00:48 Adamlar nämüçin köpçülik ýerinde pornofilm görýär? | |
ADAMLAR NÄMÜÇIN KÖPÇÜLIK ÝERINDE PORNOFILM GÖRÝÄR?
Jemgyýetçilik tankydy
"BBC" habarlar gullugyna iberilen bu fotosuratda Angliýada tramwaýda biri pornofilme tomaşa edip barýar Bronwen Rid işlemek üçin kitaphana barýarka, kellesinde beýleki talyplar ýaly okuw töleglerini geçirmekden başga pikiri ýokdy. Emma ol kitaphananyñ kompýuterinde pornofilme tomaşa edip oturan adama gözi düşdi. Ol "Geñ galdym. Duran ýerimde doñup galypdyryn. Näme etjegimi-de bilmedim" diýýär. Ýigrimi bir ýaşly mançesterli talyp munuñ bir gezeklikçe bolan zatdygyny pikir edip, işi bilen bolanam bolsa, birnäçe hepdeden soñ ýene şol adamyñ kitaphanada pornofilme seredip otyrka görendigini aýdýar. Muny diñe Bronwen aýdanok. Awtobuslarda we tramwaýlarda pornofilmlere tomaşa edýän adamlara gabat gelýänlerden soñky döwürde köp seslenme gelýär. Angliýada yakynda Konserwatiw partiýadan bolan deputatyñ Obşinalar palatasynda otyrka pornofilm görendigi üçin öz islegi bilen işden gitmeli boldy. "BBC"-ä interwýu beren syýasatçy traktor saýtyna girjek bolanda ýalñyşlyk bilen pornosaýta girendigini aýtdy. Angliýanyñ "Ofcom" mediýa gözegçilik guramasynyñ aýtmagyna görä, ýurtdaky uly ýaşlylaryñ ýarsy pornofilm görýär. Emma käbir adamlaryñ muny ýapyk ýerlerde görmegiñ ýerine nämüçin jemgyýetçilik ýerlerinde görýändigine düşünmek üçin seks we pornografiýa garaşlylygy boýunça iş geçirýän alym Paula Halla ýüzlendik. • Garaşlylyk Hall bolup biläýjek sebäpleriñ biriniñ garaşlylykdygyny aýdýar: "Adamlaryñ bir zada garaşly bolmaga başlanlarynda meýil bildirme kontrollygyny ýitirýändigini bilýäris. Spirtli içgilerem, humarly oýunlaram, kompýuter oýunlary-da garaşlylyk ýagdaýyna öwrüldigisaýy meýil bildirmeler barha artýan formada çygyrdan çykýar". Bronwen Rid "Kitaphanada, aýratynam cagalaryñ we ene-atalaryñ görünýän ýerinde pornofilme seretmek ylalaşyp bolmajak zat" diýýär Rid "pornofilme seretme isleginiñ" "ýok, häzir görenimden öýe gidip göräýin-le" diýmek üçin gerekli erk-ygtyýardan has güýçlüdigini aýdýar. Ol adamlaryñ bir zada garaşly bolan wagtynda "beýniniñ pikirlenip bilýän böleginiñ hatardan çykmaga başlaýandygyny" nygtaýar. • Şahsy jogapkärçiligi duýmak we ýaýrawlylyk Kallum Singleton bolsa Glazgoda awtobusda öýüne gaýdyp barýarka pornofilme tomaşa edýän ýolagçyny görüpdir. On dokuz ýaşly ýaş ýigit nämüçin adamlaryñ köpçüligiñ arasynda pornofilmlere seredýändigine düşünmändigini we şonuñ üçin "ýigrenç duýandygyny we pikiriniñ bulaşandygy" aýdýar: "Giñden ýaýrap barýana meñzeýär. Hamana gündelik durmuşymyzyñ bir bölegine öwrülen ýaly. Emma beýle bolmaly däldigi belli". Dr. Hall köpçüligiñ arasynda pornofilmlere seredýänleriñ "şahsy jogapkärçiliginiñ pes bolup biljekdigini-de" aýdýar: "Feýzbukda" otyrkalar birden linke basyp, porno görüp bilýärler". Dr. Hall şahsy jogapkärçiligiñ roluna ünsi çekýär Hall pornografiýamyñ medeniýetiñ esasy ugrunda "adatylaşmagyñam" adamlara täsirini ýetiren bolmalydygyny aýdýar: "Pornografiýa birküç ýyl mundan öñki wagt bilen deñeşdirende-de şeýle bir ýaýrady welin, nämäniñ pornodygynyñ, nämäniñ porno däldiginiñ arasyndaky çäk ýitip barýar. Pornofilme seredýän adamlaryñ käbirleri töweregindäkileriñ hemmesiniñ pornofilm görýändigini pikir edip biler. Soñky döwürde pornografiýa hasam adatylaşan zada öwrüldi". Hall "az sanly" erkegiñ jemgyýetçilik ýerinde porno görmegi özüne dereje bilýändigini aýdýar: "Porno görmek meniñ hukugym" diýip pikir etmegiñ mizoginist (aýal duşmany) tarapy-da bar. Mundan biynjalyk bolýanlaryñ ýagdaýyny öz problemalary hasap etmeýärler". • Endik Dr. Hall pornografiýany ýaşlykda görmegiñem muña täsirini ýetirip biljekdigini aýdýar: "Bir zady haýsy ýaşda etmäge başlaýandygymyz munuñ biziñ üçin awtomatlaşma müddetinde möhüm faktor bolup durýar. Hasam beteri bir zadyñ endige öwrülendigi bilen ylalaşmasañyz, oña garşy göreşmegem kynlaşýar. Çagalygyndan bäri porno görüp gelýän adamlar üçin bu awtomatiki ýagdaýa öwrülýär". Jemgyýetçilik ýerleriniñ hemmelere degişlidigini aýdýan Bronwen bu ýagdaýdan howatyrlanýandygyny gizläp duranok: "Iñ esasy zat hemmeleriñ jemgyyetçilik ýerlerinde ýa-da jemgyýetçilik ulaglarynda özlerini arkaýyn we howpsuz duýmagydyr. Emma bu hemişe mümkin bolup duran zat däl. Bu ýagdaý gaty köp adamy juda ynjalykdan gaçyryp biler". Dr. Hall hem "Başgalaryñ nähili ynjalyksyz bolandygyna düşünmezlikleri olaryñ şahsy jogapkärçilikleriniñ pesligine-de (ýagny özlerini sylamaýandyklaryny-da) täsirini ýetirip bilýär" diýip, sözüni şeýle jemledi: "Olar başga adamlaryñ mundan biynjalyk bolup biljekdigini ýatdan çykarýan bolmaly". Maniş PANDEÝ, Reýçel STONHAUS, "Newsbeat"-iñ habarçylary. "BBC", 06.06.2022 ý | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||