00:10 Dub aşagynda doňuz / basnýa | |
DUB AŞAGYNDA DOŇUZ
Doňuz baryp gojaman Dub astyna, Gozasyndan iýip, zerrin bolansoň, Kölgesinde ýatdy onuň dessine, Gözlerin delmirdip ol galansoň. Düşdi Dubuň teýin gazmaň kastyna: "Köki zyýan berýär muňa". Gonan Garga diýdi oňa: "Düýbün gazsaň gurar, belki, bu agaç". "Goý, gurasyn" diýdi doňuz aç-açan: "Meni gozgalaňa salmaýar ol hiç, Ondan zyýan baryn görmeýän hiç haçan. Ömür bolmasa-da etmen puşeýman, Goza bolsa bolýar - meni semredýän". "Gadyr bilmez! - diýip, çykdy Dubdan ses - Temegiňi galdyrsaňdyň ýokary, Saňa aýan bordy, näkes, Gozalaryň menden önýändikleri". * * * Şunuň deýin bilimsiz hem körlerçe Ylma hem bilime näletler edýär. Alymlar zähmetin syzmaz sähelçe, Ählisiniň iýmişin ol ýuwudýar. Iwan KRYLOW. Terjime eden Berdi KERBABAÝEW. | |
|
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024 |
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |