10:05 Sara hatyn | |
SARA HATYN
Zenan şahsyýetler
Türkmen halkynyň taryhynda edermen, hökümdar zenanlar bilen birlikde, Gündogarda ilkinji meşhur diplomat zenan bolan Sara hatynyň bitiren hyzmatlary nesillere nusgalykdyr. XIV-XV asyrlaryň sepgidinde ýaşan Abu Bekr Tährany «Akgoýunlylaryň taryhy» («Kitaby Diýarbekriýe») atly eserinde onuň adyny Saraý hatyn görnüşinde getirýär hem-de hemme ýerde ony «päk ahlagyň hemaýatkäri» hökmünde derejeleýär. Sara hatyn Akgoýunly türkmenleriň döwletiniň hökümdary Uzyn Hasanyň (1425 — 1478 ý.) ejesidir. Ol Piraly begiň gyzydyr. Sara hatynyň doglan wagty hakda anyk maglumat bolmasa hem, onuň 1465-nji ýylda ýogalandygy mälim. Onuň ogly Uzyn Hasany 20 ýaşlarynda dünýä inderendiginden çen tutup, biz Sara hatynyň 1405-nji ýylda doglandygyny çaklaýarys. Taryhçy Ö.Gündogdyýew «Türkmen diplomatiýasynyň taryhyndan» atly kitabynda Uzyn Hasanyň özüne garşy ýörişe çykan Osman türkmenleriniň soltany Mämmet II-ä töwella etmek üçin Ýewropada talantly diplomat diýlip baha berlen ejesi Sara hatyny iberendigini ýazýar. Elbetde, ýokarda hem nygtaýşymyz ýaly, Uzyn Hasanyň köşgüniň dürli döwletleriň ilçileriniň gelim-gidimli ýerine öwrülmeginde onuň diplomat ejesi Sara hatynyň hyzmatynyň az-küş bolmandygyny unutmaly däldiris. Nika diplomatiýasynyň döwletara gatnaşyklaryndaky ähmiýetine gowy düşünen Sara hatyn ogly Uzyn Hasany 1458-nji ýylda Trabzondaky Latyn imperiýasynyň (1204 — 1461 ý.) imperatory Ioann IV-niň gyzy şazenan Feodora (Despina hatyn, «Despina» grekçeden terjime edilende «hanym» diýmegi aňladýar) öýlendiripdir. Sara hatynyň enesi akgoýunly hökümdary Gutly bege durmuşa çykan wizantiýa şazenany Mariýa, kakasy bolsa Trabzon imperatorynyň agtygy bolupdyr. Sara hatynyň bu nikada syýasy bähbitlerden daşgary, gelinliginiň ejesiniň türki kowumlardan bolandygyna hem ähmiýet beripdir. Ioannyň ikinji aýalynyň Krym türkleriniň hany Hajy Gireýiň ýa-da Döwlet Berdiniň gyzy bolandygy çaklanylýar. Wizantiýanyň iň soňky daýanjy bolan Komnenler nesilşalygy bu nika arkaly osmanlylara garşy durmak üçin Akgoýunlylary özüne ýaran edinesi gelýärdi. Ýeri gelende bellesek, bu tejribe Akgoýunlylarda ozal hem ulanylypdy. Gutly beg 1352-nji ýylda Trabzon imperatory Aleksios III-niň Mariýa atly doganyna öýlenipdir. Trabzon perisi Gutly beg bilen nikalaşandan soňra, Despina hatyn ady bilen tanalýar. Örän parasatly we akylly zenan bolan Sara hatyn döwleti dolandyrmaga, daşary ýurtlar bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmaga işjeň gatnaşypdyr. Uzyn Hasan hemişe diýen ýaly daşary syýasat meselelerini ejesi bilen maslahatlaşyp durupdyr. Ony diplomatik missiýalar bilen dürli hökümdarlaryň köşgüne ýollapdyr. Akgoýunly türkmenleriň döwletiniň daşary syýasy bähbitlerini üstünlikli goramak bilen, Sara hatyn diňe käbir döwletleriň ilçilerini kabul etmän, eýsem, hökümdarlar, husasan-da Temirileriň hökümdary Abu Seýit (1424 — 1469 ý.), Osman soltany Mämmet II bilen hem gepleşikleri geçiripdir. 1461-nji ýylda Akgoýunly döwletiniň üstüne goşun çekip gelen Mämmet II-niň söweş çadyryna barypdyr. Bu möhüm diplomatik missiýa taryhy çeşmelerde gowy beýan edilipdir. Idris Bitlisi Sara hatynyň osman soltanynyň gazabyny ýumşadandygyny ýazýar. Osman taryhçylary Dursun beg we Sadeddin Sara hatynyň täsirli beýik osman weziri Mahmyt paşşanyň kömegi bilen soltan Fatyh Mämmet bilen duşuşandygyny ýazýarlar. Belli wizantinist Stiwen Ransimeniň nygtamagyna görä, Mämmet II Sara hatyny hoşniýetli garşylapdyr. Sara hatyn osman soltanyny öz gelniniň ýurduny — Trabzony eýelemek pikirinden gaýtarmakçy bolupdyr. Emma soltan bu teklibi kabul etmändir. Ol diňe Akgoýunlylaryň çägine goşun salmazlyga söz beripdir. Öwezine Trabzona ýörişinde Uzyn Hasany bitaraplygyny saklamaga borçly edipdir. Mämmet II Trabzona ýörişini gutarýança, Sara hatyny we onuň ýanyndaky ilçilik wekiliýetini girewine saklapdyr. Trabzony eýelände Sara hatynyň gudasy bolan imperatora we maşgalasyna degmän, olary ýörite gämide Konstantinopola ýollapdyr. Trabzondan alan oljalaryndan gymmatbaha zatlardan ýetdik paýyny berip, Sara hatyny ýörite serpaýlap, Töwrize ugradypdyr. Şeýlelikde, ussat diplomat Sara hatyn özüniň soltan oglunyň möhüm döwlet tabşyrygyny ýerine ýetiripdir. Osman soltanyny Akgoýunlylaryň çägine ýöriş etmek raýyndan gaýtarypdyr. Netijede, iki gardaş türkmen neberesiniň arasynda düşünişmezlik zerarly nähak gan dökülmeginiň birbada öňi alnypdyr. Ýassy-Çemende baglaşylan bu ýaraşygyň güýji Osmanlylardan asgyn bolan Akgoýunlylar üçin örän ähmiýeti uludy. Çünki Beýik Ýüpek ýolunyň esasy harydy bolan ýüpegiň Aziýadan Ýewropa üstaşyr geçirilmeginde iki türkmen nesilşalygynyň aralygyndaky Trabzon möhüm çatryk bolup durýardy. Bu söwdadan osmanlylar-da, akgoýunlylar-da uly nep-peýda görýärdi. Hut şol sebäpli-de, Sara hatyn akgoýunlylaryň Gara deňzine ýeke-täk çykalgasyny saklamak üçin, latynlar bilen garyndaşlyk gatnaşygyny açypdy. 1461-nji ýylda Goýunhisaryň eteginde Osman soltany bilen çaknyşykda oňa garşy durup bilmejegini aňan Uzyn Hasan türkmen diplomatiýasynyň inçe tilsimlerini ulanypdyr — ejesi Sara hatyny töwellaçy edip ýollapdyr. Uzyn Hasanyň öňde goýan iki maksady bardy — birinjiden, ol özüniň «dişi ötmejek» goňşusy Fatyh Mämmedi Akgoýunlylara garşy ýöriş etmek raýyndan gaýtarmakdy, ikinjisi bolsa, garagoýunlylaryň we temirileriň özüne garşy taýýarlaýan ýörişlerine gaýtawul bermek üçin wagt utmak. Osman soltany Sara hatyny öz ýöriş çadyrynda uly hormat bilen garşylap, oňa «Enem», myhman bolsa soltana «Oglum» diýip ýüzlenipdir. Sara hatyn birinji wezipä ussatlyk bilen hötde gelipdir. Fatyh Mämmet esasy maksadynyň Trabzony eýelemekdigini aýdyp, gardaş türkmenleriň üstüne goşun çekmejegini aýdypdyr. Bir aýa çeken gabawdan soň, Trabzon osmanlylaryň eline geçýär. Sara hatyn bolsa Trabzon gaznasyndan gelinligi Despina düşýän paýy alyp, paýtagt Töwrize yza dolanýar. Onuň ýany bilen gelen osman ilçileri Akgoýunlylar bilen baglaşylan Ýassy-Çemen ýaraşygynyň şertlerini tassyklaýarlar. Ýaraşygyň akgoýunlylar üçin syýasy ähmiýeti onuň osman howpundan aman sypyp, diplomat Sara hatynyň ussatlygy bilen özbaşdaklygyny saklap galmagydy. Ykdysady babatda alnanda welin, bu osman diplomatiýasynyň uly ýeňşidi. Çünki osmanlylar Trabzony eýeläp, akgoýunlylary Gara deňzine çykalgadan, onuň üsti bilen bolsa, Genuýa täjirleri bilen söwdadan gelýän uly girdejiden kesipdiler. Görşümiz ýaly, Uzyn Hasan öz ejesi Sara hatynyň üsti bilen öňüni alyş diplomatiýasynyň milli usulyny, ýagny türkmende gadymdan gelýän töwellaçylyk dessuryny ussatlyk bilen ulanypdyr. Türkmençilikde bolsa, töwellaçynyň töwellasy alynmasa, erbet görülýär. Muny akgoýunlylaryň Temiriler bilen gatnaşyklarynda aýan görmek bolýar. Ilkibada dostlukly gatnaşykda bolan Temirileriň Akgoýunlylaryň çägini eýelemek islegi pajygaly tamamlanýar. Uzyn Hasan Temirileriň howpuna garşy durmak üçin, Şirwan şasy Farruh Ýasar we Erdebiliň hökümdary Şyh Haýdar bilen ýaranlyk baglaşýar. 1468 — 1469-njy ýylyň pajygaly gyşynda Temiri hökümdary Abu Seýidiň goşuny Mugan çölünde akgoýunlylardan ýeňlip, özi hem ýesir düşýär. Abu Seýidiň köşgünde penalanýan Temiri gaçgagy öz gandary bolan Abu Seýidi Uzyn Hasandan sorap alýar. Öz üstüne goşun çekmezligi hakda ozal Sara hatynyň üsti bilen ýollan töwellasyny almadyk (Sara hatyn Abu Seýidiň ejesine töwella edipdir) Abu Seýidiň ömri şeýdip pajygaly tamamlanýar. Uzyn Hasanyň ejesi Sara hatyndan Akgoýunlylaryň duşmany bolan Garagoýunlylara sygnan doganynyň ogly Jahangir Mürzäni raýyndan gaýtarmak üçin hem töwella ugradypdyr. Özüne garşy gozgalaňa baş göteren inisini mugyra getirse-de, ejesiniň töwellasyny alyp, oňa rehim edipdir. Sara hatyn beýleki ogly Jahangiriň meselelerini çözmek üçin, Memluk türkmenleriniň döwletine hem diplomatik missiýa bilen gidipdir. Zehinli diplomat zenan Ýewropada hem giňden tanalypdyr. Ýewropa döwletlerinde Sara hatyna uly hormat goýlupdyr. Ýewropa hökümdarlary ejesiniň üsti bilen Uzyn Hasana täsir etmäge çalşypdyrlar. 1473-nji ýylda Wenesiýadan Akgoýunly köşgüne ýollanan ilçi Losafat Barbaro şeýle tabşyryk berlipdir: «Hökümdaryň ejesi bilen duşuşyň, oňa bolan hormatymyzyň çäksizdigini mälim ediň, sowgatlarymyzy ýetiriň... netijede, ony Wenesiýa amatly bolan işe (Osman imperiýasy bilen urşa) çekmäge meýillendiriň...». Akgoýunlylaryň köşk taryhçysy Abubekir Tährany Sara hatynyň akgoýunlylaryň garşydaşy garagoýunly hökümdary Jahanşanyň ýanyna gidendigini, ýolda Rüstem Tarhanyň karargähine baranda, onda şeýle bir mahabat görmänsoň, Jahangir Mürze bilen Sahypkyrana (Uzyn Hasana — J.G.): — Eger gelseňiz, ýeňiş siziňki bolar. Eglenmän geliň! — diýip habar gönderendigini ýazýar. Sara hatynyň üşükliligi we strategik öňdengörüjiligi netijesinde Uzyn Hasan garşydaşyny ýeňmegi başarypdyr. Sara hatynyň Uzyn Hasandan başga-da, Jahangir, Hüseýin, Jahanşa, Isgender, Ybraýym, Üweýs atly 6 sany ogly, Hatyja begim atly gyzy bolupdyr. Şyh Haýdara durmuşa çykan Hatyja begim ýa-da Älemşah begim (hristian ady Marta) Sefewi türkmenleriniň döwletini esaslandyryjy şa Ysmaýyl Hataýynyň ejesidir. Jumamyrat GURBANGELDIÝEW, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty. "Nesil" gazeti, 06.06.2019 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |