23:38 Wesýet | |
WESÝET
Ölen günüm meni jaýlañ, Garyp mazara goýuñ-da; Ortarasynda giñ ýaýlañ - Ukrainanyñ goýnundan Uç-gyraksyz giñ meýdanlar, Uçudy, belendi-pesi Görnüp dursun, eşidilsin Dnepriñ güwleýän sesi. Göreýin derýanyñ deñze Akydyşyn duşman ganynn Ana, diñe şondan soñra Gabrymda ynjalar janym. Ruhum uçar, doga eder Baryp Hakyñ huzurynda... Ýüzüm gara, dilim gysga Bolsa-da Onuñ ýanynda. Meni jaýlap, derrew galkyñ, Zynjyrlary üzüñ, gyryñ, Duşmanlaryñ gany bilen Erkinlik bagyn suwaryñ. Bolup bir uly maşgala Dynyñ gulçulyk derdinden Meni-de unutmañ, ýatlañ Ruhuma doga ediñ-de. Taras ŞEWÇENKO. | |
|
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Победителям / Goşgular - 29.02.2024 |
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Soltan / Goşgular - 27.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||