06:57 Taýçanak | |
TAÝÇANAK
Bir ýerde durasy gelmeýär onuň, Goýmaýar erkine arzuw-hyýaly. Hälden bäri ikiýana at salyp, Ýüwrük aýaklarna sarap ýör ýoly. Toýnaklaň ýelini alarça boldy, Duýmaýar, dynç almak ýada düşmeýär. «Ýyndamlygmy neneň görýäň!» diýýän dek Käte enesine garap kişňeýär. Enesi hokranýar: «Çap, taýçanagym, Kalbýňda hujuwyň, gylawyň barkan. Toýnaklaň astyndan ot çyksyn seniň Hem özüň ýol saýla jylawlanmankaň. Soň-a islegiňe garap durmazlar, Niräk sözleseler, gidersiň şol ýan, Çapasyň gelende çekiler jylaw, Ýaltansaň, gamçy bor sagryň sypalýan. Häzir welin burnuň ýele tut-da sen, Keýpini gör ýaşlygyň hem ýollaryň?..» ...Taýçanagam gulaklaryn ýapyryp, Çapýar şemal bilen darap ýallaryn. Çapýar, tüweleýden ozup geçýär ol, Ýa ganaty, ýa halaty bar ýaly. Kysmat baradaky pelsepelerden Taýçanagy alyp gaçýar hyýaly. Italmaz NURYÝEW. | |
|
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Победителям / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |