18:27 Yşk | |
YŞK
Gülgün ýüzün açan bahar-ýaz ýaly, Meniñ söýgim eräp gitdi howada. Kalbym bilen bütin älem saz ýaly, Ýürek gürsüldisi artýar şo bada. Dünýä arzuwlara beslenip barýar, Söýgim ýyldyz bolup sataşýar Aýa. Bu ýüregim lowlap-lowlap tutaşýar, Men ýöräp barýaryn ýyldyrym taýa. Yşk hakynda aýdym aýdýan joş alyp, Özümiñ hem dünýäñ bagtyn küýseýän. Bu goja dünýäde baky ýaş bolup, Arzuwlarym gursagymda güýzeýär. Söýgüde elmydam gerekdir ynam, Ynam bilen ýyldyzlary aralap. Diñe yşka sary barýaryn menem, Yşkym bilen bu jahana nur bolup. Ogulgözel MAGTYMOWA. | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ «Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |