12:27 Adymy sylaýan ekeniňiz / degişmeler | |
ADYMY SYLAÝAN EKENIÑIZ
Degişmeler
■ BERGIM BAR Allanazar hiç haçan aşgazanyndan zeýrenen adam däl. Haýsy naharam bolsa lezzetini bilip iýýär. Aýratyn hem dogramany gowy görýär. Bir gezek bir toýda onuň öňüne dograma goýupdyrlar. Biri degişjek bolup: – Allanazar, dograma bilen ugruň ýok-la. Ýa-da nahardan dagy galyp ýörmüň? – diýen. – Wah, nädip iýeýin, tabakdaş bolup oturana bergim bar ahyry – diýip, Allanazar jogap beripdir. ■ GÜNÜMI BOZJAK BOLMAŇ Allanazar bir dostunyň toýunda dik durup hyzmat edipdir. Märeke dargansoň toý eýesi hyzmat edenlere nahar çekip hezzetläpdir, her haýsyna däbe görä bir köýnek serpaý edipdir. Allanazar özüne berlen köýnegi yzyna gaýtaryp beripdir: – Dostum sylagyňa sag bol. Ýöne meniň gül ýaly günümi bozjak bolma. Gelnim bilen günümiz bir bolsa urşumyz iki. Giden ýeriňden diňe özüňe köýnek getirýäň, men bolsa bukjamdakylaryň baryny tozduryp çykdym – diýip, dawamyzyň başy her gezek köýnek bolýar. Ondan sen-ä beren adam bol, menem alan adam bolaýyn. Köýnegiň bolsa özüňde durubersin. Dosty bir gülüpdir-de, Allanazaryň aýalyna-da bir köýneklik mata beripdir. ■ DIK OTURYBERENDE NÄDÝÄR? Allanazar dagy bir ýere myhman bolupdyrlar. Öý eýesi ýigit ýöne ýassyklary yzly-yzyna getiriberipdir. Per ýassyk, pagta ýassyk, düýe ýüň ýassyk... “Bolar şu” diýilse-de gapdallaryna getirişdirip goýupdyr. Ahyry Allanazar: – Inim, munça ýassyga ýassanjak bolandan dik oturyberende nädýär? – diýipdir. ■ ÖZÜŇI ÖWRENIŞDIRIBER Başlygy Allanazara bir gezek şeýle diýipdir: – Her demiňe bir çilim çekip otyrsyň. Bu bolşuň bilen sen hemmeden ir ölersiň. Allanazar ony inkär edipdir: – Tersine hemmeden öň siz heläk bolarsyňyz. Howamyzyň barha zäherlenip barýanyndan habaryň ýokmy. Biziňki ýaly zähere uýgunlaşan organizm oňa çydar. Siziňkiniň bellisi ýok. ■ ÝENE ALTY GEZEK GELERIN Işdeş ýoldaşlary hemişe gepde ýeňip ýörensoň Allanazara azar bermegi ýüregine düwüpdirler. Arakesmede bäş-alty bolup, Allanazary naharhana äkidipdirler. Hemmesem nahar alanlarynda puluny Allanazar tölär diýip alypdyrlar. Allanazar bialaç tölemeli bolupdyr. Kassir gyz Allanazara: – Allanazar aga, gelip duruň – diýipdir. Allanazar yzyna öwrülip, nahar iýip oturan kärdeşlerini sanapdyr-da: –Ýene alty gezeg-ä anyk gelerin. Ondan soň bilemok – diýipdir. ■ DÜŞÜNMEDIGI GOWY – Allanazar aga, aýalyňyz siziň goşgularyňyza düşünýärmi? – diýip sorapdyrlar. – Düşünenok. Düşünmedigem ters däl. – Näme üçin? – Düşünmese-hä men şahyryň aýaly diýip buýsanyp gezer. Düşünse-de neneňsi şahyrdygyma göz ýetirer. ■ HÖRPÜNI BAS Redaksiýada materiallar ara alnyp maslahatlaşylýar eken. Kärdeşleriniň biri “Allanazar aga, pylany bir oçerk ýazypdyr. Hiç kim at dakyp bilmez – diýip eýýämden öwünip otyr. Şonuň bir hörpüni bas” diýip öňünden aýdypdyr. Oçerki ara alyp maslahatlaşmaklyga başlapdyrlar. Allanazar oçerki öňüne alypdyr. Ilkinji sözlemi okapdyr: “Kolhoz başlygy plany planyýew maşynyny uly köçäniň çatrygynda saklap bizi düşürdi”. Soňam haýalçyrap ugrapdyr. – O nähili kolhoz başlygy ol?! Uly köçäniň çatrygynda maşyn saklamaly däldigini bilmeýän?! Çatrykda adam mündürip-düşürmegem düzgüni bozmak. Çatrykda saklanan maşyny aňyrdan gelýän ulurak maşyn uraýsa, soňam näme üçin urupdyr diýlip soralsa, günäkär siz bolmaly-da?! Siziň çatrykda düşeniňizi gören adam bir ýokmudy? Awtor sesini çykarman, oçerkini yzyna alypdyr. ■ IÇSEM BOLANOK Allanazar düýbünden arak içmeýän ekeni. Bir oturlyşykda Allanazara arak içirjek bolupdyrlar. Ol içmändir. Onsoň ýene teklip edip başlapdyrlar. – Içsem bolanok, oglanlar – diýip, Allanazar aýdypdyr. – Içsem turuň, bize gideliň diýmäm bar. Onsoňam eýle-beýle ýumuşlaryňyz dagam bolsa men bitireýin diýiberýän. Onsoň sizem şol zatlara ynanarsyňyz-da... ■ ŞOKOLAD SORÝARLAR Telewizorda gyz bilen ýigit ogşaşypdyr. Şonda kiçijik ogly Allanazardan: –Däde, olar näme edip durlar-a? – diýip sorapdyr. –Gyzyň agzynda şokolad bardyr. Şony agzy bilen aljak bolýandyr – diýipdir. Biraz salymdan oglanjyk ýene dillenipdir: – Däde, olar häli aýrylanoklar. Şokolad bolsa erärdi. “Mýatnyý” süýji bolaýmasa... ■ SALLAP ÝAKAÝYNMY? Allanazaryň gepde ýeňilýän pursatlary-da köp. Bir gün ol Aky diýen çopan dostunyňka barypdyr. Aky guýudan suw çekip sygyrlary suwa ýakyp duran eken. Suw çykaryjy maşyny göz öňüne getiren Allanazar çopana: – Sygyrlary nä, suwa şeýdip ýakýaňmy? – diýip sorapdyr. –Şeýdip ýakman näme, indi men sygyrlary bir-birden guýa sallap ýakaýynmy? – diiýp, Aky çopan şo bada jogap beripdir. ■ ADYMY SYLAÝAN EKENIŇIZ Allanazar goňşy raýonda bir märekä barypdyr. Ony hormatlap bir jaýa eltipdirler. Allanazar bir hatar görşüp çykypdyr-da, gelip aýakuçda oturypdyr. Oňa töre geç diýen bolmandyr. Esli wagtdan soň tanyşlyk açyp ugrapdyrlar. Nobat Allanazara ýetende “Men Allanazar Begnazarow” diýipdir. Şeýle diýenden hemmesi ör turup, “Töre geç-de, töre geç” bolşupdyrlar. Allanazar bir kagyza “Allanazar Begnazarow” diýip ýazypdyr-da: –Törde şuny goýaýyň. Meniň özümden adymy gowy sylaýan ekeniňiz – diýipdir. Allanazar BEGNAZAROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |