17:53

Toý toýa sebäp / hekaýa

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 597 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Kömek Kulyýew | Рейтинг: 4.5/2
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024
Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024
Шер аминь / рассказ - 20.01.2024
Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024
Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024
Garagumda / hekaýa - 09.03.2024
Kitap / nowella - 16.03.2024
Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024
«Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024
Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024

Teswirleriň ählisi: 231 2 »
0
1 Bagabat  
43
Şu "Toý toýa sebäp" atly hekaýa, öň şu saýtda "Gökböri" ady bilen goýlupdyr.  http://www.kitapcy.ga/news/gokbori_hekaya/2019-01-03-4384

0
2 Bagabat  
43
Dürli atly şol bir hekaýanyň iki redaksiýasyny "ýaryşdyrsaň" "Gökböri" utýan ýaly.

0
3 Bagabat  
43
"Gökböri" öň neşir edilmedik bolmagy mümkin. Soň ýazyjynyň özi ýa-da korrektor hekaýanyň mazmunyny we adyny üýtgedip täzelikde "Garagum" žurnalynda neşir etdiren bolmagy mümkin.

0
4 Bagabat  
43
Saýtda bolsa "Gökbörini" @Gökböri goýupdyr. biggrin . Kalambur.

0
5 Bagabat  
43
Onsoňam metbugatda şol bir hekaýanyň (ýa-da başga eseriň) başga at bilen gaýtalanyp neşir edilmegi bolsa...Özüm-ä öz tejribämde köp duş geldim. Hatda, öz ýazan zatlarymda-da. Mysal üçin, redaksiýa hekaýaňy berýärsiň. Korrektor bolsa hemişe nämäniň nämedigini ýazanyň özünden gowy bilýär. Şonuň üçinem hekaýanyň adyny, mazmunyny göwnüne gelşi ýaly üýtgedýär-de, neşire berýär. Hekaýa neşir edilýär. Soň bir-iki ýyl geçýär. Ýene-de şol mazmundaky hekaýaňy çap etdirmek üçin soraýarlar. Berýärsiň. Ýene-de korrektor ýazyjydan nämäniň nähili bolmalydygyny has gowy bilýär. Onsoň ýene-de hekaýa başga at bilen, mazmuny üýtgedilip neşir edilýär. Şeýlelikde, şol bir hekaýanyň üç sany "görnüşi" emele gelýär. biggrin

0
6 Bagabat  
43
Internede bolsa ýöne ýerden "aýbygadym" diýilmeýär. Muňa düşen her bir ýazylan zat, edil durgunlyk ýyllarynyň kolhoz emlägi ýaly. Kolhoz emlägi barada bolsa şol döwrüň adamlarynda bir pikir agdyklyk edýärdi. "Kolhozyň emlägi - hemme kişiň emlägi. Hemmäňki bolsa, diýmek eýesi ýok. Eýesiz emlägi bolsa islendik adam alsa-da ogurlyk bolmaýar." biggrin

0
7 Bagabat  
43
Internetde şu mahal käbir hekaýalarymy öz atlaryndan goýýan "kolhozçylara" duş gelýärin. Iň keýpiňi göterýän ýerem, olar özlerine şeýle hekaýalary ýazandyklary üçin bildirilýän minnetdarlyklary ägirt uly eglişik bilen kabul etmeklige merhemet eýleýärler... biggrin

0
8 Bagabat  
43
Dogrusy, özüm-ä her bir çyrşanja setirjigiňi gyzylyň gyryndysy ýaly edip yzyny yzarlap ýörmekden ybarat was-wasylygyň tarapdary däl. Belki, kimdir biri muny öz zähmetiňe sarpa goýmazlyk hasap eder. Emma, birinjiden-ä, hemme ýazylan zatlar gowy bolmaýar, ikinjidenem, esasy zat öz ýazan zadyň üçin özüňi plagiatda aýyplamasalar bolany. Ol kimdir biriniň adyndan berilmegine bolsa, ýumor bilen garamalymyka diýýärin. Esasy zat, ogurlaýan bolsalar diýmek gerekdir, okaýandyrlar, ýaraýandyr-alýandyrlar... biggrin

0
9 Bagabat  
43
Bäh, gowy tapdym. Plagiat - öz ýazanlaryňa baha bermegiň ölçegnamasy! wink

0
10 Bagabat  
43
Makalanyň "telpegi" hem "joraby"...Gowy aňlatma. Žurnalistleriň arasyna ýaýratsaň, mem-e (Iňl.meme - medeniýet üçin täsirli wajyplygy bolan maglumat birligi) öwrüler.

0
11 Bagabat  
43
Meniň pikirimçe, döwrüň edebiýaty, publisistikasy barada edil munuň ýaly maksimalistik çürt-kesiklige esaslanýan netijä-de gelmeli dälmikä diýýärin. Mysal üçin, düýn Hojanepes Meläýewiň "Durmuş dowamaty" atly kitabyny satyn aldym. "Şazadanyň ýaşlygy", "Tylla teňňeler" atly powestleri hem-de "Garagöz" atly hekaýasy bar ekeni. Ondan başga-da Nobatguly aganyň, Kakamyrat Rejebowyň, Bazar Şalyýewiň täze kitaplary bar ekeni. "Satyn almaly" diýip meýilleşdirip gaýtdym. Ondan öň Rahmet Gylyjowyň halallyk kyssalary baradaky galyň kitabyny, Agageldi Allanazarowyň "Ojak" kitabyny, Myratdurdy Haşaýewiň "Ýedi müň çakyrym" kitabyny alypdym. Aýtjak bolýanym bizde orta asyr taryhy, ýakyn taryhy eserler ýazylýar. Ýöne fantastika, fentezi, detektiw, alternatiw taryhy, kosmoopera, mistika we ş.m. žanrlarynda eserler ýok. Esasy zadam bu ýerde bizde okyjylaryň azlyk edýänindenmikä diýýärin. Çünki edebiýatam jemgyýetden üzňe hadysa däl. Ol jemgyýetiň içinde emele gelýär, jemgyýet bilen ýaşaýar. Mysal üçin, şu möwsümde pomidor ekip, ony öz isleýän (ýa-da çaklaýan) nyrhyndan bazarda ýerläp, iň bolmanda öz isleýänine (çaklaýanyna) görä 50% girdeji alyp bilmese, daýhan indiki möwsümde pomidor däl-de, hyýar ýa-da kelem eker. Ýazyjylygam şonuň ýaly bir zat.

0
12 Bagabat  
43
Makalanyň "telpegi" bilen "joraby" barada bolsa, eýýäm gülkünç jümleler, obrazlar emele gelip ugrady.
Mysal üçin: Redaktor ýaş habarçynyň täze makalasyny tankytlaýar:
-Haý inim-ow! Saňa pylan temadan iki-üç sahypalyk makala taýýarla diýilse, nädäýpsiň-ä muny?! Telpegini şahyna ildirip, jorabyny ters geýdiripsiň ahyry bu makalanyň! biggrin
Ýa-da bu jümläni hasam gödeňsiräk edip täsirliligi artdyryp bolardy:
-Haý inim-ow! Saňa pylan temadan iki-üç sahypalyk makala taýýarla diýilse, nädäýpsiň-ä muny?! Telpegin-ä syrtyna geýdirip, jorabyna-da kellesini sokupsyň ahyry bu makalanyň!

0
13 Bagabat  
43
Mistika žanrynda soňky döwür ýaşlardan Begli Gowşakowyň, Maksat Bäşimowyň eserleri bar. Ýöne, meniň şahsy pikirime görä ol eserler ilkinji nobatda okyjylar köpçüligine däl-de, edebiýatçylara, ýagny edebiýatyň muşdaklaryna gyzykly. Rus dilinde: "Пипл хавает" diýen žargon düşünjesi bar. Begliniň, Maksadyň hekaýalaryny bolsa diňe edebiýatdan okumyş adamlar gyzyklanyp okaýarlarmyka diýýärin. Sebäbi olaryň eserleri mistikanyň ümürine duwlanan dünýäniň manysynyň, adamzadyň ýolunyň, ynsan gatnaşyklarynyň gözleglerinden doly. Üstesine-de olaryň hekaýalaryna awtorlarynyň ruhy-emosional ýagdaýam juda ýiti täsir edýär. Elbetde, hiç bir ýazyjam özüniň islendik eserini ýazanda-da ony buz ýaly sowuk kelle bilen, özüniň duýgusyny, dünýägaraýşyny oňa siňdirmän ýazyp bilmez. (Men bu ýerde hakyky ýazyjylary göz öňünde tutýaryn. Sebäbi özüňi siňdirilmän ýazylýan zadyň "öli janlar" bolýandygy öz-özündenem düşnüklidir). Ýöne, meniň şahsy pikirim, ýazyjy mümkin boldugyndan özüniň synlaýan we kagyza geçirýän dünýäsiniň köpgyraňlylygyna düşünjek bolmaly, öz duýgularyny hem-de dünýägaraýşyny jylawda saklap, gahrymanlarynyň, çeper eseriniň akymynyň üsti bilen özüni okyjylaryna dakmajak bolmalymyka diýýärin. Ol hem eger-de mümkin bolsa. Ýene-de bir pikirim, Maksadyňam, Begliniňem eserlerinde absurd bilen garaňkylyk has agdyklyk edýän ýaly. Elbetde ruslar: "Кашу маслом не испортишь" diýýärler, dagam mistika bolar-da onda garaňkylyk hem howpurgama duýgusy azlyk etsinmi? diýen sowalam berilmegi mümkin. Ýöne, Türkmen aganyň: "Sögüşseň sögüş, ýöne ýaraşmaga ýer goý" diýşi ýaly, her bir iň garaňky, iň gorkuly mistikada gülmäge ýa-da başga bir ýagty duýgulara-da ýer goýmalymyka diýýärin. Çünki durmuş şeýle. Ol diňe gara zolaklardanam, ak zolaklardanam, reňksiz çal zolaklardanam ybarat däl. Ol reňkleriň tutuş palitrasyna boýalan zolaklardan emele gelýär.

0
14 Bagabat  
43
Meniňkem, şu bold-ow: prof

1
15 Gumlygelin  
8
Ine rast gürrüñ. happy

1-15 16-23
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]