13:07 Allanazar Begnazaryñ Täze ýyl degişmelerinden | |
ALLANAZAR BEGNAZARYÑ TÄZE ÝYL DEGIŞMELERINDEN
Degişmeler
- Täze ýylda altyn diş goýdurmazdan öñ, ilki dodagyñy gyşartmagy öwren, ýogsa dişiñ görünmezligi mümkin. - Öýlenmänkäñ hossarlaryñdan sowaşyp başlamaga türgenleş. Barybir, öýleneñsoñ ýyl dowamynda gaýynlaryby olardan ileri tutmaly bolarsyñ! - Söýýän gyzyñ ilki enesine gowy görün, ýöne itlerini-de özüñe öwrenişdirmegi unutma! - "Özüñkiñ belli gadyry ýok" diýip, ýöne ýere aýdylan däldir. Aýalyña boýnuñy burup ýalbarsañ, öz aýlygyñdan bäş-on manat beräýmegem mümkin. - Täze ýylda öýüñden islän wagtyñ soragsyz gidip, islän wagtyñ hem gelip bilýän bolsañ, onda özüñi bagtly hasap et! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |