18:23

Ýoknasyz ýylgyryş / gara ýumor 18+

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 648 | Добавил: Haweran | Теги: Sylapberdi Muhamow | Рейтинг: 3.3/3
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024
Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024
Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024
Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024
Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024
Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024
Шер аминь / рассказ - 20.01.2024
Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024
Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024
Oglanlyk döwrümiň peji / hekaýa - 21.01.2024

Teswirleriň ählisi: 15
0
1 mango  
651
"Seňki näme-eý, siz näme menden idilimi häli, maňa gepleýänçäň bar-da, Babyl guýusynda esbabyndan asylyp goýlan Harut-Marudyňyzy oňaraýyň-da" diýesim geldi.

Harut-Marutly ýerini täzeden internetden gyzyklanyp okap görüň Sylap kaka.
olar aýagyndan asylgy bolmaly....

Harut-Marut barada her dürli rowaýat bar. umuman, gysgaça...
perişdelerer, esasanam şol iki perişde her gezek ynsanlaryň günä-sogabyny registrasiýa edip gaýdansoň hüňürdeýän ekenler: adamlar zalym, olar seniň garşyňa günä edýäler...
ahyry bir gün eksperiment ýaly bir zat, ol iki perişdä ynsanlara berlen duýgulary üstüne ýükläp ynsan şeklinde adamlaryň arasyna goşýarlar. daglaryň-daşlaryň, hiç kimiň ýüklenmedik ýükü bilen, ynsanyň özüne zulum edip ýüklenen ýüki bilen...
ol iki perişde-de adam bolup bir günem ýaşap bilmeýäler, şerabam içýäler, zyna-da edýäler (kä rowaýatda adamam öldürýäler)....
garaz... o aýala Zöhre ýyldyzyna öwrülýär, asmana göterilýär. iki perişde-de eksperimentden geçip bilmän (adam bolup ýaşap bilmän) jezalary hökmünde aýaklaryndan asylyp goýulýar, kyýamata çenli....
olar bu jezanam özleri saýlaýar, sebäbi olara “jezaňyzy nirde almakçy, şu dünýedemi ýa kyýamatda" -diýlende “jezamyzy kyýamata goýmaly, şu dünýede hasaplaşaly” - diýýäler.
Kyýamat güni olaryň jezasy bitip erkinlige çykarlarda... oňa çenlem "adam bolup ýaşamagyň nähili kyndygyny, ýüklenen ýüküň nähili agyrdygyny" ýatladýan ýaly asyl-asyl durmaly. Oturybermelid-ä sowalsyz-günäsiz perişde bolup, erkli-eradaly-sogaply-günäli ynsanlyk bilen nä işleri bar diýsene?
bular barada eýran ertekisem bar eken.
täzeden işläp terjime edäýesimiňem gelesi bar.
hany gö:rüsdä.

0
2 silapmuham  
1368
Mango, aýagyndan däl-de esbabyndan asylan diýip ýazyjy fantazirowat edip bilmezmi? Ýa göni informasionny edip bersek gowumy?)

0
3 Ependi  
284
Gülmek iş boldy okap otyrkam. Aýaly görgülini emme emýän gölejik ýaly edip ulanypdyr-da onda? Indi hem hasabatyny soraýalarmy o dünýede)) Perişdelerem miliserden kem däl eken soraga tutuşlary :-) Dogry, ikindi bilen agşamyň aralygynda ýatmaň diýerdiler ulular. Ýöne, sebäbini düşündirmezdiler. Özümem sorajak bolmazdym. Çakym çak bolsa, adamy perişdeler şol wagt oýnaýan bolmaly-da, biwagt wagty. Ýöne, aýalyny beýtmesi bolmandyr)) Beýle zat hakykatdanam zyna görülýär. Nädip soň bir tagamdan çörek iýjek. Jaýdar degişme eken.

0
4 Ependi  
284
Polisde işleýän tanyş oglanlaň biri gürrüň beripdi, bir geň zady. "Edara bir aýal gelip arz etdi, "Meni ärim zorlady, şoňa çäre tapyp bolanokmy" diýip. "Urdumy, depdimi, saçyňdaň çekip süýredimi?" diýip sorasak "ýok" diýär. "Edilýän zady etdi, men islemesem-de" diýär. Halys şerraýlap goýmansoň, a;hyry prokurary çagyrdyk. Olam soraýar, "Näme etdi ol? Agyz organyňa, anal organyňa sokdumy, şeýle sütem bilen arz edýäňizmi?". Olam "ýok, beýle däl, öňki salmaly ýerine saldy ol. Ýöne men şony islemeýärdim, rugsat beremokdym. O samsyk bolsa kanuny bozdy aramyzdaky, adam ýaly aýtsam-da. Men oň bilen aýyrlyşdym." diýdi. "Aýyrlyşan bolsaň mesele däl jigim, resminalaň barmy?" diýip soraýar prokuroram. Olam "ýok, diňe ryskymyz aýyrdyk, ol goňşy otagda ýaşaýar, menem beýleki otagda. Iýjek naharymyza çenli özümiz aýratyn taýynlaýas. Kirinede-kimirinede goşulamok, asla hiç zadynada. Şoň üçinem şuňa çäre tapyň. Banýadan çyksam garawullap duran eken ýerçeken. Garbap alyp jaýyna dykdy." Umuman, ärini arz etmek bahanasy bolaýmasa. Ýoldaşynam çagyrmaly boldy, jaň edip. Olam gelip aýdýar "Isedim, obyçna edilýän zady etdim. Men başga bir iliň maşgalasyna topulamoga, aýalyma ýapyşdym." diýär. Aý, garaz ikisini ylalaşdyrmak tutuş edara iş boldy şo gün, irdenden agşama çenli. Biziň-ä gülkimiz tutýar bulaň bolup ýörşüne, olaň bolsa gara çyny. Edarany göçüräýjek bolýalar gohlaryndan ýaňa. Zordan ýaraşdyryp, ugratmak iş boldy, sypaýçylyk bilen. Garaz, edara iki sany artist gelen ýaly boldy. Gülkümizden ýaňa saklanyp bilemzok. Prokuror-a dawno gitdi, papkasyny düýrläp zut yzyna, "Iş stažymda şunça ýyldan bäri bu ýagdaýa ilkinji duşýan" diýdi-de. Zordan düşündirdik aýalyna. Äri bu ýagdaýa dogry düşünip otyr." diýip" bizem gülüşdiripdi.

Aýtjak bolýanym, är-aýal meselesini käte kanunam dogry çözüp bilenok, aňyrsy ýok. Ýetirip duruň awtor Sizem!

0
5 Ependi  
284
*Prokuror diýmän *Sülçi diýjekdim. Arman şol wagt ady ýadyma düşmedi. Dilimiň ujunda welin, şol wagt içiňi ýakaýyn diýen ýaly, ýadyma gelmedi. Admin, şol "prokuror" diýilýän ýerini çalşyp beräýiň?! Bizde üýtgetme düzgüni ýok ekeni, rugsat berilmändir.

0
6 silapmuham  
1368
Täsin waka eken Efendim!
Biz sülçi diýip ýerine goýup okarys.
Sizem sag boluň!

0
7 keyigokara  
823
Adam gaty gadymdan bäri bir iş edip gelýär: sözleri, ýazylanlary öz bähbidine görä üytgedýär ýa-da öz bähbidine eser, rowaýat döredýär. Adam bähbitli zadam tiz ýaýraýar. Meselem: "Harut-Marutly" rowaýaty alyp göreliñ. Juda inçelik bar onda. Ony okan, eşiden saly gowşak adamlar näme diýer? Pikurimçe şeýle ederler: "Görsene adam görgilä neneñsi agyr ýüklenipdir, perişdeler dagam bizçe bolup bilmändirler. Daglar-daşlar çydamandyr ahyry. Allahym, bize şeýle agyr ýük ýükläniñ üçin arasynda säwlik göýberäýýäs. Bizi bagyşlaweri" Soñra şol inçe duýgy ýañky adama ýalñyşlygy ýene etdirer. Ýalñyşlyklara öwrwnişilip soñra günälere çenli öser. Ine adam psihologiýasy nähili, näçe inçelik bilen aýdyp bilseñ şonça-da ýiti täsir edersiñ?

0
8 keyigokara  
823
Soñky döwür sungatda bir tilsim ulanýar daşary ýurtlular: Näme etseñ et, haýran galdyr.
Indi edebiýatda hem "haýran galdyrmak, güldürmek, aglatmak" ün islän zadymyzy diýip ýörüs. Indem däl, ol mydama-da şeýle bolan. Ýöne biziñ ýazýan zadymyz özüñe ýowuz daramagy øwredýärmi ýa-da seni arkaýynlaşdyrýarmy? Özüñe ýowuz daramasañ hökman ýalnyşarsyñ, büdrärsiñ. Özüñe...daramagyñ iñ pes derejesi dürli we ýönekeýje islegleriñe yok diyip bilmek. Arkaýynlaşan adamdan hemme zat çykyp biler kem-kemden, özüne bildirmän şeýle bolar.

0
14 mango  
651
Özüñe ýowuz daramasañ hökman ýalnyşarsyñ, büdrärsiñ. Özüñe...daramagyñ iñ pes derejesi dürli we ýönekeýje islegleriñe yok diyip bilmek.

sag bol @keyikokara.
bu sözüň derdime derman boldy.
aslynda her çözgüt aňsadam-la. "ýok" diýmegi "lä" başarmaly.
kyýamata çenli lisensiýaly nebsim aljyradanda bu sözüňi ýatlaryn, "ýok" diýmäge gaýrat ederin.

0
9 keyigokara  
823
Musulman ýurtlary basyp alan başga dinliler olaryñ dininden dänmejegine gözleri ýetensoñ, musulman dinine ýakyn akym oýlap tapýarlar we ol duzaga düşeniñ özem bilmän galýar haçan musulmançylykdan gyşaranyny. Ine käbir rowaýatlar, hekaýatlar, eserler hem şeýle. Adam bähbidine has dogrusy onuñ nebsine görä ýonulan bolýar. Ýazyjy-okyjy seresap bolmaly.

0
11 Haweran  
411
Başga dinliler musulmanlary dininden dändirmek ü.n olaryñ dinine ýakyn akym oýlap tapýarlar?
@Keýigokara, muny haýsy delillere esaslanyp aýdýarsyñyz? Şular ýaly pikirleriñ barsy boş komplimasiýalardan ybarat myş-myşlar.
Megerem, şeý diýeniñizde, ilki bilen wahhabylygy göz öñüne tutansyñyz? Meselem, iñlis jansyzy Hemperi? Hemperiñ ýaşap geçen şahsdygyny tassyklap biljek ýeke taryhy maglumat ýok. Bar bolsa, iñlisler muny öwünmek ü.nem görkezerdi. Lourens, Gertrude Bell ýaly araplaryñ içine goýberen jansyzlaryny mahabatlandyryp otyrlar-a.
Wahhabylyk, selefizm, Osmanlyda kadyzadalar hereketi, Hindistanda Töwhid jemagaty ýaly gadym zamanlardan bäri dürli döwürlerde yslam dininiñ içinde dörän we belli bir wagtdan soñ ýitip giden (wagtal-wagtal ýene janlanyp durýan) akymlar bar. Ilkinji wahhabylar diýip boljak fundamentalistleriñ köki baryp eýýäm Ahmet ibn Hanbalyñ döwründe ýüze çykyp ugrapdyr. Iñ esasy ylmy daýançlary-da Ibn Teýmiýäniñ eserleri.
Gurçuk almanyñ öz içinden döreýär. Öz yzagalaklygymyzy başga ýurtlularyñ, başga dinlileriñ üstüne atmalyñ... (Elbetde, bir ýerde yzagalaklyk bolsa, jahyllyk bolsa, gapma-garşylyk bolsa, dürli akymlar dörese, topalañ tursa ony keseden ulanjak bolýanlaram tapylar. Muña pursat döretmezlik eýýäm biziñ öz wezipämiz). Şu meselede ýazyjy-şahyrlardan has köp jogapkärçiligi muny aýdýanlaryñ özi duýmaly, (bilip) soñ diýmeli.

* * *

Orta asyrlaryñ haçly ýörişleri köpleriñ düşündirişi ýaly musulmanlary dininden dändermek ü.n bolmady. Biziñ dinimizden olara nä? Ýewropanyñ ol wagtlar içegesi içegesine çolaşypdy: açlyk, gahatlyk, köpçülikleýin ýokanç keseller, özara uruşlar, gyrgynçylyk... Hristian buthanasy we häkimlik sürýän gatlaklar öýkeni ýagyrsyna ýapyşansoñ, şol wagtlar mes toprakly, hasylly ýurtlarda ýaşaýan baý musulmanlaryñ ýurduna göz gyzdyryp, yslam ýurtlaryna çozdular. Bahanalary-da Isa pygamberiñ guburyny we "mukaddes topraklary" kapyrlardan (yagny musulmanlardan) azat etmek! Şol döwrüñ ykdysady şertlerini bilmezden haçly ýörişleri dogry öwrenmek mümkin däl.
Muña meñzeş mysaly õzümizdenem tapyp bolar. Mahmyt Gaznalynyñ Hindistana eden ýigrimä golaý ýörişi hindileri musulman dinine salmak üçindir öýdýäñizmi? Elbetde, birinji nobatda hindileriñ altynlary...
Ähli açgöz basybalyjylaryñ baýdagy din, düýp maksady bolsa başga!

* * *

Dininden dänýänler babatda aýdanda bolsa, olar hemişe, hemme döwürde-de bolupdyr. Pygamberimiziñ döwründe-de, sahabalarynyñ döwründe-de, ondan soñky döwürlerde-de. Hut pygamberimiziñ bir sahabasy Mekgeden birinji göç eden topar bilen Hebeşistana (häzirki Efiopiýa) gidip, şol ýerde hristian dinine geçýär. Mysal getirseñ, başga-da kän.

"Musulmanlary dininden dändirip bilmänsoñlar..." ...
bu pikir biderek adamlaryñ pikiri.
Beý diýmek bilen sizi hem şol biderek adamlaryñ hataryndan hasaplap aýdýandyr öýtmäñ, başgalar muña sizi ynandyryp biler. Dogrusy, biziñ özümizem ilki-ilkiler şular ýaly zatlara ynanýardyk. Gözläberseñ, öwreniberseñ hemme aýdylýan zatlaryñ barsy bolmasa-da ýarsyndan gowragynyñ añyrsynda başga-başga zatlaryñ ýatandygyna göz ýetirip bolýar. Dogry düşündirip bilendirin we dogry düşünensiñiz diýip umyt edýärin.

0
10 keyigokara  
823
ýoýulan

0
12 keyigokara  
823
Haweran, sorag berip, jogaplapsyñyzam. Ýazanlaryñyzyñ aglabasy (biziñ bilim derejämize görä) dogry. Ýöne şol dörän we ýitip giden akymlaryñ ýene başga görnüşlerde döremeýänligini kim bilýär. Adam psihologiýasyny dogrydan egreltmek üçin akym däl-de birje eser, kino,aýdym we şm-ler ýeterlik ahyry. Sebäbi gynansak-da biz adamlar(köpçülik)suw meýilli gurbagalar-da.
Din... milletler... halklar barada aýtsak, siz olaryñ bir-birine bolan täsirini ret edýärsiñizmi? Onda "Gazana ýanaşsañ garasy ýokar" diýlenem ret edýärsiñ-dä şeýlemi?!
Başga dini, başga milleti günäkärlemek niýetde däl biz. Adam añyna täsirlilik barada pikir alyşjak bolýas başardygymyzdan

0
13 keyigokara  
823
Sylapberdi Muhamowyñ bu hekaýasyndaky gahrymana serediñ-ä. Dünýäni suw alsa-da topugyna çykmaýanlardan. Kyyamat gopup, mizanyñ ýanynda duram welin boluberşini görýäñizmi? Çyn kyýamat gopsa bu gahryman beýlekilerçede bolmaz-la weli nätjek-dä şeýle masgarabazlar bäş gün ýalançyda gaýratlysyraýarlar...
Awtoruñ gowy niýet bilen ýazýanyna ynanýan dogrusy, emma seresaplylygy elden bermeli däl. Ýaşlar köp okaýar beýle zatlary. 18+ dagy diýäýseñ baý-bu...
Şonuñ üçin aýtmak isleýänime dogry düşüniñ, gözüñ görýäninden, gulagyñ eşidýan zatlaryndanam kem-kem nädogry ýola düşenler, düşýänler, düşjekler bar. Nädogrylyga sebäpkär bolaýmalyñ, halaýyk.

0
15 Gurgencli  
324
Ýumory diňe ýylgyryp okasaň bolmaýarmyka? Ony başga tarapa çekmek, başga manylar agtarmak nämä gerek?

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]