01:38 Hatyra | |
HATYRA
Goşgular
Nemli gözlem gubarlanar, Göç edende ak durnalar! Awtordan. Okap gaýga batdym şu gün, Gazetde gamly goşgyny. Ýatladym öten-geçeni, Ýakynlary hem daşkyny. Görüp-görüşeýin diýip, Gelipdim oba - öýmüze. Garry öýmiz deňdi biziň, Dokuz dogan hemmämize. Ýardam edip, jaý gurmaga, Gatnaşypdy adam bary. Kakam bilen bir hatarda, Janypkeşdi agalary. Pederimiň deň-duşlary, Ah, nähili adamlardy. Uruş, açlyk ýyllarynyň, Ýowuzlygyn dadanlardy. Hanha, diwarda- kesekde, Bar olaryň el yzlary. Agyr işlerden kakamyň Aryp agy:rdy dyzlary. Penjiräň döwük ýerine, Pagta ýeňsiz dykylypdyr. Kemaljanyň süren tigri, Idegi ýok, ýykylypdyr. Öz tikenje ýeňsizini, Uýam Nursadap geýerdi. Mydam gözi ýolda, Şajan: Basymrak geliň - diýerdi. Jigerlerim, öýde galan. Ysyňyzy sora:ýyn-da! Geläýiň-dä, gözýaşyma, Gözýaşyňyz gara:ýyň-da! ...Okap bir gamly goşgyny, Ýatladym öten geçeni. Ata ýaşyn ýaşasaň-da, Kaka küýselýär ekeni. 2020 ý. * * * Enäň ýaşy ýeten bolsa-da çene, Uzak ömür oňa dilenýär ýene. Ýaş dilemäň, gurbanyňyz bolaýyn - Diýip, özelenýär bagrygan ene: Ogul gitdi ýaş agtyjagymdy ýany, Şolary ýitirip, ýitirdim jany. Ýene bir pajyga gyzym äkitdi, Bularsyz durmuşda hiý, barmy many?! Balalarym bilen öldüm men telim, Ýöne sowanok tenim. 2015 ý. | |
|
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |