23:38 Abyş hatyn | |
ABYŞ HATYN
Zenan şahsyýetler
Türkmen döwletiniň taryhynda mynasyp yz galdyran zenan hökümdarlaryň biri Abyş hatyndyr (1251-1287 ý.). Ol 24 oguz taýpasynyň biri bolan salyr türkmenleriniň häzirki Eýranyň Pars böleginde guran atabegliginiň soňky hökümdarydyr. Abyş hatyn 1263-1287-nji ýyllarda bu döwleti 24 ýyllap dolandyrýar. Onuň döwletiniň paýtagty Şiraz şäheri bolupdyr. Şiraz, Buşehr, Lar, Fesa, Kazerun, Jehrem, Firuzabad, Abadan diýen 8 etraba (şähristana) bölünýän Pars bölegi demirgazyk-günbatarda Yspyhan, gündogarda Kerman, günbatarda Basra (Pars) aýlagy arkaly araçäkleşýär. Bu döwlet 1260-njy ýylda Ilhanlar (mongollar) döwletiniň baknasyna öwrülýär. Abyş hatyn Reşideddiniň maglumaty boýunça, 1263-nji ýylda 12 ýaşynda tagta geçipdir. Mongol hanlary basyp alan döwletleriniň öňki dolandyryjylaryny öz baknasyna öwrüp, ýöne tagtyndan agdarman, şolaryň üsti bilen bolsa, onuň halkyny dolandyrýan eken. 1287-nji ýylda Abyş hatyn iki hepdelik agyr keselden soňra 36 ýaşynda ýogalýar. Onuň döwleti bolsa, Ilhanlar döwletine birikdirilýär. Taryhy maglumatlar Abyş hatynyň hökümdarlyk eden wagty onuň örän adyl, parasatly, halkyň söýgüsine mynasyp bolandygy, waspynyň şahyrlaryň şygyrlarynda, bagşylaryň aýdymlarynda, halkyň bolsa kalbynda orun tapandygy barada habar berýärler. Sagdy Şirazyda Abyş hatynyň ölümine gynanç bildirýän elegiýalar bar. Jumamyrat GURBANGELDIÝEW, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty. "Nesil" gazeti, 13.04.2019 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |