10:54

Tilki bilen Alaka

TILKI BILEN ALAKA

"Hasanaklap nirä barýañ, gudajan?" -
Bir alaka sorag etdi tilkiden.
- "Paraçy diýp gyraklandym, jorajan,
Täze habar, eşden dälsiñ belki sen.
Sen bilýänsiñ, men ketekde sudýadym,
Agyr işe, kyn zähmete çydýadym,
Doýarlyk zat iýmezdim,
Gije uky diýmezdim,
Eñkim agdy, ýitirdim men saglygym,
Ahyrynda ynha alan aklygym.

Hemmesi töhmet
Hany özüñ pikir et:
Eger töhmet bolsa häkim,
Özüñ aklap biljekmiş kim?

Para alyp dälimi men?
Tassyklarsyñ, beletsiñ sen.
Pugta oýlan, dostum, men hiç ýol bermen,
Beýle işiñ gyrasynda görünmen".
"Ýok, daýzajan, görýärdim men her zaman
Agzyñy ýagjardyp gezýärdiñ heman".

*  *  *

Käbirleri uludan bir dem alar,
Iñ soñky manadyn sowýan dek bolar.
Dogrudan-da aýalynda, özünde,
Hemme bilýär, hiç zat ýok el ýüzünde,
Birden görseñ, öz başyna öý salýar
Ýa-da bir obany ol satyn alýar.
Däldir girdejisi uly.
Nirden tapýar munça puly?
Sud öñünde subut etjek miltiñ ýok.
Emma welin aýtman durup bolanok.

Iwan KRYLOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 421 | Добавил: Нawеran | Теги: Iwan Krylow | Рейтинг: 4.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Nätsem, ene? / Goşgular - 06.01.2023
Старые часы / Goşgular - 24.01.2023
«Всех повестей его герои плоховаты…» / Goşgular - 27.01.2023
Ýazylmady dile görä / Goşgular - 31.01.2023
К славянофилам / Goşgular - 25.01.2023
Gorky / Goşgular - 06.02.2023
Пересветы / Goşgular - 08.01.2023
«Нет, мне не надо ни солнца, ни яркой лазури…» / Goşgular - 06.01.2023
Garry gyzyň yrlyşy / Goşgular - 23.01.2023
«Опавший лист дрожит от нашего движенья…» / Goşgular - 15.01.2023

Teswirleriň ählisi: 10
0
1 Şahym  
Sud öñünde subut etjek miltiñ ýok,
Emma welin aýtman durup bolanok... wacko

0
2 Garaýolly  
27
Ajap basnya

0
3 Garaýolly  
27
Terjimeci Surogyñ adyny turkmen okyjylarana dushnukli bolar yaly ,,Alaka"diyip alypdyrlar cen edyan.Surok orsyetde kop bolyan eken. Alakadan kici gowreli,calt hereketli,meñ gorenim goñur-sary reñkli jandar eken. Orslar ony ,,Surok" ( Suurok ) diyip atlandyryar. Alaka yaly hin gazyp yashayar. Esasan hini otluk,cop calamlyk meydanda, tokayda gazyp yashayan eken. Ol Turkmenistanda yok bolmaly. Gowresi belkadan ulyrak,bizdaki ortaca alakalardan kicirak bolyan eken.

0
4 Garaýolly  
27
Bizde yok bolsa onuñ turkmence adyny tapmak kyn bolsa gerek.

2
5 Нawеran  
9
Şyhmyrat aga, bizde-de gemrijiler otrýadynyñ atlary-ha kändir öz-ä: alaññyrt diýdi, ýalman diýdi.. alaka diýdi.. biggrin
Сурок - bizde türkmençede "sugur" bolaýýa öýdýän..

0
6 Нawеran  
9
Türkler b.n azerbaýjanlar-a "marmot" diýýän ekenler. Olañky-ha belli, ýewropa dillerinden geçen söz - marmot.
Aslynda rus diline-de "сурок" sözi türki dillerden geçen bolmaly, sebäbi çuwaş dilinde "sawar", gazak dilinde "suyr", özbek we türkmen dillerinde hem "sugur" diýilýär.
Mongollar b.n Sibirde ýaşayan türki taýpalar etinem iýýän eken o janaweriñ smile

0
7 Garaýolly  
27
Gaty dogry,Has. Kop turki sozler yewropalashyp,dogrysy orslashyp gidip,soñ turkmenca terjime edilipdir. Yakynda bir ozbek alymy cykysh etdi. Mysal ucin, Karandash sozi aslynda ,,gara dash,, (galam ) eken.

0
8 San  
@garaýolly, d.g amerikada, we dunyaniñ başga-da kop yurdunda bar bu jandar, Ozbegistanyñ Gyzyl kitabyna hem girizilipdir, edil hazir bizde yogam bolsa, (bilemok baram bolsa), özbeklerde bolsa öñ bizdede bar bolan bolaymasa ol?

0
9 Garaýolly  
27
Dogry,dogry,ozbeklerde bar bolsa bizde de bardygy shol. Cunki Orta Aziya regiony tutush bir Turan territoriyasy ahyry!

0
10 Akjemal  
243
Para alyp dälimi men tongue biggrin

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]