06:51

Ýigitleri guçsañyzam, ogrynrak guçuñ!

Категория: Nukdaýnazar | Просмотров: 532 | Добавил: Moderator | Теги: Geldimyrat Seýidow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Nukdaýnazar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 20
0
1 baharaliyeva39  
1028
Türkmençilik ady bilen aýal - erkek deňsizligiň işini görýäňiz. Siziňem dogrylyk paýyňyz bardyr ýöne, vijdanlara seslenýäris bu argument diňe size görä dogry. Bize görä çüýrik. Mejnun derdine çäre tapman çöllere giden wagty, Leýli näme edýänini hiç pikir etdikmi? Ýa gözi gyzarýança aglandyr, aglanyny hem ilden gizlemäge mejbur galandyr. Çöle gaçyp gitme ýaly mümkinçiligi hem ýokdyr. Bir şahyrana zenanyň sähelçe yşk sözlerini asuda, öz erk-ygtyýary bilen ýazan setirleri siziň aklyňyza başka zatlar getirse-de zenanyň ahlagy, edebi onuň bilen ölçenmez. Siz we siziň ýaly pikir edenler sebäpli zenanlar hemişe galyba salnyp, hemişe 2-nji planda galmadymy? Goýuň olar öz ynsany duýgularyny haýsy dilde, haýsy sözler bilen wasp etjegini özleri karar bersin. Biziň ne hetdimize. Wirjiniýa Wolfyň sözleri bilen aýdanda: “Pul gazanyň, aýratyn otagyňyzy we boş wagtyňyzy dörediň. Erkekleriň näme diýjegini pikir etmän ýaz, ýaz! ”

0
2 Injener  
1
Aýallar halanog-a awtor olaryň hukuklaryny kemsitseň, size plan zat gelşenok, ýa-da bolanok diýseň. Indi aýallar ähli ugurlar boýunça erkeklerden kem galasy gelenoklar. Aýallary bahym metjitlere salyp başlarys, tabyt göterderis, ýene nirä aýallary göýberemzok? Käbir hünärlere aýallary alanoklar, mysal üçin uçarmanlara, ol ýerik hem aýallary alyp başlarys, awto sürüji aýallar köpeler. Ýöne gynansakda aýallaryň özüne, ýokarda agzalan taraplarda erkekler bilen deňlik gerekdäl. Aýallara başga ugurdan deňlik gerek. Aýallar hem edil erkekler ýaly "gezesleri" gelýär. Erkin jynsy gatnaşyklar, kim bilen bolasym gelse, şoň bilen hem bolýan. Äre barman çaga dogurýan, seň näme işiň? Kanun aýallary ol soragda ýazgaryp bilenok, emma jemgiýet ýazgarýar, ol hem aýallara ýaranok.
Erkek bilen aýalyň hukugy deň bolsa gowy, ýöne erkege ýene bir erkek nämä gerek?

0
4 baharaliyeva39  
1028
Awtoryň ele alan temasy bilen siziň pikriňiziň hiç hili baglanşygy ýok. Näçe uçarman tanyşym bar özam gyz maşgala. Oňa 500 kişiniň jany amanat. Zenanlar gerek bolsa tabydam götärler. Ýoldaşy aradan çykyp, namysy bilen dişini gysyp onuň ýoklygyny bildirmän ýaşaýan, çagalaryny ekleýän aýallaram az däl. Bu aýallara biziň ejemiz, siziň ejeňiz, siziň aýal doganyňyz hem degişli bolýar. Meselem siziň gyz çagaňyz hem degişli diýip bileris.
Sizler aýal gyzlary edebi bilen, namysy bilen urup ynsanlyk mertebesini kemsitýänçeňiz, Ýewropa ýurtlarynyň erkekleri bir zat oýlap tapyp adamzada peýdaly işler edýärler. Klawaturiýa öňünde her kim ahlak garawuly bolýa.

Diýdiler: «Erkekden belentdir aýal!»
«O nämüçin?» diýip berdiler sowal.
Jogabyn berdiler: «Gutaryp ömrüň,
Ýagty dünýä bilen hoşlaşsaň bir gün –
Aýal är ojagyn saklar – diýdiler,
Söýgiňi müň kerem haklar!» diýdiler.

«Çagalaryn iýdir, geýdir – diýdiler,
Şeýdip ýaş ömrüni köýdir!» diýdiler.
«Emma beýdip bilmez erkek – diýdiler,
Bu babatda pesdir entek!» diýdiler.

«Altmyşdan, ýetmişden geçse-de saly,
Gözlerin ýumdumy eziz aýaly –
Ýatdan çykyp wepa, ygrar – diýdiler,
Ikinjiň gözlegne ylgar!» diýdiler.

0
6 Injener  
1
Meň ejem, meň bajym we meň gyzym, galyberse-de daş-töweregimdäki gurşawym, aýal bilen erkegiň hukugy deň diýip başyny galdyrany ýadymda ýok. Her kişiňem öz ýeri bar, erkegiň öz ýeri, aýalyň öz heri. Maşgalany dagatmaň iň çalt we gowy usuly, aýal bilen erkegiň hukugyny deňlemek. Hukuk deňlemeden ilki bilen aýallaryň özi kösenýär dogrusy....

0
3 Injener  
1
Küntüçilik meselesinde bizde aýallaryň hukuklary gödek kemsidilýär. Gözüňi näçe ýumsaň ýumyber, ýöne küntüçilik ähli ýerde bar we 99% aýal gyzlaryň hünäri bolup durýar. Näme üçin biz küntüçiligi resmileşdiremzok? Goý hökümede ol kär hem girdeýji getirsin. Näme üçin küntüler öz kärinden utanmalymyşyn, türkmençilik üçinmi? Jemgiýet ýazgarýa diýipmi? Jemgiýetiň aýaly ýazgarmaga haky barmy näme, aýal erkin adam, islän zadyny edip bilýär, iň esasy başgalara azar bermese bolýar. Ösen ýewropa ýyrtlary küntüçiligi bir eýýäm resmileşdirdiler, dogrysy beýle ýagdaýdan soň künti sözi hem gulaga gödek eşdilýär, ol sözi başga söze çalşmaly boljak. Kanun esasynda aýal bilen erkegiň hukugy deň, käbir soraglarda bolsa aýalyň hukugy artýaram (erkegiňkide). Mesele diňe adamlaryň ahlagynda galýar, ahlagam ýuwaş ýuwaşdan sazlap barýarlar. Eger ahlagy aradan aýyryp bolsa, adamlar bilen doňuzlaryň arasynda hiç hili tapawut galanok (eýýäm). Eger kimde kim aýal bilen erkegiň hukuklaryny deňläsi gelse, öz öýünden başlasyn-da, öz ogul bilen gyzyny deň hukukly saklap göräýsin. Hasyly ýaman çalt alar...

0
5 Injener  
1
Dünýäni Döreden Güýç aýtdy: Ine ak, ine-de gara. Sen maşgalada başlyk, sen bolsa kömekçi. Tertip düzgün bolsun diýip, hiç kimi kemsitjek bolubam aýtmady, men şony isleýän diýibem aýtmady. Diňe maşgalada tertip düzgün bolar ýaly. Logikaň çalaja işleýän bolsa, şu ýerden dogry pikirler gelip çykýarda: Maşgalany ýykjak bolsaň başlyklaryň ýerini çalşaýmaly. Eder döwlet derejesinde şeýle etseň uzagyndan döwlet hem ýykylýar. Eger ýer ýüzünde tertip düzgün bolmaz ýaly edesiň gelse, ýer ýüzünde başlyklaryň ýerini çalşmaly, iň bolmanda maşgalada iki başlyk bolar ýaly etmeli. Biz bolsa bärde begenip ýörüs...

0
7 baharaliyeva39  
1028
Gurhany 5 gezek hatym eden biri hökmünde ýekeje ýerinde"Sen başlyk, sen kömekçi" diýen ýerine gabat gelmedim. Bolup bilseler biri biriniň halaly bolup bilerler. Uzatmaga ne hajat bar. Peygamberimiziň aýdyşy ýaly "Jennet eneleriň dabanynyň aşagynda. " Eger şeýle bolýan bolsa her ene - de bir Zenan, bir gyz, bir aýal. Nokat.

0
8 Injener  
1
34. Мужчины являются попечителями женщин, потому что Аллах дал одним из них преимущество перед другими и потому что они расходуют из своего имущества. Праведные женщины покорны и хранят то, что положено хранить, в отсутствие мужей, благодаря заботе Аллаха. А тех женщин, непокорности которых вы опасаетесь, увещевайте, избегайте на супружеском ложе и побивайте. Если же они станут покорны вам, то не ищите пути против них. Воистину, Аллах — Возвышенный, Большой.

Kuranyň ýene bir ýerinde bar şu tema, ýöne gözläp tapyp bilemok. Ol ýerde maşgalada erkek baştutan, tertip düzgün bolar ýaly diýip aýdylýar.

0
9 Injener  
1
Kömekçi diýmek "How ene" adyň köne terjimesi... Elbetde, Kuranda edil meň aýdyşym ýaly ýok..

0
11 MURGAP  
1401
Keramatly Gurhan nire ol ýokarky ýazyjynyñ gozgan temasy nire?
Aý aýal dogan, sen 5000 gezek hatym et, sogaby diñe özüñe.
Aýdym aýdanyñda sazy bir diñle-dä. (Men ony etdim-bitirdim diýmänkäñ).
Näme hakda gidip otyr dagy diý arasynda.

0
12 baharaliyeva39  
1028
Sen meniň gürriňdeşim dälsiň. Ýok bolsana. Senden öwrenjek gram zadym ýok. İşiň bilen bol.

0
10 yaran_yagmur_9  
1578
Jedel edenimizde (men bu ýerde tarap tutamok) düşünjeleri garyşdyrmalyň. Zenana ekzaltirlenen söýgi onuň hukuk deňliginiň ykrar edilmegini aňlatmaýar. Meselem, aşyk Hemra Saýady başyna täç edinip söýýär, emma özüniň ony aldamaga, iki aýalynyň biri edip almaga, onuň üçin söweşmekden ýüz döretmäge... hukugynyň bardygyna birjigem şübhelenmeýär. Şaýat onuň üçin asmanyň Aýy, zeminiň zynaty, emma ol zenan, ýagny erkekden kemis ýaratyk. Zenana däp bolan garaýyş şu. Pygamberimiziň enäniň dabany hakdaky hadysy hem Onuň zenany erkege deňleşdirenini aňladanok. Siz (zenanlar) şu ýerde-de Kerim aga salgylanyp, ýeke galan erkegiň täzeden ýoldaş gözleýändigini, ýeke aýalyň bolsa şol öýde garraýandygyna buýsanýarsyňyz. Emma däp bolan garaýyşdaky erkekler sizi hut şonuň üçin (täzeden durmuş gurmak hukugyndan ýüz dönderýäniňiz üçin) söýýärler ahyry. Eger deň hukuklyga pretenziýa etseňiz, onda bu görýän erkekleriňiz sizi bir dynnygam söýmezdiler.
Uçar sürüp ýören günbatar zenanlarynyň mentaliteti başga: olar erkekleriň gözünde "Zeminiň lälesi, asmanyň Aýy" bolaslary hem, durmuşyň güli, ynsanyň bezegi bolaslary hem gelenok, olary bu gyzyklandyranok, olar erkegiň özi bilen des-deň ynsan bolaslary gelýär.
Bizde käbir zenanlar "Öz ärimiň gyrnagy bolsam näme armanym" diýýärler. Emma aradan çykan adamyň ojagyny ölýänçä saklamagy borç hasaplaýan zenanlaram şondan kän uzaga gidenok ahyryn.
Däp bolan garaýyşly adamlara hem, täze akymlara meyilli adamlara hem tarap bolamok, emma hem-ä däp bolan gymmatlyklara wepaly bolup galjak, hemem günbatar dünýäsiniň liberal hukuklaryna eýe boljak bolýan zenanlaryň bolşunyň iki gaýygy tutjak bolýanyňka meňzeýändigini görkezmek isleýärin.

0
13 baharaliyeva39  
1028
Bu pikirler siziňki, olam meniňki. Men ne dindar, ne günbatar dünýäsi arasynda däl. Men bir şahyryň islän duýgusyny islendik şekilde dile dökmesiniň tarapdary. Elbetde edebi bilen. Bir erkeğin bir zenany söymesi hiç wagt şertlere bagly däldir. Kerim şahyr hem bilmän bir zat ýazaýmaz. Herkimiň pikri özünde galsyn. Ýöne men bir zenan maşgala hökmünde tarapym belli. Aýal aýalyň gurdy diýip ýöne ýere aýdan däldirler. Eýlä ýatsaňyzam beýlä ýatsaňyzam her zadyň öz çägi bardyr. Meniň teswirim awtora.

0
19 kungfuu  
1292
[Facepalm]

0
14 Injener  
1
Saýtda şuňa meňzeş temalary jedelleşer ýaly ýörite forum gerek, ýöne biz entek medeniýetli jedelleşip bilemzok, soňy ejeň-bajyňa öwrüläýjek ýaly bolupdur...

0
15 Shapak_A9602  
1502
Awtoryñ gozgaýan meselesi bilen ylalaşýan. Türkmen zenanlaryna utanmak ýaraşar. Söýýän sözüni dile alman, edepliräk ýazyñ diýipdir, dogry aýdýar... Deñhukuklylyk barada bolsa her hili bolanda-da türkmenlerde aýal erkege boýun egmeli diýip hasap edýän, aýal ýanýoldaşy bilen deñ gygyryşyberse ol ojak ýykylmak bilen bolar. Elbetde, erkegem aýala hormat goýmaly...

0
16 yaran_yagmur_9  
1578
Temadan daşlaşan bolsam, ötünç soraýaryn, emma pikirimi tekrarlamakçy:
1) Eger aýal-erkek deňliginiň (özem jyns deňligi däl-de, gender deňligi boldy indi bi) şygary bilen çykyş etjek bolsaňyz, onda Kurany-kerimden (we hadyslardan) munuň peýdasyna pata almaga synanyşyp hem oturmaň, ony ýok ýerinden tapmarsyňyz, çünki dinimiziň zenany hormatlamak, ony gowy saklamak we hukuklaryny berjaý etmek hakyndaky jarnamalary zenanyň erkekden kemisdigi baradaky düýbündäku dogmasyny inkär edenok, gaýtam onuň bilen gowuja sazlaşýar;

2) Konserwatiw ýörelgeli maşgalalardan (musulman maşgalalaryň 99 göterimi), aýratynam olaryň erkek agzalaryndan (konserwatiw diýmek erbet ýa gowy däl, öz pozisiýaňa bagly) zenanlar näçe jandan-dilden söýgä garaşyp bilselerem, deňlige garaşmaly däl. Däbi tutýan maşgalalarda gender deňligi mümkin däl. Özem bu deňsizlik, eger bilmeýän-duýmaýan bolsa, zenana hökman ejir-horluk bermeýär. Meselem, saud zenanlarynyň hukugy ýok, emma namesi kem? Hemmä Hudaý ýetirsin diýýäni. Emma, aýdaly, adaty norweg zenany beýle düzgüne bir günem çydamaz.

3) Aýallaryň edebi erkinligi hakynda. Edebiýat - jemgyýetiň aýnasy. Aýallaryň hem jemgyýetdäki ýagdaýy olaryň döredijiliginde hökman şöhlenäýmeli. Onuň üçin "Maňa durmuşda däl-de, diňe döredijiligimde erkinlik gerek" diýýäniň bolmaz. Hakyky edebiýat boljak bolsa ol emer-damary bilen realnosty beýan etmeli bolar. Realnostda sen deň hukukly bolmasaň döredijiligiň hem hanlaryň saraýlarynda göbek atyp, olary güýmeýän tansçy zenanlar tipdäki bir zat bolar. Bulara hem hukuk berilmese-de näçe diýseň döredijilik azatlygy berilýär. Şeýle şirin-şirin yşk aýdymlaryny aýdýarlar.

0
17 Haweran  
411
Teswire teswir ýazmajak bolup, gelen seslenmeleri okamasam-da, ýüzleýje göz gezdiremde, teswirçileriñ awtoryñ gozgan meselesi - zenan mertebesi hakda gürrüñ etmän, temany bütinleý başga ugra - zenan hukugyna gyşardandygyny añdym.
Büçe bolanna görä aýal-gyz hukugy we taryhy hakda iki agyz aýdyp geçmesek bolmaz. Aýal-gyzyñ erkek bilen deñleşmek prinsipi, hukugy, feminizm we ş.m. problemalar Ýewropanyñ problemalary. Bular ýaly problemalar hiç haçanam yslam ýurtlarynda bolmandy. Yslam "jennet eneñiziñ aýagynyñ aşagynda" diýmek bilen, zenanyñ ornuny gutarnykly kesgitleýär. Boldy, gep gutardy. Muña dünýewi manyda nähili düşünsek düşünibermeli, nähili düşündirsek düşündiribermeli.
Meselem, erkek nähili derejä ýetse-de, nähili belentlige galsa-da, onuñ ýeten derejesi, galan belentligi zenanyñ aýagynyñ aşagyndan pesdedir, ýa-da hemme belentlik eneleriñ aýagyna sereşläñ, siziñ hemme ýeten derejäñiz eneñiziñ basyp giden yzyna gurban...
Ýewropa medeniýetiniñ taryhynda heý şeýle dürdäne prinsip boldumy? Gaýtam olar orta asyrlarda aýaly şeýtan hasapladylar.
Yslamyñ irki döwürlerinde hezreti pygamberimiziñ (s.a.w) aýaly we şol sanda dört çaryýarlaryñ birinjisi Hezreti Ebu Bekiriñ (r.a) gyzy Hezreti Äşe häkimiýet üstünde oñuşman musulmanlar ikä bölünende pygamberiñ hut öz giýewi Hezreti Ala (r.a) garşy söweşen musulmanlaryñ başyny çekipdi. Eger yslamda we Gündogar ýurtlarynda zenan hukugy problema bolýan bolsa, şeýle ýagdaý bolarmydy? Yslam hiç haçanam zenan hukugyny çäklendiren din däl. Emma onuñ mazmunyna, berýän signallaryna düşünmeýän we dine perdelenip aýal-gyza zabun daraýan reaksioner dindarlaryñ barlygy hakykat, bu eýýäm başga gürrüñiñ temasy.
Diñe yslam däl, beýleki yslama girmedik Gündogar ýurtlarynyñ hem zenan babatda nusga edinerlik taryhynyñ bardygyny aýdyp bileris.
Meselem, Çingiz hanyñ öz esgerleriniñ öñünde aýalyny görkezip, "men siziñ hanyñyz, ine, bulam meniñ hanym" diýendigi rowaýat edilýär. Şuña esaslanybam aýala "hanym" diýmek galypdyr diýilýär.

* * *

Geldimyrat aga zenan mertebesi we ýaşaýşyñ sazlaşygy hakda aýtmak isläpdir. Emma pikirini doly jemläp bilmändir. Şeýle-de bolsa, onuñ gozgan pikirlerini goldaýaryn. Çünki onuñ ahyrky netijede näme diýmek isleýändigine düşünip durun.
Ýewropa feminizmi, aýal-gyz hukugy we ş.m-ler diýip, ýaşaýşyñ sazlaşygyny bozýarlar. Her jemgyýetiñ aýry-aýry, biriniñ kabul edýänini beýlekiniñ kabul edip bilmejek özboluşly aýratynlyklary bolýar. Azatlyk, hak-hukuk perdesi astynda ýewropa jemgyýetleriniñ özüne mahsus problemalary hamana bizde-de bar ýaly boýnumyza atmaga we öz ýollaryndan ýöremäge mejbur etmäge haklary ýok. Biz öz medeniýetimizi, mentalitetimizi olaryñ boýnuna dakamzog-a. Zorluk bilen, mediýa we beýleki propoganda serişdeleri bilen öz gylyksyz edim-gylymlaryny, çapraz ýaşaýyş-durmuş formalaryny, sosial problemalaryny boýnumyza dakmaga synanyşýanlaryñ garşysyna näme bilen göreşmeli bolarys. Jogap kän, ýeri däl.
Arada tanyş oglanlaryñ biri aýdýar, onuñam ABŞ-da ýaşap ýören bir türkmenistanly tanşy "bärde ýaşar ýaly, işlär ýaly ýurt däl, göçmesem bolanok, ýogsa maşgalany biri-birine duşman etjekler" diýip, zeýrenipdir. Sebäp diýseñ, çaga eýýäm mekdebe gatnap başlandan "siz entek özüñiziñ erkekdigiñizi ýa aýaldygyñyzy doly bileñzok, boluñ, kämillik ýaşyna ýetýänçäñiz haýsy jynsda galjakdygyñyzy kesgitläñ, belli kararar geliñ" diýip gyssaýarlar. Ýa-da öýünde çagasyna käýändigi üçin çagany ene-atasynyñ elinden kanuny ýagdaýda alyp bilýärler. Çagañ bolaram käýemersiñmi, kädaýym gulagyndan çekmersiñmi? Ine, azatlyk, şahsy hak-hukuk perdesi astynda ýaşaýşyñ sazlaşygy şeýdip bozulýar, ikijynsly LGBT ýaşaýyş-durmuş formasy propogandirlenýär.

0
18 Haweran  
411
* * *

Gödegräk mysallara ýüzlenýänimi kyn görmäñ. Köpek ganjygy kowalamalymy ýa ganjyk köpegi? Eger ganjyk kowalaýan bolsa onda sazlaşygyñ bozulanlygy. Elbetde, ganjyk süýkense gowy, aýratyn özüneçekiji bolsa bolýandyr, ýöne eda bilen, urkaça mahsus ejap bilen. Emma kowalamak köpegiñ paýy.
Käte onda-munda ýaş estradaçylaryñ şama-şaýyrdy aýdymlarynda gulaga ilýän "al-a, al-a, al meni, gujagyña sal meni, señ bilen bolmak mesele däl" we ş.m. samramaly sanawaçlary hut zenan aýdymçylaryñ uly iliñ öñünde zowladyp duranyny görüp, özüñ utanýañ.
Diñe zenan däl, sazlaşyk meselesinde erkekler hem çenden geçmese ýagşy. Muña egin-eşik, geýinmek meselesi hem gönüden-göni degişli.
Soñky ýaş oglanlaryñ arasynda awtobusda we beýleki köpçülik ýerlerinde şortikli oglanlary görýäñ welin, näme diýip, näme aýtjagyñy bileñok. Olara bu zatlar hakda duýdurmaga synanyşsañ, birem seni gepletmeýär. Sebäbi, bu olaryñ şahsy hukugy(myş), saña näme! Emma gylly şilliñ injiklerini somlaşyp oturan oglanlar şeýle pursatyñ garşysynda öz ejeleriniñ, bajylarynyñ nähili oñaýsyz ýagdaýa düşjekdiklerini we başgalaryñam gyz-gelinleriniñ pikir-duýgularynyñ öz töründäkiler ýalydygyny pikir etmeýärlermikä?

* * *

Ýene bir zat ünsümi çekdi, görýän welin, zenan temasy, mertebesi, hak-hukugy temasyndan pikir alyşmak Bahar hanymdan başga gelin-gyzlarymyza gerek däl ýaly?
Ýene ýokarky aýdanyma dolanyp gelmeli bolýarys: diýmek, bzde beýle problemalar heniz janygarlyk derejede çuñlaşmandyr ýa-da zenanlarymyz entek özüni gorap çykyş etmäge taýyn däl. "Guçasym gelýärli" ejabyñ çäginden çykyp goşgy ýazmak başga, beýle çuñ temalara göwüs gerip girişip bilmek başga.

0
20 Haweran  
411
Geldimyrat aga ýerlikli meseläni gozgaýar...
Köplerden gowy ýazýandygyna garamazdan käbir zenan şahyrlarymyz bilgeşleýin erkekleriñ jynsy meýillerini oýaryp, özi bilen kontakta geçirjek bolup söz oýnadýan ýaly gümanly pikir döredýär.
Bir görseñ mysapyrsyraýar, pukarasyraýar, birdenem açyk sözli boljak bolýar, bir görseñ mesaña görnüp duran zady bukansyraýar, hem çöññesireýär, ýene bir öwrümde özüni hemme zadyñ depesine çykan edip görkezmäge çytraşýar.
Elgaraz, ýazýan goşgularynda käbiriniñ oýnamaýan oýny, girmeýän tüýsi ýok. Meñ pikirimçe, şeýle oýny oýnaýanyñ bar pikiri-oýy erkeklerde özüne gyzyklanma döretmek!
Olar ýalylar şoñ üçinem eli galam tutýan erkekleriñ barsy özüni gowy görýändir öýdýär... Bagyşlañ, başga hili netije çykaryp bilemok.
Şoñ üçin şeýdýän käbir zenan şahyrlarymyzyñ goşgularyna seljerme beresimem gelenok. Ýöntem, birtaraply, howaýy pikirler ters täsir edýär, üstüñe bir zat syçraýan ýaly bolýar.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]