22:01 "Hawa! Tamam boldy, gutardy bary..." | |
"HAWA! TAMAM BOLDY, GUTARDY BARY..."
Goşgular
Hawa! Tamam boldy, gutardy bary. Men baky unutdym eziz topragy. Indi meň depämde kakmaz-la tary Derekleriň altyn şelpe ýapragy. Garry itim ölüp gitdi gör, kanda, Pessejik jaýymam çöküpdir gaýym. Meni Moskwanyň dar köçesinde Şum ajala buýran eken Hudaýym. Şonda-da söýgi kän bu ýerde mende, Goý, ol köne bolsun, goý, bolsun harap. Onuň gyzyl täçli gümmezlerinde Göýä altyn Aziýa ýatyr meýmiräp. Gije asman Aýy bakanda gülüp, Wah, kim habar alýar onuň halyndan. Men gidip barýaryn başymy salyp, Tanyş meýhanama, tanyş ýolumdan. Ol näletli ketek - mesgen köplere, Tä daňa çen dowam edýär güpürdi. Goşgy okap berýän men jeleplere, Hem banditler bilen urýan spirdi. Ýürek bolsa bökýär, gaçýar mejaly, Başlaýan ýerliksiz sözler aýtmaga: "Menem bir gutaran edil siz ýaly, Indi ýol ýok maňa yza gaýtmaga." Garry itim ölüp gitdi, gör, kanda, Pessejik jaýymam çöküpdir gaýym... Meni Moskwanyň dar köçesinde Şum ajala buýran eken Hudaýym. Sergeý ÝESENIN. Terjime eden: Nury BAÝRAMOW. | |
|
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |