07:52 Adamzat we medeniýet genosidi | |
ADAMZAT WE MEDENIÝET GENOSIDI: GAZA
Publisistika
Ysraýylyñ Gaza bombalamalaryndan soñ "Paşa" köşgünden galan haraba. Gaza taryhçylary Napoleonyñ 1799-njy ýylda üç gije şu ýerde dynç alandygyny aýdýar / Fotosurat: Omar El-Katta-NPR Gazäniñ adyny eýýäm birnäçe aý bäri dowam edip gelýän tragiki wakalar zerarly dünýäde eşitmän galan ýok bolsa gerek. Gaza bilnişi ýaly Palestinanyñ günortasynda ýerleşen şäheriñ we oblastyñ ady. Okkupator döwletiñ rehimsizlik bilen gös-göni bombalaýan, Ortaýer deñziniñ kenarynda demirgazykdan günorta tarap 40 kilometre we gündogara tarap 6 kilometr bilen 12 kilometr aralykda üýtgeýän giñişlige eýe Gaza kenaýaka sektory müñlerçe adamyñ şehit bolan, on müñlerçesiniñ ýaralanan, göç eden, söz bilen beýan edip bolmajak hasratlara garşy döş gerip göreşen meýdanyna öwrüldi. Gaza we bigünä gazalylar habarlarda köpimiz üçin öñki gyzygyny ýitirdi, çünki bolup biläýjek zatlaryñ iñ erbedi boldy, görýän-eşidýän zatlarymyza öwrenişip gitdik. Bolup geçen aýylganç wakalara garşy BMG-da dowam edýän we adamy howpurgadýan wagşyýana sessizlik ullakan wyždan ýarasy bolup dünýä taryhynda hemişe ýatlanar ýörer. Gaza ruhumyzy syzladyp ýörkä, adamyñ ýany bilen adama dahylly hemme zadyñ ýok edilişine-de şaýatlyk edýäris. Makalamyzyñ dowamynda Gazäniñ gysgaça taryhy bilen birlikde adamzadyñ umumy mirasyna degişli taryhy ýadygärliklere garşy bolup geçýän arheologiki gyrgynçylygy siziñ dykgatyñyza ýetirjek bolarys. Gazada zaýalanan we ýykylan ýerleriñ arasynda metjitler, buthanalarbwe medeni mirasa degişli ýerler bar / Fotosurat: Mohammed Dahman-AP Mälim bolşy ýaly, gadymy döwürlerden bäri adamzat ýaşaýşynyñ dörän ýerlerinden bolan Palestina we onuñ töweregi arheologiki taýdan ajaýyp gory özünde saklaýan ýerlerdir. Häzir Palestinanyñ baş şäheri bolan Beýtulmukaddesiñ (Ierusalim) segsen kilometr günorta-günbatarynda ýerleşen Gaza kenarýaka sektorynda adybir şäher hem bar. Taryhçylaryñ aýtmagyna görä, Gaza degiåli arheologiki tapyndylaryñ taryhy b.e.öñki 3000-nji ýyllara baryp direýär. Gaza şäheriniñ günortasynda ýerleşen Tell Sakan sebitde agalyk süren müsürlileriñ guran galasy we telli bolup, bu ýerdäki iññän gadymy oturymly ýerleriñ bolandygyna yşarat edýär. Müsür-Siriýanyñ arasynda ýerleşen Gaza söwda gatnaşyklaryny añsatlaşdyrýan Lewant ýolunyñ üstündäki geosyýasy ýerleşişi bilenem Müsürdir Siriýanyñ agalyk ediji güýçleriniñ arasynda uzak wagtlap göreşilip gelinen ýerleriñ biri bolupdyr. Ýoýulan Töwratyñ pikiriçe diñe patyşa, biziñ yslam ynanjymyza görä bolsa pygamber bolan Hezreti Dawut alahyssalamyñ (b.e.öñki XI-X asyrlar) Palestinadaky häkimiýetiniñ çäkleri Gazäni-de öz içine alypdyr. Rehimsizlikleri barada Töwratda-da aýdylan assiriýalylaryñ b.e.öñki VIII asyrda sebiti öz çäklerine birikdirendigi mälimdir. Faza Müsürdir Assiriýanyñ arasynda elden-ele geçip gelenem bolsa, b.e.öñki VI-IV asyrlarda belli bir wagtlap garaşsyzlygyny saklapdyr. Söwda güzergägindäki Gaza döwrüñ iñ gajaman täjirleri bolan gresiýalylaryñam bärik göz dikmegine sebäp bolupdyr, şeýle-de b.e.öñki 520-nji ýylda grek söwda koloniýasy şu ýerde gurulypdyr. Beýleki bir ýandan Gaza Aleksandr Makedonskiniñ (b.e.öñki 323-nji ýyl) basybalyjylykly ýörişleri döwründe birnäçe aýlap gorananam bolsa, ahyrsoñunda b.e.öñki 332-nji ýylda boýun egipdir. A.Makedonskiý şäheriñ agalygyny sebitde özüni goldan bedewilere beripdir. Aleksandr Makedonskiniñ Gazadaky häkimiýeti gürrüñsiz ellinistik medeniýetiñ bärigem güýçli ornaşmagyny üpjün edipdir. Sebit has öñ grek koloniýasy bilen tanyşam bolsa, düýpli medeni öwrülişik Makedonskiniñ absolýut agalygyny gurmagynyñ yzyndan bolup geçipdir. A.Makedonskiniñ ölüminiñ yzyndan onuñ ümmülmez giñ döwleti serkerdeleriniñ arasynda arasynda paýlaşylypdyr, mundan soñ Gaza ilki Ptolomeý, b.e.öñki asyryñ başynda bolsa Selewkit patyşalygynyñ golastyna giripdir. Palestinada b.e.öñki 140-37 ýyllar aralygynda höküm süren Haşmonaým (Haşmoniler) patyşalygy aslynyñ jöhitdigine garamazdan, grek medeniýetini we gündelik ýaşaýyş-durmuş formasyny kabul edipdir. Şonuñ üçinem olar konserwatiw (dindar) jöhitler tarapyndan berk ýazgarylypdyr. Ellinistik jöhitler-de diýlen bu jöhitler grek dilinde gürläpdirler, grek dilinde eser döredipdirler, konserwatiw jöhidiñ ylalaşyp bilmejek görnüşinde grekliler ýaly sport çärelerine ýarym-ýalañaç gatnaşypdyrlar, soñabaka sünnet edilmekdenem utanýan jemgyýete öwrülipdir. Haşmonaým patyşalygynyñ hökümdary Aleksandr Ýannaý (b.e.öñki 76-njy ýylda ölen) Gazäni b.e.öñki 96-njy ýylda gabapdyr, ol boýun egmekden ýüz dönderen halky gyryşy ýaly şäheri-de otlamakdan gaýtmandyr. Senat tarapyndan Rimiñ başyna bela bolup inen isawriýaly garakçylardan arassalamak maksady bilen adatdan daşary ygtyýarlyklar berlip Gündogar Ortaýer deñzine iberilen Gneý Pompeý Magn (b.e.öñki 48-nji ýylda ölen) we onuñ tabynlygyndaky goşun bölümleri Rimiñ agalygyny b.e.öñki Gazäniñem degişli sebitine çenli giñeldipdir. Gaza şol döwürde diýseñ kosmopolitiki gurluşa eýe bolupdyr: çarwa araplaryñ ýany bilen grekler, müsürliler, jöhitler we beýleki milletler şu sebitde ýaşapdyrlar. Köpüsi esger bolan rimlilerem garym-gatym ilata goşulypdyr. Emma Rimiñ agalygy Palestinada ýygy-ýygydan jöhit gozgalañlarynyñ turmagyna sebäp bolupdyr, bularyñ birinse Gaza jöhitler tarapyndan 66-njy ýylda ýakylyp kül edilipdir. Muña garamazdan şäher abadanlaşdyrylypdyr, Rim imperatory Hadrian 130-njy ýylda Gazä gelip, bu ýerde öz hormatyna guralan sport çärelerine şäheriñ meşhur stadionynda tomaşa edipdir. Paganistik ynanjyñ höküm sürýän döwründe, Gazada asuda we bol-elin durmuş boýunça köne sami hudaýy Dagonyñ kulty ýörgünli bolupdyr. Greklileriñ we rimlileriñ Gazäni tanyşdyran Ýupiter, Diana, Fortuna kultlary-da sebitde gabat gelipdir. Gazada hristianlygyñ III asyrda ýaýrandygy, IV-V asyrlarda güýç gazanandygy aýdylýar. Şol döwürlerlerde Gaza ýepiskoplyk merkezlerinden biri bolan käbir sinodlarda wekilçilik edilipdir. Apostol Porfiriý (420-nji ýylda ölen) şu döwürde şäheriñ hristianlaşmagyndaky iñ esasy adam we Gaza ýepiskopy bolupdyr. Onuñ ömrüniñ gürrüñ berilýän "Wita Porfiriý" eserinde ýepiskopyñ Konstantinopola (Stambula) gidendigi, Gazadaky ybadathanalaryñ ýykylmagyny buýurýan perman alyp gelip, şäherdäki pagan ybadathanalary ýykdyrandygy gürrüñ berilýär. Gaza 407-nji ýyla ybadathanalary doly ýykylyp aýrylan ýagdaýda gadam basýar. Yslаm döwlеtiniñ demirgazyga tarap giñemegi bilen Gaza b.e.öñki 635-nji ýylda Amr ibn As tarapyndan gabalyp eýelenýär. Lewant söwda ýolunyñ üstünde ýerleşendigi sebäpli Gaza yslamdanam öñem arabystanlylara nätanyş ýer däl eken. Üç ýüz ýylda hristian şäher aýratynlygyna eýe Gazada yslamyýet az wagtyñ içinde halkyñ iñ köp labul edýän dinine öwrülipdir. Buthanalar metjitlere öwrülipdir we şäher yslam medeniýetiniñ parçasy hökmünde ömrüni dowam etdiripdir. Şeýle-de bolsa, VIII asyrda hristian azlygy bu ýerde ybadatlaryny azat ýagdaýda berjaý edipdir. Abbasy döwletiniñ düzümine birikdirilen Gaza iñ ajaýyp döwürleriniñ birini başdan geçiripdir. Müsürde asly türkmen Ahmet ibn Tolun (884-nji ýylda aradan çykan) tarapyndan gurlan, Palestinanyñ we Siriýanyñ ýerlerinde agalyk süren Tolunogullary döwleti taryh arenasynda IX-X asyrlarda peýda bolupdyr. Şeýlelikde Gaza kenarýakasy agzalan döwürde türkleriñ tabynlygyna giripdir. Soñra fatimiler sebitde agalygy ellerine alanam bolsa, haçparazlar 1100-ny ýylea Gazäni basyp alypdyr. Hristianlyk sebitde gaýtadan güýç gazanypdyr. Baknalyk döwri tegelek segsen ýedi ýyl dowam edipdir, soñra Selaheddin Eýýuby Gazäni haçparaz sülsatlarynyñ elinden gaýdyp almagy başarypdyr. Sebit eýýubylaryñ, haçparazlaryñ, mongollaryñ elinde çalşyp durupdyr. Türkleriñ agalygy ikilenç 1277-nji ýylda mamlýuklar tarapyndan gurlupdyr. Mamlýuk agalygynyñ Gazada abadançylyk işlerini geçirendigi üçinem aýratyn orny bar. Şäherde täze metjit, medrese, hammam ýaly birnäçe jemgyýetçilik binalary hut mamlýuklaryñ döwründe gurlupdyr. Ýawuz Soltan Selimiñ 1516-njy ýylda Müsüre ýöriş eden wagtynda Gaza şäheri we Gaza sebiti 1918-nji ýyla çenli dowam etjek osmanly agalygynyñ düzümine girýär. Soñky dört asyrlyk osmanly döwründe-de mamlýuklaryñ döwründe bolşy ýaly, şäher-gurluşyk we abadanlaşdyryş işleri ünsden düşürilmändir. Uzak wagtlap dowam eden "Osmanly parahatçylygy" ("Pax Ottomana") döwründe Gaza kerwensaraýlardan, metjitlerden, hammamlardan we beýleki binalardan doldurylypdyr. Gaza şäherindãki tradision türk hammamy bolan antiki "Samiriýe" hammamy 2021-nji ýylyñ 3-nji martynda / Fotosurat: Mahmud Hams-AFP "Samiriýe" hammamyndan galan haraba. Ysraýyl jeñbazlary şu ýerde "Hamasyñ" ýerasty tunel setini ulanýandygyny öñe sürüp, antik hammamy bombalady / Fotosurat: Omar El Kattaa-NPR Napoleonyñ basybalyjylyjly ýörişi, Kawalaly maşgalasy ýaly problemalar bilen az wagtlyk elden-ele geçmeleri başdan geçirenem bolsa, Gaza Osmanly döwletiniñ düzüminde parahatçylygyñ uruşdam has köp höküm sürem asuda dört ýüz ýylyny geçiripdir. Osmanlydan soñky Gaza gussaly bölegine hemmämiz birlikde şaýatlyk edip duran, Ýakyn Gündogara parallellikde taryhy müddeti başdan geçirdi: iñlis agalygy we yzyndan ysraýyl problemasy. Gazäniñ taryhy arheologiki tapyndylar bilenem gürrüñsiz üsti ýetirilip dur. Gazada arheologiki tapyndylary özünde jemleýän 12 muzeý bar. Gaza kenarýaka sektorynda iññän gadymy döwürlere degişli iki portyñ galyndysy argeologlar tarapyndan anyklandy: demirgazykda Anthedon we günortada Maiomumas. Fransuzlar UNESCO-nyñ medeni miras sanawyna girizen we b.e.öñki VIII asyrdsn biziñ eýýamymyzyñ X asyryna çenli oturymly ýeri bolan Anthedonda käbir arheologiki gazuw-agtaryş işlerini geçirdiler. Emma birnäçe aýa çeken bombalamalar netijesinde Anthedonyñ öwezini dolup bolmajak ullakan weýrançylyga duçar bolandygyny hut gazuw-agtaryş işlerine ýolbaşçylyk edýänleriñ özleri tarapyndan habar beriş serişdelerinde aýdyldy. Gadymy döwürde we orta asyrlatda bu portuñ ýerleşen ýeri Lewant bilen Gazäniñ söwda gatnaşyklarynda ähmiýetini artdyrypdyr. Palestinaly işçiler 2022-nji ýylyñ 20-nji fewralynda Gaza sektorynyñ demirgazygyndaky "Beýt-Lahiada" haşamly görnüşde dekorasiýa edilen mazarlaryñ ýerleşen Rim gonamçylygy bilen birlikde täze tapylan arheologiki zolaklary gazýarlar Gazäniñ demirgazygyndaky Jibaliýede gurluşyk işleri geçirilip ýörkä 2023-nji ýyllaryñ başlarynda 135 sany antiki mazar tapyldy. Arasyndan iki sanysy nagyşlanan rim lahady bolan mazarlaryñ we ýerleşen ýeriniñ häzirki ýagdaýy uruş zerarly belli bolman galýar. Beýleki bir ýandan Gazada "Bureij" lagerinde daýhanlaryñ biriniñ tötänlikden tapan ördek, towşan ýaly haýwan şekillerine eýe Rim mozaikalarynyñ ykbaly-da şeýle ýagdaýda. Palestinaly daýhan Ysraýylyñ gabawy astyndaky Gaza sektorynyñ "Bureij" bosgunlar lageriniñ ýakynyndaky mellek ýerinde wizantiýa döwrüne degişli mozaikalaryñ üstünden bardy, 2022-nji ýylyñ sentýabry / Fotosurat: AA Şäheriñ taryhy ýadygärlikleriniñ birem "Keramatly Porfiriý" buthanasy. Adyndanam belli bolşy ýaly ol Gazäniñ V asyrdaky meşhur ýepiskopynyñ adyny göterýär. Gymmatly taryhy bina bolan "Keramatly Porfiriý" buthanasynyñ birinji gurluşygy V asyra baglanyşdyrylýanam bolsa, VIII asyrda metjide öwrülendigi, haçlarazlaryñ XII asyrda düýpli üýtgeşmeleri girizip, gaýtadan buthana öwürendikleri mälim. Ysraýylyñ istrebitelleri Gazäniñ iñ gadymy buthanasy bolan "Keramatly Porfiriý" buthanasyny ýok etdi Buthana häzirki görnüşine 1856-njy ýyldaky abadanlaşdyryş işlerinden soñ gelipdir. Okkupator döwletiñ 2023-2024-nji ýyllardaky hüjümlerinde musulman we hristian gazalylara gaçybatalga bolan buthana istrebiteller tarapyndan bombalanyp, gynansak-da, bigünä adamlaryñ ganyna galmak bilen birlikde taryhy binanyñam bir bölegini ýumurdy. On dört asyrlyk taryha eýe "Uly Omary" metjidi, beýleki bir ady bilen "Gaza baş metjidi" Palestina boýunça üçünji uly metjitdi Gazäniñ "Baş metjidi" sebitdäki iñ uly taryhy ýadygärlikleriñ biridir. Buthananyñ VII asyrda metjide öwrülmegi bilen dörän metjit XII asyrda gaýtadan buthana öwrülipdir, uruşlarda weýran bolmagynyñ yYndan mamlýuk abadanlaşdyryş işleriniñ dowamynda metjit täzeden gurlupdyr. Ysraýyl goşuny Gaza sektoryna gönükdiren bombalamalarynda Gaza şäherindäki on dört asyrlyk taryhy bolan Gaza "Baş metjidini" ýumurdy / Fotosurat: AA Gaza "Baş metjidi" telim gezek ýykylyp, telim gezek täzeden gurlupdyr. Mongol sülsatlarynyñ 1260-nhy ýylda ýumran metjidini gaýtadan gurmak osmanlylara nesip edipdir. Birinji jahan urşunda Britaniýa tarapyndan bombalanan binanyñ aglaba bölegi harap bolupdyr. Uruşdan soñ onuñ ýykylan ýerleri täzelenenem bolsa, soñky dört-bäş aýdaky bombalamalar minarasyny we käbir böleklerini doly ýumrup taşlady. Gaza "Baş metjidinden" galan haraba / Fotosurat: Omar El Kattaa-NPR Beýleki bir ýandan käbir ownuk arheologiki tapyndylar uruşyñ dowam edýän ýakyn wagtlarynda ele salyndy. Harbylar öñki döwürlere degişli, emma ýüzlerçe ýyllap ulanylandygy sebäpli anyk taryhy belli däl golçanyñ üstünden bardylar we degişli edarasyna tabşyrdylar. Sebitdäki arheologiki weýrançylyga ünsi çeken habar kanallary Gazada 200-e golaý arheologiki zolagyñ uruş wagtynda zaýalandygyny, gorkunç adam ýitgileriniñ ýany bilen adamzat taryhy üçin gymmatly medeni ýadygärlikleriñ ýok edişlikleriniñ-de bolandygyny aýdýar. Arheologiki gorag işleri üçin diýseñ ähmiýetli habarda harbylaryñ arehologiki zolaklary talaýandyklary, hatda käbir eksponatlary Knessetde (Ysraýyl Mejlisi) görkezmek üçin alýandyklary aýdylýar. "El-Jezire" kanalynda arheologiki edaralaryñ Gazadaky weýrançylyga sesini çykarman oturyny ýazgaran we aýdan sözleriniñ barsy ýerlikli Ekseter uniwersitetinden doktor H.M.Leathem şeýle diýýär: "Arheologiýanyñ syýasatdan aýry däldigini: taryhyñ, döwletleriñ we döwlet aýratynlygynyñ emele gelmeginde möhüm rol oýnandygyny ýatdan çykarmaly däldiris. Arheologiki mirasyñ doly weýran edilmeginiñ köplenç adamlaryñ ýok edilmeginiñ buşlukçysydygyny-da ýatdan çykarmalyñ - medeni genosidiñ halkara hukugynda uruş jenaýaty hökmünde kategoriýalandyrylmagynyñ sebäbi-de şudur". Garamagyndaky işgärleriñ 130-dan gowragy şehit düşen Palestinanyñ gazaly medeniýet ministri Atuf Ebu Seýf bolsa "Ysraýylyñ Gaza sektoryndaky muzeýleri we arheologiki ýadygärlikleri talap, ýok edip, palestin taryhyna garşy uruş yglan edendigini" aýdyp, bolup geçýän wakalary mongol sülsatlarynyñ Bagdatda eden weýrançylygyna meñzetdi. 2019-njy ýylda Gazadaky taryhy "Paşa" köşgüniñ (Qasr el Basha) howlusynda ösýän palma agaçlary / Fotosurat: Halil Hamra-NPR Ysraýylyñ Gazäni bombalandan soñ "Paşa" köşgünden galan haraba / Fotosurat: Omar El Kattaa-NPR 12 muzeýiñ ýumrulandygyny aýdýan Ebu Seýf mamlýuk soltany Beýbarsyñ XIII asyrda birinji gatyny gurduran we osmanly döwründe goşmaça ýokarky gatlary gurlan, osmanly häkimleri bilen birlikde Napoleonyñam myhman bolan "Kasr el-Başanyñ" ("Paşa köşgi" muzeýi) tanklar bilen harap edilendigini we Gazadaky muzeýiñ bombalanandygyny, gynansak-da, ondaky birnäçe ownuk ýadygärlikleriñ näme bolandygyny bilmeýändiklerini aýdýar. Bürünç eýýamyna çenli uzaýan ýüzlerçe ýadygärligiñ saklanýan "El-Mathaf" muzeýi bilen birlikde Gazadaky köp sanly medeni mirasa degişli ýerlere agyr zeper ýetirildi Şeýle-de Gazada hususy arheologiýa muzeýi bolan köp sanly ownuk ýadygärlikleri özünde saklaýam "El-Mathaf" muzeýi-de weýrançylykdan paýyny aldy. Üstesine muzeý 2009-njy ýyldan soñ 2024-nji ýylda bolup geçen ikinji hüjümini başdan geçirýär. Ysraýylyñ Gazadaky bombalamalarynyñ yzyndan "El-Mathafa" hem agyr zeper ýetirildi / Fotosurat: Omar El Kattaa-NPR Arheologiki eserleri özünde saklaýan hususy "El-Karara" muzeýi bolsa, Gazada Han Ýunusyñ golaýynda şol bir at bilen tanalýan posýolokda ýerleşýär. Aslynda "ýerleşýärdi" diýsek has dogry bolar, sebäbi soñky wakalarda muzeýiñ binasynyñ 2023-nji ýylyñ ahyrlarynda ýer bilen ýegsan edilendigini habar beriş serişdeleriniñ sahypalaryny okanda bilip galdyk. Gaza häzir adam gyrgynçylygy bilen bir hatarda medeniýet gyrgynçylygyny-da başdan geçirýär. Gara Afrikanyñ nurana ýurdy Günorta Afrika respublikasynyñ Halkara suda beren arzasynda okkupator döwleti aýyplan uruş jenaýatlarynyñ biri şeýle: Ysraýyl kitaphanalary, dini mekanlary, taryhy ähmiýete eýe ýerleri bilen birlikde palestin medeniýetiniñ san-sajaksyz merkezine zeper ýetirip, ýok etdi. Näçe nebsimiz agyrsa-da, näçe gynansak-da, adamzat taryhyna degişli umumy maglumatlary alyp bolýan gadymy ýadygärlikler häzir Gazada haýsy döwre degişli bolanda-da ýok bolmakdan halas bolup bilmeýär. Iñ erbet ýeri-de palestinalylara geljek nesillere aýdyp berer ýaly zat goýlanok... Beýik Allatagaladan Gazada her bir adama we adamzada, aslynda biziñ hemmämize degişli hemme zadyñ aman galmagyny, goralmagyny dileýäris... Dr. Myrat ÖZÝYLDYRYM. Çarşenbe, 03.04.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |