16:54 Adyň Aýda aýan, Ruhuň arşda rowan, soltanym | |
ADYŇ AÝDA AÝAN, RUHYŇ ARŞA ROWAN, SOLTANYM!
Taryhy makalalar
Türkmen topragynda adalatyň, sahawatyň çyragyny ýakan Saparmyrat Türkmenbaşy özüniň döwlet dolandyryş sungatynda bir dessura eýerýär. Ol Beýik Serdarymyzyň ähli tutumlaryny mähriban halkyna geňeşip, onuň oňlamagyny almak dessurydyr. Garaşsyzłygymyzyň 11 ýylynyň içinde bu dessuryň sazlaşykły ýöredilmegi netijesinde onuň ençeme datly miweleri getirendiginin şaýady bola-bola geläris. Saparmyrat Türkmenbaşy halkymyzy nesilbaşymyz Oguz han Türkmenden gaýdýan milli akabalarymyza dolamak barada elmydama aladalanýar. Üstümizdäki ýylyň Alp Arslan aýynyň 8-9-ynda Ýaşulularyň Türkmenabatda geçirilen XII Döwlet maslahatynyň, Halk Maslahatynyň, Umumymilli "Galkynyş" hereketiniň bilelikdäki mejlisinde öz halkyna ýüzlenen Beýik Serdarymyz tüze milli senenamamyzda aýlaryň birine seljuk soltany Sanjaryň adyny dakmagy teklip etdi. Halkymyzyň oňlamagy netijesinde Beýik Serdarymyz şu ýylyň Alp Arslan aýynyň 12-sinde gol çeken Permanyna laýyklykda, milady sene hasabynyň on birinji aýyna soltan Sanjaryň ady dakyldy. Biz Beýik Türkmenbaşy senenamasy boýunça ýetip gelen ilkinji Sanjar aýy bilen halkymyzy mübärekläp, bu şahsyýet hakyndaky makalamyzy okyjylarymyгуй dykgatyna hödürleýäris. Orta asyr taryhçysy Ibn Kesiriň (1301-1373 ý.ý.) 16 jiltden ybarat "El-bidaýa wen- nihaýa fit-taryh" ("Başdan soňa çenli taryh") atly kitabynda ýazmagyna görä, hijretiň 477-nji ýylynyň rеjер аýynyň 20-sine Mälik şanyň bir ogly dünýä inýär. Bu sene miladynyň 1084-nji ýylyna gabat gelýär. Oña Sanjarda dünýä inendigi sebäpli, Sanjar diýip at goýýarlar. Sanjaryň ejesi Mälik şanyň söýgýaly Sapariýe hatyndyr. Il iki sany Seljuk soltanyny Muhammet Tapary we Soltan Sanjary dünýä inderen enedir. Türkmen taryhçylary K.Bayramow we Ö.Gündogdyýew 'Türkmenistan zenan keşplerinde" diýen kitapçasynda Sapariýe hatynyň Mälik şanyň üçünji aýaly bolandygyny, onuň Ogulsapar hatyn, Sapargül hatyn ýaly atlarynyň hem bolandygyny ýazýarlar. Mälik şanyň ölüminden soň Beýik Seljuk türkmen döwletiniň kuwwaty synmaga başlapdyr. Onuň ogullarynyň arasynda başlanan tegt dawalary kuwwatly döwletiň sütünlerini hasam sarsdyrypdyr. Seljuklaryň öz arasyndaky oňşuksyzlyklardan peýdalanýan haçparazlar heşelle kakýardylar. Frank haçparazlary türkmenleriň elinden Nikeýany, Konýa soltalygynyň bir bölegini, Edessany we Antiohiýany alypdyrlar. 1099-njy bolsa olar lýerusalime zrba urupdyrlar. Seljuk neberesiniň köp sanly agzalary merkezi häkimiýete tabyn bolmakdan boýun tapdan düşüp barýardy. Sanjar yaşlygyndan başlap özüniň serkerdelik ukybyny ýüze çykaryp başlapdyr. Ol ýaşlygynda atabegi Kamajyň tälim terbiyesini alypdyr. Entek ol 11 ýaşynda mahaly enebaşga agasy Berkiýaruk tarapyndan daýysy Arslan Arguna garşy göreşmek üçin iberilipdir. Arslan Argun Horasany döwletden bölüp ayyrmak isleýärdi. Yaşajyk Sanjaryň harby üstünliklerini gören soltan Berkiýaruk ony Horasanyň mäligi, ýagny, hökümdary edip belläpdir. Sanjar 1102-nji ýylda, 16 ýaşynda mahaly Garahanly türkmenleriniň hökümdary Kadyr han Jebraýylyň Horasana çozuşynyň öňüni alypdyr. Sanjar Samarkandyň hökümdary edip, özüniň garahanlardan bolan ýegeni Muhammet Arslan belläpdir. Horasanyň mäligi bolansoň Sanjar özüniň süýtdeş dogany Muhammet Tapary enebaşga dogany Berkiýaruga garşy göreşde goldap başlapdyr. Olar Berkýarugy Gürgene gaçmaga mejbur edipdirler. Indi Gürgende, Horasanda we Mawerannahrda Sanjar adyna hutba okalyp başlanypdyr. 1105-nji ýylda Berkiýaruk aradan çykypdyr. 1105-1118-nji ýyllarda Seljuk döwletini Muhammet Tapar dolandyrypdyr. Muhammet Tapar ölmeziniň öň ýanynda 14 ýaşly ogly Mahmydy tagt mirasdary diyip yglan edipdir. Sanjaryň Horasanyň mäligi mahaly bitiren uly işi onuň Gaznaly türkmenleriniň döwletini seljuklara doly tabyn etmegidir. Mälik şanyň döwründen bäri seljuklar bilen gaznalylaryň arasynda garyndaşlyk gatnaşyklary dowam edip gelýärdi. 1116-njy ýylda Arslan şa Gaznaly türkmenleriniň döwletiniň tagtyna oturypdyr. Arslan şanyň ejesi Beýik Seljuk türkmen soltany Mälik şanyň gyzy Mehd'ül Yrak bolupdyr. Arslan şa öz doganlaryna zulum edipdir. Olardan diňe Bähram şa gaçyp gutulypdyr. Ol daýysy Sanjaryň ýanyna sygynyp, ondan haraý isläpdir. Sanjar 1117-nji ýylyň Baýdak aýynyň 25-inde Gazna giripdir. Ol Bähram şany özüne tabyn bolmak şerti bilen Gaznaly tagtynda oturdypdyr. Sanjar soltan Mahmyt Gaznalynyň döwründen bäri bu yerde toplanan baý hazynany hem özüne alypdyr. Beýik Seljuk türkmen döwletiniň taryhynda bu wakanyň örän ähmiýeti bardy. Sanjar seljuk soltanlarynyň arasynda Gaznaly döwletini doly tabyn etmegi başaran ilkinji hökümdar hasaplanýar. Gaznada 40 gün galandan sonra Sanjar Horasana dolanypdyr. Muhammet Taparyň ogly Mahmyt tagta çykansoň dürli güýmenjelere meşgul bolup, döwlet işlerine ähmiýet bermändir. Ol tagtda oturyp-oturmanka tagt ugrundaky dawalar täzeden möwjäpdir. Atabegler tarapyndan küşgürilýän Muhammet Taparyň körpe ogullary ondan özleriniň häki paýyny talap edipdirler. Yöne olar kakasy aradan çykandan soň seljuklar neberesiniň ýaşulusy bolup galan Horasanyň hökümdary Sanjaryň entek diridigini unudypdyrlar. Wezirler Mahmyt soltanyň adyndan hat iberip, Mazandaran welaýatyny goşundan arassalamagy we soltan gaznasyna her ýyl 200 mün dinar tölemegi talap edipdirler. Gahary gelen Sanjar. "Meniň doganymyň ogullary çaga we olara wezirler hem-de hajyblar ýolbaşçylyk edýär" diýip, ilçilere jogap beripdir. Sanjar soltanlygy eyelemek üçin taýýarlyk görüp başlapdyr. 1119-njy ýylyň Alp Arslan aýynyň 11-inde Reýiň golaýynda bolan Sawe söweşinde Sanjar inisi Mahmydyň 30 müň adamlyk goşunyny derbi-dagyn edipdir. Yeňiş habary Bagdada ýeten badyna halypa el-Müsterşid Billah 1119-njy ýylyň Ruhnama aýynyň 4-inde Sanjaryň adyna hutba okadypdyr. Sanjar, ýaşlyk edip, özüne garşy ýegeni Mahmydyň günäsini geçýändigini aýdyp, ony ýanyna çagyrdypdyr. Hatda özüniň ogly bolmany üçin oňa gyzy Mahmal Hatyny (türk çeşmelarinde oňa Mehmelek Hatyn diýilýär) nikalap beripdir. Türkmenleriň ygtyýaryndaky Gazna, Mawerannahr, Horasan, Bagdat ýaly merkezlere hat ýazyp, özünden sonra Mahmydyň soltan bolmalydygyny bildiripdir. Reý şäherinden başga ähli ýerleri onuň ygtyýaryna beripdir. Özüne tabyn bolmak şert bilen ony soltan diýip yglan edipdir. Emma munuň bilen bu dawalary aradan aýyrmak soltan Sanjara başartmandyr. Öz agasynyň tagt arzuwy gözlerini gapan, döwleti berkitmegiň ýerine, ony parçalap, kiçi "hanlyjaklara" öwürmek isleýän, paýhassyz ogullaryna soltan Sanjaryň örän gahary gelipdir. Olary ýeňip, özüne boýun egdiripdir. Şundan soň soltan Sanjar Garahanlaryň gozgalaňyny basyp ýatyrmak üçin Mawerannahra gidipdir. Sanjar 1130-njy ýylyň baharynda Samarkandy eýeläpdir. Garahanly tagtyna Arslan hanyň ogly Mahmyt han çykarylypdyr. Ol daýysy Sanjara tabyn bolup, döwleti edara edipdir. Kaşgar hanlygyny hem özüne tabyn edipdir. Şeýlelikde, Mälik şanyň döwründe bolşy ýaly, bütin musulman Aziýasy Sanjaryň soltanlygyna tabyn edilipdir. Soltan Sanjaryň döründe türkmenleriň Gaznaly we Garahanly nebereleriniň guran döwletleri hem Seljuk türkmenlerine tabyn edilipdi. • Ötünç soramasaň... Soltan Sanjar Beýik Seljuk türkmen döwletiniň kuwwatyny saklamak üçin onuň hem Gündogaryna, hemem Günbatarsyna esewan bolmaly bolýardy. Döwletiniň Gündogar bölegindäki tertip-düzgüni ýola goýmak bilen meşgul bolýarka, soltanyň günbatardaky duşmanlary onuň garşysyna gecipdir. Günbatarda Wizantiýa musulmanlaryň üstüne çozuş edip, Seljuk döwletine howp salýardy. Bir gezek Wizantiýa imperatory Meýýafarikine nöker iberip, şäheri haraba öwrüpdir, 50 münden gowrak adamy ýesir edip äkidipdir. Yesir edilen musulmanlar hat ýazyp, soltan Sanjardan kömek sorapdyrlar. Soltan Sanjar bu haty alandan soň imperatora hat ýazypdyr. Ol hatyň mazmuny şeýle eken: "Eşitmişimize görä, musulman ýurtlara hüjüm edip, jebir-sütem bilen olaryň käbirlerini ýesir edip, käbirlerini hem gylyçdan geçiripsiň, zatlaryna talaň salypsyň, ýene weli şeýtanyň alyna gidip, soňuň barada oýlanmansyň. Elhamdullillah, bu gün güýjümiz we esgerimiz öňkülerden esse-esse kän. Gündogardan Günbatara deňiç bíziň hökmümiz ýöreýär. Her ýurdy biziň bir oglumyz ýa-da wekilimiz dolandyrýar. Yrak, Arabystan, Siriýa, Magryp welaýaty, Müsür we töwerekleride biziň raýatymyzdadyr. Bu ýurtlary Rum diýaryna çenli zabt etdik. Edil, şol wagt hem Meýýafarikindaki musulman ýesirleriň haty bize gelip gowuşdy. Biz gündogara tarap ýörüş etmegi niýet edip oturdyk. Yesirleriň kömek sorap yazan hatlaryny okanymyzdan soňra, haýal etmän ýüzümizi Ruma öwürdik we şeýle karara bardyk: o tarapa gideliň we hiç yerde saklanmalyň we Meýýafarikine ulaşalyň. Yslamyň Allahü tealanyň haky üçin, eger rumlular ähli ýesirleri boşadyp, Yslam ýurtlaryndan alan zatlaryny başy bilen yzyna berip, ötünç soramasalar, Allahü tealanyň yzzat we jelaly bilen, pygamberleriň serweri Muhammet aleyhissalamyň hormatyna we şehit Soltan Malik şanyň haky üçin söz berýärin. Eger, edil emr edişim ýaly terzde ýesirleriň hemmesi watanlaryna, yurtlaryna baryp gowuşmasa, ýekeje çaga yzyna dolanyp barmasa, ýazan zatlarymyň baryny berjaý etjekdirin we bu älemlere sapak bolar. Meýýafarikinden Konstantinopole çenli hiç ýerde durman gitjekdirin". Soltan Sanjaryň bu haýbatly hatyndan gorkan Wizantiýa imperatory derrew ýesirleri boşatmak bilen bolupdyr. Soltan Sanjar ýokarky hereketi gan döküşikligiň öňüni alypdyr. Gylyjyň-gürziniň bitirjek işini söz bilen bitirilipdir. Mälik şanyň döwründe Horezme asly oguzlaryň begdili boyundan bolan Anuş hökümdar häkim bellenipdi. Ol ölenden sonra onuň ogly Kutbeddin Muhammet Herezm edara edip başlapdyr (1097-1128). Onuň ogly Atsyz soltanlygynyň ilkinji ýyllarynda Sanjara tabyn bolup, döwletini edara edipdir. Atsyz Sanjaryň ähli ýörişlerine diýen ýaly gatnaşyp, ony goldapdyr. Emma Sanjar bilen arasy kem-kemden sowaşan Atsyz indi oña garşy ýagdaýa geçipdir. Soltan Sanjar 1138-nji ýylda Atsyz jezalandyrmak maksady bilen Horazme ýöriş edipdir. 1140-njy ýyla çenli soltan Sanjar öz häkimligini Beýik Seljuk türkmen döwletiniň öňki çäklerinde dikeltmegi başarypdyr. Eýran, Azerbaýjan, Horezm, Kaşgar we Mawerannahr ýene-de seljuk türkmenleriň häkimligi astyna alnypdyr. Bu döwletiň merkezi Horasan bolupdyr. Yöne dünýäde baky zat ýok. Her bir zadyň ilki düýbi soňra kemala gelip, parlap ösüp, kem-kemden gowşap, in soňunda-da dargamagy tabigatyňam, taryhyňam mizemez kanuny. Isgender şany (ikinji makedonly Isgender), Älemiň soltany atly beýik atlary göteren soltan Sanjaryň ömrüniň paýawlaýan mahaly hem Beýik Seljuk türkmen döwletiniň öz möwrütini tamamlan döwrüne gabat gelipdi. Gündogardan gelen gara bulut Seljuklaryň arassa asmanyny örtüpdi... • Katwan söweşi Sanjaryň döwleti özüniň öňki kuwwatyny barha ýitirip barýardy. Onuň kem-kemden gowşap, ahyrynda bolsa dargap gitmegine täsir eden birnäçe içerki we daşarky sebäpler bardy. Seljuk neberesiniň arasyndaky içerki oňşukçyzlyklar, tagt ugrundaky dawalar döwletiň birnäçe böleklere dargamagyna getiripdi. Beýik döwletiň ýerinde seljuk türkmenleriniň Kermandaky, Yrakdaky, Siriýadaky we Rumdaky döwletleri emele gelipdi. Beýik Seljuk türkmen döwletiniň sekizinji hem-de iň soňky soltany döwleti öňki çäklerinde dikeltmegi başaranam bolsa, onuň öňki kuwwatyny saklamagy başarmandy. Dünýäni sarsdyran ägirt döwletiň gowşandygyny onuň daşky duşmanlaryna hem äşgär boldy. Olar döwletiň bir gyrasyndan girip, ony ýykmaga girişdiler. Iň aýylganç howp Gündogardan abanypdy. XII asyryň ikinji çärýeginiň başynda köp sanly kidan halky Yedisuwy, Balasagun şäherini basyp alypdyr. Musulman awtorlarynyň işlerinde kidanlar "garahytaýlar" ýa-da "gaýry dinli türkler" diyip atlandyrylypdyr. Garahytaýlar Balasaguna gelip, ony özleriniň paýtagtyna öwrüpdirler. Garahanly türkmenleriniň döwletiniň Gündogar çäklerini tabyn eden bu çarwa halk, sonra onuň Günbatar bölegine howp salyp başlapdyr. Taryhçy Ö.Gündogdyýawiň ýazmagyna görä, Garahytaý gürhany (hökümdar şeýle atlandyrylypdyr) Yelýuý Daşi öz goşunyna köp sanly türki halklary, şol sanda garlyk türkmenleriniň 50 müňüsini birikdirip, Mawerannahra ýöriş edipdir. Garahytaý hökümdary seljuklardan we garahanlardan şikaýatçy bolup gelen garlyk türkmenleriniň tarapyny alypdyr. 1141-nji ýylyň Ryhnama aýynyň 9-y. Bu gün musulman dünýäsiniň taryhynda onuň bähbidine bolmadyk uly bir söweş bolupdy. Döwrüniň bu uly jeňi üçin Samarkandyň golaýyndaky Katwan düzlügi saýlanyp alnypdyr. Onda bir tarapdan Beýik Seljuk soltany Sanjaryň we onuň ýegeni bolan Garahanly hökümdary Mahmydyň birleşen goşuny, beýleki tarapdan bolsa garahytaýlaryň ägirt goşuny garşylaşypdyr. Söweş başlandan garahytaýlar seljuk goşunyny gabawa almaga aýlanyşypdyrlar. Sanjaryň goşunynyň bir bölegi yza çekilen mahaly golaýdaky derýada gark bolupdyr. Gabawy böwüsmek baradaky synanşyk başa barmandyr. Sanjar gabawdan çykmak üçin 300 atly bilen oñe müñzäpdir. Şol atlylaryň 15-sinden galany soltany halas etmek üçin şirin janyndan geçmeli bolupdyr. Gazaply söweşiň netijesinde Seljuk Garahanly goşuny derbi-dagyn edipdir. W.W.Bartoldyň maglumatlaryna görä, bu söweşde musulmanlar 30 müň adamsyny ýitiripdir. Sanjaryň aýaly we ogly, serkerdeleri Kamaç we Nasyr ýesir düşüpdir. Sanjar soňra aýaly Teren hatyn 500 müň, Kamajy we ogluny 100 müň dinar öweztölegini töläp, ýesirlikden boşadypdyr. Sanjar Termeze, ol ýerdenem Balha tarap çekilipdir. Beýik Seljuk türkmen döwleti Katwan söweşindäki ýeňlişden soň aýňalyp özüne gelip bilmedi. Entek önde Sanjaryň ýüregini para-para etjek wakalar bardy... • Atsyzyň gozgalañlary Katwan şöweşiniň yzysüresi, 1141-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynda Atsyz goşuny bilen Horasana tarap yönelýär. Ibn ül Yesiriň berýän maglu maglumatlaryna görä, Atsyz ilkibada Sarahsa, ol ýerdenem Merwe barypdyr. Atsyz uly söweş edip, aýyň 20-sinde şähere giripdir, köp adamy gyrypdyr. Soltan Sanjaryň tagtynda oturypdyr. Sanjaryň bütin hazynasy jemlenen sandyklary alyp, Horezme dolanypdyr. Soltan Sanjar Katwan söweşinden soň Balhyň üsti bilen Merwe gelipdi. Onuň Atsyzyň eden weýrançylyklaryny, talaňçylyklaryny görüp, gahary gelipdir. Yöne Sanjaryň bada-bat ony jazalandyrmaga mümkinçiligi ýokdy. Çünki ol Katwan söweşinde 3 mln. dinardan gowrak çykdaýjy edipdi. Esgerleri hor-homsy ýagdaýa düşüpdi. Merwdäki hazynany bolsa Atsyz Horezme äkidipdi. 1143-1144-nji ýyllarda soltan Sanjar Atsyzy jezalandyrmak üçin ýene Horezme ýöriş edipdir. Sanjar galada gizlenen Atsyzy özüne tabyn edip bilmän, Merwe dolanmaga mejbur bolupdyr. Atsyz Merwde talap alan hazynasyny ilçileriň üsti bilen Sanjara ýollapdyr hem-de özüniň oňa tabyn boljakdygyny aýdypdy. • Soltan Sanjar balhly oguzlaryň ýesirliginde Katwan söweşinden soň garahytaýlar Mawerannahrda ýaşayan oguz türkmenlerini bu ýerden gysyp çykarypdyrlar. Köp sanly oguz türkmenleri Horasana ýönelipdir. Olar Balhyň golaýynda yerleşipdirler. Balhyň häkimi emir Kamaç ilkibada oguzlaryň bu yerde ornaşmagyna garşy bolanam bolsa, soňra olar bilen ylalaşypdyr. Oguzlar hiç kime azar bermän asuda ýaşap başlapdyrlar. Emma biraz wagtdan soň emir Kamaç özüniň 10 müň atlysy bilen oguzlaryň üstüne ýöriş edipdir. Oguz begleri özlerine degmezligi, otluk ýaýlalaryny özlerine gaýtaryp bermegi haýyş edipdirler. Olar her oýden 200 dirhem kümüş puly salgyt tölemäge borçlanypdyrlar. Öz sözleri yer almansoň oguz begleri gaytadan maslahat edip, Kamaç bilen söweşmegi müwessa bilipdirler. Kamaç söweşde ýeňlipdir. Kamajyň oguz türkmenlerinden ýeňlendigi baradaky habar derrew Merwe ýetipdir. Soltan Sanjar oguzlara habar gönderip, derrew öz döwletiniň serhetlerini terk etmegi olardan talap edipdir. Oguzlar ötünç sorap, günäleriniň geçilmegini sorap, köp mukdarda salgyt tölejekdiklerini soltana ýetiripdirler. Soltan Sanjar üç ýyla golaý oguzlaryň elinde ýesirlikde galypdyr. Daşyndan seretseň oguzlar ony özleriniň soltany hasaplap, ähli däpleri berjaý edýärdiler. Taryhçylar Juweýni we Mirhond bu däbiň gündizlerine saklanyp, soltany gije demir kapasa salandyklaryny ýazýarlar. Oguzlar Horasanyň köp şäherlerini, aýratynda Merwi we Nişapury aýylganç weýrançylyga sezewar edipdirler. Oguzlar Merwe gelenden oguz begi Bagtyýar soltandan özüne Merwiň ykta edilip berilmegini sorapdyr. Sanjar oňa: "Bu ýer paýtagtdyr, hiç kime ykta edilmegine razylyk berilmeýär” diýenine oguz begleri gülşüpdirler. Bu ýagdaýy gören Sanjar tagtyndan düşüpdir we hangähine baryp hökümdarlygyndan el çekipdir. Ibn Esiiriň maglumatlaryna görä, Soltan Sanjar 1156-njy ýylyň güýzüniň ahyrlarynda oguzlaryň ýesirliginden boşapdyr. ol 3 ýyl 3 aý ýesirlikde bolupdyr. Soltan Sanjar 1157-nji ýylyň baharynda, 73 ýaşynda dünýäden ötüpdir. Sanjar ölmänkä ýerine ýegen Mälik Mahmydy mirasdüşer diýip yglan edipdir. Soltan Sanjar aradan çykmagy bilen taryhda 117 ýyl dowam eden Beýik Seljuk türkmen döwleti dargapdyr, birnäçe böleklere bölünipdir. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň belleýşi ýaly, soltan Sanjar 61 ýyl höküm sürüp, türkmenleriň at- owazasyny belende göteripdir. Şonuň 38 ýylyny ol Beýik Seljuk türkmen döwletiniň soltany, galanyny bolsa Horasanyň mçiripdir. Sanjar mäliklik döwründe Mälik, Ül Maşryk Abüddöwle, Mälik, ül Muzaffar ünwanlaryny, soltanlyk döwründe bolsa, Soltan, ül Alem Mugis, üd-dünýä we d-Din Ebül-Haris, Şahynşa ünwanlaryny göteripdir. • Soltan Sanjaryň ylma we medeniýete hemaýaty Soltan Sanjar dolandyran döwründe Seljuk döwleti ykdysady galkynmany başdan geçiripdir. Murgap derýasynyň suwarýan ýerleri gür bagly obalara we şäher kentlere öwrülipdir. Bu yerde pamyk önümçiligi giňden ýaýrap, dokma önümleri köp mukdarda öndüripdir. Mukadders Ryhnamada Merwiň soltan Sanjaryň döwründe 2 milliondan gowrak ilatly bolandygy, XIII asyryň başynda Çingiz hanyň bu şäheri weýran edendigi nygtalýar. Soltan Sanjar özüniň ýarym asyrdan gowrak dowam eden hökümdarlygynda ylma, medeniýete howandarlyk etmekde nusga bolan soltanlaryň biridir. Ol döwrüniň beýik alymlaryny öz töweregine jemläp, olara goldaw beripdir. Onuň döwründe merwli meşhur taryhçy we jugrafiýaçy Abu Sad as-Samany (1113-1167) öz meşhur eserlerini döredipdir. Soltanyň obserwatoriýasynda meşhur müneçjim, şahyr Omar Haýýam işläpdir. Absyrahman Hazini öz barlaglarynyň netijesinde Seljuk döwletiniň düzümine girýän ýerleriň meridianlaryny, uzaklyk, giňişlik derejelerini görkezýän "Zij" i Sanjary" -ny ýazypdyr. "Mizan ül hikmet" eseri fizika ylmyna uly goşant bolupdyr. Horezmli alym az-Zamahşary (1074-1134) soltan Sanjaryň dostlaryndan biri bolupdyr. Ol özüniň "Mukaddimet'ül edebi" Sanjara sowgat beripdir. Soltan Sanjar ylymly-bilimli adamlara, şahyrlara uly hormat goýupdyr. Senenamaçylar Sanjaryň köşgüniň şahyrsyz we alymsyz wagty bolmandyr diýýärler. Soltanyň köşgünde Hasam Gaznaly, Abd al-Wasy, Emir Miýezzi, Aly Auhaddeddin Enweri, Mähesti we beýleki öz döwrüniň meşhur şahyrlary we alymlary jemlenipdir. Soltan elmydama olaryň öwütlerini dinlemegi hem-de döwleti edara etmekde bu gymmatly maslahatlary mümkingadar peýdalanmagy başaran adam bolan. Soltan Sanjaryň edara eden döwründe Merw gürrüňsiz musulman dünýäsiniň ylmy merkezleriniň birine öwrülipdir. Bu ýerde köp sanly kitaphanalar bolan, ol bu kitaphanalardan peýdalanmakdan hiç hili päsgelçilik bolmandyr. • Soltanlygyň şükri adalatdyr Soltan Sanjar Oguz handan gaýdan gadymy oguz dabine eýerip, adalatlylygy elden bermezlige çalşypdyr. Soltan özüniň her bir söhbetdeşini ünsli diňläp, ondan netije çykaryp bilipdir. Bu barada şeýle hekeýat saklanyp galypdyr. "Günlerde bir gün soltan Sanjar döwletiň belli adamlary bilen at üstünde gezim edip ýörkä, önlerinden duýdansyz ýagdaýda sal-sal eşikli derwüş çykaýmazmy. Yiti nazarly, maňlaýy açyk, durşy ap-arkaýyndy. Soltanyň öňüne geçip, Allahyň munça eşretidir nygmatlary üçin şükür etmelidigi barada birki söz aýtdy. Soltan ony üns berip diňläp: "Nämäniň şükrüni, nähili berjaý etmeli?" diýip sorady. Derwüş öňki çynlakaý görnüşini bozman: "Allahyň seniň üstünde biçak kän lutfy we ynsanlary bar, emma bularyň on sanysy örän möhümdir. Ozaly bilen şolaryň şükrüni berjaý eltmeli bolarsyň!"... Soltan: "Şol on nygmat barada gürrüň berip bilmezmiň?" diýdi. Onda derwüş: "Beýle bolsa, gulak goý! 1 . Soltanlygyň şükri adalatdyr. Hükümdar näçe adyl boldugyça, şonça-da gymmaty artýandyr. 2. Giden mal-mülküň şükri, halkyň zadyna, namysyna we mertebesine göz dikmezlikdir. Milletiniň zadyna we namysyna göz diken, olaryň mertebesini depelän soltan peläketiň gapysyny açan betbagtdyr. 3. Baş bolmagyň şükri, halka hyzmat etmek, olaryň asuda durmuşda ýaşamagyny ýola goýmak we hukuklaryny goramakdyr. 4. Ykbalyň we bagtyýarlygyň şükri, garyplara rehim etmek, ýalňyz-ýekellileriň goltugyndan gop bermekdir. 5. Döwlet hazynasynyň baýlaşmagynyň şükri, ony diňe laýyk ýerlere we diňe zerur bolan halatynda harçlamakdyr. 6. Güýjüň we yzzatyň şükri, ýeri gelende biçäreleriň we ejizleriň günäsini ötmekdir. 7. Güýçli goşuna eýe bolmagyň şükri, bularyň eziji güýjüni halkyň asudalygy, döwletiň berkararlygy, din we döwlet duşmanlarynyň ýok edilmegi üçin ulanmakdyr. 8. Yurduň ösüşiniň şükri, halkyň durmuşy hukuklaryny goramak, iş üpjünçiligini gowulandyrmakdyr. 9. Ylym we magaryfyň şükri, ahlakly, terbiyeli we bilimli nesil ýetişdirmekdir. 10. Beden we ruhyň segdynlygynyň şükri, gündelik ybadatlary birkemsiz berjeý etmek. Allah adyna gürlemek, Onuň adyna alyp-bermek, Onuň üçin söýmek we söýmezlikdir” diýdi. Taryhçylar soltan Sanjaryň bu on nesihaty diňläp, örän hoşal bolandygyny bellemek bilen, altyn harplar bilen ýazdyrylyp, köşgüň iň bir gelim-gidimli yerinde asylyp goýlanlygyny habar beryär. Garaşsyzlyk seýilgähi. Soltan Sanjaryň heýkeliniň golaýynda sekide oňa seredip, oýa çümüp otyryn. Daş-töwerek ümsümlik. Ir bilen örän guşjagazlar gülden-güle gonup, jürküldäp, öz dilinde bir zatlary biri-birine habar berýärler. Yaňy dogan Günüň tyllaýy naýzalarynyň şuglasy daş-töweregi mylaýym mähri bilen çoýup ugrady. Duygularym meni ýene-de erkime goýman, ata-babalarymyzyň ruhuna syýahata äkitdi... Göwnüme bolmasa, Arşdan soltan Sanjaryň sedasy eşidilen ýaly boldy: "Bagt guşy depesine gonan türkmen ilim! Garaşsyzlyk meni tirsegime galdyrdy. Ruhum Watanymyň üstünde perwaz urýar. Beýik Serdaryň Permany bilen adym aýan bolup, ruhum Arşa sary rowan boldy. Türkmenbaşynyň gadyryny biliň, ony söýüň, beýgeldiň, agzybir boluň!" Jumamyrat GURBANGELDIÝEW. "Türkmenistan" gazeti, 04.11.2002 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |