16:48

Tebigat täsinlikleri

TEBIGAT TÄSINLIKLERI
    
Garagum çölünde her ýylda 165―185 günläp açyk howa bolýar.

* * *
Arwana tohumly düýeler ortaça 20―25 ýyl ýaşaýarlar. Olar şol döwrüň içinde 8-10 gezek otlaýarlar.

* * *
 Syrtlan öz güýçli äňi we dişleri bilen pilden başga ähli haýwanlaryň süňküni owradyp bilýän ýeke-täk haýwandyr.

* * *
 Keýigiň şahynyň şahalary tötänlikden däldir. Şahynyň näçe şahasy bar bolsa, şonça-da ýaşy bardyr. Ýaşyna ýetmedik keýiklerde şah bolmaýar.

* * *
Iň zäherli ýylan suw kepjebaşydyr. Ýuwaş ummanyň Awstraliýa golaý howuzlarynda duş gelýän bu ýylanyň zäheri beýleki ýylanlaryňkydan 100 esse güýçlüdir.

* * *
Grenlandiýanyň buzluklarynda dünýäniň 20 göterim süýji suwy saklanýar.

* * *
 Italiýanyň tutýan meýdanynyň 80 göterimi garlykdyr.

* * *
 Iň gysga ýylan Martinilba we Barbados adalarynda ýaşaýar. Onuň uzynlygy bary-ýogy 108 millimetrdir.
 
Toplan: Gülsere ÇARYÝEWA,
Köýtendag etrap merkezi kitaphanasynyň müdiri.

Категория: Haýwanat dünýäsi | Просмотров: 468 | Добавил: Нawеran | Теги: Gülsere Çaryýewa | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Haýwanat dünýäsi bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]