12:36 Uzyn Hasan | |
UZYN HASAN
Taryhy şahslar
Akgoýunly türkmenleriň döwletini esaslandyryjylar oguzlaryň baýyndyr taýpasyndan bolupdyr. Taryhçy Orazpolat Ekäýewiň maglumatyna görä, Akgoýunly türkmenleri XIII asyryň ahyrlarynda, Ilhan Argun han (1284-1292 ý.) zamanynda Horasandan, ýagny günorta Türkmenistandan gelip, Häzirbegjan, Harput, Diýarbekir aralygynda ýerleşipdirler. Döwletiň meşhur hökümdary Uzyn Hasan (1425-1478 ý.) 28 ýaşynda (1453 ý.) öň ellerinden gideren Diýarbekiri Garagoýunlylardan alypdyr. Garagoýunly hökümdary Jahanşany ýeňlişe sezewar edipdir. 33-52 ýaş aralygynda (1458-1477 ý.) Gürjüstana bäş gezek ýöriş gurapdyr. 42 ýaşynda (1467 ý.) Garagoýunly döwletini ýykan Uzyn Hasan Horasandan Siwasa çenli aralygy özüne tabyn edipdir. 44 ýaşynda (1469 ý.) paýtagtyny Töwriz şäherine geçirýär. Şeýlelikde, Uzyn Hasan Günorta Häzirbegjany, Garabagy, Ermenistany, Kürdüstany, Diýarbekiri, Günbatar Eýrany, Yragy we günortada Horasana we Pars aýlagyna çenli aralygy öz içine alýan uly döwlet gurýar. Tbilisi bilen birlikde, Gürjüstanyň gündogar bölegi hem akgoýunlylaryň golastyna geçýär. Uzyn Hasan Ýewropa döwletleri bilen ýaranlyk bileleşigini baglaşyp, Osmanlylara garşy durmakçy bolupdyr. 31-32 ýaşynda (1456-1457 ý.) Trabzonyň Komnenler nesilşalygyndan bolan imperatory Kalo Ioann IV bilen gepleşikleri geçiripdir. 33 ýaşynda (1458 ý.) Trabzon Rum imperatory Dawid Ioann IV bilen ylalaşyk baglaşypdyr. Ylalaşygyň şertine görä, Uzyn Hasan Ioanna Osman soltany Fatyh Mämmede garşy göreşde ýardam bermelidi. Munuň öwezine Ioann IV Uzyn Hasana gyzy Feodorany (Katerina) hristian dininde galmagyny şert goýup, durmuşa çykarypdyr. K.E.Boswort onuň adyny Despina hatyn görnüşinde ýalňyş berýär. Despina Uzyn Hasanyň aýalynyň däl-de, ejesiniň adydyr. «Despina» şahsy at däl-de, hristian şazenanlarynyň musulman hökümdarlaryna durmuşa çykanlaryna umumylykda berlen at hasaplanýar. «Despina» grekçeden türk diline terjime edilende «hatyn» manysyny hem berýär. Feodoranyň çendenaşa özüneçekiji owadanlygy, görmegeýligi Eýranda, Wenesiýada, hatda tutuş Ýewropada dillerde dessan bolupdyr. Taryhçy Orazpolat Ekäýewiň ýazmagyna görä: «Onuň döwletinde bolup gören Günbatar Ýewropaly syýahatçylar we ilçiler onuň döwlet işgäri hem-de serkerde hökmündäki başarnygyna haýran galypdyrlar». Wenesiýa ilçileri Katerino Zeno, Barbaro, Kontarini Uzyn Hasanyň köşgünde hemişelik diýen ýaly bolupdyrlar. Wengriýanyň, Polşanyň ilçileri-de gelip-gidip durupdyrlar. Uzyn Hasan Garamanly türkmen begligi, Kipr korollygy, Wenesiýa Respublikasy, Rodos döwleti bilen ýaranlyk gatnaşyklaryny ýola goýupdyr. Aýratyn-da, Wenesiýa bilen gatnaşyklar dostlukly häsiýetde bolupdyr. XV asyryň 60-70-nji ýyllarynda taraplar özara ilçileri alşypdyrlar. 1465 — 1466-njy ýyllarda Wenesiýa bilen diplomatik gatnaşyklaryň işjeňleşmeginde hut Feodoranyň tagallasy uly bolupdyr. Uzyn Hasan wenesiýalylardan ot açýan ýaraglary satyn almaga gyzyklanypdyr. Uzyn Hasan wenesiýaly ilçi Katerino Zeno Akgoýunlylaryň Wenesiýadaky ilçisiniň ygtyýarlyklaryny berip, ony Ýewropa hökümdarlarynyň ençemesi bilen öz adyndan gepleşikleri geçirmäge borçly edipdir. 1471-nji ýylda ermeni täjiri Hoja Miragy öz ilçisi hökmünde Ýewropa iberýär. Bütin yslam dünýäsine hökümdar bolmaga synanyşan Uzyn Hasan 47 ýaşynda (1472 ý.) Hajy Mehmet atly ilçisini ýollap, Wenesiýa bilen Osman döwletine garşy harby ýaranlyk baglaşýar. Oňa laýyklykda, Osman döwleti ýykylyp, Yssambyl tagtyna Uzyn Hasan geçmelidi. Osman türkmenleriniň Ýewropadaky eýeçilikleri Wenesiýa berilmelidi. Wenesiýa deňizden hüjüme geçip, Osman döwletini ýykmaga Uzyn Hasana kömek etmelidi. Emma taryh Uzyn Hasanyň hem-de onuň ýewropaly ýaranlarynyň bu piriminiň amala aşmagyna mümkinçilik bermedi. Şu ýerde Uzyn Hasanyň Ýewropa diplomatiýasynda irden bäri ulanylýan «Agzyny alart-da, höküm sür» diýen ýörelgesiniň pidasy bolandygyny nygtamak gerek. Elbetde, Akgoýunly hökümdarynyň öz lebzinde durany mälim. Çünki onuň halkara söwdasynda osmanlylara gapdyran bähbitlerini yzyna alasy gelýärdi. Ol 1472-nji ýylda osmanlylaryň üstünden ençeme ýeňişleri gazanyp, Ortaýer deňziniň kenarlaryna çykmagy başarýar. Emma wenesiýalylar welin, söz beren toply gämileri bilen oňa kömege gelmändirler. Gaýtam, onuň ýeňsesinden osmanlylar bilen gepleşikler geçirýärler. Wenesiýa osmanlylardan söwda ýeňilliklerini alýar. Şu ýerde taryhçy O.Ekäýewiň Uzyn Hasana bagyşlanan makalasyndan şu parçany getirmegi ýerlikli hasaplaýarys: «... Osmanly döwleti akgoýunlylara garşy çykyş etmekden saklanýardy. Osmanly döwletiniň özi beýik döwlet bolany üçin, onuň maksatnamalary-da uludy. Onuň maksady Ýewropanyň isaýy ýurtlaryny boýun egdirip, olaryň ilatyny musulmanlaşdyrmakdan ybaratdy. Öz doganlary bolan türkmenler bilen ýer-ýurt üstünde dawa etmek, söweşmek maksady ýokdy (tapawutlandyrma biziňki — J.G.). Ýogsam Akgoýunly türkmenlere garşy çykyş etmäge onuň ýeterlik delili hem bardy». Taryhçy dört sany ýerlikli delili getirmek bilen, osmanlylaryň akgoýunlylara garşy uruşmak pikiriniň bolmandygyny subut edýär. Uzyn Hasan ozalky ýaranynyň indi öz duşmanyna öwrülenini bilýär. Haýp, indi giçdi. Keseden osmanly we akgoýunly türkmen nebereleriniň arasyna sepilen agzalalyk tohumy «şineläpdi». Onuň miwesi bolan ahmyr kitüwi indi oňyn çözüljek däldi. 1472-nji ýylyň güýzünde Mämmet II akgoýunly goşunyny Beýşäheriň golaýynda ýeňýär. Uzyn Hasan umydyny üzmän, ýene-de Wenesiýadan haraý isleýär. Ilçisi Yshagy Wenesiýa ýollaýar. Hatdan daşgary, türkmen diplomatiýasynyň syr saklamagy, gizlinligi üpjün etmek däbine eýerip, ilçiniň esasy zatlary diňe ýüzbe-ýüz duşuşykda aýtjakdygyny, onuň bilen alnyp barlan gepleşikleri edil özüniň gatnaşandaky ýaly hasaplaýandygyny beýan edipdir. Emma barybir Wenesiýadan garaşylan kömek gelmändir. 1473-nji ýylyň 1-nji awgustynda Ýewfratyň kenarynda Malatýa şäheriniň golaýynda bolan söweşde Uzyn Hasan osmanlylary ýeňýär. Mämmet ikinjiniň ýaraşyk baglaşmak hakdaky teklibini ret edýär. Hatda tizara osmanly tagtynda özüniň oturjakdygyny aýdýar. Ýöne ýeňiş sazyny uzak çalmak oňa nesip etmeýär. 1473-nji ýylyň 11-nji awgustynda Otlukbili diýen ýerde bolan söweşde ýeňiş ýene-de osman soltanyna gülüp bakýar. Otlukbili söweşi Uzyn Hasanyň Osmanly döwletini ýykmak baradaky hyýalyny puja çykarypdyr. Bu söweş Osman döwleti ýaly güýçli şadöwleti dünýä kartasyndan ýok edip bolmajakdygyny aýdyň görkezdi. Uzyn Hasan şeýle güýçli döwlete garşy gidenine puşman edipdir. Taryhçy Neşri onuň ölüm ýassygynda ýatan wagty ogullaryna: «Osmanogullary bilen asla uruş etmäň!» diýip wesýet edendigini ýazýar. Taryhçy O.Ekäýew Otlukbili söweşiniň netijesini teswirlemek bilen, Fatyh Mämmediň akgoýunly türkmen garyndaşlarynyň döwletini ýykmak niýetiniň bolmandygyny, diňe Uzyn Hasanyň gözüniň oduny almak, galyberse-de, kyn gününde ýewropalylaryň oňa kömege gelmejekdiklerini görkezmek isländigini dogry belleýär. Hakykatdan hem, osmanlylaryň akgoýunlylaryň döwletini syndyrmak niýeti bolmandyr. Sebäbi osmanlylar gündogar araçäklerinde — gany bir, dini bir, dili bir türkmen gardaşlarynyň özüne golaý goňşy bolup oturmagyny bähbitli hasaplapdyrlar. Uzyn Hasan rus patyşasy Iwan III tarapyndan iberilen Marko Rossonyň Altyn Orda garşy ýaranlyk baglaşmak teklibini welin, ret edýär. 1475-nji ýylda Altyn Ordanyň ilçisine onuň günorta serhetleriniň eldegrilmesizligi we howpsuzlygy hakda kepillendirmeleri berýär. Akgoýunly hökümdary Uzyn Hasan ylym adamlaryna ýakyndan hemaýat beren hökümdardyr. Taryhçy Müneçjimbaşy: «Ol parasatly, adalatly, takwa, dindar hökümdardy, alymlary we takwa adamlary gowy görerdi, gynanjaňdy we haýyr-sahawatlylygy bilen tapawutlanardy. Haýyr-sahawat üçin ençeme binalary gurdurdy» diýip ýazypdyr. Uzyn Hasan «Kanunnama» atly kanunlar ýygyndysyny kabul etdiripdir. Bu kanunlar Sefewi we Osman türkmenleriniň döwletinde hem peýdalanylypdyr. Onuň köşgünde işlän Jelaleddin Dewwany «Lewamiül-Işrak fi mekarimül- Ahlak» («Belent gylyk-häsiýetler hakda ýagtylygyň ýylpyldysy»), harby sungata degişli «Arznama» atly eserlerini Uzyn Hasana, «Haşiýe-i Kadime» («Kadymäniň» goşmaçasy) eserini Halyl soltana, «Risaleý-i Adalat» («Adalat risalasy») eserini Ýakup soltana sowgat beripdir. Mehmet ibn Mansur soltanyň sargydy boýunça 20- den gowrak magdanyň häsiýetnamasyny berýän «Jöwhernama» eserini ýazypdyr. Uzyn Hasanyň köşgünde hemaýat gören alym, Ulugbegiň şägirdi Aly Guşçy Stambula ilçi edilip iberilipdir. Osman soltany Mämmet II ony Aýasofýa medresesiniň müderrisligine (professor) hem-de hususy kitaphanasynyň müdirligine belläpdir. Ol astronomiýa we matematika boýunça birnäçe risalalaryň awtorydyr. Taryhçy Abu Bekir Tährany Akgoýunlylara bagyşlap «Taryhy Diýarbekriýe» eserini ýazypdyr. Akgoýunlylar türkmen dessurlaryna gaty berlen adamlar bolupdyr. Hökümdar Uzyn Hasan Baýyndyrlaryň gadymdan gelýän tagmasyny — döwlet nyşanyny Akgoýunly döwletiniň baýdagyna nyşan hökmünde goýdurypdyr. Çeşmelerde Uzyn Hasanyň ýörişe çykanda, ehli-tarab diýlip atlandyrylan harby orkestrini ýany bilen äkidendigini habar berýär. Jumamyrat GURBANGELDIÝEW, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty. # "Nesil" gazeti, 2019 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |