16:16 Men | |
MEN
Goşgular
![]() Nobatguly Rejebowyň äheňinde Gara çynym bilen öwünjek şu gün, Ynanjaňlar biljek bolsun pal atyp. Men dünýäniň açylmadyk genisi, Men dünýäniň bilinmedik halaty. Gözlerme deňledim dünýäň ahwalyn, Aýatlaryn ýat bekledim Kuranyň. Agşamlaşdym, ýagyşlaşdym, aglaşdym, Şu gün irdenleýşi ýaly Suraýyň. Men bir lapykeçiň romantikasy, Asmana baş bermän, ýerde dörän men. Size ýeriň astynda-da peý bermen, Ynanmadyk gelip, ölüp göräýsin. Men bir bagty gelen tragediýa, Tiken men biwepaň dodagna çümen. Gar aklap bilmeýär gara maňlaýy, Gar däl men, betbagta gowşurlan çemen. Däli bolup, akyp ýatyr hakykat, Ala düşen başlar yranmaýarlar. Gara çynym bilen öwünjek şu gün, Barybir maňa hiç ynanmaýarlar. Eziz AMANNAZAROW. | |
|
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |