11:31 Ýaşlyk | |
ÝAŞLYK
Gazaply kazy deý, mydam başymda Sagat çot kakyp dur şyk-şyk-şyk. Düýnüñ özem garaşýardym ýaşlyga, Bu gün bolsa, geçip barýar şo ýaşlyk. Bir zada düşünýän şowhunly günler Al atymy çapyp ýören halatym, Öñümden çykana gül ýaşlygymy Hormat edip, sowgat kimin paýladym. Jomartlygym üçin ''sagbolsunlara'' Ýüzüm göge tutup, göçer ýörerdim. Ýaşlygymy gerekmejek dostlara Hem boş söhbetlere seçer ýörerdim. Öwgülerden humar bolup, gijeler: ''Alyñ!'' diýip, kişiñ gapysyn kakdym. Ýaşlygymy gül edip, jomartlyk bile, Söýmeýän gyzlarmyñ döşüne dakdym. Men ony boş gijelere paýladym, Men ony Boş gündizlere paýladym. Ine, bu gün uly döwletden galan Köpüklermi ahmyr bilen sanadym. Neçün beýle bolýar? Ilki ýalñyşyp, Soñra ökünç bile egilip ýörüs! Jaýymyzy çilim çekip, tüsseläp, Soñra tüssämize bogulyp ýörüs! Ah, bu gün säherem şeýle çytyk, Bolaýmagy mümkin tüýs ýagyşly gün. Ýaşlygymyz ýitirenok hiç zady, Biz özümiz ýitirýäris ýaşlygy... Gurbannazar EZIZOW | |
|
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Är garrar... / Goşgular - 30.04.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Hasap / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |