19:37 Ysraýyl-Palestina çaknyşygyna düşünmek üçin sekiz kinofilm | |
YSRAÝYL-PALESTINA ÇAKNYŞYGYNA DÜŞÜNMEK ÜÇUN SEKIZ KINOFILM
Teatr we kino sungaty
Ýakyn Gündogaryñ iñ esasy konfliktlerinden biri bolan Ysraýyl-Palestina konflikti kinofilmlerde nähili suratlandyrylýar? Ine, taryha we jemgyýetlere has gowy düşünmek üçin tomaşa edip biljek kinofilmleriñizden saýlap alanlarymyz şu aşakdaky çeper filmlerden ybarat. "Euronews Culture" iki tarapyñ arasyndaky dartgynlylygy görkezýän we tomaşaçylaryñ taryhy wakalara düşünmegine ýardam etmegi maksat edinýän kinofilmleri şular hasap edýär. • "Şu gün jennet" (2005) "Şu gün jennet" ("Paradise Now" / Рай сегодня" - Augustus Film - Haut et Court) "Ine, jennet" kinofilmi Said we Haled atly iki sany palestinalynyñ Ysraýylda özlerine kast etmek arkaly terakta taýýarlanyşlaryny suratlandyrýan psihologiki drama. Olar dindar ýa-da syýasatçy däl, hatda fanatik obrazynda-da janlandyrylmaýar. Said we Haled günlerini bile geçirýän ýönekeý iki tanyş. Ysraýylyñ serhedine golaýlanlarynda biri-birilerinden aýrylýar we pygyllary ýüze çykýar. Bulam olaryñ etjek bolýan işlerini öz ýanlaryndan derñemelerine sebäp bolýar. • "Beşir bilen wals" (2008) ("Вальс с Баширом"/"Waltz with Bashir" - Les Films d'Ici - Le Pacte) Ari Folmanyñ režissýorlyk we senaristlik eden bu animasion uruş-dokumental filmi Folmanyñ 1982-nji ýyldaky liwan urşuna esger bolup gatnaşanda başdan geçiren ýatlamalary gürrüñ berilýär. Kinofilm uruşlaryñ manysyzlygyny agtarýar we çaknyşyklaryñ getirýän trawmasyny suratlandyrýar. Dawid Polonskiniñ animasiýasy arkaly tema getirilen täzelikçi çemeleşme "Beşir bilen walsa" ynanyp bolmajak derejede gyzykdyrýar. Öwrenişilen tradisiýalardan başgaça çykarylan bu animasion dokumental film uruşy ýazgarýar. • "Limon agajy" (2008) ("Лимонное дерево"/"Lemon Tree" - Heimatfilm) Palestin obasyndan dul galan aýal Salma limon bagyndan gün görýär. Bu onuñ ýeke-täk eklenç çeşmesi. Ysraýylly režissýor Eran Riklisiñ surata düşüren "Limon agajy" "Köne Ähtde" goñşusynyñ üzüm bagyna göz diken ysraýyl patyşasynyñ hekaýatyny täze röwüşde beýan edýän sýužet. "Limon agajy" kinofilminiñ süññünde iki halkyñ arasyndaky bölünişikleri orta atýan hekaýa bar. Bir ýylda görkezilişe goýberilen "Beşir bilen walsyñ" döreden seslenmesi ýaly gyzgyn seslenme döredip bilmedigem bolsa, elmydama ajaýyplyklary döredip gelen Hişam Abbasyñ ajaýyp performansyny görkezip bilen eser. • "Bäş döwük kamera" (2011) ("Пять разбитых камер"/"5 Broken Cameras" - Zeugma Films) Emad Bernat ve Gaý Dawidiniñ hökman tomaşa etmeli bu dokumental filmi ysraýyl goşunynyñ eden-etdiliklerine garşy agressiýany öz içine almaýan goranyşyñ hakyky taryhy. Bernat bäş ýyllyk döwürde öýüniñ öñünde bolýan haotik sahnalary maşgala kamerasyna geçirýär. Höwesjeñ režissýor özüniñ we maşgalasynyñ başdan geçiren hem-de täze göçüp gelýän jöhitleriñ howpy astyndaky Günbatar Şerianyñ Bilin posýologyndaky ýaşaýşa şahsy nukdaýnazardan seredýär. Wideokamerasynyñ güýçlendirme guralydygyny duýan Burnat munuñ şol bir wagtyñ özünde jemgyýeti birleşdirmek üçin amatly guraldygyny bilýär. Adyny bäş ýyllap döwülen wideokameralardan alan "5 döwük kamera" syýasy we kinomatografiýa taýdan gymmatly iş. • "Çykalga" (2012) ("Привратники"/"The Gatekeepers" - Sony Pictures Classics) Ysraýylyñ "Şin Bet" gizlin gullugynyñ başlygy kabul edilýän her bir kararyñ kesişme sepgidinde ýer alýar. Gullugyb öñki alty başlygy ilkinji gezek pikirlerini paýlaşmaga eden işlerini köpçüligiñ dykgatyna ýetirmäge razylyk bildirýär. Ysraýylly kinoprodýuser Dror Moreh tarapyndan surata düşürilen "The Gatekeepers" arhiw suratlaryny we kompýuter animasiýalaryny reportažlar bilen birleşdirip, kinofilmi ýedi bölege bölýär. Filmde "Şin Bet" gullugynyñ "Alty günlük" uruşy, Palestinanyñ ýerleriniñ okkupirlenmegi, Oslo şertnamalary, jöhit terrorizmi, 1984-nji ýylda "Şin Bet" agzalarynyñ zamun konflikti soñlanandan soñbwe ele salynandan soñ iki palestinaly awtobus garakçysyny öldürýän "Bus 300" hadysasy suratlandyrylýar. • "Fokstrot" (2017) ("Фоксрот"/"Foxtrot" - Spiro Films - Pola Pandora Filmproduktions) Režissýor Samuel Maoz Wenesiýa kinofestiwalynda ynanyp bolmajak derejede güýçli maşgala tragediýasyny görkezip, eminleriñ baş baýragy "Kümüş ýolbarsa" mynasyp boldy. Üç bölümden ybarat sýužet doly weýran bolan ýatlama bilen başlaýar: Esgerler orta ýaşly daýhanyñ öýüne gelip, onuñ oglunyñ iş başynda öldürilendigini aýdýarlar. Film barada näçe az aýtsak şonça gowy, sebäbi bu filmiñ sizi lerzana saljagyna şek-şübhe ýok. Munuñ özi bölekleri jemlenişip, kem-kemden ýerbe-ýer bolýan tapmaça we netijeleri-de ýowuz we hemmesinden beteri-de gyzykly. Maoz ykbalyñ köpugurly öwrümlerine gyzykly düşündirişler berýär we dramasyna haýsydyr bir ýurduñ syýasaty üçin ýaş ýigitleri ölüme ýollama mümkinçiligine ýigrenç duýgusyny oýarýar. • "Meniñ söýgüli Gazam" (2020) ("Газа, любовь моя"/"Gaza Mon Amour" - Les Films du Tambour) Palestinanyñ 2022-nji ýyldaky Kinoakademiýa baýraklaryny gowşuryş dabarasynda "Iñ gowy Halkara kinofilm" ugruna talaş eden Tarzan we Arab Nasseriñ kinofilmi "Meniñ söýgüli Gazam" bizi Sihama aşykdygyny aýtmaga dili barmaýan altmyş ýaşly gazaly balykçy Issa bilen tanyşdyrýar. Issa özüniñ balyk torunda grek hudaýy Apollonyñ heýkelini tapanda bagtynyñ çüwendigine ynanýar. Emma ýerli ygtyýarlylar onuñ öýünden bu heýkeliñ üstünden baranlarynda problemalar çykyp başlaýar. "Meniñ söýgüli Gazam" bu sanawdaky beýleki käbir filmlerden has gowşak düşürilen film bolsa-da, Gazadaky ýaşaýşyñ kynçylykly taraplaryny suratlandyrmakdan asla gaça durmaýan gyzykly drama. Düwünli sosial-syýasy ugurlara onçakly ýüzlenmeýär, berk romantizmiñ ýerine has gowşak romantizmi saýlap alypdyr. Dewid MOURIKAND. Euronews, 28.10.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |