15:19 Zaçýot sapagy / hekaýa | |
ZAÇÝOT SAPAGY
Hekaýalar
Bäşlik! Bahalaryň soltany. Heý, bäşligi alasy gelmeýän student ýa-da okuwçy barmyka? Ýok bolsa gerek. Zaçýot depderçämi açyp, bäşligiň goýuljak ýerine seretdim. Begenjimden guş bolup uçaýjak boldum. Egnimdäki penjegim-de, göwnüme bolmasa, darlyk edýän ýaly göründi. Galstugymyň bagy rezinden bolmadyk bolsa boguljakdym. Bäş ýylda ýekeje bäşlik... Bolsa şu gezek bolmaly. Bu mümkinçiligi goldan bermeli däl. Pedagogiki praktika geçýän mekdebime barýarkam şu zatlar barada pikir edýärdim. Ertir altynjy klasda meniň zaçýot sapagym bolýardy. «Diňe bäşlik almaly!» diýip, pugta ýüregime düwdüm. Görkezme esbabyny ýasaryn. Kartoçka düzerin. Bu gün bolsa okuwçylary mazaly taýynlap goýaryn. – Okuwçylar, ertir siziň klasyňyzda meniň zaçýot sapagym bolýar diýip, men ertiriň taýýarlygyny okuwçylara tabşyrykdan başladym. – Zaçýot sapagy diýsem, nämekä diýip, – gorkup okuwyňyzdan galaýmaň. Siziň jogap berşiňize, tertibiňize seredip, meniň okadyşyma baha berjekler. Şonda «Kim aýtjak?» diýip soraryn welin, siziň hemmäňiz eliňizi göterersiňiz. Kim okap gelen bolsa sag, elini, taýýarlyksyz gelen bolsa çep elini galdyrsyň. Eşitdiňizmi? Birden ýalňyşaýmaň. – Ýalňyşmarys, ýoldaş mugallym – diýip, okuwçylar birden seslendiler. Munuň bilenem ynjalman, ökderäk okuwçylara ertir näme okamalydygyny hem aýratyn tabşyrdym. – Bezirgenowa, sen prosent barada bilýän zatlaryňy aýdarsyň. Bekdurdyýewa, saňa 1045-nji mysalyň birinjisini işletjekdirin. Şaýlyýew, sen bolsaň, 1046-njy mysalyň üçünjisini çözmeli bolarsyň. Dursunowa, belle, seňki 1047-nji mesele. Ertesi zaçýot sapagynyň başlanjak wagty gelip ýetdi. Üç sany mugallym, klas ýolbaşçysy, bäş sany student yzyma düşüp, klasa tarap ugrady. Pedagogiki praktikanyň ýolbaşçysy maňa ýüzlendi: – Nähili, oňat taýýarlandyňmy? «Bäşligi häzir goýsaňyz-da bolar» diýesim geldi. Aýdyp bolýarmy näme? Kiçigöwünlilik eden boldum: – Ýaman däl. Görkezme esbabam ýasadym... Biz tirkeşip, klasa girdik. Menden özgesi iň yzky boş partalary eýeledi. Okuwçylar ör turup durlar. Içimden olara «Oturyň!» diýip, men aýtmalymykam ýa-da sapaga giren mugallymlar diýip, esli oýlanyp durdum. Sapaga gatnaşýanlardan ses çykmady. Gaýtam ýazjak bolýan zatlary ýatlaryndan çykyp barýan ýaly, derrew bir zatlar çyrmaşdyryp başladylar. «Aý, näme bolsa, şo bolsun-la» diýdim-de: – Salam, okuwçylar. Oturyň! – diýip, özüm hereket etdim. Soňra žurnaly açdym-da, okuwçylaryň gatnaşygyny bilmek üçin olaryň familiýalaryny okap başladym: – Aşyrow. – Orazmädow. – Altyýewa. Olaryň hiç birinden jogap bolmady. Gaýta okuwçylar «pyňkyryşyp başladylar. Okan familiýalarymyň yzyna «gelmedi» diýip bellik etdim-de, okuwçylara ýüzlendim: – Okanym ýok bolup dur-la. Ýeri, bu gülüşmäňiz näme? Bir okuwçy ýerinden turdy. Gülküsini zordan saklap: – Ýoldaş mugallym, ýaňky adyny tutan okuwçylaryňyzyň hemmesi bäşinji klasda okaýar ahyry – diýdi. – Otur... Men žurnaly ýapdym. Onuň daşyndaky «Bäşinji klas» diýen ýazgy üstümden sowuk suw guýlana dönderdi. Başym aýlanyp gitdi. Gözümiň öňi garaňkyrady. Der basdy. Her niçik-de bolsa aljyramaly däldi. Okuwçylaryň oňat jogap berjekleri ýadyma düşdi, ýüregim suwlanan ýaly boldy. Ýöne žurnaly nähili çalşyryp gelmeli? Okuwçy ibermelimi ýa-da özüň gitmelimi? Oýlanyp-oýlanyp, özüm gitdim. Haşlap mugallymlar otagyna bardym. Aljyramajak kişi bolsamam, edil gözümiň alnynda ýatan žurnaly tapman, ähli stollaryň üstüni bulam-bujar edişdirip taşladym. Wagt bolsa geçip barýar. Ahyry tapdym. Klasa dolanyp gelenimde, eýýäm sapagyň on minudy dagy geçipdi. Galan wagty ýerlikli peýdalanmaly diýen netijä gelip, işe başladym. – Hany, okuwçylar, kim öý işini işlän bolsa, elini galdyrsyn. Gaty oňat. Diýmek, hemmäňiz öý işleriňizi işläpsiňiz-dä? - Aýlanyp, käbirine bellik eden boldum. – Polýadan geçme! – Prosentiň belgisini oňatja ýaz! – Düşnükliräk ýaz! Öý işlerini barlap, ýerime geçdim. Gapy kakyldy. – Giriberiň... Bir mugallym hiç zatdan habarsyz içeri girdi. Okuwçylar ýerlerinden turdular. Giren ýerinde, gapynyň iç ýüzünde saklanan mugallym okuwçylara oturyň diýen manyda elini salgady. Soňra maňa ýüzlendi: – Siz ýalňyşyp, bäşinji klasyň žurnalyny alyp gaýdaýan-a dälsiňiz? Bäşinji klasyň žurnalynyň hem bir mugallyma gerekdigini diňe şu ýerde bilip galdym. Öz žurnalymy getirmek hakda alada etsem-de, iliňkini eltip bermek ýa-da ibermek gerekdigini aň etmändirin. Ýüzüm boz-ýaz boldy. – Bagyşlaň, ýalňyşyp alyp gaýdyberipdirin – diýip, žurnaly oňa berdim. Ol: – Bagyşlaň – diýdi-de, çykyp gitdi. Ol çykanda meniň okuwçylarym ýene-de gürre ýerlerinden turdular. Şeýdip, ýene esli wagtym geçdi. Jaň kakylmagyna ýigrimi minut çemesi wagt galypdy. Okuwçylardan soramalydy, täze temany düşündirmelidi, sapagy berkitmelidi, öýe iş tabşyrmalydy. Indi wagty juda ýerlikli peýdalanmak gerekdi. Bir okuwçy elini galdyrdy. – Hä, näme? – Ruçkam gaçdy, ýoldaş mugallym, alaýyn-la! – Al alsaň... Okuwçylaryň birinden soramak üçin geplejek bolanym hem şoldy welin, ýene bir okuwçy elini galdyrdy. – Aýdyber. – Ýoldaş mugallym, Hakdurdyýewanyň burny ganady. Haýsysynyň Hakdurdyýewadygyny näbileýin. – Günde azrak gezerler, depäňden geçendir. Bar daşaryk çyk – diýip, sag tarapky partalaryň orta gürpünde oturan gyzlara ýüzlendim. Çep tarapdan iň öňdäki partadan. bir gyzjagaz burnuny tutup, daş çykdy. Wagt barha azalýardy. Temany soramalydy. – Hany, öýe berlenleri kim aýdyp berjek? Okuwçylaryň ählisi elini galdyrdy. Ýüregim birneme giňän ýaly boldy. Olaryň birini tagtanyň ýanyna çagyrdym. Üçüsine-de kartoçka berdim. – Hawa, aýdyber. – Bilemok, ýoldaş mugallym. – Bilemok? Prosentimi?! Şundan ýeňil tema ýok ahyry. Geç ýeriňe. «Ikilik». Bilmeseň, indikile eliňi galdyranyňy göräýmäýin. – Men çep elimi göterdim ahyry – diýip, ýaňky okuwçy aglamjyrap ýerine geçdi. Şu ýerde düýnki tabşyrygym ýadyma düşdi. Indi kim bilýär diýip soramaga bognum ysmady. Sag elini göterjek okuwçynyň, tapdyrmajakdygy ýadyma düşende, ýene-de öňki günüme düşjekdigime gözüm ýetdi. Birden hemme okuwçy çep elini galdyryp otursa nädersiň? Öňki gezek mundan mugallymlar hem student ýoldaşlarym bihabardylar. Indi bolsa olar derrew kimiň haýsy elini galdyrýanyna serederler. Başga alaç bolmansoň, kartoçka berenlerimiň biriniň ýanyna bardym. – Işlediňmi? – Ýok, ýoldaş mugallym. – Näme üçin? – Düýn bu mysaly maňa däl-de, Dursunowa beripdiňiz ahyry, ýoldaş mugallym. – Seniňki-meniňki bolmaz, hemmesini işlemek gerek – diýip, gümmi-sümmi etdim-de, onuň ýanyndan aýrylmak bilen boldum. Beýleki okuwçylaryň ýanynda «işlediňmi?» diýip sorabam bilmedim. Gaýta olar işlemedigem bolsa, «dogry» diýen boldum, käbir zatlary düzedişdiren boldum. Şunuň bilenem soramagy goýbolsun edip, täze temany düşündirmäge başlamak bilen boldum. Täze temanyň adyny tagta ýazanym hem şoldy welin, jaň kakyldy. Zaçýot sapagyma baha berjekleriň hemmesi çykyp gitdi. Ýekeje gezek «bäşlik» almak hakdaky arzuwym hem şeýdip, kül bolup asmana sowruldy. Allanazar BEGNAZAROW. | |
|
√ Enemiň wesýeti / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
√ Pikirdeş / hekaýa - 21.07.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Tabyt / hekaýa - 17.07.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Kakamyň synaglary / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Agageldi garawul / hekaýa - 20.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||