00:30 Nedir şa | |
NEDIR ŞA
Taryhy şahslar
Nedir şanyň hakyky ady Nedirguly bolup, ol 1688-nji ýylda Abiwerdiň Kelat etrabynda (häzirki Deregeziň golaýynda) eneden doglupdyr. Ýaşlykda Hywada ejesi bilen gul bolmagyň ezýetini çekipdir. Ýetginjekliginde Abiwerdiň häkimi Baba Aly begiň serkerdebaşysy bolupdyr. Ol 26-27 ýaşynda (1714-1715 ý.) Horasanyň demirgazyk serhedini goramakda görkezen aýratyn hyzmatlary üçin Yspyhana — sefewi şasy Soltan Hüseýin I huzuryna baryp, şanyň 100 tümen peşgeşine mynasyp bolýar. 27 ýaşynda Baba Aly begiň Göwherşat atly gyzyna öýlenýär. Ondan Ryzaguly atly ogly bolýar. Nedirguly 38 ýaşynda 1726-njy ýylda Tahmasp I gullugynda durupdyr. 39 ýaşyna çenli Eýranyň Kur, Horasan, Mazenderan, Ýezd, Kerman, Seýistan welaýatlarynyň häkimi bolupdyr. Nihawendi we Hemedany eýeläpdir (1727 ý.). 1730-njy ýylda Töwriz Nediriň eline geçýär. Bu harby üstünlikler Nedirgula abraý getiripdir. Ol ýurduň şasy Tahmasp II diýenini etdirýän adama öwrülipdir. Nedirguly 47 ýaşynda (1735 ý.) Arpaçaý söweşinde osmanlaryň elinden Genjäni, Tiflisi, Rewan galalaryny alyp, öz islän şertnamasyny baglaşypdyr. Nedir 44 ýaşynda (1732 ý.) Bagdada ýöriş edip, ony basyp alypdyr. Tahmasp II abraýdan düşenini duýup, Nedirguly 1732-nji ýylda ýerli hanlaryň we serdarlaryň geňeşini çagyrypdyr. Şol geňeşde Tahmasp II tagtdan aýryp, onuň 8 aýlyk ogly Apbas III şa diýip yglan edipdir. Şeýlelikde, Nedir 1732-1736-njy ýyllarda Apbas III adyndan Eýrany dolandyrypdyr. Nedirguly Sefewiler şanesliniň möwritini geçirendigini duýup, 1736-njy ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda Eýranyň Mugan çöllüginde gurultaý geçiripdir. Gurultaýa dini, harby, taýpa, ýerli ýolbaşçylar çagyrylypdyr. Gurultaý şeýle bir köp adamly bolupdyr welin, onuň boljak ýerinde 12 müň sany gara öý dikilipdir. Gurultaýa 20 müň çözüji sesli wekil, oňa gatnaşyjylara hyzmat etmek üçin getirilen adamlary hem hasaplanyňda, jemi 100 müň adam gatnaşypdyr. Ine, şol uly wekilçilikli gurultaýda Nedirguly Sefewileriň häkimiýetden çetleşdirilmegini, ak atkeçä göterdip, özüni şa saýlamaklaryny gazanypdyr. Ol Nedir şa ady bilen 48 — 59 ýaşynda (1736-1747 ý.) Eýrany dolandyrypdyr. Nedir şa 51 ýaşynda (1739 ý.) Hindistana ýöriş edipdir. Ilkinji söweşde Nedir şa Muhammediň goşunlaryny ýeňipdir. Ýogsam şol söweşe Nedir şanyň 55 müň goşuny, Muhammet şanyň bolsa 75 müň goşuny gatnaşypdyr. Esgeriniň köpdügine garamazdan, Muhammet şa söweşde ýeňlipdir. Nedir şanyň bu ýörişi Mogollar şadöwletiniň gowşandygyny dünýä äşgär edipdir. Nedir şanyň Hindistany basyp almak niýeti bolmandyr. Beýik Mogollaryň şasy Muhammedi tagtynda galdyrypdyr. Öwezine 700 million rupiýa barabar bolan hazynany alyp, yzyna dolanypdyr. Nediriň şa Muhammetden alan hazynasynyň içinde dürli gymmatbaha daşlardan ýasalan dünýä belli «Tawus tagt» atly meşhur tagt, «Kohi-Nur» göwheri hem bar eken. Nedir şa Muhammede şa täjini yzyna gaýtaryp berip, Deliden çykyp gaýdypdyr. Çeşmeler Nedir şanyň Hindistandan 1000 sany pil, 7 müň sany at, 10 müň düýe, 130 ýazyjy-şahyr, 200 sany demir ussasyny, 300 sany binagäri, 100 sany daş ussasyny, 200 sany agaç ussasyny alyp gaýdandygyny habar berýär. Nedir şa ýygnan şol baýlyklarynyň hasabyna öz halkyny 3 ýyllap dürli salgytlardan boşadypdyr. Şu zatlaryň hem gadyry bilinmän, 53 ýaşynda (1741 ý.) öz janyna kast edilmäge şowsuz synanyşyk edilensoň, Nediriň hemmelere bolan müňkürligi artýar. Hatda öz ogly Ryzaguly mürzäniň-de gözüni oýdurýar. Nedir şa gysga wagtda Eýrandaky erkinlik söýüji bagtyýar taýpalary boýun egdiripdir, soňra owgan taýpalary oňa doly tabyn bolýar. Hindistany eýelänsoň, Nedir şa Hywa we Buhara hanlyklaryny boýun egdiripdir. Dagystana şowsuz ýöriş gurapdyr. 55 ýaşynda (1743 ý.) Bagdady, Kerkugy, Mosuly eýeläpdir. 1744-1745-nji ýyllarda Kars söweşinde ýeňiş gazanyp, Osman döwleti bilen ýaraşyk şertnamasyny baglaşýar. Ýeri gelende bellesek, Nedir şa Osman türkmenleriniň döwletiniň dünýädäki kuwwatyna mynasyp baha beripdir. Hindistandan alyp gaýdan tylla tagtyny 1747-nji ýylda ýogalmazynyň öň ýanynda Osman soltany Mahmyt I parahatçylygyň nyşany hökmünde öz ilçisi Mehmet Mehdi handan iberipdir. Ol tagt häzir Stambuldaky Topgapy saraý muzeýiniň 3-nji otagynda saklanylýar. Nedir şa gysga wagtda Sefewiler döwletiniň öňki elden gideren ýerlerini yzyna gaýtaryp alyp, Eýranyň bitewüligini dikeldipdir. Ol içeri syýasatda şaýy-sünni agzybirligini gazanjak bolupdyr. Ol ýerli hökümdarlaryň hukuklaryny çäklendiripdir. Boýun egmek islemediklerini ýa-da närazyçylyk bildirjek bolanlaryny jezalandyrypdyr. Bu ýagdaý oňa garşy dildüwşügiň döremegine getiripdir. 1747-nji ýylda köşk dildüwşügi netijesinde Nedir şa öldürilipdir. Dildüwşüge gatnaşanlar Nediriň ýegenini tagta geçiripdirler. Nedir şanyň döreden şadöwleti gysga wagtda döreýşi ýaly, ol ýogalansoň, gysga wagtda hem dargapdyr. Nedir şa gazaply, emma adalatly bolupdyr. Ýagşylyk we erbetlik edenleri ýadyndan çykarmandyr. Goşunyndakylaryň uludan kiçä hemmesini diýen ýaly ýatdan bilipdir. Wagtal-wagtal goşunynyň arasyna aýlanyp, olaryň hal-ahwalyny sorapdyr. Nedir şa elmydama türkmendigine buýsanypdyr. Türkmen sazyny, türkmen dutaryny gowy görüpdir. Ýanynda mydam üç-dört türkmen bagşysyny-ozanyny saklapdyr. Taryhçy we köşk kätibi Mürze Mehdi han Astrabatla hemişe özüniň türkmendigini yzygider ýazdyrypdyr. Köşkde türkmen diliniň ähmiýetini saklap galmak maksady bilen kätibine türkmençe-parsça sözlük düzdüripdir. «Il başy — kaýy, baýat» diýen türkmen töresini ýagşy bilýän Nedir şa Osman hanedanynyň oguzlaryň iň asyl kaýy boýundandygyny ykrar edipdir. Özbek hanlaryny hem asylly soýdan gelip çykan hökmünde sylapdyr. Nedir şanyň Hindistandaky bir permany onuň dünýäsini has doly açýar. Şa permanynda Hindistandaky patyşalaryň hem türkmendigini buýsanç bilen nygtap, basyp alan şäherinde — Delide ýene öňki patyşany — Muhammedi patyşa belländigi, onuň türkmendigi, mundan beýläk Muhammet patyşanyň her ýyl özüne salgyt tölemelidigi aýdylýar. Türkmen töresine wepaly Nedir şa agtyklaryna Oguz han, Ýyldyz han ýaly atlary dakypdyr. Jumamyrat GURBANGELDIÝEW, Türkmenistanyñ Daşary işler ministrliginiñ Halkara gatnaşyklary instituty. "Nesil" gazeti, 07.11.2019 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |