11:09 2048 / absurd hekaýa | |
2048
Mistika we fantastika
(Hekaýanyň özi we gahrymanlary tutuşlygyna oýlanyp tapylan we real durmuş bilen gabatlaşmalaryň barsy ýöne bir tötänlik) 1-nji bölüm Rahman kabulhanada kän garaşdy, ony çagyrmaga howlyganokdylar. Ol bilýärdi, ony şeýle ýol bilen kösejek bolýardylar. Gowy tarapy kabulhanada owadan gyz otyrdy, diňe şol gyz azajygam bolsa ony güýmeýärdi. Gyzdan ýakymly ys gelýärdi, ýöne başlygyň otagyndan gelýän çilimiň ysy, gyzyň ýakymly ysyny basýardy. Gyz ol ýerde iş ýörediji kätipdi ýa-da şoňa meňzeş bir zatdy. Rahman gyzy synlap bir zadyň anygyna ýetjek bolýardy; Gyz gapynyň aňyrsyndaky haramzada bilen ýatýarmy ýa-da ýatanok? Gapyň aňyrsynda bolsa kärdeşler arkalaşygyň başlygy otyrdy, belki-de ýatyrdy. Hawa, ol ýatan bolmaly, bolmasa bireýýäm Rahmany ýanyna çagyrardy. Rahman iň soňunda çydaman kabulhanadan çykyp gitdi. Diňe gyz öň yzyndan gygyryp galdy; —Siz nirä? —Öýe!—diýip, Rahman jogap berdi. Aslyýetinde ol jogap ýalňyşdy, sebäbi Rahmanda hiç hili öý ýokdy. Oň kärdeşler arkalaşygyna gelmeginiň esasy sebäbi hem şoldy. Rahman koridordan güýmeň-süýmeň edip haýaljak ýöredi, ol bilgeşleýin haýal ýöreýärdi. Ol gyza öz başlygyna habar bermäge mümkinçilik döredýärdi. Koridoryň soňundaky gapydan çykaýmanka ýaňky gyz Rahmanyň yzyndan ylgap çykdy; —Zulfikarow, sizi başlyk görjek diýýär. Rahman hiç zat gürlemän, ýene yzyna dolanyp başlygyň otagyna girdi. Otag adaty iş otagdy, uly iş stoly bilen bir iki sany oturguç bardy. Stolyň aňry tarapynda ýeňsesi potologa ýetip duran uly kreslo durdy. Ana şol kresloda edil uly gara aýyň gujagynda otyran ýaly, kiçijek we çişijek bir adam otyrdy, ol adam towşana meňzeýärdi. Rahman gapyň agzynda durup, ol adamy gowja synlady. Başlyk hakykatdanam uly gara aýyň gujagynda oturan kiçijek towşany ýatladýar, —Rahman öz kellesinde dörän hyýaly özi ýylgydy. Ol adam Rahmanyň işleýän edarasynyň KÄRDEŞLER ARKALAŞYGY-nyň başlygydy. —Salawmaleýkim, —Rahman hamala oýun edip salamlaşýan ýaly salam berdi. Başlyk onuň sözlerine hiç zat jogap bermän öňünde duran bir giden ak kagyzlary galdyrdy; —Rahman Zulpikarow sizmi? —Ýok, men Rahman Zilfikarow. "P" dälde "F" Zulfikarow, —Rahman öz familiýasyny harplap aýtdy. —Geň familiýa, birinji gezek eşidýän, siz türkmenmi-bir Zulfikarow? —Başlyk sorady, ýa-da güljek boldy? Nähili bolandada oň soragy sorag hökmände eşidilmedi. —Siziň stoluňyzyň üstünde meň pasportymyň nusgasy bar, şol ýerde meniň milletim görkezlen bolmaly. —Pasportda türkmen diýip ýazylan bolsa-da siz türkmene meňzäňzok. Türkmenler arzaçyl adamlary halanoklar, ýoldaş Zulfikarow. Başlyk bu sözlerden soň Rahmanyň ýüzüne seredip ýylgyrdy, ol öz sözleriniň täsirini görjek bolýardy. —Hawa, ýöne türkmenler parahorlary halaýarlar, giren gapyň parahor bilen haramhor bolup dur. Hökümet hem ol haramlary basyp gutaryp soňuna çykyp bilenok. Gapynyň agzynda bir jelebi garawul goýup, içinde işlisirän bolup otyrlar, bar edýän işlerem alan paralaryny…. —Siz biziň edaramyzda näçe ýyl bäri işleýäňiz Zulfikarow? —başlyk onuň sözlerini böldi, ol tassana gygyryp diýen ýaly sorady. Başlygyň gykylygna Rahmanyň ýeňsesindäki gapydan kabulhanada otyran gyzyň keşbi göründi. Ol gyz “bir zat boldumy? Men gerekmi?” diýen yşarat etdi. Başlyk gümüňi çek diýen ýaly edip ellerini galgatdy we gyz edil syçanyň hinine sümşi ýaly yzyna ýitrim boldy. Gyz gidensoň Rahman: —Geçen aý 13 ýyl boldy, —diýip göwünli göwünsiz jogap berdi. —Oturyň Rahman — diýip, başlyk oňa ýer görkezdi. Rahman görkezilen ýerde edil düýe çöken ýaly çökdi. Oturan oturgyjynda yza gaýyşyp diňe iki aýagy ýere deger ýaly etdi. Şeýdip yza öňe çalajadan yranyp, öziniň çekinmeýänini görkezjek bolýardy. Başlyk onuñ bolup oturşyny görüp, uludan demini alyp bir zatlar hüňňürdedi. —Siz biziň gürrüňimizi ýazýan dälsiňiz-ä Zulfikarow? —başlyk Rahmanyň köýneginiň ýokarky jübsinde duran telefony gözi bilen görkezdi. —Hä bumy, —Rahman telefony eline aldy. —Bilemok, diktofony açyk galan bolmagam mümkin. A siz näme bir zatdan gorkýaňyzmy? Ýa-da bikanun bir zatlar barada gürlejek bolýaňyzmy? Rahman telefonynyň kamerasyny açyp başlygy wideo ýazga düşürip başlady, özi bolsa azajyk yza gaýyşdy, birden başlyk telefony aljak bolaýmasyn diýdi. —Bes ediň Zulfikarow, bes ediň. —Başlyk bir eli bilen ýüzini ýapyp, ikinji eli bilen bolsa Rahmanyň elindäki telefony aljak bolýardy. Olaryň arasynda uly stol bolansoň, başlyk agyldan daşyna kellesini yzadýan düýäni ýadyňa salýardy, Rahma bolsa agylyň daşynda durup düýä bir döwüm çörek uzadýan oglany ýatladýardy. —Pozuň Zulfikarow, pozuñ — diýip, başlyk gygyrdy. Oýnyň çeni boldy diýip Rahman telefonyň kamerasyny öçürip ony jübüsine saldy. Yz ýanyndan samsyk gülküsi bilen güldi. Onuň bolşuna başlyk dişini gyjady; —Sizde hiç kime sylag ýok eken Zulfikarow. —Siz haçan meň arzama gol çekýäňiz, Aman…Nämäýewiçdir siz? Aman, Aman, Aman aga. —Aman Amanowiç meň adym, öz kärdeşler arkalaşygyň başlygyny tanaňzok, siz ýaly işgärlere biziňki ýaly abraýly edarada ýer ýok Zulfikarow. —A bu siziň ejeňiziň guran edarasy däl Aman Amanowiç. Bu döwlet edarasy… Rahman sözini gutaryp ýetişmedi, Aman Amanowiç ýerinden edil depilen pökgi ýaly sogruldy. Ol Rahmana topuljak boldy, ýöne Rahman eýýäm gapynyň ýanyndady. Aman Amanowiç ýerde ýazylan el hala büdräp ýarty ýolda ýykyldy. —Haramzada, men häzir saňa ejeň edarasyny görkezerin. Häzir men seni tutaýyn — diýip, Aman Amanowiç agzyndan gelenini sögündi. Ol entegem sögünse sögüner oturardy, ýöne Rahman jübüsinden telefonuny çykaryp ýene wideo ýazgy edip başlady. Aman Amanowiç edil üstüne gaýnan suw sepilen ýaly yza çekildi. Ýerinden turdy, egin eşiklerini düzetdi, halynyň tolkun atan ýerini ýazdy we ýene ýerine geçdi. Rahman bolsa gapynyň ýanynda duran oturguça çökdi. Başlyk köp wagtlap hiç zat gürlemedi, ol stolyň üstüne bir guty çilimi çykaryp ep-esli wagt güýmendi. Ol öler ýaly çilim çekesi gelýärdi, ýöne Rahmanyň ýanynda çekmäge gorkýardy. Uzak wagtlap çilim guty bilen otly-çöpi elinde oýnap, iň soňynda gapdala zyňdy. —Ikimiz erkek ýaly gürleşmesek bolanok Rahman jigim, — diýip, başlyk galstugyny boynyndan ayyrdy, ak köýnegniň ýokarky iligini açdy, ýakasyny düzetdi. Rahman telefonyny öçürüp jübsine saldy. —Gel gürleşeli agam, — Rahman sözüni mylaýym dowam etdi: —Sen näme üçin meniň arzama gol çekeňok? Menden pula garaşýan bolsaň ahyrzamana çenli garaşyber, mende saňa berer ýaly artykmaç pul ýok. —Ýok jigim, maňa seniň puluň gerek däl — başlyk gepleşigiň dogry akyma gidenini duýup, zyňan çilimini agzyna gysdyryp otlady, soň bolsa Rahmana hödür etdi, ýöne Rahman çilim çekenokdy. —Onda näme gol çekeňok agam? Senden başga bar kişi gol çekdi. Diňe seň goluñ gerek. Bilýäňmi men näçe aý bäri öýsüz ygyp ýörün? Alty aý boldy, çagalarymy göremok. Aýalym bir ýerde ýaşap ýör, men başga ýerde ýaşap ýörün. Maňa jaý gerek agam, jaý üçin men indi hiç zatdan gaýtmaýan. Rahmanyň sesi üýtgedi, ol şu wagt çyny bilen gürleýärdi, sesiniň äheňi oňa şaýatdy. Daşyndan seretseň ol häzir aglaýjak adama meňzeýärdi. —Wah düşinýän-le! —Başlyk duýgudaşlyk bildirjek boldy, ýöne ony öz sesi satdy. —Ýok düşüneňok agam, düşünýän bolsaň arzama gol çekerdiň —Rahman onuň sözüni böldi. Näme üçin gol çekeňok? Resminamalarymy gördüň-ä, eger edarada jaý berilmeli adam bar bolsa, ol adam diňe men. Men bar bentler boýunça gabat gelýän. Özbaşyma jaý ýok, bäş ýyllap kwartirant ýaşadym, şäher häkimlikde jaýa mätäç diýip hasapda durun. Iş stažym ýetýär, başga size näme gerek? Para gerekmi, eger siz ýaly haram pullary haltalap öýüne daşaýan bolsam pikirlenmän bererdim, ýöne mende haram pul ýok — diýen Rahman sözûniň soňunda jübüleriniň baryny daşyna çöwürdi. Bu gezek onuň gahary gelipdi. —Bilýäňmi, Rahman?— Başlyk seresaplylyk bilen söze başlady. —Men senden pul aljak bolamok. Hawa, resminamalara görä dogrudanam jaýy saňa bermeli, ýöne resminamalardan daşary söz üsti bilen berilen buýruklaram bar-da, olar bilen biz nähili bolmaly? —O nähili buýruklar agam? —Buýruklar-da, dilde aýdylýan buýruklar! Mysal üçin, jaý meselesinde aýratyn bir buýruk bar. —Kim berýär size ol buýruklary? Ministrmi ýa-da Baş direktormy? —Ýok Rahman, men olara tabyn däl. Men KÄRDEŞLER ARKALAŞYGYNYŇ şäher müdirligine tabyn. Maňa buýrugy diňe şolar berip bilýär — diýip, başlyk çilimini öçüräýmänkä ýene birini otlady. —Onsoň meň meselämde olar size nähili görkezme berdiler? —Men häzir saňa bar zady düşindireýin Rahman, ýöne şu telefonyňy aýyr. Başlyk eýýäm ikinji çilimini çekip bolup barýardy, çilim ony gowja köşeşdiripdi. —Rahman— diýip, ol sözüni dowam etdi: — Jaý almak üçin sen ähli talaplara gabat gelýärsiň, ýöne ýekeje talaba gabat geleñok. Şol talap hemme talaplardan wajyp, ol talap hiç bir resminamada görkezilmedik. Rahman haýaljakdan ýerinden göterlip öňe gaýyşdy. —Ol talaba görä seň adyňa jaý bolmaly. Rahman gulaklaryna ynanmady, öňünde otyran adam samrap otyran bolmaly, ýa-da onuň çilim diýip çekeni başga bir zatmyka? —Näme? Meň adyma näme bolmaly? Eger jaýym bar bolan bolsa beýdip siziň öňüňizde masgara bolup oturmazdym. —Düşünýän Rahman, bir bada ýaman geň ýaly görünýär. Ýöne oň hem öz sebäbi bar, men häzir düşindireýin — diýip, başlyk çalt-çaltdan gürledi. Ol Rahman gaharlanyp ýetişmänkä bar zady aýan etjek bolýardy. —Edaradan jaý almak üçin mende ýene bir jaý bolmalymy? —Hawa, Rahman, sende ýene bir jaý bolmaly. Meni diňle, onsoň düşinersiň. Sen bilýäňmi paýlanýan jaýlaryň bahasy näçe? —Rahman başyny ýaýkady. —Mysal üçin sen häzir jaý alsaň aýlygyňy tutuşlygyna jaýyň tölegine geçirmeli bolarsyň, ondan daşary sen bir zatlar iýmeli, bir zatlar geýmeli, çagalaryňy eklemeli. Onsoň sen nädip ýaşajak? Bir bada eýdip-beýdip pul taparsyň, eýläk urnarsyň, beýläk urnarsyň, ýöne iň soňynda ýadarsyň. Tölegi aýma-aý geçirip durmasaň welin jaýyňy tabşyrmaly bolarsyň. Mundan 25 ýyl öň iň birinji jaýlar paýlanyp başlan döwürleri bar zat bolmalsy ýaly bolupdy. Jaýlary sen ýaly jaýy ýok adamlara beripdiler, ýöne wagtyň geçmegi bilen jaý alanlaryň deň ýary diýen ýaly, tölegi geçirip başarman alan jaýlaryny yzyna tabşyrmaly boldylar. Sen bilýäňmi Rahman jaýda ýaşap ýören maşgalany köçä kuwmak nähili kyn? —Rahman hiç zat jogap bermedi, ol edil syçan ýuwydan ýylan ýaly eşiden habaryny siňdirýärdi. —Adamlaryň gidere ýeri ýok Rahman, çagalar aglaýar, aýallar gargaýar, ýöne kanun kanun bolýarda, töläp bilmeýän jaýyňy yzyna tabşyraýmaly. Öýünden çykarlan adamlar ýene gelip Kärdeşler arkalaşygyna arz edýärdiler. Kärdeşler arkalaşygy näme etsin diýsene? Olaryň pullaryny biz töläp bilmerisä? Ana onsoň Kärdeşler arkalaşygy täze düzgün oýlap tapmaly boldy. Ol düzgüne görä kime jaý berilýän bolsa, şol adamyň hökman öň bir jaýy bolaýmalydy. Sen ýaly jaýy ýoga jaý bermek gadagan, —Başlyk iň soňky “Gadagan” diýen sözi bogunlara bölüp aýtdy, Ga-da-gan. —Siziň kärdeşler arkalaşygyňyz kynçylyklary ýaman gowy çözýän eken agam, —Rahman belledi. Başlyk Rahmanyň sözlerine çalaja ýylgyrdy: —Öň jaýy bar adama jaý bermek kän bir howuply däl. Şeýle adamlaryň köpisi işden alan jaýlarynda ýaşaýarlar, öz köne jaýlaryna bolsa kwartiran göýberip alan pullaryna jaýyň bergisini ýapýarlar. Birden şeýle adamyň elinden jaýy almaly bolýandada ony edil köçä kowmaly bolanok. Sen Rahman köçä kowulan maşgala görüpmidiň jigim? —Rahman jogabyň ýerine haýaljakdan başyny ýaýkady. —Men bolsa görüpdim, şu wagdam ýadymda. Häzir saňa jaý bersegem ýene 3 ýyldan seni köçä kowmaly bolarys. —Näme üçin 3 ýyldan, —Rahman geň galdy. —Sebäbi 3 ýyldan aňry hiç kim çydanok, 3 ýyllap adam eýdýär$beýdýär her aý pul tapjak bolýar. Ýöne iň soňynda barybir basylýar. Şu wagt Rahman jigim, seň arzaňa gol çekmän men seni halas edýän bolmagymam mümkin? —Başlyk ajy ýylgyrdy. Başlygyň otagy salkyn bolsada Rahmany barybir der basyp başlady, ol yzky jübsinde elýaglyk çykaryp maňlaýy bilen boýnyny süpürdi we sorady; —Seň aýdan kanunyň hiç bir düzgünnamada görkezilmedik bolýar-da? —Hawa, görkezilmedik, beýle kanuny düzgünnamada nädip görkezjek diýsene? Jaýy diňe jaýy bar adama bermeli! —Başlyk güldi. —Baýam baýa berýär, Hudaýam baýa berýär diýen nakylyň göni subutnamasy bolardy. Eger ýalňyşmasam şol buýryk sözde berilen buýryklaň içinde iň könesi bolmaly. 20 ýyl gowrak mundan öň berilen buýryk, şu wagyda çenli ähli kärdeşler arkalaşygynyň başlyklary tarapyndan ýerine ýetirlip gelinýär. Sen maňa ynanmadyň öýdýän jigim? —Başlyk ýylgyrdy. —Aýdýan zatlaryň ynanar ýaly däl agam, —Rahman jogap berdi. —Bolýa, —diýdi başlyk. —Eger maňa ynanmaýan bolsaň öz-özüňe bir ynan. 13 ýyl bäri işläp gelýärsiň, şonça wagtyň içinde işden näçe adam jaý aldy, heý şol adamlaryň içinden birje adam jaýa edil sen ýaly mätäçdimi? Rahman oýa batdy, ol işden jaý alan işdeşleriniň baryny ýatlajak boldy, çyndanam olaryň içinde jaýa mätäç bolup jaý alany ýokdy. Barynyň 2-3 sany jaýlary bardy. —Ýadyňa düşdimi? —Başlyk sorady. Rahmanyň çyndanam ýadyna düşdi, ol şeýle göze görünip duran hakykaty näme üçin ençeme ýyllap görmedigine haýran galdy. Oň edarasyndan 13 ýylyň içinde jaý alan adamlaryň bary, öň bir näçe jaýlary bar adamlardy. Rahman elini maňlaýna goýyp başyny sallady. —Rahman jigim, saňa näme bolýar? Suwjagaz bereýinmi? Ýüziň reňki üýtgedi-le. —Başlyk birden aladaçyl adam bolup çykdy. —Ýok agam, sag bol, suw gerek däl. Meň şu wagt bir hili gözlerim açylan ýaly boldy, —Rahman ajy ýylgyryş bilen jogap berdi. —Giç açylypdyr seň gözleriň jigim, açylan bolsa gutlaýan, muňa ýowuz hakykat diýýärler. Sen çyndanam öň bileňokdyňmy? —Bilemokdym, —diýip, Rahman oýa batdy. Ol indi näme etmelidigi barada oýlanýardy. Başlyk uly gara aýyny ýatladýan kreslada eýläk beýläk aýlandy. Oň herektleri “men bar aýtjagymy aýtdym, indi meň otagymy boşadyň” diýýän ýalydy. —Indi men näme etmeli? —Oýlanmalar girdabyndan çykar Rahman, kimdir birinden sorady. —Näme etmeli, näme etmeli? Meň üstümden bir arz etmäňi goý jigim, onsoň men aýdaýyn näme etmelidigini. —Başlyk janlandy. —Sende iki sany çykalga bar, Rahman. Birinjisi, ýakyn tanşyň bolýarmy, garyndaşyň bolýar, kim saňa ynanýan bolsa seň adyňa öz jaýyny geçirsin. Onsoň adyňa jaý bar diýip delilnama getirseň men seň arzaňa gol çekeýin. Sen maňa düşünýäňmi? —Meň adyma jaý geçirjek garyndaşym tanşym ýok, —Rahman hüňňürdedi. —Onda diýmek ýekeje ýol galýar, goý maňa şäher kärdeşler arkalaşygyndan saňa jaý bermeli diýip görkezme bersinler. Onsoň hiç hili mesele ýok, men seň arzaňa gol çekýän. Ýa-da seň arzaňa goý olaryň özleri gol geksinler. Kanun tarapdan beýle etseňem bolýar, ýöne möhürlerinem basmagam unutmasynlar. Sen maňa düşünýäňmi inim? —Sen meni başyňdan sowjak bolýaň öýdýän agam? —Rahman hamala başlygy nyşana alýan ýaly bir gözini ýumup seretdi. —Ýok Rahman, sen ýalylardan işden çykyp dynaýmasam dynyp bolýamy näme? Sen meň üstimden näçe arza etseňem ediber, ýöne şäher müdürlikden rugsat bolmasa men seň arzaňa gol çekip bilmeýän. Eger kelläm üýtgäp gol çekäýemdede şäher müdirligi meň özimi işden aýryp, bar çeken bollarymy bikanun ederler. —Bolýa, —diýdi Rahman. —Dawwany öýden çykarman çözäýjek boldym welin boljak däl öýdýän? Şäher Kärdeşler Arkalaşygynyň salgysy beriň onda agam. 2-nji bölüm Rahman Zulfikarow eýýäm alty aý bäri aýaly bilen aýry ýaşaýardy, olaryň bile ýaşamaga jaýlary ýokdy. Onuň aýaly atasy öýünde ýaşaýardy, Rahmanyň özi bolsa çem gelen ýerde. Ol köplenç öz işleýän ýerinde ýatyp turýardy. Kä halatlarda bolsa kakasynyň erkek doganynyň öýüne gidýärdi, kä halatlarda bolsa dostynyň daçasynda ýatýardy. Rahmanyň alyp barýan durmuşy zerarly, sakgaly mydama ösgündi, egin-eşikleri mydama hapady, keýpem mydama ýokdy. Ol aýaly bilen goşuny birikdiren döwürleri, üç-dört ýyl onda-munda kwartirant ýaşajak bolup synanşyp gördi, ýöne wagtyň geçmegi bilen mundan ilki bilen onuñ aýaly irdi. Irdi we çagalaryny alyp atasy öýüne gaýtdy. Rahmanyň öňünde bolsa şert goýdy: eger ýaşamaga jaý tapmasaň çagalaryňy görmersiñ! Şeýle-de boldy, Rahman dogrudanam eýýäm alty aý bäri öz çagalaryny görenokdy. Ol diňe aýda bir gezek aýalyny görüp, öz aýlygynyň ýarsyny oňa berip gaýdýardy. Galan ýarsyna bolsa özi ýaşaýardy. Jaýly meseläniň çözgüdi barada Rahman köp oýlandy. Rahmanda artykmaç pul ýokdy, ol hiç zat ýok ýerden pul hem ýasap bilenokdy. Para alynýan wezipelerde-de işläp biljek däldi. Işinden daşary gazanç ederden ol has gedemdi. Şeýdip bar ýollar ýapylyp, iň soňynda işden jaý almaly diýen çözgüt galdy. Rahman jaý ulanyşa degişli resminamalary köp öwrendi. Iň soňynda näme etmelidigine düşindi. Ol bolmalsy ýaly jaý almak üçin arza ýazdy. Gerekli resminamalary toplady. Oň işleýän edarasy jaý paýlaýan ýörüte topar düzdi. Ol toparyň agzalary dürli dürli wezipeli adamlardy. Olaryň bary diýen ýaly Rahmanyň jaý almagyna razydylar we öz gollaryny çekdiler. Diňe Kärdeşler arkalaşygynyň başlygy näme üçindir öz goluny çekenokdy. Ýöne ol hem azajyk täsirlerden soň Rahman näme üçin gol çekmeýändigini düşindirdi. Indi KÄRDEŞLER ARKALAŞYGYNYŇ şäher müdirliginden sorag etmelidi. Ýokary wezipeli adamlaryň bary diýen ýaly, öz iş otaglarynda edil Gökdepe galasynda oturan ýalydy. Içine girer ýaly däldi. Ýekeje çykalga galany ýarmakdy. Rahman ol galalary ýarmagam öwrendi. Onuň gowy mugallymlary bardy. Öz edarasynyň KÄRDEŞLER ARKALAŞYGYNYŇ başlygy Aman Amanowiç hem, Rahmani ilki başda ýanyna göýberenokdy. Rahman onuň ýanyna girip bilmeýänligi sebäpli, öz soraglarynyň baryny buýrma hatyň üsti bilen ýazdy. Aman Amanowiç hata jogap bermedi. Soň Rahman ýene hat ýazdy, soň ýene hat ýazdy we iň soňunda ýazylan hatlaryň sany 13-e bardy. Ol hatlaryň hiç birine Aman Amanowiç hiç zat jogap bermedi. Soň Rahman ýazan hatlarynyň barynyň çeklerini alyp, öz edaralaryna gözegçilik edýän hukuk goraýjy edaralaň wekilleriniň ýanyna baryp, Aman Amanowiçiň sowatsyzdygyny aýtdy. Eger ol bilimli sowatly bolan bolsa hökman birje hata jogap bererdi, onsoňam galyberse-de Aman Amanowiç özini gaty şübheli alyp barýar, göräýmäne kanuna laýyk resminama gol çekenok, para aljak bolýamy nämemi, bir hili bolşy geň. Şeýle arzadan soň Aman Amanowiç Rahmany özi gözläp tapdy. Aman Amanowiçiň görkezen ugruna görä, bar zada şäher KÄRDEŞLER ARKALAŞYK müdirligi günäkärdi. Eger şol müdürlik rugsat berse Rahman öz işinden jaý almalydy. Rahman sypaýylyk üçin şäher KÄRDEŞLER ARKALAŞYGNYŇ müdirligine özi baryp gördi, ýöne ony gapydanam salmadylar. Ol edaranyň esasy wezipesi, sada işgärleri, uly wezipeli adamlaryň eden-etdiliginden goramakdy, ýöne bu edara kimi kimden goraýar, bir Alla bilýardi. —Ýene ýazmasaň boljak däl — diýen Rahman öz ýanyndan belledi. Şeýle-de boldy. Rahman şäher Kärdeşler arkalaşygyna günde bir hatdan göýberdi. Ol hatlaryň barynyň mazmuny bir tüýslidi. Rahmanyň edarasynyň Kärdeşler arkalaşygynyň başlygy Aman Amanowiç öz borçlaryny ýerine ýetirenok. Ol sada işgärleriň hukugyny goramagyň ýerine, özi ullakan hukuk bozujy we şol äheňde. Ýazylýan hatlara köp wagtlap jogap bolmady. Iň soňunda Rahman ýene öz edýän oýnuny etdi. Hatlaryň çekleriniň baryny alyp ýene şol öňki hukuk goraýjy edaralara baryp, şäher kärdeşler arkalaşygynda sowatsyz bilimsiz adamlar işleýän bolaýmasyn diýdi. Rahmany iki sagat geçmänkä gözläp tapdylar we duşuşyga çagyrdylar. Şäher kärdeşler arkalaşygynyň binasy bijaý owadandy. Bu ýer edil muzeý ýalydy. Hemme ýerde el-halylar bardy. Edil başlygyň kabulhanasynda bolsa Rahman azajyk eglendi, ol başlygyň kätibini synlaýardy. Ol gyzy Aman Amanowiçiň kabulhanasynda oturan gyz bilen deňeşdireňde has owadandy, has uzyndy, göwüsleri has ulydy, sagrysy has togalakdy, ýüzi has mähirsizdi, haýaszylygy hem hasdy. Aý garaz bar zat diňe "hasdy". Rahmana şu gyz jaň edip duşuşuk belläpdi. Rahman ony göni sesinden tanady. Şeýle ses diňe agzynda köp wagtlap uly zatlary saklan gyzlar çykaryp bilýärdi. Gyz öz başlygyna jaň edip bir zatlar diýdi, soň gyz başyny atyp Rahmana gapyny görkezdi. Rahman gapydan ätledi we öz sallanan aňine büdredi. Iş otagyň içi uly bir zaly ýatladýardy. Ýere el-halylar düşelgidi, Rahman bir bada tassana köwşüni çykarýardy. Ol zordan bu giň otagda iş stoly bilen başlygy gözläp tapdy. Otagyň orta arasynda, adamyň derinden dikilip ýasalan ullakan kresloda bir ýaş oglan otyrdy. Rahman oň ýanyna ýuwaş ýuwaşdan ýakynlaşdy. —Salam, siz Gahryman Zulpikarowmy? —Oglan sorady, onuň sypaty näme üçindir başlyga meňzänokdy. —Rahman Zulfikarow, Zul-fi-ka-row, —Rahman öz familýasyny bogyna bölüp aýtdy. —Bu wajyp däl, —oglan gygyryp Rahmana tarap ylgady, Rahman bir bada gaçjak boldy, ýöne ýetişmedi. Oglan gelip ony gujaklady. Ol şu wagt şadyýan maýmyny ýatladýardy. —Goýberiň meni göýberiň-oww, diýýäniňiz näme — diýip, Rahman ol oglany itdi. —Daşyndaky gyzy gördüňmi, gördüňmi şol gyzy? Bet hä? Hany meni gutla, hany meni gutla diýýän — diýip, oglan Rahmana elini uzatdy. Rahman bolýan zatlara düşünýän däldirin diýen manyda oglanyň elini gysdy. —Sen meniň problemalarymy bir günde çözdüň — diýip, oglan ylgap ýerine geçdi. —Örän gowy, geliň indi meň problemalarymy çözeliň, men işden jaý aljak bolýan, –şeýle sözler bilen Rahman ýanyndaky bukjadan öz arzasyny çykardy. Eýýäm näçe gün bäri ondan oňa ygyp ýören arza gowja könelipdy, kagyz syrt süpürmek üçin ýumşadylan kagyz ýaly myjalandy. —Men bilýän Zulpikarow, men bar zady bilýän. —Men Zulfikarow, Zulpikarow däl. Men işden jaý aljak bolýan. –Rahman elindäki arzany açyp Kärdeşler arkalaşygy diýen boş ýerini barmagy bilen görkezdi. —Bilýän gadyrdan dost, men bar zady bilýän, —oglan iki aýagyny stolyň üstine goýdy. —Bilýän bolsaň bol biziň edaramyzyň başlygyna görkezme ber-dä? Goý ol meň arzama gol çeksin. Ýa-da şujagaz ýerik öziňiz gol çekiň we möhürjigiňizem basmagy unutmaň. —Gynansam-da başaramok Zulfikarow, başaramok, men entek başlyk däl. Haçan boljagymam belli däl, ýöne seniň tagallalaryň bilen ýakynda bolaýmagymam ähtimal. —O nähili başlyk däl? — diýip, Zulfikarow ör-gökden geldi. —Ine, şeýdip Zulfikarow, sen ýazaň arzaňdan soň "Çekistler" gelip başlykdan öz adyny-familýasyny ýazmagy soradylar, ol samsyk bolsa sowatsyz eken. Iň bärkisi öz at-familýasyny ýazyp bilenok. —Bolup bilmez, ol nädip başlyk bolup ýör? —Bilemok Zulfikarow, bilemok, ýöne onuň sowatsyzdygyny sen nirden bildiň? Ana maňa gizlin syr! —Men oň sowatsyzdygyny bilemokdym, men diňe ýazýan hatlaryma jogap berenok, okap bilmeýän bolaýmasyn diýdim. —Görýäňmi Zulfikarow, Çekistler bolsa seniň sözleriňe harpma-harp düşünip, ondan ekzamen almaga geldiler. Başlygy sen geläýmäkäň alyp gitdiler, bolan bolsa 10 minut bolanyr. Gelýärkäň öňüňden çykan däldirä? —Ol indi nirde, maňa başlygyň görkezmesi gerek, men işden jaý almaly men eýýäm alty aýlap aýalsyz ýaşap ýörün. —Başlygy orta mekdebe äkiden bolaýmasalar, sowatsyz adamy başga nirä alyp gitjek?. Alty aý aýalsyz ýaşap ýören bolsaň men saňa häzir kömek ederin —şeýle sözler bilen ol ogalan telefony galdyryp bir ýerik jaň etdi. Sanaýmaly sekundyň içinde näz kereşme bilen gapydan bir gyz girdi. Ol gyz daşky otagda otyran gyzdy. —Şapaga seret gadyrdan dost, gözleriňi gamaşdyryp barýandyr—oglan şeýle sözler bilen gapa bakdy. Gapydan gyz gelýärdi. —Şulmy? —gyz olaryň ýanyna golaýlap Rahmana bir hili hapa esgä görkezýän ýaly görkezdi. —Hawa şul!— diýip oglan ýylgyrdy. — "Şul" diýen bolup göwnüýetmezçilik eden bolma, şul oglan biziň ganhor başlygymyzy işden aýyrtdy, indi biziň söýgümize hiç kim böwet bolup bilmez ezizim, –soň oýyn etdimi, ýa-da çyny bilen diýdimi belli däl. —Indi ýerine özi geçýärmi?— diýip gyz ýyrş-ýyrş etdi. —Maňa işden jaý gerek, meň edaramyň Kärdeşler arkalaşygyna görkezme beriň, men onsoň gitjek —Rahman eli bilen stola urup, çalt-çaltdan gürledi. —Oý, nähili gaharjañ — diýip gyz agzyny-burnuny towlap, özüçe näz edensirän boldy. —Wah gadyrdan dost, men başlyk däl, bolmasa saňa on sany görkezme ýasap bererdim şu wagt. —Başlyk bolmasaň onda sen kim? —Rahman gaýnady. —Oý kak straşna! —diýip, gyz rus dilinde bir zatlar samyrdady. —Menmi, men onuñ orunbasary, ýöne şeýle bir doýgun, şeýlebir başlykdan doýgun. —Eger orunbasary bolýan bolsaň, biziň edaramyzyň kärdeşler arkalaşygynyň başlygyna maňa jaý bererler ýaly görkezme berip bilýäňsiň-ä? —Saňa jaý berer ýaly? Ýok biz beýle görkezme beremzok. Beýle görkezmäni kärdeşler arkalaşygynyň baş müdirligi berýär. —Sizden ýokarda ýene bir edara barmy näme? —Rahman gaharyna stola ýumrugyny urdy. Ol şu edaraň içinde öz işi eýläk ýa-da beýläk bolar öýdüp pikir edýärdi. —Gadyrdan, aýal maşgalaň ýanynda özüñizi beýle gödek alyp barmasañyzlañ, men-ä sen azajyk ýumşarsyň diýip Leýlaşany çagyrdym, sen bolsa, ehh bolýa-da... Rahman hamala onuñ belligini eşitmedik ýaly Leýlaşa seredip dowam etdi; —Baş müdirligiňiz nirde ýerleşýär? Ol ýeriň başlygy kim?... 3-nji bölüm Bu uly bir dälihanaň koridorlary — diýip, Rahman özüçe bellik etdi. Ýöne alaç ýokdy. Bir zat edip jaý almalydy. Eger Kärdeşler arkalaşygyndan peýda bolmasa, Rahman has ýokarky edaralara arz edip başlajakdy. Iň soňunda ony hökman biri diňläýmelidi. Rahman şäher Kärdeşler arkalaşygynyň binasyndan çykyp, ýurduň kärdeşler arkalaşygynyň müdirligine tarap ýöredi. Ol ýerik awtobusda bary-ýogy ýarym sagatlyk ýoldy. Iň soňynda bellenen ýere ýetip Rahman geň galdy. Näme üçindir ýurduň kärdeşler arkalaşygynyň baş müdiri, şäheriň müdürliginden on esse sadady. Belki ol diňe daşyndan şeýle görünýärdir, belki içinden has kaşaňdyr? —Rahman öz özine sorag berdi. Bina içinden daşyna görä has sada bulup çykdy. Rahman elindäki salgy ýazylan kagyza seredip: —Haramlar meni aldaýdylarmyka -diýdi. Ýöne ony "haramlar" aldamandy. Rahman salgy berilen ýere dogry gelipdi. Ol dogrudanam Kärdeşler arkalaşygynyň baş müdirliginde durdy. —Size biri gerekmi — diýip, bir gelin Rahmana ýüzlendi. —Hawa —diýip jogap beren Rahman elindäki kagyzda ýazylan at familýany okajak boldy, ýöne gelin ony aljyradansoň diňe wezipäni aýdyp göýberdi. —Maňa Kärdeşler arkalaşygynyň iň esasy başlygy gerek. Gelin ýylgyrdy, ol ýylgyryşdan soñ pökgüje dodaklar öňküden has owadan boldy. —Ol başlyk hemme kişä gerek, ikinji gata galyň, 127-nji kabinet. Rahman ylgap ikinji gata galdy, entek aklyndan azaşmadyk gelniň duşany, bir hili onuň ruhyny göterdi. 127-nji otagyň gapysy açykdy. Ol ýerde göze örän ýakymly owadan bir gyz durdy. Rahman aňk bolup ol gyzy az salym synlady. Ýöne gyz entek Rahmana gabagyny galdyrmandy. Ol gyzyň ýüzüne siňek gonupdy we hiç uçasy gelenokdy. Gyz çepe seredýärdi, saga serdýärdi, ýöne ýüzüne gonan siňek edil onuň meñziniñ bir bölegi ýaly hiç ýerik gymyldanokdy. —Nähili utançsyz siňek ekeni— diýip, Rahman samrady. —Näme diýýäňiz? —gyz oña ýüzlendi. —Siňek —diýip Rahman barmagyny gyzyñ ýüzüne tarap çommaltdy — Ol uçanok. —Nämäň siňegi? — diýip, gyz geñirgendi. —Ýeri bolýa, siňek hiç-le, hany başlygyñyz barmy? —sorady Rahman. —Başlyk ýok, ýöne orunbasary bar, —gyz jogap berdi. —Siziň başlygyňyz hem öz adyny ýazyp bilenokmy? — diýip, Rahman gyza sorag berdi. Gyzyň ýüzüne gonan siňek entegem Rahmana seredip durdy. Nähili binamys siňek ekeni, gyzyň ýüzünden eger-eger uçaýynam diýenok. —Näme? — diýip, geň galdy gyz. —Siňek.. —Siz dälimi? —Soňky eşiden zatlarymdan soň özümem bilemok, –Rahman jogap berdi, ýöne oň eşitmeli iň geň habary entek öňdedi. Rahman şu ýerde düşindi, gyz onuň göwnüne ýaraýardy, şonyň üçin ol şol gepini uzaldyp otyrdy. Näçe gyza köp seredip bilsem, sonça-da özûme gowy, –ol belledi. Edil gyş pasly güne çoýunýan ýaly. Soň bu gyzy nirden gözläp tapjak diýsene? —Size orunbasar gerek bolsa giriň, bolmasa-da gidiň, meň sizsizem işim kän — diýip, gyz çürt-kesik etdi. Rahman gyzyň oturan kabulhanasynyň bosagasyndan ätledi we bar zada düşündi, gyzyň ýüzünde siňegiň ululygynda meň bardy. —Salam, men Rahman Zulfikarow, maňa şu edaranyň iň ulusy gerek — diýip, Rahman başlygyň kabinetiniň bosagasyndan ätledi. —Salam, şu edaranyň iň ulusy maňa-da gerek, —bir ýaş oglan ýylgyrdy. Eger başlyk gerek bolsa ol keselhanada, ol insult geçirdi. Eger soragyňyz wajyp bolsa şol ýerik gidiň, ol öz palatasynda kabul edýär, eger ýeňil-ýelpaý iş bolsa meniň özümem çözerin. Rahman pikire batdy, öz meselesini düşündirjek bolup wagt ýitirmelimi ýa-da göni keselhana gitmelimi? —Siz meniň edaramyň kärdeşler arkalaşygynyň başlygyna görkezme ýazyp bilersiňzimi? — diýip, Rahman bukjadan ýene şol könelip giden arzasyny çykardy. Ol arzada bir giden ýokary wezipeli adamlaryň familýalary bardy we her familiýaň deňinde gol durdy. Diňe kärdeşler arkalaşygynyň başlygy diýen ýeriň deňinde gol ýokdy. Ana şol ýeri Rahman barmagy bilen görkezip öňki aýdanynyň üstüne goşdy: –Ýa-da şujagaz ýerik özüňiz gol çekiň we möhürjigiňizem basmagy unutmaň. Ýaş oglan azajyk pikirlendi, azajyk hümledi we gep öndürdi. —Ýok, möhürleriň baryny başlyk öz ýany bilen alyp gitdi, ol hiç kime ynananok. Eger resmi dokument bolsa göni keselhana gidäýiň. Ol şol ýerde agşam sagat sekize çenli kabul edýär. Rahman 127-nji kabinetden çykyp barýarka gyzyň ýanynda saklanyp, hiç hili bahanasyz ony synlamaga durdy. Gyz hem bar işini taşlap Rahmanyň dik gözine seredip başlady. Gyzyň gözleri gaharlydy. Ol näme bolýanyna düşinmeýän bolmaly? Näme bolýanyna Rahmanyñ özem düşûnenokdy. Ol gyzy synlasy geldi, durdy hem synlady. Ikisiniň aralarynda birje stol bardy. Gyz otyrdy, Rahman bolsa dik durdy. Gyz haýaljakdan stolyň aşagyndaky gaýçyny sag eline aldy. Rahman onuň elindäki gaýçyny görse-de ýerinden butnamady. Edil şeýle gözler bilen Rahman kiçi wagty ýumurtkadan çykýan jüýjejiklerii synlapdy. Gözüňi aýyrasyň gelenokdy, her sekunt gyzyldan gymmatdy. Edil şu wagt hem şeýledi, gyzyň gahary ýuwaş-ýuwaşdan möwjeýärdi. Sekuntma-sekunt gyzyň ýüzi üýtgeýärdi, öňküsinden owadanlaşýardy. Gyza seretmek edil howa şaryny çişiren ýalydy. Şary çişirdigiňçe ol ulalýar, oňküsinden owadan bolýar, ýöne çenden aşa çişirseň şar ýarylmalydy. Gyz hem iň soňunda ýaryldy. Ol gygyryp başlady, Rahman arkasyna öwrülip otagdan çykyp gitdi. Onuň ýeňsesinden zyñylan gaýçy uçup diwara degdi. Rahman bilýärdi, gyz gaýçyny ony ýaralamak üçin zyňmady, diňe gorkuzmak üçin zyňdy. Eger ýaralasy gelen bolsa ol gaýçy hökman nyşana arardy. —Däli! — diýip, yzdan gyzyň sesi eşidildi. Keselhana gaty daşda däl eken. Rahman ol ýerik on bäş minutda pyýada ýöräp ýetdi. Öňünden çykan lukmanlardan sorap näsagy hem tapdy. Näsag alty adamlyk palatany tutuşlygyna boşadyp, ol ýerini öz iş kabineti edinipdi. Palatanyň bir çüňkünde kätip gyz otyr, ikinji çüňkünde iki sany şepagat oýasy otyr. Üçünji çüňkde bolsa içi dokumentli şkaflar dur. Edil iş kabineti, aýdara söz ýok. Näsagyň özi bolsa uly krowatda arkan düşüp ýatyr. Rahman birinji bilen kätip gyzy synlady, eger ol gyz sada bolsa diýmek başlyk bilen gürleşseň boljak. Gyz sada bolup çykdy, diýmek başlyk hem şeýledir. —Siz näme mesele bilen geldiňiz? — diýip, kätip gyz öňürtiledi. —Ony goýber meniň ýanyma, görýän welin ol ýaramaz oglan däl ýaly-la... - diýip, başlyk ýatan ýerinden samrady. Rahman kätip gyzyň deňinden geçip başlygyň ýanyna ýakynlaşdy. —Ony ýadatmaň, haýyş edýän, —kätip gyz Rahmanyň yzyndan samyrdap galdy. —Salawmaleýkim agam! - Rahman oña golaýlaşyp salam berdi. —Waleýkim inim — diýip, başlyk aýasyny uzatdy. Rahman krowatyň deňine golaýlap uzan eli tutdy we salamlaşyp ýene yza çekildi. Syrkaw adamlardan daşyrakda durmagy oňa kiçilikden öwredipdiler. Ol adam eýýäm gowja garrapdy. Depesinde birje-de gara saç ýokdy. Gözleri gowja kütelşendi, şonuň üçin uly äýnegi bardy. Döşüne çenli ýapylan ýorganda galyň kitap durdy. Rahman kitaplar bilen gyzyklanansoň ol kitabyň adyny okady. Kitap Seýsmologiýa ylymy barada bolup çykdy, Rahman üçin hiç hili gyzykly kitap dal. —Aýdyber, inim, näme hyzmat — diýip, näsag soragly ýüzüni Rahmana dikdi. Rahman içinden begendi, eger gürrüň şeýle gowy başlan bolsa, diýmek şeýle gowy hem tamamlanjakdy. —Neme agam, men neme üçin geldim... Rahmana öz arzyny aýtmaga bir zat päsgel berýärdi. Ol näsag ýatan adamy öz aladalary bilen ýadadasy gelenokdy. —Ýeri inim, dogumlyrak, dogumlyrak bolsana, hany baryňyz çykyň kabinetden — diýip, näsag öz kätibi bilen iki sany şepagat uýalaryny kowdy. Şepagat uýalary sessiz çyksalaram, kätip gyz ýylan ýaly pyşşyldap bir zatlar diýip gitdi. —Maňa jaý gerek agam, —şaýatlar çykan badyna Rahman dowam etdi. —Jaý gerek? Sen nirde işleýäň? Rahman öz edarasynyň adyny aýtdy. —Oooo, Aman Amanowiçdemi? —Näsag başlyk şol bada onuň edarasynyny tanady. —Hawa, şol Aman Amanowiç meniň arzama gol çekenok. Men işden jaý aljak bolýan başlyk. Maňa kärdeşler arkalaşygynyň goly gerek, olar bolsa adyňa jaý bolmasa jaý beremzok diýýäler. Eger siz garşy bolmasaňyz Aman Amanowiç meniň arzama gol çeker? Başlyk Rahmanyň sözlerine çalajadan güldi. Onuň gülküsine gapydan kätip gyz jyklady, ol bolýan gürrüňleriň baryny diňläp duran bolmalydy? —Seniň adyň näme inim? —başlyk elini öňe uzatdy. Rahman onuň ýanyna süýşdi. —Meniň adym Rahman agam. Başlyk Rahmanyň elinden tutup ony aşak egdi. Rahman garşylyk görkezmedi. Ol garrydan ýakymsyz ys gelýärdi. —Diňle meni Rahman, inim — Başlyk Rahmanyň edil gulagyna pyşyrdady. —sen işden jaý alma. —Näme üçin almaýyn agam? Eger kömek edip bilmeýän bolsaň göni aýdaý, meni jaý alma diýip yrjak bolmaňyz näme? —Inim, men otuz ýyllap profsoýuzyň başlygy bolup işledim. Men profsoýuz barada bar zady bilýän. —Ýeri bileňde näme agam? –Rahman oň sözüni böldi. —Dur häzir aýdaýyn, men entek SSSR ýykylmanka profsoýuzda işleýärdim, ol edara soň kärdeşler arkalaşygy boldy. Sen jaý alsaň hökman ökünersiň. —Näme üçin ökünerin — diýip, Rahman haýaljakdan gaharlanyp başlady. —Dur häzir aýdaýyn — diýip, näsag daş-töweregini gözleri bilen sermäp başlady. Iň soňunda ýorganyň üstünde duran "Seýsmalogiýa" kitabyna gözi düşdi. Ol kitap edil garryň özi ýaly könedi, SSSR döwründe çapdan çykan kitapdy. —Şäher aktiw seýsmiki zonada dur — diýip näsag dowam etdi. —Şäher nämede dur? —Rahman geň galdy. —Şäheriň duran ýerinde ýer yranmalar örän kän bolyp geçýär. Takmynan her 100 ýylda bir gezek hökman gowja yranaýmaly —näsag dowam etdi. Rahman bolsa eýýäm bu dälihanadan sypmagyň aladasyny edip başlady. —Men ýurdy korrupsiýadan we başga haramlyklardan nädip gutarmalydygyny bilýan. —Nädip? — diýip, Rahman göwünli göwünsüz hüňürdedi, oňa indi hiç zat gyzykly däldi. Ol dek şu pursatdan başlap, bu aklyndan azaşan garrydan sypmagyñ gamyny iýýärdi. —2048-nji ýyla çenli haramlyk edýän adamlaryň baryny bir zat edip şäheriň içine ýygnajak bolmaly. Halal adamlary bolsa şäherden daşyrak göçürjek bolmaly. —Ohho-howw!— Rahman elini agzyna tutdy. —Allajan bu dälihanadan gutar meni, maňa hiç zat gerek däl, diňe aklymy almasaň bolýar. —Diňle! — garry sözüni dowam etdi: —Eger 2048-nji ýyla çenli haramhorlaryň baryny şäheriň içine ýygnap bolsa, biz bir urguda haramhorlaryň baryndan dynyp bilýäris. Esasy etmeli işi ene topragyň özi edýär. Birje gezek gowja sarssa, tarp-tarp, bar zat gutardy. Garry näsag Rahmanyň elini göýberip eteginde duran kitaby ýençdi. Rahman eli boşany bilen gaçmaga howlukmady, onda bir samsyk umyt peýda boldy; belki garrynyñ aklyndan azaşanlygy oňa bähbit bolar? Belki ol şu ýagdaýda Rahmana jaý almaga kömek eder? Belki oňa näme uzatsaň hiç hili soragsyz gol çeker? Rahman bir bada bukjasyndan öz arzasyny çykarjak boldy, ýöne garry öz sözleri bilen ony saklady. —Men eýýäm ýigrimi ýyl bäri haram adamlary şäheriň içine ýygnajak bolýan. Şonuň üçin profsoýuzlaryň baryna görkezme berip çykdym. Paýlanýan jaýlaryň baryny diňe bir-iki sany jaýy bar adamlara beriň diýdim, jaýy ýoga jaý bermäň diýdim. Sebäbi halal aýlyga iki sany jaý edinmersiň. Eger bir jaýyň bolup, ýene üstine bir jaý aljak bolýan bolsaň, diýmek sen haram adam. Daş töwerekde jaýa mätäçler barka saňa artykmaç jaý nämä gerek? Goý şähere şeýle haramlar üýşsünler, goý garyp-gasarlar bolsa jaý alyp bilmän şäheriň daşynda bir ýerlerde mekan tutsunlar. Şäheriň içinde bolsa diňe hökümetiň puluny ogurlaýanlar, parahorlar we diňe öz bähbidini bilýän adamlar mekan tutsun. Ine, nesip bolsa 2048-nji ýyl geler welin tarp, biz bar haramlyklardan bir günde dynarys — diýip, garry ýene elini kitaba urdy. —Jaý alýanlaryň bary haram däldir-ä, olaryň içinde halal adamlaram bardyr-a? —hamala garrynyň gürrüňine gyzyklanma döräp başlan ýaly, Rahman ondan sorady. —Hawa gürrüňsiz halal adamlaram bar, olar ýüz adamdan birje adamlar. Ýöne togsan dokuz sany haramdan dynmaga mümkinçilik barka, bir halal adama dözmän durmarys — diýip, garry gurbaga ýaly agzyny açyp Rahmana seretdi. Rahman bolsa oýlanýardy; bu haramyň ýüzüne tüýkürmelimi ýa-da ýüzüne urmalymy? —Sen haram garry, öz samsyk nýetiň üçin tutuş ýigrimi ýyllap men ýaly adamlara jaý almaga böwet boljakmy? —Men sen ýaly adamlary ýigrimi ýyllap halas etdim. Hawa, şu wagt sen menden gaty görýänsiň, ine 2048-nji ýyl geler welin, sen maňa sag bolsun aýdarsyň, ýöne meni tapmarsyň. Näme üçin men ýer yranmadan dogry peýdalanmaly dälmişim? Tebigatyň özi bize çözgüt teklip edýär, eger müňläp adamlar ölmeli bolsa, goý haram adamlar ölsün. Rahmanyň gahary edil sallançak ýaly bat alýardy, ol eýýäm näme edýänini bilenokdy. Ol elinden içi arzaly we başga resminamaly bukjasyny gaçyrdy, oň eýýäm elleri sandyraýardy. Garry oň sandyraýan ellerini görüp öňküsinden beter ýylgyrdy. 2048-de bolmaly ýer yranma eýýäm başlaýandyr öýdendirdä işi gaýdan garry? Ýöne ol eller uzak sandyramady, olar şol bada özüne iş tapdylar; —Haram garry, meniň maşgalam seň üçin dargap barýar-da!— diýip, Rahman näsagy bar güýji bilen bogup başlady. Näsagyň agzy howa ýetmezlikden hatap ýaly açyldy, aýnegi ýüzünden sypyp aşak gaçdy we döwüldi. Rahman ony bogup öldürerdem welin, ýöne palata erkek lukman bilen kätip gyz ylgap giräýdi. Kätip gyz näsagy bogup duran Rahmany görüp bar sesi bilen gygyrdy. Lukman daýaw oglan bolup çykdy, sebäbi onuň güýji dälirän Rahmany gyra çekmäge ýetdi. —Haram garry, haram garry, men seni 2048-e ýetirmän özüm öldürerin — diýip, gyrada ýatan Rahman gygyrdy. —Ýene şol 2048-mi? —Lukman başyny ýaýkady. —Ýaşyuly, men size şol ertekiňizi hiç kime gürrüň bermäň diýip näçe gezek aýtdym? Şu gezek iň soňky gezek boldy, indi men sizi özüm dälihana ugradýan, —Ol Rahmana tarap öwrüldi: - Inim siz kim bolsaňyzam çaltyrak palatany boşadyň, bolmasa men häzir polisiýany çagyrýan! Rahmana iki gezek gaýtalamagyñ hajaty bolmady. Ol hiç zat gürlemän otagdan çykyp gitdi, ýol ugry öz ýere gaçyran bukjasynam aldy. Palatada galan garry oň iň soňky umydydy. Rahman başga edaralarada arz etmek nýetinde bardy, ýöne ýokaryk galdygyça adatdan daşary samsyklyk bilen çaknyşýany üçin nýetinden döndi. Soňy. Aşgabat, 04.08.2018. Awtory: Rahman ZULFIKAROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |