07:35 Pygamber | |
PYGAMBER
Hudaý birtopar adamy Sanyp adalatly ynsan Pygamberini gönderdi Söýgimi et diýip aýan Hem haky ber diýip habar. Pygamber geçip özünden Joşdy akgynly sözleri Ýer etdi ýürek töründe. Ol sözler buz bolan kalby Eretdi täsin ot bolup, Hemme oña maýyl boldy, Ýoldaş boldular şat bolup. Hatda gözýaş hem dökdüler Orta atyp nur-imany... Okumyş hem mekir ärler! Soñ olara Hakyñ şany Hiç bolup göründi... özge Hudaýlara kesip gurban Ýigrenjiler daşladylar Pygambere bermän aman. Eý, zalym kişiler sizi Goýup ýyrtyjy ornunda Hudaý kän zynjyr ýasadyp, Zinfandel gazdyrdy soñundan. Ýuwaş pygambere derek Size şa bolupdy gerek! Taras ŞEWÇENKO. Terjime eden: Orazgylyç ÇARYÝEW. | |
|
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024 |
√ «Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |