07:51

Ýagmyrly gürrüñ / hekaýa

Категория: Satiriki hekaýalar | Просмотров: 549 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Satiriki hekaýalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 12
0
1 Bagabat  
43
Bäh, @Haweran, gardaş, nireden tapdyň-aý, muny?! Çypbakaý çynym, diňe okanymdan soň birmahallar, müň ýyl mundan ozal şunuň ýaly zatlaram ýazandygym ýadyma düşdi. Şu goýan zadyň teksti özümde-de ýok, dostum. Sag bol könäni ýatladanyňa. Şol döwürler, Kuly kassiriň adyndan başga birtopar şuňa meňzeş çaklaňja zatjyklary ýazyp, "Edebiýat we sungat" gazetine berýändigim ýadyma düşdi. Ondan bäri, tas ýigrimi ýyla golaý wagt ötäýpdir. Ýene-de bir gezek, minnetdar.

0
2 Bagabat  
43
Äý, dostum, gaty beýdip öwübermegin! Bu türkmeni öwüberdigiň bolmaz. Serdar Ataýew bolsa bar ekeni. Birnäçe gezek gazetlerde taryhy makalalar bilen jüpleýin atdaşym çykyş edende: "Senmi şo?" diýip soralan gezekleri bolupdy. Ondan başga-da pedagogika ylymlarynyň kandidaty hem bar, şeýle atly. Ol hem publisistikada köp işleýär. Garaz, ýörgünli at, familiýa. Ýöne, Ahmet agaňka çalymdaşrak aýtmyşlaýyn, häli-häzir-ä çenl-ä şü hekaýaçylykdan tokaý otlap at gazanjak bolýan diňe biri ýaly. Ýöne, öňem bir ýaşulylaň biriniň aýdyşy ýaly: "Äý bu ýoldanam atyňy uzak ýeke çapdyrmazlar-la!"...Şoňa-da şükür! Ýazýanlaryňam, okaýanlaryňam janlary sag bolsun! Esasy zat parahat durmuşda ýazylylyp-okalyp dursa, oňa ýetesi näme bar?!

0
3 Bagabat  
43
Dogrudanam, gowy ýatlatdyň, şolary tapyşdyraýyn-la. Öýde köne mekdep portfeli doly sap-sary kagyzlar üýşüp ýatyr. Içinde-de otlanmaga dözülmän, dürli redaksiýalaryň "derdine ýaraman" yzyna gaýtarylan zatlar köp bolmaly. Şolaryň içinde Kuly kassiriňkilerem-ä bolsa bardyr. Ýöne öňler meniň bir häsiýetim bardy. Neşir edilen islendik çyrşan zadymyň golýazmasyny: "ýer tutup durmasyn" diýip ýok edýärdim. Bilemok, belki neşir edilenlerinden gazetdäki görnüşi galan bolsa...

0
4 Bagabat  
43
Şol kesel-ä hemmämizde-de barmyka diýýärin. Men 13-14 ýaşymda ýetginjek badyhowalygy bilen ilki bir roman ýazdym. biggrin Dogrusy, göwrümi boýunça romandy. Şol mahallar çagadyryn-da, "roman" diýilse galyňlygyna görä ölçelýändir öýdýändirin-dä. Azyndan-a 90 sahypalyk üç sany öýjükli umumy depder-ä boldy. Bir ýyllabam iş edinipdim. Olam her iki öýjük setirine üç setirlik ownuk ýazgyny sygdyryp ýazylandy (Depderi tygşytly tutmak üçin). Özem fransuz belletristikasynyň kelläňi pyrlandyryjy täsiri bilen öz oýlap tapyjylygyňdan hem-de duýgularyňdan ýaňa tas serhoş bolup diýen ýaly ýazylan zatdy. Ýazyp bolanymdan soň üstünden bir ýyl geçirip, otladym. Ondan soň aradan çykan adamyň bikarar ruhunyň dirileriň arasyndan gidip bilmän ejir çekişi hakynda powest ýazypdym. Uly göwrümli. Olam bir uly umumy depder bolupdy. Şonam soň otlapdym...Indem üstünden şunça ýyl geçirip, beýtmeli däl ekendigim-e düşündim. Sebäbi arada şol ýyllarda ýazylan çaklaňja hekaýajyk elime ildi-de, şony täzeden işledim welin, belli bir derejede hekaýajyk bolan ýaly bolaýdy...Emma, indi ýaňky aýdyşyň ýaly, şol otlanan zatlaryň hiç haýsam dolulygyna ýadyma düşmeýär. Bölek-büçek, ygym-sagym galyndylary bolaýmasa...

0
5 Bagabat  
43
Şol ýazylan romanyň adyny aýtsam, gülüp hezil edersiňiz. "Wikont de Montegýunyň başdan geçirenleri" biggrin

0
6 Bagabat  
43
Şonuň ýaly-da, Kömek aganyň Myratgeldi bilen söhbetdeşliginde aýdyşy ýaly, hemmämizem ilki bilen megerem goşgy düzmekden başlaýan bolmaly. Menem iki-üç ýyllab-a iş edinip setir sepläp, kapyýa çeňkläpdim. biggrin  Ýöne Hudaýa şükür, Keremli Alla masgara bolup, öz-özüňi aldap, ile gülki bolmakdan hem-de bolgusyzja zatlary çyrşaşdyran bolup, halal kesbe zeper ýetirmekden gorady. Wagtynda hakyky "şygyr" diýilýän gudratyň nämedigine gözümi açdy. Şondan soňam setir kapyýalaşdyran bolmagy bes etdim. Öň çyrşalan zatlaram oduň demine.  biggrin  Ýöne, şondan ahmyrly galanym şu mahalam käte-käte bildirýär. Hekaýalaryň arasynda birdenkä setirler kapyýalaşyp, bogun ölçegi, söz sazlaşygy herekete girip ugrany özüňe-de bildirmän galýar.  biggrin

0
7 Bagabat  
43
Hakyky, gaty dogry şol aýdylany. Menem wagtynda "goşgy" diýip hasaplaýan zatlarymy ýazmagymy goýdum. 16 ýaşda.

0
8 Gumlygelin  
8
@Bagabat 14 ýaşyñyzda ýazan romanyñyzy şu wagt şeýle bir okasym geldi welin...ýanyp durşy göz öñüme gelip agym tutdy.

0
9 Ependi  
284
Aýdylan tymsala-ha düşündim biggrin Soňky jümle oýlandyrdy. "Ýagmyr ýaly oglum bolaýsa, menem ýere girmezdim" diýildigi öýdýän bi

0
10 Bagabat  
43
@Gumlygelin, roman diýip, ol diňe göwrümi boýunça galyňdy-la. Hakykatda bolsa fransuzlar Ann we Serž Golonlaryň, Moris Drýuonyň, Aleksandr Dýumanyň, Lui Bussenaryň, şeýle hem iňlis Walter Skottyň, rus Alekseý Tolstoýyň, Walentin Rybiniň, polýak Wladimir Ýanyň, Genrik Senkewiçiň, amerikan Fenimor Kuperiň, O.Genriniň täsiriniň kilwaterinde ýüzülip ýazylan başdan geçirmeler hakynda bir zatdy-laý. biggrin

0
11 Gumlygelin  
8
Meni gyzykdyran zat roman ýazan ýazyjynyñ ýaşy.13-14 ýaşly oglanjygyñ deñ-duşlaryndan saýlanyp uly göwrümli eser ýazmaga girişmegi täsin...

0
12 Bagabat  
43
@Gumlygelin, düşünmeýän adam edermen bolýar. Ýolbarsyň nämedigini bilmeýän çaga islendik pursatda baryp, onuň syrtaryp duran gyýaklaryna barmagyny dürtüp görüp biler. Ol wagtlar roman näme, hekaýa näme, powest näme, diňe sahypa sany bilen ölçelýän bolmaly-da. Ýöne, dogrusy, ýaşuly edebiýatçy mugallymym bardy, özem şahyrdy. Şoňa, utana-utana, deň-duş oglunyň üsti bilen berenimd-ä okap görüp: "Üstünde biraz işlemeli" diýip ýumşadyp, kötekleýän ýaly edipdi. Mugallymymyň näderejede kötegini ýumşadandygyna bolsa diňe bir ýyldan soň, Ýewropanyň Renessansdan öňki we Renessans döwrüniň edebiýatynyň nazaryýeti baradaky kitaby iki-üç gezek okap çykanymdan soň düşündim. Lope de Weganyň, Kalderonyň, Rasiniň, Molýeriň, Miltonyň, Şekspiriň, Rableniň, Korneliň, Bokkaççonyň, Danteniň, Petrarkanyň, Swiftiň, Defonyň, Serwantesiň eserlerini seljerýän işleriň jemlemesidi. Häzirem bar şol kitabym. Daşy könelip, birki gezeg-ä daşynyň daşlygy çalşylypdy.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]