07:28 Giç | |
GIÇ
Goşgular
![]() Meň sözlermi diňlejegem bolma ýar, Menden saňa, senden maňa peýda ýok. Maňa menden sowlan tupan gargaýar, Şol tupanda aýdym aýtjak şeýda ýok. Tozan basdy Aşgabadyň depesin, A men otla mündüm, otlap kalbymy. Sen bilýänem dälsiň sary keteniň Neçün geýdiň, gyra zyňyp gülgüni Köýnegňi, şol toý günüňde geýmeliň, Men habarly, sen habarsyz bulardan. Sen aglaman düşün aglap aýdanma, Garaşmagyň giç bor gaýdyp gelerden. Hem gül ýaňagymda seniň kebelek Dodaklaňdan alynmadyk posalar, Şol gülgün köýnegiň sary öwsende, Şol toýuňda aýdylmajak tost olar. Şyk şyk. Otly gaýtdy peýda synalyp, Tozan basdy Aşgabadyň depesin. Posalarňa jogap bolmaz şonda-da, Öp mazarym, gelýän bolsa öpesiň. Eziz AMANNAZAROW. | |
|
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |