23:22 Ahyry tapdym-ow / satiriki hekaýa | |
AHYRY TAPDYM-OW
Satiriki hekaýalar
Men ýaranjaň bolmagy ýüregime düwdüm. Sebäbi bu “käri” kemsiz başaryp bildigiň bes, bar işiň ugruna boljagy ikuçsyz. Kolhozdan agaç aljakmy, tagta, jaýyň üçin şifer gerekmi ýa-da sement, hemmesini ele salsa bolýar. Şonuň üçin bir ýerde ýaranjaňlygyň okuwy açylypdyr diýip eşitsem hökman şoňa hem gitjek. Men bir ýaranjaň dostumyň ýanyna baryp “Maňa ýaranjaňlygy öwret” diýdim. Ol bolsa maňa “sen näme dälirediňmi?” diýdi-de, dostlugynam aýyrdy oturyberdi. Emma men ruhdan düşmedim. Baý, şü ýaranjaňlaram bahyl-ow, özleriniň sanyny köpeltseler ýeňil maşyndan orun tapylmajak ýaly! Men ýaňky dostlugyny aýran köne dostuma içimden: “Senden ozdurmasam iýenim kepek bolsun” diýip, çykyp gaýtdym. Ertesi barypýatan bir ýaranjaňy tapdym-da, şonuň hereketlerini ogrynça öwrenip başladym. Özümem öýe geldim-de, aýalyma: “Sen şu günden beýläk başlyk” diýdim. – Nirä? Kolhozamy? – Ýok. – Oba Sowetinemi? – Ýok. – Onda nirä? – diýip, aýalym geňirgendi. Men bolsa: “maňa” diýdim. Men saňa öňdenem başlyk ahyry diýip, aýalym ýylgyrdy. – Sen gülen bolma-da yzyny diňle – diýip, sözümi dowam etdim. “Ýöne bir şert bilen, nahary özüň bişirmeli, tamdyra-da çöregi özüň ýapmaly”. Men bu zatlary başarjagam bolsam ilden, dilden çekindim. Şeýlelikde, her günki öwrenen zatlarymy öýe gelip, praktika bilen baglaşdyrdym. Aradan esli wagt geçdi. Ine ahyry maksadyma ýetdim, hemme ýaranjaňlardan zor çykdym. Başlygyň gapdalyna ýeňil maşyna münmeklik maňa-da nesip etdi. Etjek işlerimi ýalňyşsyz alyp bardym. Başlyk gülse güldüm, ol gynansa gözüme ýaş aýladym, başlyk gözüne ýaş aýlasa men möňňürdim. Garaz işim ugruna bolup, azabym ýerine düşüp başlady. Günlerde bir gün biriniňkä myhmançylyga bardyk, gijäniň bir wagtyna çenli oturyp, öýli-öýümize gaýtdyk. Ertesi gün garaşylmadyk waka boldy. Başlyk maňa ýüz bermedi. Salamymy hem zordan aldy. Men nämäniň nämedigine düşünmän, dogry öýümize gaýtdym. Gelip iýmän-içmän günuzyn ýatdym. Aýalym hem bolup ýatyşymy geň görüp: “Saňa näme boldy, agşam giç ýatanyň üçin kelläň dagy agyrýamy?” diýip sorady. Men: “Ýok, özüňem şu günden başlap başlyklykdan boş” diýdim. Şol gün agşamsy bilen ýatman goýberen ýalňyşymy gözläp başladym. Özümem şol günki eden işlerimi bir çetinden yzarladym. Ikindin wagty, başlygyň şofýory bilen ýeňil maşyny süpürdim. Başlyk geldi. Maşynyň öňki gapysyny açdym. Başlygyň gerdenine ýapyşan sapagy aýyrdym. He-e... Onsoň näme etdimkäm? Hawa, ýadyma düşdi, başlyk mündi. “Habardar boluň, eliňiz dagy galaýmasyn” diýip, ýuwaşlyk bilen gapyny ýapdym. Soňra özüm yzky gapyny açyp mündüm. Maşyn ugrady. Ýolda-da artykmaç geplämok. Barmaly ýerimize bardyk. Mündürişim ýaly edibem düşürdim. Jaýa girdik. Başlygyň aýakgabyny içerik salyp, tamyň bir burçunda goýdum. Baran ýerimiz bir kemsiz hyzmat etdi. Kelle çekildi. Kelläni ýaryp beýnisine maýdaja duz sepip, bir owadanja käsä salyp, başlyga berdim. Şony iýip otyrka-da wagty hoşdy. Hä-ä... Näme bolsa şondan soň bolmaly. Nahardan birkemsiz doýlandan soňra ajy gök çaý geldi. Başlyk ýassyk gözleýän ýaly, ýuwaşlyk bilen töweregine seretdi. Men bu ýagdaýy duýdum-da, turup, krowatyň üstündäki ýassyklardan iki sany ullakan mahmal ýassygy başlygyň gapdalynda goýdum. Özüm bolsa çit matadan gaplanan bir kiçijik ýassygy aldym-da, ýaplanyp, çaý içip başladym. Dur, dur. Tapdym. Näme bolsa-da şu ýerde başlygyň azajyk keýpi bozulan ýaly bolupdy. Dur hany. Ýene-de bir gezek gözden geçireýin. Başlyga iki sany ullakan mahmal ýassyk, özüme bolsa çit matadan gaplanan bir kiçijik ýassyk... Ol ýaplanyp çaý içip başlandan soňra, menem ýaplanyp, çaý içip başladym. Öňler hem şeýle edip çaý içýärdik ahyry. Tapdym. Indi tapdym, ahyry tapdym-ow. Oýlanyşyp otursam şeýle bolmaly eken. Öz ýassygyň beýikligi başlygyňkydan pes bolsa-da, gyşaryşyň başlygyň gyşaryşyndan dikiräk bolmaly eken. Bu ýalňyşymy tapýançam daň atdy. Aýalymy turuzdym-da, çaý gaýnatmagy buýurdym. Aýalym çaý gaýnadýança düşekçeleri ýazyşdyryp, aýalymyň oturjak ýerine ullakan iki ýassyk, öz oturjak ýerime bolsa, kiçijik bir ýassyk goýdum. Çaý geldi. Aýalym ýassyklary görüp geňirgendi. Men duýdum-da: “Aýal diýeniň äriniň ýanynda süýnüp ýatsa gelşigi bolmaz, şonuň üçin birneme dikräk otursyn diýip, iki ýassyk goýdum” diýdim. Men ýeke ýassykly aýalymdan birneme beýigräk gyşarjak boldum, bolmady. Soň-soňlaram synap gördüm, onda-da bolmady. Häzirlerem käte-käte synanyşyp görýän, onda-da bolanok. Indi bolsa ýaranjaňlygy taşladym. Ýöne men käbir ýaranjaňlar ýaly bahyl däl. Eger-de kim-de-kim ýaranjaň bolmak isleýän bolsa, onda ilki bilen ýaranjaňlygyň käbir kyn ýerini öwrensin, galanlary aňsat. Allanazar BEGNAZAROW. | |
|