11:40 Protiwogaz / ýumoreska | |
PROTIWOGAZ
Satiriki hekaýalar
Mugallym bolup işe başlanyma bary-ýogy ýaňy iki gün bolupdy. Direktorymyz elime bir protiwogaz berdi-de: - Al! Şuny üç sekuntda geýip ýetişmegi öwren – diýdi. Men geň galyp: - Geýmesine-hä goşun gullugynda bolanymda hem öwrenipdim welin, ýöne mekdepde beýle çalt geýmekligiň nämä derkary bar? – diýdim. Ol gapydyr äpişgä seredip, ýuwaşjadan: - Obamyzda bir şerraý aýal bar. Sähelçe bahana tapsa, gykylyklap mekdebe gelýär. Geçen ýyl üçünji klasda okaýan ogluna mugallymy ikilik goýanynda, ýörite gelip, gykylyklap, ony it alan sanaja dönderipdir – diýdi. Men äwmän jogap berdim: - Aý, gygyrsa, gygyrar gider-dä. - Wah, ýöne gygyrsa razy-la! Ol mugallymyň ýüz-gözüni dyrnajaklap, edil barana basylan ýaly eden bolsa nätjek! Men ýolbaşçyň. Onsoň öňünden duýdurmak meniň borjum. Geýesiň gelse-hä, geý, geýmäsiň gelse-de, özüň bil. Ýöne soňra bir zat bolsa, duýdurmadyňyz diýmeseň bolýar. Özüň hem şol klasyň klas ýolbaşçysydygyňy unutma! Umuman saňa protiwogazyň ikisi bolsa-da, artykmaçlyk etmezmikä diýýän. Protiwogazy elime alyp, içimden: “Gel, ätiýajy eldn bermäýin-le” diýip, üç-dört gezek geýip çykardym. Yzyndanam epläp, bellije ýerde goýdum. Aradan bir aý çemesi geçipdi. Uly arakesme wagty otyrkak, nobatçy mugallym kürsäp gapydan girdi-de: - Taýýarlanyň! – diýip, özi-de törde duran şkafa tarap topuldy. Ine, birdenem şarka gapy açyldy. Mugallymlardan biri: - Geldi! – diýip gygyrdy. Hemmämiz protiwozgazymyzy geýdik. Ýaňky aýal gireninden bileklerini çermäp, gykylyklap başlady. Onuň agzyndan pürkülýän “zäher” protiwogazdan hem geçip, gulagymyzy deşip barýardy. Nätjek-dä? Şonda-da çydap durduk. Ol birdenkä-de: “Sizimi?!” diýdi-de, penjesine bat berip ugrady. Ine, hut şu ýerde-de protiwogazyň haýry degdi! Bu wakadan üç gün geçensoň, mekdebimize barlagçy geldi. Ol: “Siziň mekdebiňiziň mugallymlarynyň protiwogazy çalt geýmekde görkezýän wagtyny oblastda birinji diýip hasaplamak bolar. Graždan goranyşyna gaty gowy üns berýän ekeniňiz” diýip, bizi öwüp gitdi. Şol günüň ertesem men dördünji klas okuwçylaryndan barlag iş aldym. Asyl görüp otursam, şol gykylykçy aýalyň ogly ýeke mysalynam işlemedik bolsa nätjek! Näderimi bilmedim. Ahyry: “Aý, gelse geler-dä, protiwogazym-a bar” diýip, ikiligi patlatdym. Ertesi mekdebe bardym. Barsam, mugallymlaryň oturýan kabinetiniň poluny reňkläpdirler. - Haçan gurarka? – diýip sorasam: - Üç-dört günsüz girip bolmaz – diýdiler. Pikire batdym... “üç-dört günsüz girip bolmaz... Oňa çenli gykylyklap gelse nätmeli?” Menden başga ýene iki mugallymyň protiwogazynyň şol kabinetde galanyna näme diýjek?! Şondan soň iýip-içip, känbir mazam bolmady. Şol gün gije-de oňly uklap bilmedim. Ertesi ýene işe bardym. Birinji sagat gutarypdy. Ine, birdenem şol hemişeki belli komandalar gaýtalandy. Protiwogazlylar-a geýdi. Protiwogazsyzymyzyň birem stoluň üstüne ýapyşan mahmaly sypyryp alaga-da bürenip, bir burçda aşak otudry. Biz iki bolup galdyk. Gykylykçy aýal gapydan girip: - Dördünji klasyň klas ýolbaşçysy kim? – diýdi. - Men – diýip, zordan jogap berdim. - Sen bolsaň, Balgylyç janym şu gün ýoňlap okuwyna gaýdyp bilmedi. Şony aýdaýaýyn diýip geldim. Soň ol mahmal bürenip oturan mugallymy görüp: - Bu üstüne mahmal büräp goýan zadyňyz näme? – diýdi. - Aý, ola-ha... näme, görkezme esbap. - Görkezilýän zat bolsa, görkezip goýarlar-da! Ady-zady näme? Tas ýaňky mugallymyň adyny aýdypdym. - Adyna globus diýilýär. Ýer şarynyň kiçeldilen formasy. Ol baryp sypalap gördi-de: - Ýer şary diýilýän zat adamyň kellesi ýaly bolýan eken-ow – diýip, mekirleç ýylgyryp, çykyp gitdi. Onuň bu gezekki awusyny pürkmän gidişine haýran galdyk. Direktorymyz: - Düzelipdir öýdýän, indi protiwogazlary ýygnap goýaýsak hem bolar – diýdi. Mugallymlardan biri: - Men-ä ynanamok. Birki gezek şeýdip gelen bolar-da, hemmämizi protiwogazsyz ele salar. Kim berse berer-dä. Ýöne men-ä protiwogazymy berip biljek däl – diýip, poly depiberdi. Köpimiz onuň pikirini goldadyk. Onsoň: “Mundan gün bolmaz. Bu ýagdaýy kolhoz ýolbaşçylaryna-da duýduralyň. Goý, olar hem çagyryp, gepleşip görsünler” diýip, üç-dört mugallym bolup başlygyň kabinetine bardyk. Oňa ýaňky aýalyň adyny aýdanymyzdan: “Geldimi? Nirede? Daşardamy?..” diýdi-de, stolunyň çekmesinden hasyr-husur protiwogaz çykaryp, derrew geýdi. Ökdä ökde diýmeli. Başlygyň protiwogaz geýşini özümiziňkiden hem on esse çalasyn gördük. Biz: “Ýok, gelenok” diýşip, zordan onuň protiwogazyny çykartdyk. Ol uludan demini alyp: - Men-ä, walla, şol aýaldan halsy bez boldum. Adyny eşidenimden zagyrdap durun. Öňräk brigadir baryp: “Senem il deňinde irräk işe çyk!” diýse, onuňam ýüz-gözüni edil petir bezän ýaly edip goýberipdir. Ýa indi o brigadire-de protiwogazly gürleş diýsekmikäk? Hany oturyň. Bir alajyny tapmasag-a, munymyzdan gün bolmaz – diýdi. Biz: - Be, walla, dogrudanam, nätsekkäk-aýt? – diýip, onuň ýüzüne çiňerildik. Başlyk esli oýlanyp oturdy-da, birdenem: - Tapdym! – diýip, begenjine mys-mys güldi. – Şol aýal ýene gykylyklap baraýsa, sesini magnitofona ýazyň. Şonam kolhozyň umumy ýygnagynda ähli kolhozçylara diňlederis. Nädersiň, şondan soň şerraýlygyny bes edäýse! Meniň şu pikirimi niçik görýäňiz? Biz şu pikiri ýerli-ýerden makulladyk. Elbetde, bu habar ol aýalyň gulagyna baryp ýetendir-dä. Şodurda-şodur, şondan soň-a protiwogaz ulanmaly bolmadyk. Allanazar BEGNAZAROW, mugallym. “Edebiýat we sungat” gazeti, 01.01.1975 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||