09:10 "Böwürslen, tiken alypdyr..." | |
"BÖWÜRSLEN, TIKEN ALYPDYR..."
Böwürslen, tiken alypdyr Gaýdyp gitmeli ýolumy. Belki, maña görmek ýokdur Indi mähriban ilimi. Ukrainam bolaýarmy Gaýdyp synlamajak ýerim? Özüm bolup galarynmy Okyjysy bu eseriñ? Paýlaşmasañ öz derdiñi Eger-de hiç kimse bilen, Hudaýym, oñuşaýmaklyk Kyn zatdyr bu durmuş bilen. Bagtly bolmak ýok ekeni, Nätjek meniñ täleýimde! Bagtym hakda ýatlama-da Galmazmyka diýýän men-dem Günler geçdiler tiz-tizden, Dünýä inenimden bäri. Bagtym ýok ekeni gyzdan! Ýat ilde unduldy bary. Men tapmadym bu ýerde-de Özüme hiç dosty-ýarym Ýürek syrymy açmaga Ýok bärde meniñ hiç kimim! Ýaş ýüregim götererden, Agyrdyr hasratym, gamym. Oñat görýän bir kişiñe Ýürek sözüñi sözlemän, Şatlandyryp bir garyby Köñül ýodasyn yzlaman, Ýa-da zalyma gargaman, Ölseñ, çekersiñ-ä arman!.. Meniñ Ukrainamdaky Gula öwrülen ilaty Görkez maña, jan Hudaýym! Saña ýalbarýaryn gaty! Taras ŞEWÇENKO. Terjime eden: Çary AŞYROW. | |
|
√ Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ «Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ "At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |