16:11 "Arşy hakyda" / sonetler çemeni | |
"ARŞY HAKYDA"
Goşgular
Ýa boýnumy sogruň ýa-da ýüregim, Men bir dutar, üzülipdir kirişlem. Ýalan dünýä ýalanlara bürenen, Çynym barka ýalan içre erişmen. Ganat bilen uçmak guşlara mahsus, A ganatsyz uçmak adama adat. Ataşdan kül bolup uçarmyş kaknus, Ýanmaýanyň üçin yşkyňa dat et. Sowuk şemal bedenimi üşeder, A sowuk bakyşlar ýakar bagrymy. Arş üstünde pyşyrdymy eşiden, Öz-özüme gazdyrmawer gabrymy. Wada beriň gabrym gazmazlygyma, Ýa ak pata beriň ýazmazlygyma. 2. Ýa ak pata beriň ýazmazlygyma, Ýa ruhumy ýagyşlara siňdiriň. Ataş içre zemin gyzmazlygyna Ol nur bilen ene Ýeri emdirer. Asman kelamy deý gaçar gözüme, Hem göreç sözüne meňzär ýagyşlar. Munda Ýeri, Gögi ýalňyz özüme Deň paylap bilmänim üçin bagyşlaň Ýürekleriň kiri ýere döküldi, Batga basan toprak döndi melege. Aydyňlaşdy guş awlanlar ökündi, Guşlar dönen eken gara ýelege. Hakykat guşuna dönjek ýüregim, Pozup bilsem ýalanlary görenim. 3. Pozup bilsem ýalanlary görenim, Ýene ýalan ýagar gar deý maýdalap. Galar iki gezek ömür sürenim, Ajal bolsa janym almaz gaýtalap. Asman gümmezinde ýyldyzlar nagyş, Yedi oyum zemin jyklar selmeden Häzir mazaryma damyp dur ýagyş, Içinde men, a men nädip ölmedim! Gijeler – dost, gündizlerim – söýgülim, Gözüm göge, gögem gözüme gaçýar. Gije tutaşmalym, gündiz köýmelim Iki bolup gökden ataşyn saçýar. Ynan gögüň gözden syzlandygyna, Güwä geçjek çynlaň pozlandygyna. 4. Güwä geçjek çynlaň pozlandygyna, Ýerden göge syryganda elip, bi... Bir bölek kerpije ýazlandygyma, Wah, bilse-de ynanmaz ol epip bil. Şonda käbäm gan ýyglasa näderin, Bilermi ol bu ahwala gyýylman! Iki göze sygan müňläp adamyň Ýeke ömre sygmanyna uýalýan. Mazarymdan yşgym çykar bugaryp, Ömrüm bolup kabul eder yagyşlar. Käbäm yzlar ýalňyz galan gugaryp, Arman meni tanar eken agaçlam. Damjalarda täsin kanun görünýä, Ygtyýar ýok höküm edere dünýä. 5. Ygtyýar ýok höküm edere dünýä, Möhürim ýok aýagyzymdan başga. Asmanyň gözýaşy Zemine siňýä, Siňmeýär, sygmaýar tylladan köşge. Gözýaşymy gögüň gözýaşy gizlär, Zemin gorkar damjaň daliliginden. Ajal şatlygymyň içinden gözlär, Emma hasratymyň läligidim men. Geçmiş öňe, geljek yza dyzaýar, Ýazgyt ýazlan bolsa, nämemiş erkim! Bakylyk ajala okun gezeýär, Ajala-da ir-giç boýundyr her kim. Şalar içre galaýsam-da ýeke men, Kişä gul däl, borjum agdyk depeden. 6. Kişä gul däl, borjum agdyk depeden, A men heniz iki depeden bärde. Iki ömri doldurmaly ýeke men, Biri-hä şu ýerde birisem görde. Ýeri, Gögi bir özüme paýlaman, Meni paýlaşdylar, ikä bölündim. Men aglap bilmändim göwne jaýlaman, Hem ýalan gülmänim üçin güýlündim Uçmah gözläp uçmak ýalňyş däl, belki, Oňa ýerde duşmak bagtyň çürbaşy. Ýagtylmaga ýanmak gerekdir ilki, Çünki ataş yşgyň ýalňyz syrdaşy. Ömür aýna. Kalp yşyga bürenýär, Yşgyň huzurynda yşgym görünýär. 7. Yşgyň huzurynda yşgym görünýär, Ol ynsana artyk, asmana kemter. Bagyş etmeseň derdi üste sürünýär, Dözmedigiň bolsa mazara elter. Niçik dözeý, ylym kemter, yşk zyýat, Sepil ömrüm urunyp ýör ikiýan. Baş alyp çykandan galmasa zürýat, Ysnatdan çykarmy aýat okaýan! Arşyň gözýaşyndan döreýär gülzar, Ýylgyrşyn islemek nebsewürlikmi? Gülzary näderem, gül berme gül ýar, Nebsi gurban edeýin men buýrukly. Bilmen haýsy söýgülimi öpe men, Dünýä iki, yşgym bilen ýeke men. 8. Dünýä iki, yşgym bilen ýeke men, Aglap-diňýän, ýöne derdim diňmeýär. Ses-sedasyz aglap, bili bükülen Eneleň gözýaşy ýere siňmeýär. “Eýse, menden başga nämäň bar, eje, Mende näm bar dertli ömrümden başga! Saňa kän gördüler ogluň ýekeje Maňa ömrüm kän gördüler, bagyşla...” Diýip, elewreýär, urunýar ýürek, Giç eşdiler ir agysy zeminiň. Maňa käbäm bilen täk yşkym gerek, Emma nirde galdy olaň ezizi! Hem şükür, hem puşman dünýä gelenim, Çarhyn döwüň ömrümiň ýa pelegiň! 9. Çarhyn döwüň ömrümiň ýa pelegiň! Ýogsa, berjek galan ömrüm asmana. Hassa şypa bergil, hergiz dilegim, Jany sagy goýma hassa ahwala. Ölüm üçin ajap taýýarlyk ömür, Pany bilen bakylygyň serhedi. Şum pelegiň çarhyn tersine öwür, Ýogsa ähli serhetlerem berkedi. Iki tarapy-da ataş büräpdir, Şükür, otdan gaçyp, ataşa düşdüm. Yşk oduna yşgyň gary eräpdir, Buga dönüp, serhet perdesin deşdim. Dowzah ýeri ýakar, yşk bolsa arşy, Durup bilmez ataş ataşa garşy. 10. Durup bilmez ataş ataşa garşy Ony gözýaş tutaşdyrar, öçürer. Ýürek aglamasa titredip arşy, Yşkyň syrly manysyny gaçyrar. Jeset içre ruh çyrpynar, örtener, Ötegçiler eştmez çakylygyny. Täk gubura goşa taýak dürtüler, Biri pany, biri bakylygymy? Ömür ölmek üçin ýeser bahana, Ölüm merde serpaý, ejize jeza. Men gelmedim ýaşamaga jahana, Hem ýaşanym üçin çekmedim yza. Ähli günälermi ötüň, dilegim, Saklamaga derek ajal bilegin. 11. Saklamaga derek ajal bilegin, Paýlaň yaşap ýetişmedik ömrümi. Urbalyk ediniň bürgüt ýelegin, Ölçemäň-de erkinligniň göwrümin. Garşy alsalar-da güler ýüz bilen, Duýýan käbirinden öýkelänimi. Pelek bilýärmika iki ýüzlüleň Özüniň agzyna öýkünýänini? Kalpda ynam barka, Hakda adalat, Hukuk barmy öýkeläre Hudaýdan?! Yşkda halat, garasmakda ybadat, Nazar inçe çekilipdir Gün-Aýdan. Gözlerime arşyň şol garap durşy, Deşiň mazarymy, synlaýyn arşy. 12. Deşiň mazarymy, synlýyn arşy, Hem giňiräk gazyň arşyň sygarna Syzýan onuň maňa garaşyp durşun, Uçaýyn nebsimiň basyp garagna. Yşk-ataş, yşkdany kiçijik ýürek, Ýol berer çyn içre erişmelerde. Ýaşamaklyk üçin ölmeklik gerek, Biz kim, ölýär eken perişdelerde. Dert nämemiş, kä bagt boldy owarram, Şeri-haýry haýyrlysy eýlesin. Ömür tapar hakykaty dogurlan, Mazar tapar ýeri çöwren beýlesin. Nur içinde galar gözýaşly dide, Dowzahyň daşynda çyn hem akyda. 13. Dowzahyň daşynda çyn hem akyda, Ýanýar şahdan gaçan şaryň içinde. Ölmeý diýseň, yşky keman-ok ide, Yzasy ýeg lezzet içre geçenden. Ýer keşbin ideglär, asmana bakar, Gök ýyglaýyr, yşkdan başga derdi ýok. Toprak dözmez, dözse, perdäni ýakar, Zemin üzre bizden başga perde ýok. Harplar uçar kalplaň uçmagna derek, Ýumurmaga yşgy ýeter elibiň. Çynlar bilen pozlup gitmegmiz gerek Wadasyna ýetmek üçin Jeliliň. Arşa sary gaýýar goşa sahypa, Jennetiň daşynda arşy hakyda. 14. Jennetiň daşynda arşy hakyda, Eýmenermi eýse ataş ataşdan! Arşa çyksaň galpdan gaçyp, hak ideý, Biz tarapdan salam diýgil sataşsaň! Onki synam, ömrüm, örküm, bagyşlaň, Gökden gözýaş bolup indim Zemine. Hakydany, akydany ýagyşlar Habar berer dem ahyrda henizem. Dowzah, jennet, asman, pelek, gum, melek, Güýjüm alyp, güýç eçildi gaýtalap. Yşgymyň göwnüne degmäge derek, Ýa bagyşlaň ýa gaýtalap paltalaň. Ýa galamym döwüň, ömür süreýin, Ýa boýnumy sogruň, ýa-da ýüregim. MAGISTRAL Ýa boýnumy sogruň, ýa-da ýüregim, Ýa ak pata beriň ýazmazlygyma. Pozup bilsem ýalanlary görenim, Güwä geçjek çynlaň pozlandygyna. Ygtyýar ýok höküm edere dünýä, Kişä gul däl, borjum agdyk depeden. Yşgyň huzurynda yşgym görünýär, Dünýä iki, yşgym bilen ýeke men. Çarhyn döwüň ömrümiň ýa pelegiň, Durup bilmez ataş ataşa garşy. Saklamaga derek ajal bilegin, Desiň mazarymy, synlaýyn arşy. Dowzahyň dasynda çyn hem akyda, Jennetiň daşynda arşy hakyda. EZIZ AMANNAZAROW 1999-njy ýylyň 5-nji iýulynda Aşgabat şäherinde doguldy. Maşgala ýagdaýy sebäpli Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyna göçüp gelýärler. 2019-njy ýylda Ýolöten şäherindäki 12-nji orta mekdebi tamamlap, 2019–2021-nji ýyllar aralygynda harby gullukda bolýar. Demir ussaçylygy işi bilen meşgullandy. Eziz Amannazarow 2023-nji ýylyň 15-nji fewralynda biwagt aradan çykdy. | |
|
√ «Dag başynda mesgen tutan bürgüdi...» / Goşgular - 08.11.2024 |
√ Bäsdeşlik / Goşgular - 07.12.2024 |
√ Ol ki maňa ýary dilnowaz, göründi... / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ Patyşahym, sen geçirgil gerçe guldandyr hata / Goşgular - 11.08.2024 |
√ Garrylyk hakynda goşgy ýazypdym... / Goşgular - 15.07.2024 |
√ Zenan imany / Goşgular - 08.07.2024 |
√ Pelek / Goşgular - 12.11.2024 |
√ Sokrat / Goşgular - 16.05.2024 |
√ Ahunyň jogaby / Goşgular - 19.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 9 | ||||||||||
| ||||||||||