08:04

Ýañlan, dutar!

ÝAÑLAN, DUTAR!

Gör, niçik kän elektrogitara,
Ýöne, hormat goýýan köne dutara.
Moda däl diýp ýüz öwürmen olardan,
Ol has oñat täze gitaralardan.
Ýañlan, dutar!
Goý, dutar gür bersin häli-bu çakda,
Bilinmedik kerwen ýollary hakda.
Gündogaryñ beýik söwda merkezi,
Mähelleli gadym Merwi görkezip,
Ýañlan, dutar!
Şäher bazarlarnyñ şowhunlylygyn,
Ýaşlara ýatladyp ýañlan sen agyn.
Nädip haryt getirşini gür ber sen,
Bu ýere Hytaýyñ, Eýranyñ, Orsuñ,
Ýañlan, dutar!
Gelen täjirlere dürli milletden,
Merw gapysyny açypdyr des-deñ.
Asyrlaryñ gizlin näsi bar, näsi,
Bilýär muny, diñe Murgap derýasy.
Hem ýene dutar!
Orda halylarñy nädip talady?
Doly hanyñ gan eñreden halaty.
Gyzyl gana boýalşyny derýanyñ,
Seniñ owazyñdan anyk görýärin.
Ýañlan, dutar!
Goja bagşy, bize aýdym bagyşla,
Hakykaty ýüreklere nagyşla!
Britan ýolbarsy gelende näme,
Höwes edip nebit, haly, pagtaña.
Görüp onuñ açgöz sypatyn, bolşun,
Jigitleruñ ony tary-mar kylşyn.
Aýdym aýt, bagşy!
Nädip senjñ nurly ýyldyzyñ dogdy,
Suw gelip, sährañda çemeniñ çogdy? -
Şöhrata beslenen bagty - wysaly,
Durdy Gylyjyñ taryp edişi ýaly,
Tarypla, bagşy!

Andreý BAŽANOW,
rus şahyry.

Terjime eden: Ahmet MÄMMEDOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 340 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Andreý Bažanow | Рейтинг: 4.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

On bäş ýara / Goşgular - 20.01.2023
"Bu ne apat, gazabymy Allanyň? / Goşgular - 12.02.2023
Солдаты Дзержинского / Goşgular - 13.02.2023
«Я был у ней; она сказала…» / Goşgular - 07.01.2023
«Муза, погибаю!.. Глупо и безбожно…» / Goşgular - 19.01.2023
Второе января / Goşgular - 02.01.2023
Е.Д.Дункер / Goşgular - 27.01.2023
«Усталым душам вдруг сдаётся…» / Goşgular - 06.01.2023
"Ýanwarda - gardan soñ durlanan asman..." / Goşgular - 12.02.2023
«Я обращаю речь к вам, выброски природы…» / Goşgular - 06.02.2023

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]