06:47 Söýşüñ ýaly söýülersiñ... | |
SÖÝŞÜÑ ÝALY SÖÝÜLERSIÑ
Goşgular
Ýeriñ seni çekişi deý agyrsyñ Ganatlaryñ çyrpynyşy deý kiçi... Ýüregiñ urşy deý urup duransyñ Hem gözleñ uzakdan görşi deý ýiti... Örän mähribansyñ ýakynlaryña Jynyñ almaýana erbetsiñ gaty... Ne reñkde bolsa-da gaşlaryñ gözüñ Garşydaşyñ görşi ýalydyr ýüzüñ. Geçen ýollaryñy nep hasaplama Ýetmek kynam däldir ýollañ ahyrna. Nähili ýaşasañ ýaşa, Söýşüñ ýalydyr ömrüñ... Näçe gülüp bilseñ şonça bagtlysyñ Gynanma hiç, aglaýşyñ deý gülersiñ Hemme zady bir günlikdir öýtmegin Söýşüñ ýaly söýülersiñ. Gün dogar çagdadyr gadyr-gymmatyñ Hem özgäni sylaýşyñça adamsyñ Eger bir gün ýalan sypsa diliñden Goý, özge ha ynanmasyn, ynansyn Aýyñ ýagtysynda ýar arzuwynda Daş boldukça söýgüliñe ýakynsyñ. Ýagyş ýaganynda ezil, süllümbaý Gün şöhlesi endamyñy ýylatsyn. Özüñi ýeke duýsañ ýekesiñ Güýçli duýsañ hem güýçli. Özüñi gözel saý, şonça gözelsiñ... Ynha, şudur durmuş! Şudur ýaşamak! Diñe şuny unutmasañ ýaşarsyñ, Muny undanyñda alan her demiñ deý üşärsiñ Hem özgäni unduşyñ deý ýatdan çykyp gidersiñ. Gül suwdan gandykça görke aýlanýar Guşlar uçýandygy üçin gözeldir Bäbek bäbekligi üçin aglaýar Hemme zady öwrenşiñ deý bilersiñ Muny-da öwren: Söýşüñ ýalam söýülersiñ! Terjime eden: Has Türkmen. | |
|
√ Walid ogly sen Halid / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Takdyr / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Watan / Goşgular - 25.11.2024 |
√ Kim görer hurşydy, ol mahy-sima bolmasa... / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Ýaşlyk döwrüň ýatlamasy / Goşgular - 03.06.2024 |
√ Soñudagy / Goşgular - 06.07.2024 |
√ Eý, Isa demli toty, eý, şirin sesli bilbil... / Goşgular - 04.08.2024 |
√ Baýram handan gazallar / Goşgular - 14.08.2024 |
√ Patyşahym, sen geçirgil gerçe guldandyr hata / Goşgular - 11.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |