11:13

Ýartygümmez kümmeti

ÝARTYGÜMMEZ KÜMMETI
    
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda, şol sanda ylym-bilim ulgamynda-da uly ösüşlere ýetildi. Şöhratly taryhymyzy öwrenmäge, medeni mirasymyzy wagyz etmäge, milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredildi. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky taryhy ýadygärlikleri ylmy esasda öwrenmek babatdaky tagallalar aýratyn buýsançlydyr. Köne Sarahs şäherçesinden 7-8 kilometr günorta we günorta-gündogar tarapda ýerleşýän Ýartygümmez kümmeti hem şeýle taryhy ýadygärlikleriň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly II kitabynda bu barada: «Daňdanakandan günbatara ugran kerwenler birnäçe kerwensaraýlarda düşläp geçip, mes toprakly ýaýlalary gurşap oturan şöhratly Sarahs şäherine barypdyrlar», «Sarahsyň özünde ýerli binagärler tarapyndan gurlan ajaýyp ýadygärlikler saklanyp galypdyr – olar halk arasynda belli ulama Sarahs babanyň – orta asyryň görnükli pelsepeçisi Abul Fazlyň kümmeti we Ýartygümmez ýadygärligidir» diýip, beýan edilýär.
Ýartygümmez kümmeti 1931-nji ýylda «Türkmenmedeniýet» arheologiki bölümi tarapyndan öwrenilýär. Kümmetiň daşky diwary 23x23x5 santimetr ölçegdäki bişen kerpiçden gurlupdyr. Ol inedördül görnüşli bolup, diňe iki diwary saklanyp galypdyr. Onuň Ýartygümmez ady hem şundan gelip çykandyr. Kümmet özboluşly gümmez bilen örtülendir.
Täsin binanyň aýratynlygy, onuň girelgesiniň günorta bakdyrylandygydyr, içinde tagçalarynyň we girelge peştagynyň ýoklugydyr. Ýadygärligiň diwarlary pilçeler bilen üç bölege bölünipdir. Munuň iň täsin örümi ymaratyň çüňkleriniň dörtden – üçlük sütünler bilen birneme ýapgytly endiganlanmagydyr. Günorta tarapyň ortasynda mährap bolup, şol ýerde-de tomus bassyrmasy gurlandyr diýlip çaklanýar. Kümmetiň iç we daş ýüzündäki bişen kerpiçler hem gurluşyk, bezeg maksatly bolupdyr. Kerpiçleri örme işi ýarty kerpiçler bilen bölünen goşa kerpiçlerden ýerine ýetirilipdir. Iç ýüzünde kerpiçler arça şekilini emele getirýän tertipde örülipdir. Ýokarky gündogar böleginde kufi ýazuwynda ýazylan hat saklanyp galypdyr. Gümmeziň ýelkenleri suwalyp, nagyş salnypdyr. Şular ýaly nagyşlar gümmeziň iç ýüzüne-de häsiýetli. Agaçdan jaý salmagyň şular ýaly ýerli nusgasynyň ösüşini XI-XII asyrlara degişli Akjagala kerwensaraýynda hem görmek bolýar.
Ýadygärlik  XI asyra degişlidir. Ol 1098-nji ýylda bina edilipdir. XII asyryň taryhçysy as Samanynyň berýän maglumatyna esaslanyp, bu kümmet şyh Ahmet al-Hadynynyň guburynyň üstünde gurlupdyr.
Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän taryhy ýadygärlikleri, olar bilen baglanyşykly maglumatlary öwrenmekde we wagyz-nesihat etmekde geljekki taryhçylar hökmünde öz mynasyp goşandymyzy goşarys.
 
Arzuw GARATAÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetiniň talyby.

Категория: Taryhy ýerler | Просмотров: 422 | Добавил: Нawеran | Теги: Arzuw Garataýew | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Taryhy ýerler bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]