18:28 Horezmşalar döwletiniñ harby ulgamy | |
HOREZMŞALAR DÖWLETINIŇ HARBY ULGAMY
Taryhy makalalar
Horezmşalar özleriniň döwletini Beýik Seljuk türkmen nesilşalygynyň mirasdary hasaplapdyrlar. Goşun bilen bagly ähli işlere, edil gaznalylarda we seljuklarda bolşy ýaly, Diwany-arz seredipdir. Döwlet gaznasyndan aýlyk alýan ähli esgerleriň ýazgy depderleri şu diwanda saklanypdyr. Goşuny edara etmek işlerine «Amir-i Arz» unwanyny göteren baş serkerde jogap beripdir. Goşun esasan üç bölekden — döwlet goşunyndan (oňa «hassa», «haşam» ýa-da «mutejennide» hem diýlipdir), welaýatlardan gelen goşun bölümlerinden, «haşar» (ýygyndy topar, üýşmeleň) atlandyrylan meýletinçi güýçlerden ybarat bolupdyr. Döwlet goşuny satyn alnan gullardan ýa-da uruşlarda ýesir düşenlerden düzülipdir. Paýtagtda ýa-da onuň golaýynda saklanan döwlet goşuny gönüden göni soltanyň tabynlygynda bolupdyr. Soltan Alaeddin Muhammet gyssagly zerur iş ýüze çykanynda ýa-da özüniň şübhelenen emeldarlaryny jezalandyrmak üçin 10 müň atlydan ybarat hususy tümenini ýanynda saklapdyr. Oňa sultana wepaly gullugy bilen tapawutlanan Aýaz Jahan Pälwan serkerdelik edipdir. Jelaleddiniň döwründe döwlet goşuny elmydama onuň ýanynda bolupdyr. Hassa goşunynyň arasyndan seçilip alnan «hawassy-gulaman» diýlip atlandyrylan topar soltanyň şahsy janpenalary bolupdyr. Horezmşalar döwletiniň dürli welaýatlarynyň merkezlerinde hem belli bir mukdardaky goşun saklanypdyr. Olar esasan ykta eýeleriniň orta çykaran atly goşunyndan ybarat bolupdyr. Döwletiň serhet ýakalarynda, ýollaryň ugrunda goranyş ähmiýetli galalarda gorag birikmeleri saklanypdyr. Welaýat häkimleriniň we gala goragçylarynyň baştutanynyň ýanynda öz goşun ýygyny bolupdyr. Döwlete tabyn bolan ýerli nebereleriň serdarlary hökümdara beren ähdine görä, zerur halatynda oňa belli bir mukdardaky goşuny ibermäge borçly bolupdyr. Ony ýaraglandyrmak, at we azyk bilen üpjün etmek ýerli häkimleriň boýnuna bolupdyr. Welaýat goşuny dürli tirelerden we taýpalardan düzülipdir. Horezmşalar döwletinde gypjaklardan düzülen goşunyň täsiri hasam uly bolupdyr. Aýratynam, Tekeşiň Türkan hatyna öýlenmeginden soňra gypjaklaryň döwletdäki harby täsiri hasam artypdyr. Soltan Alaeddin Tekeşiň döwründe goşun başda kaňly-gypjaklar bolmak bilen birlikde halaç, garlyk, uran, ugrak ýaly taýpalardan ybaratdy. Alaeddin Muhammet esasy bölegi gypjaklardan düzülen goşunyna daýanyp, birnäçe ýörişleri gurapdyr hem-de döwletiniň çäklerini giňeldipdir. Jelaleddin Hazar deňziniň bir adasynda ölüm pursadynda ýatan kakasyndan mirasdarlyk hukugyny alyp, Gürgenje dolanan mahalynda paýtagtdaky gypjak goşuny täze soltany pitne bilen garşulapdyr. Şonuň üçin Jelaleddin gypjak taýpalaryna harby güýç hökmünde birbada ynam etmändir. Emma ol Kawkazda mahaly mongollara garşy göreşde gypjak serkerdelerniň kömeginden peýdalanypdyr. Jelaleddin mongollara garşy ilkinji söweşlerinde ony halaç türkmenleriniň serdary Seýfeddin Bugrak hem 40 müň adamly goşuny bilen goldapdyr. Emma Perwananyň golaýyndaky söweşde Jelaleddiniň gazanan ýeňşi olja dawasy zerarly bölünipdir. Dawanyň baş sebäbi Emin Mäligiň olja bölüşilende Seýfeddin Bugragy gamçy bilen urmagy bolupdyr. Jelaleddin Emin Mäligi bu gödek hereketi üçin jezalandyrmandyr. Sebäbi ol Emin Mäligiň ýolbaşçylygyndaky kaňly goşunynyň öz golastyndan çykmagyndan howatyrlanypdyr. Olja üstündäki dawanyň soňy urşa ýazypdyr. Uruşda dogany öldürilen halaç serdary Seýfeddin Bugrak galan 30 müň nökeri bilen Jelaleddini terk edipdir. Jelaleddin hernäçe ýalbar-ýakar, höre-köşe etse-de, goşundaky agzalalygyň öňüni alyp bilmändir. Dürli tire-taýpalardan düzülen goşunda agzybirligi saklamagyň kyndygyna Horezmşalar mysalynda hem göz ýetirmek mümkin. Döwletiň üstüne aýratyn harby howp abanan mahalynda halkyň arasyndan tölegli esgerler toplanypdyr. «Haşar» diýlen bu meýletinçi goşun bölümi esasan şäherdir galalaryň goranyşynda ulanylypdyr. Goşunyň baş serkerdesi soltanyň hut özi hasaplanypdyr. Ýöriş üçin goşunyň toplanmalydygy hakdaky karary hut soltanyň özi beripdir. Ýörişe çykmak baradaky karar soltanyň töweregindäki ýakyn adamlary bilen bu meseläni ara alyp maslahatlaşandan soň tassyklanypdyr. Jelaleddin goşunyň ýöriş üçin toplanmalydygy hakda karar berensoň, esasy serkerdelerine — hanlara, mäliklere, emirlere, pälwanlara, çawuşlara gyrmyzy reňkdäki duýduryjy oklary ýollapdyr. Ol oky alan serkerdeler, nirede bolsa-da, ýanyndaky nökerlerini toplap, derhal soltanyň ýanyna ugrapdyrlar. Gyzyl oklaryň ýerine ýüzükleriň iberilen wagty hem bolupdyr. Söweşiň öň ýanynda goşunyň söweş tabyny barlamak, onuň geljekki söweşde alyp barjak söweş tilsimini ezberletmek üçin iki günüň dowamynda aw guralypdyr. Bu awuň häzirki zamandaky harby-tälim meýdan okuwydygyny nygtamagymyz gerek. Onuň goşunyň söweş taýynlygyny artdyrmakda hem-de ruhubelentligini artdyrmakda ähmiýeti uly bolupdyr. Jelaleddin söweşiň öň ýanynda goşunyny tutuşlygyna özüniň gözüniň öňünden geçirdip, onuň sanyny, ýaraglanyşyny we ruhubelentligini barlagdan geçiripdir. Söweşiň öň ýanynda söweş mejlisi geçirilipdir. Soltan öz serkerdeleri bilen söweşde haýsy söweş tilsimleriniň ulanyljakdygyny ara alyp maslahatlaşypdyr. Mejlisde her bir serkerde öz pikirini aýdyp bilipdir. Emma iň soňky kesgitli karar soltana degişli bolupdyr. Gürjüler bilen boljak söweşiň öň ýanynda geçiren söweş mejlisinde weziri garşydaşyň san taýdan agdykdygyny aýdyp, söweşi yza süýşürmegi teklip edeninde, oňa gaharlanan Jelaleddin onuň kellesine döwedi bilen urup, söweşiň hökman boljakdygy baradaky kesgitli kararyny aýdypdyr. Söweş mejlisleinde onuň haýsy günde edilse amatly boljakdygy barada müneçjimleriň we gurrandzalaryň maslahatlary hem diňlenipdir. Horezmşalar döwletiniň soltanlarynyň ählisi goşunyň başynda bolup, ýörişlere çykypdyrlar. Söweş wagtynda soltanyň goragyny üpjün etmek hem-de hökümdaryň ýerleşen ýerini uzakdan saýgarmak üçin onuň kellesiniň üstüne ýörite saýawan — çetr tutulypdyr. Çetriň söweş mahaly soltany goramakda ähmiýeti uly bolupdyr. Horezmşalarda gara reňkiň diňe soltana degişlidigini, çetriň, baýdagyň, tyrazyň (hökümdaryň geýýän lybasy) reňkiniň bir bolmalydygyny göz öňünde tutsak, onda Horezmşalaryň çetriniň gara reňkde bolandygyny çaklamak mümkin. Horezmşalar döwletiniň baýdagy gara reňkde bolupdyr. Özlerini Beýik Seljuk türkmen şadöwletiniň kanuny mirasdüşeri hasaplaýan Horezmşalar Soltan Sanjar ýogalandan soň olaryň gara reňkdäki baýdagyny kabul edip alypdyrlar. Hökümdaryň baýdagy syýahatda, söweşde ýörite bellenen baýrakdar ýa-da baýrakdarlar tarapyndan göterilipdir. Örän mukaddes saýylan baýdak aýratynam söweş ýagdaýynda goralyp saklanypdyr. Baýdagyň duşmanyň eline düşmegi seniň ýeňildigiňi aňladypdyr. Soltan Jelaleddin Yspyhanyň golaýyndaky söweşde mongollardan ýeňlende töweregindäki sanjakdarlarynyň biriniň gaçmaga hyýallanýandygyny görüp, ony derrew tutup öldüripdir. Horezmşalar döwletiniň goşunynyň sany takmynan näçeräk bolduka? Horezmşalar döwleti barada kitap ýazan türk alymlary Fuat Köprüli we Aýdyň Taneri soltan Tekeşiň takmynan 170 müň adamly goşunynyň bolandygyny habar berýärler. Muhammet Nesewi Alaeddin Muhamet şanyň Yragy boýun egdirmek üçin 100 müň adamlyk goşun bilen ýörişe çykandygyny ýazýar. Horezmşalar taryhy barada ýazylan ylmy işlerde döwletdäki harby derejeler hakda hem ýaňzydylýar. Han goşundaky iň ýokary harby dereje hasaplanypdyr. Ondan soňra mälik, emir, spahbed, serheň, çawuş diýen harby derejeler bolupdyr. Goşunyň öňhatar birliklerine (dozor ýa-da awangard) pälwan diýlen harby derejeli adam serkerdelik edipdir. Soltan söweşlerde aýratyn tapawutlanan serkerdeleriň atlarynyň ýanyna Alp han, Has han, Sungur han ýaly tapawutlandyryjy atlary dakypdyr. Horezmşalar döwletiniň pyýada we atly goşuny öz döwrüniň iň kämil ýaraglary bilen ýaraglanypdyr. Ok-ýaý, galkan, gylyç, naýza goşunyň esasy ýaraglary bolupdyr. Esgerler okdan we tygdan goranmak üçin sowut geýipdirler. Merdiwan, manjynyk, arrada, goçbaşy ýaly enjamlar gala gabawunda ulanylypdyr. Jelaleddin Ahlat galasyny gaban mahalynda her biri sekiz nöker tarapyndan işledilýän 12 sany uly manjynygy ulanypdyr. Horezmşalar döwletiniň goşunynyň ulanan harby tär-tilsimleri esasan goranyş, hüjüm ediş tilsimlerinden ybarat bolupdyr. Horezmşalaryň goranyş tilsimine mysal hökmünde Soltan Sanjaryň Horezmşa Atsyzyň garşysyna 1138, 1147-nji ýyllardaky ýörişlerini görkezmek bolar. Horezme 1147-nji ýyldaky ýörişinde Soltan Sanjar Atsyzy Hazarasp galasynda iki aýlap gabapdyr. Ýollary suwa basdyryp, duşmanyň öňe süýşmegine päsgel bermek hem goranyş tilsimleriniň hataryna giripdir. Ony soltan Tekeş garahytaýlara garşy ulanypdyr. Horezmşalar söweşlerde hiläni ýerlikli ulanmagy başarypdyrlar. Horezmşalar diňe bir gury ýerde däl-de, eýsem derýada hem söweşmegiň ussady bolupdyr. Mongollar Horezmşalar döwletiniň gyrak-bujagyndan girip, Hojent galasyny gaban mahalynda, galanyň häkimi Demir Mälik (Jelaleddiniň daýysy) 70 müň adamdan ybarat duşmanyň garşysynda durup bolmajagyna göz ýetirip, goşunynyň arasyndan iň batyrgaý, söweşjeňlerinden müň sanysyny saýlap, Seýhun (Syrderýa) derýasynyň ortasyndaky bir ada çekilipdir. Bu ada kenardan mongollaryň ok we manjynyk zarbasynyň ýeter menzilinden daşda bolupdyr. Mongollar derýanyň gala tarapdaky iň dar ýerini daş bilen doldurmak üçin 50 müň adamdan ybarat ýesirleri üç parsah (15-20 km) aralykdan uly daşlary daşamaga we olary derýa togalamaga mejbur edipdirler. Ilkibada mümkin däl ýaly bolup görünse-de, ýesirleriň mejbury zähmeti bilen derýanyň gala bilen aralykdaky kem-kemden daraldylypdyr. Gala goragçylary munuň öňüni almak üçin ok geçmez ýaly gaýyklarynyň üsti bilen duşmanyň üstüne hüjüme geçip başlapdyrlar. Demir Mälik gaýyklaryň daşyna palçyk bilen sirkäniň ýugrulmagyndan alnan mäjum bilen suwalan öl keçeleri oradypdyr. Şeýle gorag serişdeleri gaýyklary deşilmekden hem nepýag bilen atylan oklardan hem gorapdyr. Şol gaýyklara münen esgerler mahal-mahal kenara – mongollara garşy hüjüme geçip, olary kenardan uzaklaşdyrmaga synanyşypdyrlar. Duşmanyň gabawundan sypmak üçin Demir Mälik ahyry nökerlerinim atlaryny we ýaraglaryny 70 sany sala mündürip, ýüzüni gijäniň garaňkylygyna tutup, derýa bilen demirgazyga tarap ýüzüp ugrapdyr. Mongollar üstünde ellerinde nepýag oralan kesindiler ýakylan salary iki kenar boýunça yzarlap, oka tutupdyrlar. Duşmanyň gabawyna düşen Demir Mälik Benakendiň deňinde gaýyklaryň ýüzmegini haýallatmak üçin derýa gerlen zynjyry üzüp, öňe hereket edipdir. Şeýle batyrgaýlyk bilen Otrar, Sygnak, Jend şäherleriniň deňinden geçen Demir Mäligiň öňünde duşman Barçylykkendiň deňinde has uly duzak gurupdyr. Derýanyň iki kenary biri-birine daňylan gämiler bilen «zynjyrlanypdyr». Olaryň üstünde bolsa, tigirli manjynyklar gurlup, esgerler hüjüme taýýar bolup durdy. Emma Demir Mälik bu duzaga düşmändir. Duzaga ýetmänkä nökerleri bilen kenara çykyp, çöl bilen Gürgenje tarap ugrapdyr. Demir mälik özüni Hojentden bäri yzarlap gelýän mongol kowguçylary bilen gaça söweşler edip, ýanynda galan az sanly nökeri Gürgenje barypdyr. Horezmşalar döwletiniň goşuny sag, çep we merkezi ganatlara bölünipdir. Merkezi ganata soltanyň özi, sag we çep ganatlara hanlar we mälikler serkerdelik edipdirler. Merkezi ganatyň esasy bölegi atlylardan, sag ganat ýaýçylardan, çep ganat pyýadalardan ybarat bolupdyr. Her bir üstünlikli ýeňişden soň aşagyna soltanyň tugrasy basylan ýeňiş namasy — fetihnamalar ýazylyp, ýörite çaparlar döwletiň ähli etraplaryna hem-de yslam ülkelerine ýeňşi buşlamak üçin ugradylypdyr. Horezmşalar döwletinde aňtaw ulgamy (razwedka) hem oňat ýola goýlupdyr. Döwletiň howpsuzlygy üçin zerur maglumatlary toplaýan jansyzlaryň baştutanyna çawuş diýlipdir. Sylahdar soltanyň ýarag-esbaplary saklanýan ammaryň (Zeredhana) eýesi bolupdyr. Olaryň ählisiniň eşiklerinde öz wezipesini alamatlandyrýan hökümdarlyk alamatlary bolupdyr: sylahdaryňky — ýaý, çawuşyňky — sary saýawan. Olaryň hersiniň kiçiräk ýygyny bolupdyr. Horezmşalar döwletinde goşunyň üpjünjiligini tutuşlygyna döwletiň boýnuna atmazlyk maksady bilen ýer eýeçiliginiň ykta ulgamyndan peýdalanylypdyr. Döwlet gullukçylaryna, ýokary derejeli serkerdelere soltan tarapyndan sowgat berlen kesgitli ýer bölegine «ykta» diýlipdir. Döwlet şol ýerden gelýän girdejiniň mukdaryny kesgitläp, şony harby gulluk üçin esgerlere tölemek şerti bilen kesgitli adamyň adyna berkidipdir. Yktanyň eýesi harby zerurlyk ýüze çykan mahalynda kesgitli esger birligini söweşe ýollamaly bolupdyr. Parahatçylyk döwürlerinde bolsa, ol esgerler ýer işläp bejermek bilen meşgullanypdyrlar. Yktalaryň iň oňat işlenip bejerilen ýerlerdäki bölegine «timarlar» (timarlanan, aýratyn yhlas edilen ýerler diýen manysynda), ol ýerden ýetişen goşuna bolsa «timarly sypaýylar» diýlipdir. Ykta ýer eýeçiligi goşunyň döwletiň boýnunda däldigini, parahatçylyk döwründe onuň ýere ideg edendigini, esgerleriň atyny-ýaragyny, azyk-suwlugyny ykta eýeleriniň özüniň üpjün edendigini görkezýär. Ykta ýer eýeçiligi goşunyň döwlete ykdysady taýdan agram salmazlygy üçin döredilen ulgamdyr. Jumamyrat GURBANGELDIÝEW, taryhçy. '"Esger" gazeti – №4, 19.02.2006 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |