00:04 Börüler atabegligi | |
BÖRÜLER ATABEGLIGI
Taryhy makalalar
1104-1154-nji ýyllar aralygynda 50 ýyllap Siriýada türkmenleriň Börüler atabegligi dowam etdi. Taryhy çeşmelerde bu atabeglige Damask atabegligi ýa-da Tugteginliler atabegligi hem diýilýär. Atabegligi esaslandyryjy Zahyreddin Seýfulyslam Tugtegin (Tug hökümdar) Beýik Seljuk soltany Mälik şanyň dogany, Siriýanyň hökümdary Täjüddöwle Tutuşyň hyzmatynda bolup, onuň ogly Dukaga atabeg bellenipdir. Tugteginiň doglan wagty hakda anyk maglumat ýok. Onuň ady Tutuş bilen Berkýarygyň arasynda 1095-nji ýylyň 26-njy fewralynda Reýiň etegindäki bolan söweş bilen baglylykda geçýär. Şol söweşde Tutuş öldürilýär. Tugteginiň Seljuk soltany Muhammet Tapara garşy gidendiginden çen tutup (Muhammet Tapar 1082-nji ýylda doglan), biz Tugteginiň hem, takmynan, 1080-nji ýylda doglan bolmagynyň mümkindigini çaklaýarys. Terbiýelän şazadasy Dukak aradan çykansoň (1104 ý.) Tugtegin onuň bir ýarym ýaşyndaky ogly Tutuşy hökümdar diýip yglan etmek bilen, şazada kämillik ýaşyna ýetýänçä bütin Siriýada häkimligi öz eline alýar hem-de takmynan, 24 ýaşynda öz atabegligini esaslandyrýar. Tugteginiň atabegligini esaslandyran mahaly haçparazlaryň musulmanlaryň üstüne howpy has-da ýitileşipdi. Ol haçparazlar bilen ilkinji gezek 18 ýaşynda (1098 ý. tomsy) Dukak bilen birlikde söweşipdir. Ramlanyň golaýynda bolan söweşde (1104 ý.) ol haçparazlardan ýeňlipdir. Haçparazlara garşy ilkinji ýeňşi 25 ýaşynda (1105 ý.) Rafaniýäni olaryň elinden almagydyr. Haçparazlara garşy göreşmek üçin Fatimilere kömek hem ýollapdyr. Haçparazlaryň Al’al galasyny eýeläpdir. 28 ýaşynda (1108 ý.) Tiweriadyň golaýyndaky söweşde hem ýewropalylardan üstün çykypdyr. Onuň bu üstünliklerinden heder eden Küdüs (Iýerusalim) şasy Balduin 10 ýyl möhlet bilen ýaraşyk baglaşmaga howlugypdyr. Şertnamanyň ähmiýeti Damask — Müsür aralygyndaky kerwen ýolunyň howpsuzlygyny üpjün edendiginden ybaratdyr. Emma bu şertnama 1113-nji ýylda bozulypdyr. Siriýada haçparazlar gaýtadan üstünliklere eýe bolup ugransoň, Tugtegin Seljuk soltany Muhammet Tapardan kömek sorapdyr. Emir Mewdudyň, Tugteginiň, Emir Aýazyň serkerdeliginde seljuk, böri we artykly türkmenleriň birleşen güýçleri haçparazlara uly zarba urupdyrlar. 1113-nji ýylyň 28-nji iýunynda bolan Tiweriad söweşinde haçparazlar ýeňlipdir. Iýerusalimiň şasy Balduin ýesir düşenem bolsa, ugruny tapyp gaçypdyr. Tugteginiň türkmenleriň birleşen güýçleriniň düzüminde Urfany haçparazlaryň elinden almak synanyşygy şowsuz tamamlanypdyr (1110-1111 ý.). Tugtegin ökde serkerde we diplomat bolupdyr. Haçparazlara garşy üstünliklere buýsanyp, Artyklar neberesinden bolan hökümdar Ilgazy bilen birlikde Beýik Seljuk döwletine garşy durmaga-da milt edipdir. Emma soňra akylyny başyna jemläp, 1115-nji ýylda soltan Muhammet Taparyň ýanyna baryp, özüniň günäsiniň geçilmegini gazanypdyr. Seljuk soltany 1116-njy ýylda 36 ýaşly Tugtegini Siriýanyň häkimligine belläpdir. Soňra soltanyň emri bilen haçparazlara garşy göreşen Tugtegin üstünlik gazanypdyr. Ol Artyklardan Ilgazy, Dilmajogullaryndan Dogan Arslan bilen birleşip, Esarib we Zerdane galalaryny eýeläpdir (1119 ý.). Tugtegin we Ilgazy 1120-nji ýylda Tel-Danisde haçparazlar bilen garşylaşyp, olary yza çekilmäge mejbur edipdir. Haçparazlar bilen barlyşyksyz söweşen Tugtegin 1128-nji ýylyň 11-nji fewralynda 48 ýaşynda Şamda aradan çykypdyr. * * * Zahyreddin Tugteginiň ogly Täjilmülk Böriniň doglan wagty barada hem anyk maglumat ýok. Ol Böri türkmenleriniň Damaskdaky atabegligine 1128-1132-nji ýyllarda hökümdar bolupdyr. Kakasy ony ýaşlygynda atabegligiň dürli künjeklerine käbir wezipelere belläpdir. 1108-nji ýylda ony atabegligiň ilçisi hökmünde Bagdat halyfynyň ýanyna ýollapdyr. Bu ýerde ol Beýik Seljuk türkmen soltany Muhammet Tapar bilen duşuşypdyr. 1110-njy ýylda kakasy tarapyndan Baalbek şäherine häkim bellenipdir. Täjilmülk Böri Zeňňileriň, haçparazlaryň, şeýle-de şaýylaryň batynylyk bölünijilik akymynyň Siriýany özüne tabyn etmegine garşy göreşipdir. 1129-njy ýylda Iýerusalimiň şasynyň baştutanlygyndaky haçparaz goşunynyň Damaska hüjümini yza serpikdiripdir. «Böri örän gaýratly we edermendi. Atasy ýaly gaýduwsyzdy. Şahyrlaryň köpüsi ony şygyrlarynda wasp etdiler» (Ibn Esir, «Kämil taryh»). Börüler döwründe paýtagt bolan Damaskda metjitler, medreseler, şypahanalar, täze mähelleler, suw kanallary gurlupdyr. Bu döwürde Damask Siriýanyň medeni merkezine öwrülipdir. Bu şäherde Ibn Kalanysy (1160 ý. ýogalan) we Ibn Asakir (1176 ý. ýogalan) ýaly taryhçylar ýetişipdir. Siriýada demir, deri, kagyz işläp bejermek ösüpdir. Jumamyrat GURBANGELDIÝEW, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty. "Nesil" gazeti, 06.04.2019. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |