13:45 Paşmadyk hekaýa / hekaýa | |
PAŞMADYK HEKAÝA
Hekaýalar
Bekdurdy öz hekaýasyna «Ýüregiň urşy» diýip at goýdy. Hekaýanyň adyndan başga onuň kellesine hiç zat gelmedi. Eýläk agdaryldy, beýläk agdaryldy, bolmady. Ahyry çilimini otlap daş çykdy. Emma açyk howadaky gezelenç hem oňa hiç zat bermedi. Dolanyp otaga girdi. Temasyny üýtgetmekçi boldy, o-da başa barmady. Halys bolmansoň, aýalyna ýüzlendi: – Hany, aýtsana! Sen göze görnüp başlaňsoň, öýüňize köp adam gudaçylyga bardymy? – Ony näme üçin soradyň? Dört ýyldan soň ol nämä derkar boldy? – Sen meniň pikirimi bölme-de, diňe soragyma jogap ber. Hekaýa ýazjak. – Goşgy ýazsaň men, hekaýa ýazsaň ýene men, heý seniň özbaşdak ýazan zadyň bolmazmy? – Ýaňky soragyma jogap bersene! – Günde-günaşa diýen ýaly baryp durýardylar. – Ilkinji gezek seni gelinlige sorap gelenlerinde ýüregiň nätdi? – Ýüregiň nä-ätdi-i?.. Dur, hany, hawa, ýadyma düşdi. Tyrp-tyrp etdi. – Men senden damaryň nähili urdy diýip soramok. Tyrp-tyrp! Ýürek näme serpik bagymy? Gürs-gürs eden bolaýmasyn? – Ýok. Gürs-gürs eder ýaly meniň ýüregim tüpeňdir öýdýärmiň? – Nirede ýok zady aýdýaň-aý. Degişmäňi goý-da, çynyňy aýtsana! Ýagşy, hany, kakam gudaçylyga baranda nähili boldy? – Hiç hili-de bolanok. Çaý goýdum, nahar taýýarladym. – Men senden nähili hyzmat etdiň diýip soramok. Kakamyň eşegini boşadan kim – Men. – Ony näme üçin beýtdiň? Gaňňasyny gaçyraýsa nätjekdiň? – Atam-enem öň söýüşýändigimizi bilmesin diýip... – Ýagşy, ýüregiň nätdi? – Begenjime böküp-böküp giden ýaly boldy. – Baý-baý, ýürek bolaýşyňy! Gurbaga bolguň-a! Aýalynyň gahary geldi. – Ýazmasaň, ters ýaz. Öňler-ä saňa meniň ýüregimden gowy ýürek ýokdy. Bu gün ony her zada deňäp çykdyň. – Gülüm, gaharlanmasana. Barja pikirimi pytradarsyň. Ýüregiň lors-lors eden-ä däldir? – Asyl biläýdiň! Lors-lors etdi! Näme, lors-lors edip, meniň ýüregimi kädi bulamakdyr öýdýäňmi? – Ýogsa-da şu günler kädi bulamak bişireňok-la? – Artyp, dogramasyna ýaltanýan. Bekdurdy palawkädi dogramaga oturdy. Hekaýa-da ýatdan çykdy gitdi. Allanazar BEGNAZAROW. | |
|
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Kakamyň synaglary / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
√ Goýunçy / bolan waka - 25.06.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Bars balasy / hekaýa - 09.12.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Jynlaryň meýlisi / hekaýa - 22.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |