13:07

Ýürekdeş gürrüň / edebi ýaňsylama

ÝÜREKDEŞ GÜRRÜŇ

Kişiň bagtyn alyp bagtly bolmak kyn,
Enelerem bagty dogurmaýarlar.
Biri bir setirmi alsa begenýän,
Gowy şahyrlary ogurlaýarlar.

Atamyrat ATABAÝEW.

* * *

Men meýil edemok kişiň bagtyna,
Has takygy, beýle kişi göripdir.
Kimde-kim meýil etse kişiň bagtyna,
Diýmek, ol ruhy taýdan garypdyr.

Bagt dogurmasa, goý, dogurmasyn,
Onuň üçin enelerden kinäm ýok.
Men şahyr. Bagtymy özüm döredýän,
Maňa hormat goýmadygy sylamok.

Setirlermi okap, ogurlamasa,
Ykrar edemok men beýle şahyry.
Sygdyryp bilemok, walla, kelläme,
Gowy setir alynmaly ahyry!

Goşgularmy okap, ogurlaberiň!
Onuň üçin hiç kim bilen dawam ýok.
Meň özümem käte şeýdýän ahyry,
Şo sebäpden ýüregim kän awanok.

Allaýar ÇÜRIÝEW.

"Edebiýat we sungat", 19.11.1982 ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 169 | Добавил: Haweran | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024
Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024
Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024
Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024
Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024
Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024
Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024
Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024
Hasap / Goşgular - 18.02.2024
"Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]