21:36 Geçmiş bilen öwünmek | |
GEÇMIŞ BILEN ÖWÜNMEK
Publisistika
Geşmişi bilmek gowy zat, emma zol geçmişden söz açyp, taryhyñ gatynda galan ýeñjşler bilen öwünmek bir meselä yşarat edýär. Olam şu günki günüñ şowsuzlygy we nalajedeýinligidr. Adamlar şu günki başdan geçirýän şowsuzlyklaryny ýüzlerçe ýyl öñ gazanylan ýeñişler bilen bassyr-bussyr etmäge, ýüreginiñ törüne ornan biçäreligine we kemsinme duýgularyna teselli bermäge synanyşýarlar. Töweregiñizde "men osmanly neslidirin, biz ýedi yklymda at dabradan milletdiris" diýip ýeri bolsa-bolmasa paşyrdap ýörenlere siñe syn ediñ, hiç biriniñ ibaly sowady-da ýokdur, şol sanda elinden gelýän käri-de ýokdur. Bardy-geldi bir ýerde işleýänem bolsa, yzda süýrenip ýören dereksiziñ biridir we gazanýan puly aýdan-aýa ýetýän däldir. Göwnüniñ isleýän durmuşyna ýetip, göwnüniñ isleýän puluny gazanyp, göwnüniñ isleýän maddy we ruhy elpe-şelpeligine ýetip bilmedik adamlar hökmany suratda nämedir bir zatdan dalda gözlemek mätäçligini duýýarlar: bir topary arak-şeraba köñül berip tesellini çüýşeden tapýar, ýene bir bölegi bolsa geçmişe ýapyşýar. Meselem, tok, suw, gaz aýma-aý töläp bilmeýän biri "Aýasofýa metjit boldy" diýip begenýär we özüne göwünlik berýär. Ýene biri birnäçe aýlap işsiz-güýçsüz aýlanyp ýören halyna "Germaniýa bize görübilmezçilik edýär" diýip, asmanda gaýmalap ýör. Ýene biri "bizden gaz tapyldy" diýip güpüleýär. "Aýasofýa metjit boldy" diýip begenýän dindar raýatyñ Kýolnda, Gamburgda, Berlinde minaraly uly-uly metjitleriñ açylandygyndan, baýram günlerinde Londonyñ we Parižiñ köçeleriniñ namaza durýan musulmanlardan dolup-daşýandygyndan habary-da ýok, bolaýanda-da piñine däl. Germaniýada türklerden ýüzlerçe halk deputaty, şäher sowetiniñ başlygy, polisiýa bölüminiñ müdiri, prokuror, hatda ministr bolanlar bar. Kitaplary bestseller bolan, nemes teleýaýlymlarynda öñ hatarda çykyş edýän ýüzlerçe türk sungat we döredijilik işgäri bar, onlarça türk wäşi artisti zallary dolduryp duran müñlerçe nemesi gyzyl-gyran edip bilýär. Germaniýanyñ meşhur wäşi artisti Kaýa Ýanar 50-60 ýyl öñ Anadolynyñ bagryndan gopup gelen adamlaryñ çagalary bu ýurtda epopeýa ýazdylar. Türk işçisiniñ çagasynyñ ýazan kitabyny millionlarça nemesiñ okamagy, halanmagy ýada türk är-aýal alymynyñ Germaniýada asyryñ mergisi koronawirusa garşy waksinany oýlap tapmagy, ylmyñ we tehnologiýanyñ ýetjek derejesine ýeten ýurdunda, dogrusyny aýtsak, tereçä tere satýar. Ine, buýsanjak bolsañ, şulara buýsanmaly. Emma Türkiýedäki millionlarça adam bular bilen gyzyklanmaýar diýen ýaly. Aý onsoñam näme, olaryñ gaýgysy öz ildeşleriniñ gazanan üstünligi däl, gaýtam tersine, öz biçäreliklerine we şowsuzlyklaryna dalda gözlemek. Hakyky musulman Aýasofýanyñ gaýtadan metjit bolanyna däl-de, ilki Günbataryñ paýtagtlarynda we uly şäherlerinde niräñe garasañ minaraly uly-uly metjitleriñ peýda bolanyna buýsanmaly. Hakyky türk öz ildeşleriniñ Ýewropada ýazyjy, şahyr, sungat işgäri, syýasatçy, sportsmen, alym derejesine ýetip uly üstünlikleri gazanýandygyna begenmeli, ýüzlerçe ýyl öñki taryhyñ gatynda galan ýeñişler bilen özüni güýmemeli däl. Yslam dünýäsinde hiç kim Ýewropada üstünlik üstüne üstünlik gazanýan musulmanlara gañrylybam seredeýin diýenok. Birleşen Korollygyñ premýer-ministri Rişi Sunak we Şotlandiýanyñ premýer-ministri Hamza Ýusuf Ýeri bolýa, Birleşen Korollygyñ premýer-ministrligine saýlanan Rişi Sunagyñ asly hindi bolandygy üçin hiç kimi gyzyklandyrmady diýeli. A päkistanly musulmanyñ Şotlandiýanyñ premýer-ministrligine saýlanmagyna näme diýjek? Ýa-da Günbatar medeniýetiniñ paýtagty hasaplanýan Londonyñ şäher sowetiniñ başlygy bolup oturan asly päkistanly Sadyk Hana näme diýersiñiz? Üstünlikler babatda begenjegiñiz çyn bolsa, geliñ, ötüp giden ata-babalarymyzyñ ýüzlerçe ýyl öñki ýeñişlerini dilimize çolamagyñ deregne, aramyzdan çykan adamlaryñ şumatky amala aşyran adatdan daşary üstünlikleri bilen öwüneliñ, munuñ bilenem çäklenmäliñ, bizem edýän işimizde üstünlik gazankak, adamzada peýda getirjek işleri etjek we önümleri öndürjek bolup jan edeliñ, kelle agyrdalyñ. Sadyk Han Musulman şahsyýetleriñ Günbatarda amala aşyrýan adatdan daşary işleri, ylmyñ we tehnologiýanyñ jylawynyñ hiç kimsäñ, aýratynam Günbataryñ elinde däldigini görkezýär. Geliñ, onda bizem bolar-bolmaz warsakylardan daşlaşyp, akyl-paýhasyñ we ylym-bilimiñ ýoluna gireliñ, şeýdip ýaşaýan ýurdumyzy Günbatar ýaly parahatçylygyñ we bol-elinligiñ mekanyna öwreliñ. Diñe şeýdenimizde, adamlarymyz deñizlerde gark bolup ölme howpuny görüp-bilip duranam bolsa ýer ýüzündäki jennete (Ýewropa) ýetjek bolup ýollara rowana bolmaz. Elbetde, her bir halk öz geçmişini, ata-babalarynyñ taryhdaky üstünliklerini bilse gowy, ýöne muny öz ýerinde we wagtynda agzasañ has gowumyka diýýärin. Emma bulary şumatky problemalarymyzy bassyr-bussyr üçin dilden düşürmän, gündelik dert-aladalaryñyzy ýeñletmek üçin agzaýan bolsañyz, onda siziñ özüñizde düýpli meseläniñ barlygydyr. Häzir "Biz osmanly neslidiris" diýip pakgaryp ýa-da "Aýasofýa metjit boldy" diýip begenip ýörenler ýasama-boş begenç duýgusyny başdan geçirýändiklerini gowy bilýär. Adam başgalary aldasa-da, özüni aldap bilmeýär. Aýratynam, kellesini ýassyga goýanda özi bilen, wyždany bilen ikiçäk galanda. Germaniýada kitaplary bestseller bolan türk ýazyjysy Kübra Gümüşaý Bagtly bolmak, begenmek, işläp üstünlige ýetmegiñ begenjini başdan geçirmek isleseñiz näme etmelidigi belli: işlemeli, bir zatlary öndürmegi başarmaly. Bir işiñ hötdesinden geleniñizde duýýan ynjalygyñyzy, ruhy kanagatlanmañyzy, şatlygyñyzy owadandan owadan sözler bilen aýdym edip aýtmagyñ geregi-de ýok. Gözüñizde uçganaklaýan şatlyk, dodaklaryñyzdaky gülümsireme, sypatyñyza siñen ynam hemme zady şonsuzam açyk-aýdyñ görkezer. Uzyn gepiñ gysgasy: başyñyza bir iş düşse taryhyñ eteginden ýapyşjak bolup durmañ, ýüzleşiñ we çözgüdini tapmaga synanşyñ. Edil akyl-paýhasy we ylym-bilimi şamçyrag edinen adamlar ýaly. Çünki akyl-paýhasyñ ýoly birdir. Esedulla OGUZ, Türkiýeli türkmen žurnalisti. Çarşenbe, 10.05.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |