23:45

Eziz Amannazarow aradan çykdy...

Taryhda şu gün
Категория: Taryhda şu gün | Просмотров: 1340 | Добавил: Haweran | Теги: Eziz Amannazarоw | Рейтинг: 4.2/9
Awtoryň başga makalalary

Taryhda şu gün bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 10
0
1 Haweran  
411
Nähili manysyz dünýe...
Ýañy açylyp gelýän gunça ýaly ter zehin... Beýle-de bir nowça ölüm bormy diýsene. Dünýäñ öñem bir tekeri sypyk, bir ondan-bir mundan urup, haçan nirä gapgaryljagy belli däl halda şalkyldap barşyna halaýygyñ göwni bar zatdan sowady welin, onda-da beýle ýaş ölüm bolmasa gowy ýaly.
Allaha öwretmäge bendesiniñ çakam bolmaz, hetdem. Ýogsam bolmanda bu biderek dünýäñ sansyzy, ile-güne peýdasyz nekgendesi, garamöý ýaly ebeteýini tapsa öñünden çykany awundyrjak bolup ýören zannyýamany... gytmy aljak diýse...
Nobat bilen, öz islegimiz bilen, ýa zakaz bilen gidilenok-da, edil gelişimizdäki ýaly..

* * *

Neresse, utanjañ oglan bolmaly çakymça. Goşgularyny deñ-duşy @Edebiyatşynas (Merdan Babaýew) agza goýardy. Tankydy bellik edilmegini, gozgayan meseleleriniñ üstünde garşylyklaýyn pikir alşylmagyny isleyän bolmaly, her gezek goşgusy goýlanda, @Edebiyatşynas agza okyjylaryñ goşgy hakda pikirlerini sorardy. Diýmek, tankydy pikire açyk, öz üstünde işlemegi bilýän, ösmäge-kämilleşmäge ilgezik, şol sanda öwgä mätäçlik duýmaýan, ýöne şoña añryýany bilen mynasyp zehinli oglan eken. Alkymymyza geldi, saýtda goşgularyny paýlaşdy, bugdaý sözümizi gysgandyk. Sen bizden razy bol, inim. Şu gynanjy okap, Seniñ ü.n gynanç bildirjek, doga-dileg etjek ildeşlerimiziñ hem dilegleri duş bolsun, alnyña barsyn!
Ýatan ýeriñ ýagty, jaýyñ jennet, perişdeler ýaranyñ, ahyret ýoldaşyñ imanyñ bolsun!

* * *

Nätjek, elimizden başga zat gelmedi, pataña görünmäge mümkinçilik ýok, hem ara daş, hem işden sypynyp bolanok. Şoñ üçinem ýakynlaryña sabyr-kanagat, giñlik diläp, gynanç bildirmek üçin şu blogy paýlaşdyk. Ruhuñ bizden şat bolsun!
Allahym, ahyretde saña jennet guşy bolup ene-atañ öñünden çykmak we olaryñam özüñ bilen bile jennete girmäge sebäpkär boljak ýagşy perzentlerinden etsin!

0
2 sylapberdimuhamov  
1428
Merhuma iman baylygyny dileýän diýen yaly şablon bolan sözler kelläñe gelýär. Bada özüñi ýigrenip gidýäñ.
Jaýy jennetden bolsun!
Imany hemra bolsun!
Bu sözjükler merhuma gerek däl. Ol bu dünýäñ azabyndan dynansoñ...
Men bolsa şeyle şahyr yigidiñ bardygynam bilemok. Başagaý dünýäde...
Gör, nähili gapyl biz...
Ey-y dünýee.

0
3 Yusup  
50
Hemmämizem bu dünýäde ötegçi. Ýöne ölüm bilen ölümiň parhy kän. Ýaş gitmek gynandyrjy. Allah rahmat etsin

-1
4 Aydogdy  
1407
Çagasynyñ aýagyna tiken çümse, enañ ýuregine çümen ýaly bolýa. Perzent dagyny çekmek ene-ata, hasam ene üçin kyn. Durmuş oýlaýşyñdan has ýowuz... Enesiniñ ýuregine, kalbyna Allañ ozi giñlik, aram bersin. Eziziñem ýatan ýeri yagty bolsyn.

0
5 Ependi  
284
Neresse, aramyzdan ir gidipdir. Talanty, zehini ir ýetişen oglan eken. Gynandym, nebir şygryýetiň ýaş nahallarynyň biri. Yzynda galanlara, maşgasyna saglyk dileýän! Giňräk bolsunlar.

0
6 Baradin  
1465
Alla jan iman baýlygyny bersin.

0
7 Remezan  
1397
Iman baýlygyny bersin! Goşgularynda welin gidenden soñ düşünýäñ, bu bolsa geleñsizlik ýa-da tanalmaýanlygy üçin üns bermeýäs. Goşgularynda özüniñ haraý isleýändigi barasynda belläp geçipdir. Ýalan barysy ýalan. Özüniñ geljegini öñünden aýdypdyr. Iki dünýäñ owarrasy bolup, özi ahyr ýoluny seçipdir. Hossarlaryna bolsa giñlik bersin. Zehinli ogul, Alla goý, onuñ şahyr bolup dogulup ýaşamagyny dowamyny bersin.

0
8 Moderator  
1471
Teswirlerde ýazanlarymyzyñ köpüsi manysyz bolup çykdy. Umuman bir zady ýakyndan we anygyny bilmesek, takyk bir zatlary aýtmak kyn.
Eziz neressäniñ öz janyna kast etmegine oña umyt beren ýeñles we şahyrsumak gyzlaryñ biriniñ sebäp bolandygyny aýtdylar. Neresse ol kemçiniñ özünden başga-da birgiden öýlenmedik ýaş oglanlara umyt berip, birgiden erkekleri juwlundyryp, birgideniñem aýalynyñ gargyşyny alandygyny, aýdýan zatlaryndan düýbünden başga hili gyzdygyny eşdip, namys edipdir... Dünýäniñ "tazysy", "galtagy" gytmy diýsene. Degýärmi şolar üçin gül ömrüñi kül edeniñe... Haýp. Gynandyrýan ýene bir ýeri onuñ ölümine sebäp bolan kemçiniñ biziñ salgymyza-da atan myjabaty az bolmady. Emma men bulary salgymyza atylan myjabatlar sebäpli jogap bermek ýa bolmasa ar almak niýeti bilen anyklamadym. Muny diñe hakykatyñ hatyrasyna hakykatyñ bilinmegini isleýändigim üçin etdim. Bes. Bu diñe "hamyr ujundan petir".
Herhal, "kasas kyýamata galmady"...
Men muny hemmetaraplaýyn derñedim, öwrendim. "Gündeligimde" ýazdym.
Muny häzir okyjylarymyza okadyp bilmejekdigime gynanýaryn. Belki, on ýyldan, belki elli ýyldan... belki... ondanam köp ýyl okyjysyna gowuşdyryp bilmerin...

0
9 Garadag  
128
Şu ýerde bir zat bar. Biz ol fakty bolandygyny-bolmandygyny edil ýanynda bolup, şaýat bilen, şahsy ýazgy gündelikde galan ýazgy, wideo ýazgy subutnamalary bolmasa 2-3, 4-5 adamyň aý şeýle bolaýmasyn, şolam şol ýurtýykan bilen habarlaşýardy diýen süýpsüz, tutaryksyz gepi-gürrüňi esasynda netije çykarsak bir taraply bolmazmy?
Men-ä bu meselede gyssanmazdym. Onsaňam hukuk ylmynda "презу́мпция" diýip bor zat bar.
презу́мпция
Предположение, которое признается истинным, пока не доказано обратное (в юридической практике).
Ýalňyşlygy subut edilýänçä dogrudygy kabul edilýän çaklama.
Häzir ol aýal maşgala Eziz neressäniň ölüminde özüni günäkär hasabam edýän däldir. Ýöne eger ol şu ýazgyny okaýan bolsa, "gep eýesini tapar" diýen düşünjä görä, öz etmişi hakda oýlanarmyka?!

0
10 Moderator  
1471
Gaty dogry bellediñiz. Emma men bularyñ barsy o ýeñlesiñ garşysyna aýdylýan gep-gürrüñlere salgylanyp aýdamok, şol gep-gürrüñlerden zyýat özüniñ bu aýdylanlary tassyklap "ynanyşýan" adamlarynyñ ýanynda çawuş çakan göni we gyýtaklaýyn beren görkezmeleri (subutnamaly) bilen tassygyny tapdy...
Ýogsa, her eşiden zadymy soñky nokadyna çenli anyklaýançam il ortasyna aýtmajagymy gowy bilýänsiñiz.
Dogrudanam, gyssanamok. Entek bu zatlaryñ üstüni doldurjak kän-kän ýazgylar bar.
"Etmişi hakda oýlanmaz". Oýlanmaýar. Oýlanjak adam däl.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]