16:13 Zyňlan bäbek | |
ZYŇLAN BÄBEK
Goşgular
Asmandaky Aýy ýere ýykypdyr, Uzaklarda uwlamasy şagallaň. Öljegnem, galjagnam bilmän, Görmän atasyny, Enesin emmän, Zibilhana gaçan Aý bolup ýatyr, Haýa bolup, ar bolup, Dowzahdan bir parça nar bolup göýä. Misli zynaň nyşanydy, Göbejigin çolap çarhypelege, Keýpe peýda, Dünýä bolsa, Zyýan ýatyr, Zyýat ýatyr, Han-ha, ahyrzaman ýatyr. Iňňä, iňňä, iňňä... Ölmelidi dünýä inmän. Bir çaga aglaýar, namys aglaýar, Gör, çaga nalaýar zibilhanada, Uzaklarda bolsa, şagal uwlaýar. Eziz AMANNAZAROW. | |
|
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
√ Wagtydyr / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Obama geliñ / Goşgular - 18.08.2024 |
√ Ene gudraty / Goşgular - 01.07.2024 |
√ Garrylyk hakynda goşgy ýazypdym... / Goşgular - 15.07.2024 |
√ Allaýar Çüri / Goşgular - 17.09.2024 |
√ Arzuwlar / Goşgular - 07.08.2024 |
√ Aýdym aýdýar türkmen Gözeli / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Magtymguly Pyragy / Goşgular - 27.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |