14:39 Iki sowal | |
IKI SOWAL
Durmuş, saña gelen günümden bäri, Men özümi seniñ bilen ýaşadýan. Aý aýdyñ gijeler, sergin säherler, Seniñ aýdymlarñy şadyýan aýdýan. Sabalara gürrüñ berýän sen hakda, Söhbet gurýan gamgyn ýaşan Aý bilen. Syrlaryña akyl eden ynsanlañ, Gujagyñda ykballary beýgelden. Senden gitmek islemeýän hiç mahal, Halal zähmetlerden bagtym goşalýar. Meniñ bedenim-de, ruhum-da, diñe Senden mähir, ylham alýar, joş alýar. Men seni gözleýän seniñ özüñden, Terk edip düşnüksiz boş hyýaly men. Düýş görýän. Düýşümde, saña garylyp, Bulutlardan dolup duran, Arassa asman ýaly men. Durmuş, sende matal ýaly günleriñ, Jogabyn agtardym, Sowally çykdym. Öwrendim, günleriñ sabyr-takatyn. Söýdüm, sarpaladym Wagt derýasynyñ Sekuntlaryn, minutlaryn, sagadyn. ...Durmuş, saña soñky sowallarym bar! Men seniñ goýnuñdan bat bilen akyp, Bakylyga siñip gitjrk suwmukam?! Ýa asmanyñ kerwenine baş bolup, Her baharda gökden uçjak guwmukam?! Terjime eden: Muhammet BEKGIÝEW. | |
|
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
√ Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |