12:10 "Käl içindäki kölde..." | |
"KÄL IÇINDÄKI KÖLDE..."
(Taras Şewçenkonyñ nakgaşçylyk we grafika eserlerinden: "Katerina", 1842 ý. Kendir, ýagly reñk.) Käl içindäki kölde Gygyrýarlar çal gazlar. Dul heleý hakda oba Ýaýrady geñsi sözler: Göýä onuñ öýüne Zaporožly gelenmiş. Şeýdip myş-myş gürrüñler Bütin oba dolanmyş. Bu ikisi bir jaýda Içgiler içenmişler. Soñra bolsa utanman, Düşege geçenmişler. Soñ görülse myş-myşlar Döremändir boş ýerden. Ýañky ak ýüz dul gelin Ogul dogurdy birden. Ese-boýa galdyryp, Oglun mekdebe berdi. Mekdebi tamamlansoñ Ogluna at äberdi. Ol aýal ýañky ata Eýerüsti bejerdi, Gaýmalap ýüpek bilen, Keşdeläp zynat berdi. Geýdirip gyzyl köýnek Oglun atardy ýola. Onuñ çykyp gidenin Bildirmän uly ile. Goşuna berip oglun, Özi hem saçyn syrdy. Soñra gidip Kiýewe Keşişlige baş urdy. Taras ŞEWÇENKO. Terjime eden: Çary AŞYROW. | |
|
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ «Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Hasap / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |