- Olary bir ýere toplaýyn. Söhbet ederis, ýagşydan ýagşy - diýip pikir etdim.
Başym çykýar nahar-şordanam. Ýazdym saçagy. Baý, iş edindim-ä. Gowy bilýän kimiň näme iýip-içmegi halaýanyny. Sowdum pul baryny.
Biriniň iýýänini o biri iýmez. Aňyrkyň içýänini bärkisi içmez. Taýyn etdim dört kişilik saçagy. Hem ýakdym şemleri. Hä.. olar Erik Satiň aşygydyr. Ýadyma düşdi. Aýtdyrdym onuň sazlaryn.
Geldiler.
20 yaşynda men, 35 yaşymda men, 40 yaşymda men we bugünki men - dördümiz.
20 ýaşymy oturtdym 35 ýaşymyň garşysynda. 40 ýaşymyň öňünde-de özüm oturdym. Birden, ýigrimi ýaşym otuz bäş ýaşyma köneçil diýdi. Kyrk ýaşym akmak diýdi ikisine-de.
Köşeşdirjek boldum. - Işiň bilen bol, garry - diýdiler. Turdy uly galmagal. Goňşular aşakdan hem ýokardan kakdy diwara. Ýigrimi ýaşym kyrk ýaşyma zyňdy käsäni.
Öýüň-ä işini gördüler.
Özümde belaň körügi. Nämä çagyrýaň öýüňe tanamaýanlaryňy…
-Şunları bir araya toplayayım. Bir güzel muhabbet edelim- diye düşündüm.
Mutfak işinden de anlarım. Donattım sofrayı. Bayağı uğraştım. Hepsinin, ayrı ayrı ne yemekten, ne içmekten hoşlandığını iyi bilirim. Bayağı da para gitti.
Birinin yediğini öbürü yemez. Ötekinin içtiğini beriki içmez. Dört kişilik sofra kurdum.
Mumları da yaktım. Bak hepsi, Erick Satie severdi. Hatırladım. Müziği de ayarladım.
Geldiler.
20 yaşında ben, 35 yaşımda ben, 40 yaşımda ben ve bugünkü ben dördümüz.
Birden 20 yaşımı, 35 yaşımın karşısına oturttum. 40 yaşımın karşısına da, ben geçtim. yirmi yaşım, otuz beş yaşımı tutucu buldu. Kırk yaşım ikisinin de salak olduğunu söyledi.
Yatıştırayım dedim. -Sen karışma moruk- dediler. Büyük hır çıktı. Komşular alttan üstten duvarlara vurdular. Yirmi yaşım kırk yaşıma bardak attı.
Evin de içine ettiler.
Bende kabahat. Ne çağırıyorsun tanımadığın adamları evine …
Bäh! Ýaman üýtgeşik pikirli goşgy ekeni. Birnäçe sany öz-özi bilen deňňene guramak, soňam sögüşip, "toý bulady" etmek. Ýüzleý duran ideýasy güýçli: "Adam öz-özi bilen oňuşmaýar, onsoň özge bilen nädip oňuşsyn?!". Ondan aşakda nähili ideýa dur? Pikirlenmeli... Onsoňam özüm üçin şu goşgyny okap bir zady belledim - öň diňe pars dilini şeýle owadan, gulaga ýakymly, mukama meňzeş tüýs şygryýetiň dili diýip hasap edip ýördüm welin, türk dilem gaty owadan, şirin dil ekeni. Ýa, biziň dilimizde-de Magtymgulyň, Zeliliň, Mätäjiň, Gurbannazaryň goşgulary beýleki milletler üçin şoň ýaly süýji owazly eşidilýärmikä?! Belki öz dilimize halys gulagymyz öwrenişendir-de, indi göwnümize (has takygy gulagymyza) oň owadanlygy özgeleňkiden pes, gödegräk ýaly bolup durandyr?!
Serimni söwdaga salgan serwime arzym aýdaýyn, Semender deý sargaryp, ataş şerabyn dadaýyn, Dostlarym, deň-duşlarym duşman bolupdyr, nädeýin, Şol sebäpden aglaýyr men näzli ýar elden gider.
Gözlerim görmez diýip göwnüme getirmedim, Sagdyýu, Seýpelmelekniň yzyny ýitirmedim, Sarnaýyp şamu-säherler, illeri ýatyrmadym, Neýleýin, sabrym bilen hem karar elden gider.
Men oňa sadka bolaý hem dahy çopany, guly, Agyr märeke era üm bilen düşir dili, Onuň ysy müşki-anbar, istemes men her güli, Engury, injiri, hurma, alma-nar elden gider.
Bezenip beýge çykanda, begleri berbat kylasy, Saglary telbe kylyp, telbeler syçrap galasy, Ele düşüp ekdi bolgan boz keýikniň balasy, Awçylaryň awlagy ak maral elden gider.
Men bu gün matam tutup, Mätäji goýdum adyma, Perwana dek pyrlanyp, peýker ýanadyr oduma, Her zaman yhlas bilen ismi düşerdi ýadyma, Aýralyga döze bilmen, zary-zar elden gider.
Öňki teswirde görkezilenler bilen birlikde, türkmen diliniň ulanylyşynyň beýleki mysallaram bar. Mysal üçin:
Gudraty güýçli, enelerimizi şeýlebir tämiz edip ýaradypdyrki, olaryñ dogran çagasyndan ýeke tegmil tapmak mümkin däl. Emma ynsan balasy öz hapalan dünýäsiniñ kirşeñine garylýandygy üçinem, ýuwulyp ugradylmaga mejbur bolýar...
***********************************
Bizde müçenama ynançlaryna görä "syçan" ýylynda doglanlarda syçanyñ, "doñuz" ýylynda doglanlarda doñuzyñ, "goýun" ýylynda doglanlarda goýunyñ häsiýetini görüp bolýandygny aýtýalar. Eger-de bu ynançlar hakykat bolsa käte bize "adam" ýylynyñ kemlik edýäni duýulýar.
***********************************
Aýal-gyzlarmyzy şöhrat üçin ýazylyp, haýadan daşrakda döredilen templi aýdym-sazlardan gorañ! Çünki aýdymyñ beýhuşlylyk täsirliligi beýlekileriñkiden has tapawutlydyr...
***********************************
Bu dünýäde hemme ogrudyr! "Men ogurlyk etmedim" diýip özüñ aklajak bolma! Ejeñ näçe gijelik ukusyny ogurlanyñ hakynda pikir edip gördüñmi?
"Ogurlyk" diýen düşünjäň mazmuny hakda: Muňa has doly düşünmek üçin oň düzüm böleklerini aýtmaly. 1.Ogurlanýan emläk kesekiňki bolmaly; 2.Emläk, eýesiniň erkiniň garşysyna alynmaly; 3.Eýesinden gizlin alynmaly (sebäbi eýesi bilse, gaňryp alsaň - talaňçylyk bolýa, ýenjip alsaň - garakçylyk, aldap, ynamyna girip alsaň - kezzapçylyk, gorkuzyp, özi berer ýaly etseň - şantaž bolýa).
Kim ogurlyk üçin jogapkärçilige degişli: 1.Adam bolmaly (haýwan ogurlasa, haýwanyň özi jogapkärçilige degişli däl, eger-de kimdir biri haýwany ulanyp ogurlyk etse, onda ogurlyk etdirilen haýwan "jenaýatyň serişdesi" hasaplanýar); 2.Akly düzüw bolmaly (däli bolsaň, bellenilen ýaşa ýetmeseň, öz eden etmişiňe düşünip, şony isläp etdigiň hasaplanmaýar); 3.Bellenilen ýaşa ýeten bolmaly (Bu talap, ýokarkydan gelip çykýar. Sebäbi belli bir ýaşa ýetmedik çaga edýän hereketine akyl ýetirmeýär diýlip hasap edilýär. Başgaça aýdylanda, kämillik ukyby ýok. "Dile geldi, bile geldi" biziň kanunçylygymyzda ogurlyk üçin jenaýat jogapkärçiliginiň ýaşy 14 ýaş).
Indi bu "aforizmde" logika hany? "Çaga" diýlende, hukukda, adam diri doglan pursadyndan başlap, doly däl kämillik ukybyna eýe bolýança (14 ýaş) hasaplanýar. Adamyň ýasalyşy şeýle: ejesini "ukusyz" goýulýan gijeler köplenç bäbeklikde bolup geçýär. Adatça 0-3 ýaş aralygynda. Diýmek, hiç zada akly ýetmeýän bäbek ogrumy?! Onsoňam emläk eýesiniň hiç hili aldawsyz-zorluksyz, meýletin bagyş eden zadyna "sowgat" diýilýär.
Elbetde, käbir halatlarda "goşguda mantyk gözlemek gerek däl" diýýýärler. Kä ýerde bu aýtgyny hemme çeper söze ýaýratmak isleýärler. Meň pikirimçe welin, logika gerek. Sebäbi logikaň ýok ýerinde manam bolmaýar. Aslynda, gadymy grekler tutuş Älemiň gözbaşy Logos diýip ykrar edipdirler we ony Haos-a gapma-garşy goýupdyrlar. "Logika" düşünjesem hut şol "Logos" diýen sözden gelip çykýar. Onsoňam has çuňňurrak pikirlenseň Haosyň (Tertipsizligiň) hut öz düzüminde-de Logos (Tertip) bar. Tersine Logosyň düzüminde-de Haosyň düşnügi hökman dur.
Şuň bilen bagly bir rowaýat ýadyma düşdi:
Keýmir kör heniz Keýmir serdar däl-de Tagandurdyka, ýagny ýaş wagtlary, bir kelpeňräk ýaşytdaşy bilen Balkan taraplarynda bir obada myhman düşlemeli bolupdyr. Ýoldaşynyň ýagdaýyna belet Keýmir, öýe girmänkäler oňa zynharlap tabşyrylypdyr: “Gürläýmegin gardaş, Alla senem, menem şalpar diliňden gorasyn, gepläýmegin! Gaýrat et, ýuman agzyňam açaýmagyn! Ýogsa sen-ä bir zat diýýäň goýberýäň. Onsoň seň aýdanyňy maňa tasa getirmek kyn bolýa”. Emma, töre geçilip, ýagly söwüşden doýlandan soň, hum çäýnegiň başynda öýe eýeleri dessura görä myhmanlara gören-eşiden täzeliklerinden gür bermegi haýyş edipdirler. Onsoň Keýmir gyssanman, her bir sözüni seljerip, ýolda-yzda gören zatlaryny habar berip oturanmyş welin, ýaňky kelpeň zaluwadyňam özüne “barmysyňam” diýilmän Keýmiriň agzyna garalyp oturylmagyna içi ýanýarmyş. Ahbetinem öz ýanyndan çişip-çişip, birdenkä morta ýarylyp goýberipdir: -Ýaňy ýolda gelýärkäk,al-asmandan itiň üýrýän sesi geldi! Öý eýeleri aňk-taňk bolşup, myhmanlaryň ýüzüneseredişipdirler. “Ýalan aýtma!” diýip öz öýüňde gonagyň üstüne çöwjäp dursaň-a bir däl, “dogry” diýip ýalan sözi tassyklap “hä-hüm” beren bolup otursaňam ol hem gelşiksiz. Gyzan söhbede suw sepilip, içerä oňaýsyzlyk aralaşypdyr. Hernä, Keýmiriň hemişekisi ýaly kellesi çalt işläp ýetişipdir. Käsesinden owurtlan bolupdyr-da: -Hawa, ýaňy gelýärkäk, bir uly bürgüdiň çopanyň itiniň eslijegüjügini ýerden kakyp alaga-da hol al-asmana göterip gidendigini gördük. Ol güjük janawerem uçup barýan bürgüdiň penjesinde hem üýrýär, hem çyňsaýar. Ýoldaşym şony aýtjak boldy-la!-diýip, ýüzüniň ugruna gürrüňdeşligi öňki hörpüne getirýär.
ogrulygy, talaňçylygy, garakçylygy, kezapçylygy we şantažy kanuny tarapdan aýyl-saýyl edeniňe-de minnetdar. professionallarça düşündirdiň. ol pähimlere-de täzeden seretmeli etdiň. --- rowaýatam gowken. öň eştmäntim. öwrenäýmelken :-) rowaýatdan soň şoňapodobnyý andigidot:
Солдат спрашивает у сержанта: – «Товарищ сержант, а крокодилы летают? – Ты что, рядовой, совсем дурак, они ж крокодилы, как они летать могут. – А вот товарищ генерал на днях сказал, что летают. – Ну, вообще-то, конечно, летают, но низенько-низенько».
Yone biz mydama birini kiceldip beyleki birinem mahabatlandyryp yorsek bilmanjik geceris. Kelpeñ asmanda uyrdi diyip yone yere aytmaz. Aytsa da emmasy bardyr. Hakykam it uyren bolaymasyn .
ýelena hanym, bu bolşuň-a adwokatlykdan başga zat däl. şol kelpeň-ä hakykatdanam kelpeňligini etdi. keýmirem parasadyny görkezdi. ana, ýene bir pähim kellä geldi: (цензура-syz) "Gepläp bilmez agyzdan, syçyp bilmez göt ýagşy". bu, häki asmandan it sesi eşitýänler ýalylara aýdylýan gep.