16:48 Adam eli - gyzyl gül | |
ADAM ELI – GYZYL GÜL
Medisina
Kyrk ýaşlaryndaky nähoş adamy keselhana getirenlerinde aýagynyň agyrysyndan ýaňa ýöräp bilenokdy. Megerem ol bu kesel bilen uzak ýyllaryň dowa- mynda göreşendir. Beýniňi iýip barýan güýçli agyry hemem uzak ýyllaryň keselçiligi bu adamy halys bir gysym edip taşlapdyr. Men diýen wagty beýle-beýle ýagdaýa uçramak ony göwnüçökgünlige iteripdir. Tejribeli doktor şeýle ýagdaýdaky kesellini ilkinji gezek görmeli däldi. Rentgendir beýleki analizlerden soň, onuň kelle beýnisinde çişiň emele gelendigi takyklanyldy. Doktoryň operasiýasy adatdakysy ýaly şowly geçdi. Emma az wagtdan ýaňky ýigit ýene-de kesel tapyndy oturyberdi. Indi onuň keseli onko- loglara degişlidi. O ýerde-de yhlas bilen edilen operasiýadan soň, diňe gowulyga garaşylýardy. Emma... Hawa, emma S. ýene-de gaýra üzüldi. Has agyr derde uç- rady. Onuň indi ne eli, ne-de aýagy ysýardy. Munuň üstesine-de inçekesele hem ýolugypdy. «Çykmadyk janda umyt bar» diýleni. Agyr derde duçar bolan bu adam ölüm bilen göreşýärdi. Şol döwürräkde aýaly hem «namartja olam, sagja olam» diýýär-de, başga biri bilen goşuny birikdirýär. Kesellini ýene-de başdaky operasiýa edilen ýere–ýaňky doktoryň ýanyna getirýärler. Ony ysmaz keseline uçradan zat arka beýnisinde dörän çişdi. Ol indi üçünji sapar agyr operasiýany başdan geçirmelidi. Aýaly bilen baglanyşykly wakany hasap edende weli dördünji sapardy. Men bu adaty däl ýagdaýy başdan geçiren adamyň soňky ykbalynyň nähilelik bilen gutarandygyny öňünden bilmek üçin howlugyp, doktora sowal bilen ýüzlendim. – Gutuldy, elbetde, gutuldy - diýip, Ýuriý Mihaýlowiç jogap berýär. – Ol häzir sag-aman ýaşap, işläp ýör. Ol keselhanadan çykjak pursaty, hoşlaşyp durka, maňa şeýle diýdi: – Doktor, men gör, nähili bagtsyz adam ekenim. Men diýen wagtym näçe agyr operasiýany başdan geçirdim. Onuň üstesine-de bir gapydan girip-çykyp ýören aýa: lyň... – diýdi-de, hamsykjak ýaly etdi. Men bolsa, onuň egnine elimi goýdum-da: – Mähriban dost, muňa durmuş diýerler. Ýöne bary-bir sen bagtly ýigit ekeniň. Ölümden rüstem çykdyň – diýdim. Ol meniň bilen ylalaşýan äheňde, baş atdy-da ynamly ädimläp çykyp gitdi. Ýigidiň durmuşa bolan ynamyny has-da berkiden, ömrüne ömür goşan doktor Ýuriý Mihaýlowiç Wolobuýewdi. Ol ýigidiň ölumden rüstem çykmagyna-da hut Ýuriý Mihaýlowiç hemaýat beripdi. Eýsem-de bolsa, adamlary agyr beladan dyndaryp, olara ikinji ömri sowgat berýän bu lukman ömründe näçe adamy halas etdikä ?! ...Kiýewde doglan Ýura on iki ýaşyndaka ejesi bilen Aşgabada göçüp gelýärler. Onuň ejesi şo wagta çenli Kiýewde, soňam Ýaltada meterolog bolup işleýärdi. Ýura Aşgabatda orta mekdebi tamamlady. Medinstituta okuwa girdi. Şo ýerdenem 1943-nji ýylyň fewralynda meýletinlik bilen Watan goragyna gitdi. Howa desant polkunda söweş ýoluny geçen ýefreýtor Ýuriý Wolobuýew Donbasy, Belorussiýany, Wengriýany, Awstraliýany nemes faşistlerinden azat etmeklige gatnaşdy. Ýeňiş habaryny Çeh topragynda garşylady. Uruş gutarandan iki ýyldan soň Ýuriý Wolobuýew goşundan boşadyldy. Gelibem ol soldat geýiminde medinstitutda okuwyny dowam etdirdi. 1955-nji ýylda hirurgiýa ugrundan dissertasiýa gorap, Ýuriý Wolobuýew medisina ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejesini aldy. Ol professor Mastkowynyň ýolbaşçylyk eden hirurgiýa kafedrasynda on iki ýyllap assistent bolup işledi. Şol ýyllaryň içinde, ol bir zatdan – 1948-nji ýylyň 5-nji oktýabr gijesi bolup geçen tebigy betbagtçylygyň hasratly günlerinde göwnüne ymykly düwen pikirinden birjik-de dänmedi. Ýatsa-tursa şol arzuw bilen ýaşady... – Baryp-ha 35 ýyl mundan öň tebigy heläkçilige uçran Aşgabat hem-de onuň şol hasratly gijeleri we gündizleri meniň göwnüme bolmasa dek düýnüň özi bolup geçen ýaly gözümiň öňünde – diýip, Ýuriý Mihaýlowiç aýtdy. Has takygy bu şeýle bolupdy. ...Bäşinji oktýabr gijesi itleriň uzyn-uzyn zarynlap uwlamasy bir ajy habary getiräýjege meňzeýärdi. Pişikleriň hem öýe gara bermezligi gaty geňdi. Emma ýek-tük adam bolaýmasa, näme üçindir muňa kän bir pitiwa eden bolmady. Ine-de gijäniň bir wagty agyr güwwüldi peýda boldy. Soňam ýer sarsyp gitdi. Ol nämäň-nämedigini hakydasyna getirip bilmän düýşüne uruş wakalary girýändir diýip çaklady. Emma göz açyp-ýumasy salymyň içinde munuň düýşi däl-de, özüniň has bir elhenç belanyň holtumyndadygyny duýup, ýatan ýerinden ok ýaly atylyp daşaryk çykdy. Şol barmaşa-da öý pagyş-para bolup, aşak çökdi. Iki ýana yranýan agaçlar ýere siňip barýan belent jaýlaryň gum tüssesinden ýaňa sap-sary reňke boýalan ýalydy. Birdenem bütin dünýäni tümlük gaplap aldy. Ähli ýerden ýüregiňi dilip barýan agydyr, kömek soraýan naýynjar sesler eşidilýärdi. Onuň üstesine-de her ýerde-her ýerde döreýän ýangynyň alawy gaty hopukdyryjydy. Ýer weli sarsmasyny dowam etdirýärdi. Birbada ýykylmadyk diwarlar birden gürpüldäp gaýdýardy. Mundan bäş minut öňem dik duran belent jaýlar sähel salymyň içinde tep-tekiz bolupdy. Ine-de şo barmaşa Ýuranyň kakasy professor Boris Leonidowiç Smirnowyň ýeriň astyndan çykýan gyryk sesi eşidildi: – Ýura, entek meni azar edinme, Bahymrak bol-da ejeňe kömege ýetiş. Men dem alyp bilýän. Lýudmila Erastownadan hiç hili ses-seda çykanokdy. Haýsy ýerräkdekä? Ine, şonda oňa wepaly dosty Wolçýok atly iti kömege ýetişdi. Ol aldygyna haraba- çylygy aýaklary bilen gazalaýardy. Ýura-da pursaty elden gidermän, onuň gazýan ýerini arçamaga durdy. Ilki bilen ele ilen zat ýassyk boldy. Bu Lýudmila Erastownanyň başyny goýup ýatan ýassygydy. Ýassygy çekip aldy-da eli bilen sermemäge durdy, şo wagtam onuň eli ýumşak zada degip gitdi. Onuň ýüregi jigläp gitdi. Ejesi kesegiň astynda dem-düýtsüz ýatyr. Oňa çenli Ýuralaryň goňşusy ylgap geldi. Olar bileleşip Lýudmila Erastownanyň üstündäki agyr zatlary aýyrdylar hem-de ony usullyk bilen çekip aldylar. Olar Boris Leonidýewiçiň sesinden çen alyp, halas etmäge girişdiler. Ony hem gazyp diýen ýaly çykardylar. Boris Leonidowiçiň bagtyna kitap stellajy ýetişen ekeni. Şol aralykda ol täze kitabynyň golýazmalarynyň gözlegine çykdy. Ol tagtadyr pürsleri agdaryp ýörkä, ýer ýene-de güýçli sarsyp gitdi. Emma hiç kim zyýan çekmedi. Ýuriý Mihaýlowiç sözüni dowam etdirýär: – Biz ejeme hem-de goňşularymyza kömek berip, olary ýeke-ýeke tükellänimizden soň newrologiýa institutyna tarap haýdadyk. Ýolda ýykylyp-sürşüp instituta geldik. Bize bu ýerde hiç kimiň agyr zyýan çekmändigini aýtdylar. Şondan soň Boris Leonidowiç maňa ýüzlenip: – Bahymrak bar-da kim diri galan bolsa, deň-duş dostlaryňy Karl Marks ploşadyna ýygna. O ýerde gospital gurnasak, olaryň kömegi gerek bolar. Onsoňam öňüňden çykanlara ýaralylaryň ploşada ýyg- nalýandygyny habar beriň! Men kerpiçdir döwük aýnalaryň üstünden aýakýalaňaç ýörep, ýola düşdüm. Orta ýola ýetmäkäm, önümden Senýa Riskin, Arkaşa Deýew.., dagy çykdylar (gepiň gerdişine aýtsam S.Riskin häzir TSSR saglygy saklaýyş ministrliginde baş fizioterapewt, bölüm müdiri A.Deýew bolsa Moskwada ýaşaýar, medisina gullugynyň polkownigi). Ýolugra student ýoldaşymyz Maýa Krylowa, ýene-de özümiz ýaly 2-nji we 3-nji kursly studentlerden 2-3 adam bize goşuldy. Biz zordan diýen ýaly, harabalyga öwrülen dermanhanany tapyp, bintdir ýod, spirtdir pagta alyp, ploşada tarap ugradyk. Gelsek professor B. Smirnow bilen dosent G.A.Beburişwili (baş dekan) dagy bize garaşyp oturan ekenler. Haý diýmän fakultet hirurgiýasynyň starşiý operasion medsestrasy E.A.Žukowa hem geldi. Onuň bedre- sinde klinikanyň harabaçylygyndan ýygnan hirurgik gurallary bardy. Professorlar M.I.Mastkowyý bilen I.F.Berezin hem gelip ýetişdiler. Kimiň näme iş etmelidigi anyk edilenden soň, haýdan-haý işe girişildi. Ýaýylyp ýatan uly meýdana tarap adamlar yzy üzülmän ýygnanýardylar. Kimsiniň arkasynda iňňildäp duran çalaja ýaraty bolsa, kimsi zordan agsaklap gelýärdi. Biz şol aralykda bir ýerden birnäçe stoly süýräp getirdik-de, olaryň üstünde operasiýa eder ýaly edip goýduk. Özümiz hem her hirurgyň ýanyna birden-ikiden berkidildik. Biz ýaralyny stoluň üstünde uzynlygyna ýatyryp, operasiýa wagtynda gymyldamaz ýaly, pugta tutup durmalydyk. Çünki narkoz azajyk bolansoň, birnäçe operasiýadan soň, derrew gutarypdy. Hawa, olar şeýle ýagdaýda uzak günläp işlediler. Hiç kim ýadawlykdan nalanokdy. Ýaşlary birçene baran professorlar ýigitlik gujury bilen işleýärdiler. Garaňky gatlyşandan soň Bakuwdan, Daşkentden kömege gelen wraçlar meýdan gospitallaryny guramaga girişdiler. Olar muny awtomobil maşynlarynyň çyralarynyň ýagtysyna edýärdiler. Ine, şondan soň halys surnugan aşgabatly medikler az-owlak ymyzganmaga wagt tapdylar. Ine, şol gün hem student Ýura haýsy ugurdan gitmelidigi barada belli-külli netijä geldi. Şol günüň ertesi Ýura we onuň ýoldaşlaryna zyýan çekenleri DOSAAF-yň aerodromyna äkitmegi tabşyrdylar. Ol ýerdenem gaýdyşyn dürli medikamentleri, bintdir nosilka we gaýry zatlary getirmelidi. Ol adamlara mugt çörek, süýji, et, geýim-gejim, çadyr ýaly zerur zatlary paýlaýardy. Ýer titrän gijesiniň üçünji güni olar medinstitutyň howlusyna ýygnandylar. Gysga miting geçirildi. «Tebigy heläkçiligiň öňünde ýöwsellemeris. Mähriban şäherimizi we medinstituty täzeden dikelderis!» diýip bir adam ýaly söz berdiler. Mitingde studentlerdir mugallymlaryň familiýalary okaldy. Olaryň arasyndan sähel azragy diýen ýaly ses bermändi... Mitingden soň doktor P.A.Stefanskiý Ýurany ýanyna çagyrdy-da: – Sen köne soldat. Çadyr gurmana-da ökde. Şu wagt ýoldaşlaryňy al-da, birinji parka bar. Ol ýerde keselhana üçin çadyr gurarsyňyz diýdi. Eýsem-de bolsa, olaryň guran çadyrlarynda gyssagly operasiýalaryň gör, näçesi edilipdi! Gör, näçe adam halas edilipdi! Bir kem altmyş ýaşan dosent Ýuriý Mihaýlowiç Wolobuýew bu gün TSSR saglygy saklaýyş ministrliginiň baş neýrohirurgy, medisina institutynyň neýrohirurgiýa kursunyň müdiri, TSSR-iň at gazanan wraçy, respublikanyň at gazanan radionalizatory, oňa Türkmenistanda neýrohirurgiýa gullugynyň gözbaşynda bolup ony ymykly ýola salmak bagty miýesser etdi. Ol indi köp ýyllardan bäri neýrohirurglaryň Bütinsoýuz jemgyýetiniň prawleniýesiniň çleni. Ýogsa-da Aşgabatda Wolobuýewden öňem neýrohirurgiýa operasiýalary geçiren adamlar bardy. Bu ilkinji operasiýalar newrologiýa kafedrasynyň müdiri professor (soň akademik) Boris Leonidowiç Smirnowa hem-de onuň şägirdi wraç M.I.Şapkaýsa degişlidi. – Onda ilkinji neýrohirurgik endikleriňizi Boris Leonidowiçden öwrenipsiňiz-dä? – diýip, men oňa sowal berdim. – Gürrüňsiz. Onuň ýetişdiren şägirtleri bir ýa-da iki däldi. Boris Leonidowiç adamkärçilik babatda-da, lukmanlyk babatda-da köp nusga alarlyk adamdy. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda kellesinden ýaralanan esgerleriň birtopary Aşgabada getirildi. Boris Leonidowiç şol döwürde gijesini gündiz edip işledi. Oňa 1944-nji ýylda Sowet Soýuzynda ilkinji bolup bil oňurgada dörän grižany operasiýa etmek başartdy. Haýp, 1948-nji ýylyň ýer titremesiniň beren zyýany zerarly, ol neýrohirurgiýa babatda edýän operasiýalaryny seýrekletdi. Ol indi ýek-tük bolaýmasa, operasiýa edenokdy – diýip, Ýuriý Mihaýlowiç aýtdy. Ol şeýle diýdi-de ýatlamalar kölüne batdy... 1964-nji ýylda Pirogow adyndaky respublikan kliniki keselhanasynyň newrologiýa bölüminde neýrohirurgiýa üçin 8 sany koýka goýuldy. Operasiýa etmek üçinem bir otag berildi. Ähli personal hem bir wraçdan, birem medsestra bilen sanitarkadan ybaratdy. Ine, şeýle ýagdaýda Ýuriý Mihaýlowiç kelle beýnisinde dörän çiş zerarly ezýet çeken adamlaryň kyrk ikisine şowly operasiýa etdi. 1965-nji ýylyň aprelinde bolsa ministriň buýrugy bilen keselhanada 30 adam üçin niýetlenilen neýrohirurgiýa bölümi açyldy. Şonda buýruga heniz gol çekilmänkä, ministriň kabinetinde bolan gürrüň henizem Ýuriý Mihaýlowiçiň ýadynda. Ministr ondan ilki bilen nämeden başlajagyny sorady. – Elbetde, kadrlardan başlamaly bolarys. Ýöne ol kandidaturalary ministrligiň kadrlar böluminde saklanylýan şahsy delolardan däl-de, ony gözläp tapmaklygy meniň öz ygtyýaryma bermegiňizi sizden soraýaryn. Ministr jogabyny kän eglemedi. – Baş üstüne! Şondan kän salym geçmänkä, Ýuriý Mihaýlowiç bile işleşäýjek wraçlary töweregine ýygnap bildi: harby gospitaldan Swetlana Aleksandrowna Sadykowa, «Tiz kömekden» Irina Tigranowna Solomensýewa, Marydan Ysmaýyl Aýuboniç Rustamow dagylar Ýuriý Mihaýlowiçiň şägirdi bolmaklyga şobada razylyk ber- diler. Ýuriý Mihaýlowiç bir wakany ýatlaýar. On sekiz ýaşly gyzy neýrohirurgiýa bölümine getirenlerinde onuň haly teňdi. Gyzy göter-göter edip palata saldylar. Ol ýöräp bilenokdy. Onuň gözleri doktordan haraý gözleýärdi. Bu naýynjar bakyşdan köp-köp zady okamak bolýardy. Ýaňy durmuşyň bosagasyndan ätlän wagtyň, ýaňy durmuşyň hözirini görjek wagtyň hemme zatdan armanly bolaýmalymy?! Ozalam başga bir keselhanada üç aýlap diýen ýaly ýatan nähoş gyzyň ýagdaýy ýüregiňi gyýym-gyýym edýärdi. Gyzyň bil oňurgasyna zeper ýetendigi anyklanyldy hem-de operasiýa taýýarlyk görüldi. Bu gezegem operasiýany Ýuriý Mihaýlowiçiň özi alyp bardy. Operasiýa alty sagatlap dowam etdi. (Häzir Ýuriý Mihaýlowiç şeýle operasiýa bir ýarym sagat sarp edýär). Şondan öň gyzyň ejesi bilen gürrüňdeş bolan doktor öz kär- deşlerine bu mährem aýal hakda alada etmekligi buýurdy. Gyz keselhanada uzak wagtlap ýatmaly boldy. Indi her gezek Ýuriý Mihaýlowiç ol gyzy görende öz perzendine gözi düşen ýaly bolýar. Ýogsa-da Ýuriý Mihaýlowiçiň iki sany gyzy bar. Uly gyzy Anýa şu tomusda medinstituty tamamlaýar. – Onda «Ata kesbi–gyza halal» diýmeli-dä! – Hawa, şeýle diýseňem bolman durjak däl. Ýöne Anýa başga bir ugurdan–hirurgiýadan gider. Galanynam näme–wagt görkezer. Anýa Wolobuýewa orta mekdebi tamamlansoň, medinstitutda okuwyny dowam etdirdi. Ol gündizine okap, gijesine hem kakasynyň ýanynda işlemegi makul bildi. Ilki sanitar bolup işledi, soň medsestra boldy. Garaz, dört ýyllap kakasynyň ýolbaşçylyk edýän bölüminde işläp, lukman zähmetiniň änigine-şänigine çenli belet boldy. Şonuň üçinem onuň özüniň saýlap alan hünärine ikilik etmejekdigi bellidi. Ýuriý Mihaýlowiç ylmy işleriň 165-siniň awtory. Ol özüniň işlän döwri içinde rasnonalizatorçylyk teklipleriň 154-sini orta atdy. Onuň bu teklipleriniň köpüsi Soýuzymyzyň neýrohirurglary tarapyndan kabul edildi. Şol teklipleriň biriniň awtorlyk şahadatnamasynda ataly-gyzyň adynyň bolmagy hasam gyzyklydyr. Ýuriý Mihaýlowiç Wolobuýewiň adyna Wladiwostokdan, Çitadan, Kiýewden, Nowosibirskiden... iberilýän hatlarda, kärdeşleri ondan ýazan gollanmalaryny ibermegini haýyş edýärler. Olaryň haýyşy höwes bilenem kanagatlandyrylýar. Ýuriý Mihaýlowiç Gippokratyň kasamyna wepaly adam. Ondan delalat gözläp, respublikamyzyň dürli ýerlerinden, hatda onuň çäginden daşardanam nähoşlar gelýär. Biz Ýuriý Mihaýlowiç bilen gürleşip, ýuwaşlyk bilen palata girdik. Ol palatada ýatan bir ýaş ýigidiň ýanynda saklandy. Hossarlary tarapyndan Bakuwdan getirilen ýigit ýöremeden hem galypdy, gepläp hem bilenokdy. Ýuriý Mihaýlowiç oňa ikinji gezek ömür sowgat berdi. Indi ol ýigit ýöräp hem bilýär, geplemäni hem täzeden öwrenýärdi. Doktor Ýuriý Wolobuýewnň soňky gezek eden operasiýasy Orta Aziýada ilkinji sapar edilipdir. Respublikamyzyň uzak obalarynyň birinden agyr halda getirilen gyz bu hakda hiç zat bilenokdy. Ýöne ol öz halasgärine çuňňur minnetdarlyk duýgusy bilen seredýärdi. Ýuriý Mihaýlowiç öz kakasy, Türkmennstanda newrologiýa hem-de neýrohirurgiýa ylmynyň düýbüni tutan Boris Leonidowiç Smirnowdan gaty köp zatlary öwrendi. Akademik B. Smirnow gadymy hindi eposy bolan «Mahabharatany» rus diline terjime etdi. Wakalary 2500 ýyl mundan ozal bolup geçen bu epos sanskrit dilinde ýazylypdy. «Mahabharatanyň» rus dilinde terjime edilmegi sözüň hakyky manysynda ylmy edermenlikdi. Akademik ýogalandan soň, «Mahabharatanyň» oňunjy kitabynyň tekstini onuň aýaly Lýudmila Erastowna hem-de aýal dogany Anna Erastowna neşire taýýarladylar. Ýuriý Mihaýlowiç bolsa eposyň gadymy hindi ýadygärliklerine degişli suratlaryny jemgyýetçilik başlangyçlary esasynda çekip berdi. Ýuriý Mihaýlowiç özi hakda az gürrüň berýär. Öz kärdeş ýoldaşlary hakda weli uly hormat bilen söhbet açýar. Ýuriý Mihaýlowiçiň şägirdi Swetlana Aleksandrowna Sadykowa bilen gürrüňdeş bolanymda: – Eger-de men adamlara haýyr iş edip bilen bolsam, onda özümi bagtly duýardym. Ýöne özümiň şeýle bagtym uçin ilkinji nobatda Ýuriý Mihaýlowiç Wo- lobuýewe minnetdar bolardym–diýdi. Ýu. Wolobuýew öz işdeş ýoldaşlaryna, okadýan studentlerine bir zady sargaýar: her hili ýagdaý ýüze çykanda-da, nähoş bilen mylakatly bolmak, olary ynjytmazlyk lukmanlaryň ilkinji berjaý etmeli borçlarydyr! Bu sözler neýrohirurg Ýuriý Wolobuýewiň bütin ömür ýörelgesiniň hamyrmaýasydy! Allaýar ÇÜRIÝEW. 1983 ýyl. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |