07:48 Ýaprakdaky ýazgylar | |
ÝAPRAKDAKY ÝAZGYLAR
Ol günem ýagyş ýagypdy. Güýz ýagşy. Ýagyberşi asyl diňmejek ýalydy. Şol gün seni ilkinji gezek görüpdim men. Güýz ýapraklary ygşyldap şemalyň ugruna oýan-buýana oýnap ýördüler. Şol ýapraklardan saňa ilkinji namamy ýollapdym. Soň ikinji üçünji... Soňsuz söýgi hatlarymy ýapraklara ýazyp ugradypdym telim sapar. Ine bu gün ýene güýz ýene ýagyş. Ýapraklaram şemalyň ugruna ygşyldap öňüme gaýyp düşýär. Olaryň ýüzüne bakyp saňa ýazan hatlarymy okadym. Göýä ol ýazgylar güýz ýapraklaryna ebedilik möhürlenen ýaly. Ýöne indi ony ne sen okap bilýäň ne-de başgalar. Diňe men görýän okaýan. Güýz aýralyk pasly diýýäler. Ýöne men güýzde seni tapdym güýz ýapraklary bilen saňa duýgularymh ýetirdim. Men güýzi şeýlebir gowy görýän şahyr Gurbannazaryň gowy görşüçe hatda ondanam artyk gowy görýän. Ýapraklaryňdaky namalarymy şol mähribana ygşyldyň bilen gulagyna nagma çalyp ýetir sary güýzüm. Sen aýralygyň däl wysalyň pasly. Meniňem dilberimi getirjegiňe ynanýan. Saňa bakdykça ýagşyňa ezildikçe olam meni ýatlaýandyr. Ýapraklaryňdaky namalary okasy gelip tebsireýändir. Kalplarymyzda yşk alawy ýakan sendiň ýagşyňdy sary ýapraklaryňdy. Sen biziň paslymyz, tylla güýzüm! Baýhan DURDYLYJOW, Türkmen oba hojalyk institutynyň Agranomçylyk fakultetiniň oba hojalyk ekinleriñ seçgisi we tohumçylygy hünäriniň talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |