannas"...diýen setirler emele gelýär.
Şol setirleri duýmak, şeýle adamlara düşünmek üçinem, özüňem birneme şolar ýaly telberäk bolmaly.
Bu-da adaty dünýäde, gündelik hysyrdylaryna gümra bolup ýaşaýan, adaty adamlara gerekmi, dälmi?!...

0
4 Bagabat  
43
Ýöne, edebiýatyň taryhynda "belent şygryýet" bilen "sada şygryýeti" utgaşdyrmagyň hötdesinden gelýän ägirtlerem kän. Mysal, Magtymguly, Zelili, Kemine, Mollanepes, Seýdi, Gurbannazar Ezizow, şeýle-de, Annaberdi Agabaýewiň, Atamyrat Atabaýewiň, Nobatguly Rejepowyň Şähribossan Geldimämmedowaň, Seýitmyrat Geldiýewiň, Kakamyrat Rejepowyň käbir şygyrlary.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]